Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • kr bap 17 sah. 182—191
  • Patyşalygyň gullukçylaryna tälim berilýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Patyşalygyň gullukçylaryna tälim berilýär
  • Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • «Men Atamdan öwrenen zatlarymy aýdýaryn»
  • Patyşalygyň gullukçylary wagyz etmegi öwrenýär
  • Doganlar jogapkärli borçlary ýerine ýetirmegi öwrenýär
  • Teokratik mekdepler Ýehowanyň söýgüsini görkezýär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Ýehowanyň Şaýatlaryna nädip tälim berilýär?
    Ýehowanyň Şaýatlary barada köplenç berilýän soraglar
  • Sen Ýehowanyň berýän biliminden peýdalanýarmysyň?
    Hudaýa gullugymyz — 2011
  • Pionerler üçin nähili mekdepler bar?
    Ýehowanyň islegini kim berjaý edýär?
Başgalary
Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!
kr bap 17 sah. 182—191

17-NJI BAP

Patyşalygyň gullukçylaryna tälim berilýär

BABYŇ TEMASY

Hudaýyň guramasyndaky mekdepler Patyşalygyň gullukçylaryny borçlaryny ýerine ýetirmäge taýýarlaýar

1—3. Isa nädip wagyz işiniň ýaýbaňlanmagynyň aladasyny etdi we munuň bilen bagly nähili soraglar ýüze çykýar?

ISA MESIH iki ýyllap Jelilede wagyz etdi (Matta 9:35—38-nji aýatlary okaň). Ol köp şäherlere we obalara aýlanyp, olaryň sinagogalarynda adamlara öwredýärdi, Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz edýärdi. Isa nirede wagyz etse-de, onuň ýanyna uly märeke ýygnanýardy. Isa: «Hasyl bol» diýip belläp geçdi. Şol sebäpli köp işçi gerekdi.

2 Isa wagyz işiniň ýaýbaňlanmagynyň aladasyny etdi. Nädip? Ol 12 resulyny «Hudaýyň Patyşalygyny wagyz etmäge» iberdi (Luka 9:1, 2). Emma bu işi nädip amala aşyrmalydygy babatda resullarda köp sorag dörän bolmaly. Şol sebäpli Isa resullaryny ýollamazyndan öň, gökdäki Atasy Ýehowanyň oňa öwredişi ýaly, olara söýgi bilen tälim berdi.

3 Emma bizde şeýle soraglar ýüze çykmagy mümkin: Isa Atasyndan nähili tälim aldy? Ol resullaryna nähili tälim berdi? Biziň günlerimiz barada näme diýse bolar? Patyşa Isa Mesih şägirtlerine wagyz işini ýerine ýetirmegi öwredýärmi? Eger öwredýän bolsa, onda nädip?

«Men Atamdan öwrenen zatlarymy aýdýaryn»

4. Isa Atasyndan haçan we nirede tälim aldy?

4 Isa Atasynyň öwreden zatlaryny höwes bilen kabul etdi. Ol ýer ýüzünde wagyz edende: «Men Atamdan öwrenen zatlarymy aýdýaryn» diýdi (Ýahýa 8:28). Isa haçan we nirede tälim aldy? Hudaý ilkinji Ogluny ýaradansoň, oňa tälim berip başlady (Kol. 1:15). Ogul sansyz-sajaksyz ýyllaryň dowamynda gökde Atasy bilen bile bolup, onuň aýdan zatlaryny diňledi we eden işlerini synlady (Iş. 30:20). Şeýdip, Ogul öz Atasynyň häsiýetleri, işleri we niýetleri babatda wajyp bilim aldy.

5. Atasy öz Ogluna ýer ýüzünde ýerine ýetirmeli işi babatda nähili görkezme berdi?

5 Wagty gelende, Ýehowa Ogluna ýer ýüzünde nähili işi ýerine ýetirmelidigini aýtdy. Geliň, Beýik Mugallym bilen onuň ilkinji ýaradan Oglunyň gatnaşygyny beýan edýän pygamberlige seredeliň (Işaýa 50:4, 5-nji aýatlary okaň)a. Pygamberlikde Ýehowanyň öz Ogluny «her säher» oýarandygy barada aýdylýar. Bu sözler mugallymyň öz okuwçysyna öwretmek üçin, ony säher bilen oýarýandygyny suratlandyrýar. Bir kitapda şeýle diýilýär: «Ýehowa... ony okuwçy ýaly mekdebe äkidip, oňa nädip we näme barada wagyz etmelidigini öwredýär». Şol gökdäki «mekdepde» Ýehowa Ogluna «näme diýmelidigini we näme öwretmelidigini» düşündirdi (Ýahýa 12:49). Şeýle-de Ýehowa Isanyň adamlara nädip öwretmelidigi babatda görkezme berdib. Isa ýer ýüzünde diňe bir öz gullugyny ýerine ýetirmän, eýsem, şägirtlerine-de wagyz etmegi öwredip, Ýehowadan alan tälimini gowy ulanmagy başardy.

6, 7. a) Isa resullaryna nähili tälim berdi we bu olara nädip kömek etdi? b) Şu günler Isa şägirtlerine nähili tälim berilmeginiň aladasyny edýär?

6 Isa resullaryna nähili tälim berdi? Mattanyň 10-njy babynda aýdylyşy ýaly, Isa olara wagyz etmek babatda anyk görkezmeleri berdi. Mysal üçin, ol resullaryna nirede wagyz etmelidigini (5, 6-njy aýatlar), adamlara nähili habary aýtmalydygyny (7-nji aýat), Ýehowa bil baglamagyň wajypdygyny (9, 10-njy aýatlar), adamlaryň öýüne baryp, olar bilen nädip gürrüňe başlamalydygyny (11—13-nji aýatlar), garşylyklara nähili garamalydygyny (14, 15-nji aýatlar) we yzarlamalarda nähili hereket etmelidigini (16—23-nji aýatlar) öwretdic. Şeýle aýdyň görkezmeler resullara I asyrda wagyz işine ýolbaşçylyk etmäge kömek etdi.

7 Biziň günlerimiz barada näme diýse bolar? Hudaýyň Patyşalygynyň Patyşasy Isa şägirtlerine örän ähmiýetli ýumuş, ýagny «Patyşalyk baradaky hoş habary bütin ýer ýüzünde ähli milletlere wagyz etmegi» tabşyrdy (Mat. 24:14). Patyşa bize bu wajyp işi ýerine ýetirmegi öwredýärmi? Elbetde! Gökde höküm sürýän Patyşa wagyz etmek we ýygnakdaky jogapkärli borçlary ýerine ýetirmek babatda şägirtlerine tälim berilmeginiň aladasyny edýär.

Patyşalygyň gullukçylary wagyz etmegi öwrenýär

8, 9. a) Wagyz mekdebiniň esasy maksady näme? b) Wagyz mekdebi size ökdelik bilen wagyz etmäge nädip kömek edýär?

8 Ýehowanyň guramasy köp wagtdan bäri kongresler we ýygnak duşuşyklary (meselem, Gulluk duşuşygy) arkaly Hudaýyň halkyna wagyz etmegi öwredýär. Emma 1940-njy ýyllarda baş edaradaky jogapkär doganlar tälim bermek üçin dürli mekdepleri gurnap başladylar.

9 Wagyz mekdebi. Geçen bapdan bilşimiz ýaly, bu mekdep 1943-nji ýylda geçirilip başlandy. Mekdebiň maksady diňe ýygnak duşuşyklarynda nutuklar bilen gowy çykyş etmegi öwretmekmi? Ýok, onuň esasy maksady — Hudaýyň halkyna geplemek ukybyny wagyz gullugynda Ýehowany şöhratlandyrmak üçin ulanmagy öwretmek (Zeb. 150:6). Bu mekdep dogan-uýalara Patyşalyk barada ökdelik bilen wagyz etmäge kömek edýär.

10, 11. Häzir Gilead mekdebine kimler çagyrylýar we bu mekdep näme maksat bilen geçirilýär?

10 Gilead mekdebi. Häzirki Gilead mekdebi 1943-nji ýylyň 1-nji fewralynda, duşenbe güni geçirilip başlandy. Bu mekdep, esasan, pionerleri we başga-da doly wagtly gullukçylary dünýäniň dürli künjeginde missioner bolup gulluk etmäge taýýarlamak üçin geçirilýärdi. Emma 2011-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Gilead mekdebine diňe ýörite doly wagtly gullukçylar, ýagny ýörite pionerler, etrap gözegçileri bilen olaryň aýallary, beýtelçiler we heniz bu mekdepde okamadyk missionerler çagyrylýar.

11 Gilead mekdebi näme maksat bilen geçirilýär? Köp wagtdan bäri tälim berýän bir dogan bu mekdebiň maksady babatda şeýle diýýär: «Mekdepde okaýanlar Hudaýyň Sözüni çuňňur öwrenip, imanyny berkidýärler we borçlaryny ýerine ýetirende ýüze çykjak kynçylyklara döz gelmäge kömek edýän häsiýetleri ösdürýärler. Şeýle-de bu mekdep, esasan, dogan-uýalaryň yhlasly wagyz etmäge islegini artdyrmak maksady bilen geçirilýär» (Efes. 4:11).

12, 13. Gilead mekdebi bütindünýä wagyz işine nähili täsir etdi? Mysal getiriň.

12 Gilead mekdebi bütindünýä wagyz işine nähili täsir etdi? 1943-nji ýyldan bäri bu mekdepde 8 müň 500-den gowrak dogan-uýalar tälim alypd, 170-den hem köp ýurtda gulluk edýärler. Missionerler yhlasly wagyz etmek we başgalary hem şeýle etmäge höweslendirmek bilen, mekdepde alan tälimini gowy ulanýarlar. Olar köplenç wagyzçylaryň az ýerinde gulluk edýärler.

13 Geliň, Ýaponiýada bolan waka seredeliň. II Jahan urşy döwründe bu ýurtda wagyz işi togtadylan ýalydy. 1949-njy ýylyň awgust aýynda Ýaponiýadaky wagyzçylaryň sany 10-a hem ýetmeýärdi. Emma şol ýylyň ahyrynda Gilead mekdebinde okan 13 sany missioner Ýaponiýa gelip, yhlasly wagyz edip başlaýar. Soňra ol ýere başga-da köp missioner gelýär. Ilkibada, olar ünsüni uly şäherlerde wagyz etmäge gönükdirýärler, soňra kiçiräk şäherlere-de gidip başlaýarlar. Missionerler beýleki dogan-uýalary we Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýän adamlary pioner gullugyna başlamaga höweslendirýärler. Olaryň eden tagallalary bol hasyl berdi. Häzir Ýaponiýada 216 müňden gowrak wagyzçy bar we olaryň takmynan 40 göterimi pioner bolup gulluk edýär!e

14. Hudaýyň guramasyndaky mekdepler nämäni subut edýär? (Şeýle-de 188—191-nji sahypalardaky «Patyşalygyň gullukçylary üçin mekdepler» diýen çarçuwa serediň).

14 Hudaýyň guramasyndaky beýleki mekdepler. Pionerler mekdebi, Mesihçi är-aýallar üçin mekdep we Sallah doganlar üçin mekdep dogan-uýalara ruhy taýdan ösmäge hem-de has yhlasly wagyz etmäge kömek edýärf. Bu mekdepler Patyşamyzyň öz şägirtlerini ähli gerekli zatlar bilen üpjün edip, olara gullugyny doly amala aşyrmaga kömek edýändigini subut edýär (2 Tim. 4:5).

Doganlar jogapkärli borçlary ýerine ýetirmegi öwrenýär

15. Jogapkärli borjy ýerine ýetirýän doganlar Isadan görelde alyp näme etmek isleýärler?

15 Ýadyňyza düşýän bolsa, Işaýanyň pygamberliginde Isanyň Hudaýdan tälim alandygy aýdylýar. Gökdäki «mekdepde» Hudaýyň Ogly göwnüçökgünlere «söz bilen ýardam etmegi» öwrendi (Iş. 50:4). Isa ýer ýüzünde ýaşanda şol alan tälimini ulanýardy. Ol «ýadap halys bolan we agyr ýükli adamlara» dynçlyk berýärdi (Mat. 11:28—30). Ýygnakda jogapkärli borçlary ýerine ýetirýän doganlar hem Isadan görelde alyp, imandaşlaryny ruhlandyrmak isleýärler. Doganlar imandaşlaryna höwes bilen gulluk edip biler ýaly, olara dürli mekdeplerde tälim berilýär.

16, 17. Patyşalyk gullugynyň mekdebi näme maksat bilen geçirilýär? (Şeýle-de çykgyda serediň).

16 Patyşalyk gullugynyň mekdebi. Mekdebiň ilkinji klasy 1959-njy ýylyň 9-njy martynda Saut-Lansing şäherinde (Nýu-Ýork ştaty) geçirildi. Bu bir aýlyk kursa aýlanýan gözegçiler we ýygnagyň gullukçylary (häzirki ýaşulular maslahatynyň koordinatory) çagyrylýardy. Soňra bu kurslar iňlisçeden başga dillere terjime edildi we şol mekdepde bütin dünýädäki doganlara tälim berlip başlandyg.

Lloýd Berri dogan Patyşalyk gullugynyň mekdebinde tälim berýär (1970-nji ýyl, Ýaponiýa)

Lloýd Berri dogan Patyşalyk gullugynyň mekdebinde tälim berýär (1970-nji ýyl, Ýaponiýa)

17 Patyşalyk gullugynyň mekdebiniň näme maksat bilen geçirilýändigi barada 1962-nji ýylda çykan «Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýyllyk kitabynda» şeýle diýildi: «Bu başagaý dünýäde Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýygnagyndaky gözegçi dogan ýygnagyň her bir agzasyna üns berip, olar üçin bereket bolup biler ýaly, paýhasly ýaşaýan adam bolmaly. Şeýle-de ol ýygnakdaky borçlaryny ýerine ýetirmek üçin maşgalasyny gözden salmaly däl we sagdyn düşünjeli bolmaly. Şu günler bütin dünýädäki ýygnagyň gullukçylarynyň ajaýyp mümkinçiligi bar! Olar gözegçilik etmek babatda Mukaddes Ýazgylardaky talaplara doly laýyk geler ýaly, Patyşalyk gulluk mekdebinde bilelikde tälim alyp bilýärler» (1 Tim. 3:1—7; Titus 1:5—9).

18. Patyşalyk gullugynyň mekdebi nädip ähli mesihçilere peýda berýär?

18 Patyşalyk gullugynyň mekdebi ähli mesihçilere peýda berýär. Nädip? Eger ýygnak ýaşululary we gulluk hyzmatçylary mekdepde öwrenen zatlaryny durmuşda ulansalar, Isanyň göreldesine eýerip, imandaşlaryny ruhlandyryp bilýärler. Eýsem, aladaçyl ýaşuly ýa-da gulluk hyzmatçysy size mähirli sözleri aýtsa, ünsli diňlese ýa-da ruhlandyrmak üçin siziň öýüňize gelse begenmeýärsiňizmi? (1 Sel. 5:11). Hawa, Ýehowadan tälim alan bu doganlar ýygnak üçin hakyky bereket!

19. Okuw komiteti başga-da nähili mekdepleri gurnaýar we olar näme üçin geçirilýär?

19 Hudaýyň guramasyndaky beýleki mekdepler. Ýolbaşçylyk maslahatynyň Okuw komiteti guramada jogapkärli borçlary ýerine ýetirýän doganlar üçin başga-da mekdepleri geçirýär. Şol mekdepler jogapkär doganlara, ýagny ýygnak ýaşulularyna, etrap gözegçilerine we filial komitetiniň agzalaryna köp sanly borçlaryny gowy ýerine ýetirmäge kömek edýär. Mukaddes Ýazgylara esaslanan bu kurslar olary ruhy taýdan berkemäge we Ýehowanyň ynanan gymmatly goýunlarynyň aladasyny edenlerinde, Hudaýyň Sözündäki prinsiplere eýermäge höweslendirýär (1 Pet. 5:1—3).

Malawide geçirilen Gullugy kämileşdiriş mekdebiniň birinji klasy

Gullugy kämilleşdiriş mekdebiniň birinji klasy (2007-nji ýyl, Malawi)

20. Isa näme üçin biziň ählimiziň «Ýehowadan öwrenýändigimizi» aýtdy we siz näme etmegi ýüregiňize düwdüňiz?

20 Dogrudan-da, Mesihi Patyşa öz şägirtlerine gowy tälim berilmeginiň aladasyny edýär. Bu bilimleriň hemmesi Hudaý tarapyn berilýär. Ýehowa öz Ogly Isa tälim berdi, ol hem şägirtlerine öwretdi. Şol sebäpli Isa biziň ählimiziň «Ýehowadan öwrenýändigimizi» aýtdy (Ýahýa 6:45; Iş. 54:13). Geliň, Patyşamyz Isa Mesihiň berýän täliminden doly peýdalanmagy berk ýüregimize düweliň! Bu bilimleriň ählisiniň gullugymyzy birkemsiz ýerine ýetirmegimiz üçin, bize ruhy taýdan berkemäge kömek edýändigini unutmalyň.

a Işaýa 50:4 Mejalsyzlara söz bilen ýardam ederim ýaly Hökmürowan Reb maňa dana dil berdi. Ol dana adamlar deý diňlesin diýip, gulagymy oýarýar her säher. 5 Hökmürowan Reb gulagymy açdy, men garşy çykmadym, yza çekilmedim.

b Biz Atasynyň öz Ogluna adamlara nädip öwretmelidigi babatda görkezme berendigini nireden bilýäris? Isa köplenç adamlara mysallar arkaly öwredip, dogulmazyndan ençeme asyr öňünden aýdylan pygamberlikleri berjaý etdi (Zeb. 78:2; Mat. 13:34, 35). Görşümiz ýaly, şol pygamberlikleriň Awtory Ýehowa Oglunyň mysallar arkaly öwretmeginiň öňünden aladasyny etdi (2 Tim. 3:16, 17).

c Şondan birnäçe aý geçensoň, Isa başga-da «70 şägirdi saýlap, olary iki-ikiden» wagyz etmäge iberdi. Isa olara-da tälim berdi (Luka 10:1—16).

d Käbir dogan-uýalar Gilead mekdebinde birnäçe gezek okadylar.

e Gilead mekdebini tamamlan missionerleriň bütindünýä wagyz işine nähili täsir edendigi barada köpräk bilmek üçin, «Ýehowanyň Şaýatlary — Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz edýärler» kitabynyň (rus.) 23-nji babyna serediň.

f Soňky iki mekdep birleşdirilip, Hoş habarçylar mekdebi boldy.

g Şu günler ýaşulularyň ählisi birnäçe ýyldan bir gezek dürli dowamlylykda geçirilýän Patyşalyk gullugynyň mekdebinde tälim alýarlar. 1984-nji ýyldan bäri bu mekdepde gulluk hyzmatçylary hem okaýar.

Siz Hudaýyň Patyşalygynyň höküm sürýändigine berk ynanýarmysyňyz?

  • Isa Atasyndan nähili tälim aldy?

  • Patyşa nädip şägirtlerine wagyz etmegi öwredýär?

  • Jogapkär doganlar borçlaryny ýerine ýetirmegi nädip öwrenýärler?

  • Siz Patyşanyň berýän tälimini gymmat saýýandygyňyzy nädip görkezip bilersiňiz?

PATYŞALYGYŇ GULLUKÇYLARY ÜÇIN MEKDEPLER

HUDAÝA ÝARAMLY ÝAŞAMAK WE GULLUK ETMEK

Maksady: Hoş habary ökdelik bilen wagyz etmäge we öwretmäge kömek etmek.

Möhleti: Yzygiderli.

Geçirilýän ýeri: Ýerli Patyşalyk zaly.

Okamak üçin talaplar: Ýygnaga yzygiderli gatnaýan, Mukaddes Ýazgylaryň taglymatlary bilen ylalaşýan we Hudaýyň Sözündäki prinsiplere görä ýaşaýan adamlaryň ählisi ýazylyp bilýär. Ýazylmak üçin «Ýaramly ýaşamak we gulluk» duşuşygynyň gözegçisine ýüz tutmaly.

Peýdasy: Hepdäniň birinji ýarymyndaky duşuşyk bize gowy gözleg geçirmegi we maglumaty dogry beýan etmegi öwredýär. Şeýle-de biz diňe bir öz ruhy ýagdaýymyz barada pikir etmän, başgalary ünsli diňläp, olaryňam aladasyny etmegi öwrenýäris.

Köp wagtdan bäri etrap gözegçisi bolup gulluk edýän Arni dogan şeýle gürrüň berýär: «Men çagalygymdan bäri sakawlap gürleýärdim we adamlara seredip geplemek maňa kyn bolýardy. Bu duşuşyk maňa has ynamly bolmaga kömek etdi. Ýehowa bu mekdep arkaly maňa geplänimde dogry dem almagy we ünsümi jemlemegi öwretdi. Men ýygnakda we wagyzda Hudaýy şöhratlandyryp bilýändigime örän begenýärin».

Wagyzçy bolan oglanjyk Wagyz mekdebinde Mukaddes Ýazgylary okaýar

ÝYGNAK ÝAŞULULARY ÜÇIN MEKDEPh

Maksady: Ýaşululara ruhy taýdan ösmäge we ýygnakdaky borçlaryny ýerine ýetirmäge kömek etmek.

Möhleti: Bäş gün.

Geçirilýän ýeri: Filial çözýär; köplenç Patyşalyk ýa-da Kongres zaly.

Okamak üçin talaplar: Ýaşulular filial tarapyndan çagyrylýar.

Peýdasy: Patterson şäherinde (ABŞ, Nýu-Ýork ştaty) geçirilen bu mekdebiň 92-nji klasynda okan käbir doganlaryň aýdan sözlerine seredeliň.

«Bu mekdep maňa gaty köp peýda berdi. Ol maňa özümi barlamaga we Ýehowanyň sürüsiniň nädip aladasyny edip biljekdigime düşünmäge kömek etdi».

«Bu mekdepde öwrenen zatlarym maňa bütin ömrüme kömek eder».

PIONERLER MEKDEBI

Maksady: Pionerlere «gullugyny birkemsiz ýerine ýetirmäge» kömek etmek (2 Tim. 4:5).

Möhleti: Alty gün.

Geçirilýän ýeri: Filial çözýär; köplenç Patyşalyk zaly.

Okamak üçin talaplar: Azyndan bir ýyl umumy pioner bolup gulluk edenler etrap gözegçisi tarapyndan çagyrylýar. Köp wagtdan bäri gulluk edip, soňky bäş ýylyň içinde bu mekdepde okamadyk pionerler ýene-de çagyrylyp biler.

Peýdasy: Lili uýa şeýle diýýär: «Bu mekdep maňa wagyzda we durmuşymda ýüze çykýan kynçylyklara döz gelmäge kömek etdi. Men Mukaddes Ýazgylaryň esasynda çuňňur gözleg geçirmegi, ony gowy düşündirmegi we ulanmagy öwrendim. Indi men başgalara kömek etmäge, ýygnak ýaşululary bilen hyzmatdaşlyk etmäge we ýygnagyň ösüşine goşandymy goşmaga has gowy taýýarlandym».

Mekdepde iki gezek okan Brenda atly uýa şeýle diýýär: «Bu mekdep maňa bar ünsümi ruhy zatlara gönükdirip, başga adamlary goldamaga we ynsabymy terbiýelemäge kömek etdi. Ýehowa, hakykatdan-da, jomart Hudaý!»

BEÝTEL GULLUGYNA BAŞLAÝANLAR ÜÇIN MEKDEP

Maksady: Täze beýtelçilere gullugyny üstünlikli ýerine ýetirmäge kömek etmek.

Möhleti: Dört gün, her gün dört sagat okalýar.

Geçirilýän ýeri: Beýtel.

Okamak üçin talaplar: Beýtelçiler we Beýtele bir ýyllyk ýa-da ondan köp wagtlyk çagyrylan meýletin gullukçylar okap bilýär.

Peýdasy: 1980-nji ýyllarda bu mekdepde okan Dimitrios dogan şeýle diýýär: «Bu mekdep maňa şahsy okuwyma has köp üns bermäge we Beýtel gullugymy dowam etmäge kömek etdi. Mugallymlar, berilýän tälim we maslahatlar Ýehowanyň söýgi bilen aladamy edýändigine hem-de Beýtelde üstünlikli gulluk etmegimi isleýändigine ynamymy berkitdi».

HOŞ HABARÇYLAR MEKDEBIi

Maksady: Ýehowa we onuň guramasy doly wagtly gulluk edýänleri (är-aýallary, sallah doganlary we durmuşa çykmadyk uýalary) gullukda doly ulanyp biler ýaly, olara ýörite tälim bermek. Bu mekdebi tamamlanlaryň köpüsi öz ýurdunda wagyzçylaryň ýetmeýän ýerine bellenilýär. 50 ýaşa ýetmedik dogan-uýalar çet ýerlerde wagyz etmek üçin wagtlaýyn ýörite pioner edip bellenilmegi mümkin.

Möhleti: Iki aý.

Geçirilýän ýeri: Filial çözýär; köplenç Patyşalyk ýa-da Kongres zaly.

Uýamyz wagyz gullugynda

Hudaýyň guramasynda berilýän tälim dogan-uýalara peýda getirýär

Okamak üçin talaplar: Saglyk ýagdaýy gowy we wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gulluk etmäge mümkinçiligi bolan 23—65 ýaş aralygyndaky doly wagtly gullukçylar çagyrylýar. Olar «Ine, men; meni iber!» diýen garaýyşda bolmaly (Iş. 6:8). Olaryň ählisi soňky iki ýyl doly wagtly gulluk eden bolmaly. Är-aýallaryň durmuş guranyna azyndan iki ýyl geçmeli. Doganlar azyndan soňky iki ýyl ýaşuly ýa-da gulluk hyzmatçysy bolup gulluk etmeli. Eger bu mekdep siziň filialyňyza degişli ýerde geçirilse, welaýat kongresinde mekdepde okamak isleýänler üçin ýörite duşuşyk bolar.

Peýdasy: Sallah doganlar üçin mekdepde we Är-aýallar üçin mekdepde okan dogan-uýalar mekdebiň olara gowy täsir edendigini aýdýarlar. 2013-nji ýylda Ýolbaşçylyk maslahaty bu iki mekdebiň birleşdirilip, Hoş habarçylar mekdebi bolmagyny makullady. Bu mekdep köp wepaly pionerlere, şol sanda durmuşa çykmadyk uýalara-da peýdaly bolar.

GILEAD MEKDEBI

Maksady: Bu mekdebi tamamlanlary missioner, etrap gözegçisi ýa-da beýtelçi edip bellemekleri mümkin. Olar mekdepde alan tälimini gowy ulanyp, wagyz işini we filialyň işlerini berkitmäge ýardam edýärler.

Möhleti: Bäş aý.

Geçirilýän ýeri: «Garawul diňi» okuw merkezi (Patterson, Nýu-Ýork ştaty).

Gilead mekdebiniň okuwçylary mugallymy diňleýärler

Gilead mekdebi (Patterson, Nýu-Ýork ştaty)

Okamak üçin talaplar: Ýörite doly wagtly gulluk edýän är-aýallar, sallah doganlar we durmuşa çykmadyk uýalar çagyrylýar. Filial komiteti Gilead mekdebinde okamadyk missionerlere, ýörite pionerlere, beýtelçilere we etrap gözegçileri bilen olaryň aýallaryna bu mekdepde okamak babatda arzany doldurmagy teklip edip biler. Bu mekdepde okamak isleýänler iňlis dilinde gowy gepläp we ýazyp bilmeli.

Peýdasy: Birnäçe ýyldan bäri daşary ýurtda gulluk edýän amerikaly Lade we Monika atly är-aýalyň aýdan sözlerine seredeliň.

Lade dogan şeýle diýýär: «Gilead mekdebi bizi dünýäniň islendik künjegine gitmäge we bilimizi berk guşap, mähriban dogan-uýalarymyz bilen eginme-egin gulluk etmäge taýýarlady».

Monika şeýle gürrüň berýär: «Men Hudaýyň Sözünden öwrenen zatlarymy ulanyp, gullukdan köp şatlyk tapýaryn. Men bu şatlygy Ýehowanyň bildirýän söýgüsiniň ýene-de bir subutnamasy hasaplaýaryn».

PATYŞALYK GULLUGYNYŇ MEKDEBI

Maksady: Etrap gözegçilerine, ýaşululara we gulluk hyzmatçylaryna gözegçilik etmek borjuny hem-de guramadaky beýleki jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmegi öwretmek (Res. iş. 20:28). Okuw döwri ýygnagyň işleri, maksatlary we zerurlyklary babatda meselelere seredilýär. Bu mekdep Ýolbaşçylyk maslahatynyň görkezmesi boýunça birnäçe ýyldan bir gezek geçirilýär.

Möhleti: Soňky ýyllarda bu mekdep dürli dowamlylykda geçirilýär.

Geçirilýän ýeri: Köplenç Patyşalyk ýa-da Kongres zaly.

Okamak üçin talaplar: Ýaşulular we gulluk hyzmatçylary etrap gözegçisi tarapyndan çagyrylýar. Etrap gözegçilerini bolsa, filial çagyrýar.

Peýdasy: «Bu mekdepde gysga wagtyň içinde köp zatlar öwrenilse-de, ol ýaşululara şatlygyny ýitirmän, batyrgaýlyk bilen Ýehowa gulluk etmäge kömek edýär. Ýaňy-ýakynda ýaşuly bolanlaram, köp wagtdan bäri ýaşuly bolup gulluk edýänlerem Ýehowanyň goýunlarynyň aladasyny ökdelik bilen etmegi hem-de bir pikirde bolmagy öwrenýärler» (Kuin).

«Mekdepde ähli taraplaýyn tälim berildi. Ol bize ruhy meselelere çuňňur düşünmäge kömek etdi. Biz ruhy taýdan abanýan howplar barada duýduryşlary we süriniň aladasyny etmek babatda peýdaly görkezmeleri aldyk» (Maýkl).

ETRAP GÖZEGÇILERI WE OLARYŇ AÝALLARY ÜÇIN MEKDEPj

Maksady: Etrap gözegçilerine «Hudaýyň sözi hakda gürrüň etmekde we öwretmekde köp zähmet çekip», ýygnaklaryň bähbidi üçin yhlasly gulluk etmäge hem-de Hudaýyň sürüsiniň aladasyny etmäge kömek etmek (1 Tim. 5:17; 1 Pet. 5:2, 3).

Möhleti: Iki aý.

Geçirilýän ýeri: Filial çözýär.

Okamak üçin talaplar: Etrap gözegçileri we olaryň aýallary filial tarapyndan çagyrylýar.

Peýdasy: «Biz guramamyza Isanyň ýolbaşçylyk edýändigine has gowy göz ýetirdik. Biz doganlarymyzy ruhlandyrmagyň we her bir ýygnagyň agzybirligini berkitmegiň wajypdygyny öwrendik. Bu mekdep arkaly biz bir zada gowy düşündik: Etrap gözegçisi dogan-uýalara maslahat we düzediş berse-de, onuň esasy maksady Ýehowanyň olary söýýändigini görkezmek bolmaly» (Joel bilen Konni, 1-nji klas, 1999-njy ýyl).

FILIAL KOMITETINIŇ AGZALARY WE OLARYŇ AÝALLARY ÜÇIN MEKDEP

Maksady: Filial komitetiniň agzalaryna Beýtele gowy ýolbaşçylyk etmegi, ýygnaga degişli meselelere üns bermegi we öz territoriýasyndaky etraplara gözegçilik etmegi öwretmek (Luka 12:48b).

Möhleti: Iki aý.

Geçirilýän ýeri: «Garawul diňi» okuw merkezi (Patterson, Nýu-Ýork ştaty).

Okamak üçin talaplar: Filial ýa-da Ýurt komitetiniň agzalary we olaryň aýallary Ýolbaşçylyk maslahatynyň Gulluk komiteti tarapyndan çagyrylýar.

Peýdasy: Bu mekdebiň 25-nji klasyny tamamlan Louell bilen Kara Nigeriýada gulluk edýär.

Louell dogan şeýle diýýär: «Bu mekdep işimiň köpdügine we maňa nähili ýumşuň tabşyrylandygyna garamazdan, Ýehowanyň göwnünden turmak üçin, esasan, ruhy taýdan berk bolmalydygymy ýatlatdy».

Kara uýa mekdepde öwrenen zatlarynyň birini ýatlap, şeýle diýýär: «Eger men bir zady sada dilde aýdyp bilmesem, adamlara düşündirmezden öň, ony özüm gowy özleşdirmeli».

h Bu mekdep heniz ähli ýurtda geçirilmeýär.

i Bu mekdep heniz ähli ýurtda geçirilmeýär.

j Bu mekdep heniz ähli ýurtda geçirilmeýär.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş