Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwb20 Dekabr sah. 7
  • Siz Hoş habarçylar mekdebinde okamaga taýynmy?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Siz Hoş habarçylar mekdebinde okamaga taýynmy?
  • Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2020
  • Meňzeş maglumat
  • Patyşalygyň gullukçylaryna tälim berilýär
    Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!
  • Hoş habarçylar mekdebinde okamak
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2022
  • Pionerler üçin nähili mekdepler bar?
    Ýehowanyň islegini kim berjaý edýär?
  • Hudaýyň bilimini almaga jan ediň
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2019
Başgalary
Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2020
mwb20 Dekabr sah. 7
Hoş habarçylar mekdebinde okaýan käbir okuwçylar.

MESIHIÇLERIŇ DURMUŞY

Siz Hoş habarçylar mekdebinde okamaga taýynmy?

Seniň ýaşyň 23—65 ýaş aralygyndamy? Sen pionermi? Saglygyň gowumy? Wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gulluk etmäge taýynmy? Eger şeýle bolsa, onda sen Hoş habarçylar mekdebinde okamak barada pikirlenipdiňmi? Bu mekdep açylany bäri, müňlerçe är-aýallar, sallah doganlar we durmuşa çykmadyk uýalar tälim aldylar. Emma henizem mekdepde okamaga isleg bildirýän sallah doganlar gerek. Şonuň üçin Isadan görelde alyp, köpräk gulluk etmäge islegiňizi artdyrar ýaly, Ýehowa doga ediň (Zb 40:8; Mat 20:28; Ýew 10:7). Soňra talaplara laýyk gelmek üçin näme edip biljekdigiňiz barada oýlanyň.

Bu ajaýyp mekdepde tälim alan dogan-uýalar üçin nähili mümkinçilikler açylýar? Käbir dogan-uýalar başga dilde gepleýän territoriýada ýa-da uly şäherlerde wagyz etmäge bellendi. Käbirleri bolsa, etrap gözegçisiniň kömekçisi, etrap gözegçisi ýa-da missioner edip bellendi. Senem Ýehowa köpräk gulluk etmek barada oýlanýan bolsaň, onda Işaýa pygamberiň şu sözlerine goşulyp bilersiň: «Men giderin! Meni iber!» (Işa 6:8).

«HASYL ÝYGYMYNDA KÖP ZÄHMET ÇEKÝÄN MISSIONERLER» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • «Hasyl ýygymynda köp zähmet çekýän missionerler» diýen wideodan käbir parçalar. Missioner är-aýal köçede wagyz edýär.

    Missionerler nädip bellenilýär?

  • «Hasyl ýygymynda köp zähmet çekýän missionerler» diýen wideodan käbir parçalar. Missioner uýa we başga bir uýa bir aýal bilen Mukaddes Kitapdan okuw geçýär.

    Missionerler wagyz işine nädip goşant goşýar?

  • «Hasyl ýygymynda köp zähmet çekýän missionerler» diýen wideodan käbir parçalar. Missioner dogan başga bir dogan bilen ýörite uzak wagtly gulluk üçin arzany doldurmak barada lallaryň dilinde gepleşýär.

    Missionerler nähili bereketleri alýar?

Hoş habarçylar mekdebi barada köpräk bilesiňiz gelýärmi? Onda jw.org saýtyna girip, Edebiýatlar bölümindäki «Wideolar» diýen ýere giriň we EDÝÄN IŞLERIMIZ > GURAMANYŇ MEKDEPLERI diýen bölümi saýlaň. «Afrikanyň ýüreginde yz galdyran mekdepler», «Ýehowanyň berýän tälimi ruhy taýdan berkidýär» hem-de «Hoş habarçylar mekdebiniň birinji klasy» atly wideolary görüň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş