Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwb21 Ýanwar sah. 3
  • Ene-atalar, çagalaryňyza öwredip duruň!

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ene-atalar, çagalaryňyza öwredip duruň!
  • Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2021
  • Meňzeş maglumat
  • Ene-atalar we çagalar nädip bagtly bolup biler?
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • Ene-atalar, çagalaryňyza Ýehowany söýmäge kömek ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • Ene-atalar, çagalaryňyza Ýehowany söýmegi öwrediň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
  • Maşgalaňyzy ýaramaz täsirden goraň
    Maşgala bagtynyň syry
Başgalary
Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2021
mwb21 Ýanwar sah. 3
Ene-ata çagalaryna erbet adamlar bir zat etjek bolanda, «ýok» diýmegi öwredýär.

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Ene-atalar, çagalaryňyza öwredip duruň!

Biz ýagşa ýaman, ýamana ýagşy diýýän adamlaryň arasynda ýaşaýarys (Işa 5:20). Gynansak-da, käbir adamlar Ýehowanyň ýigrenýän işlerini edýärler, şol sanda bir jynsdaky adamlar biri-biri bilen jynsy gatnaşyk edýärler. Ýygnagymyzdaky gyzyldan gymmatly ýaş dogan-uýalarymyzy klasdaşlary we beýleki adamlar öz erbet göreldesine eýertjek bolýar. Gadyrly ene-atalar, siz çagalaryňyzy şeýle zatlardan nädip gorap bilersiňiz?

Çagalaryňyza Ýehowanyň kada-kanunlaryny yzygider öwredip duruň (3Ms 18:3). Ýaşyna görä kem-kemden Mukaddes Kitapda jynsy gatnaşyk barada näme diýilýändigini düşündiriň (5Ms 6:7). Özüňize şeýle soraglary beriň: «Men çagalaryma näz-kereşme etmeli däldigini, salykatly geýinmegiň wajypdygyny hem-de başgalaryň şahsy durmuşyna goşulmaly däldigini öwretdimmi? Kimdir biri olara pornografiýa görkezjek bolsa ýa-da Ýehowanyň ýigrenýän işlerini etdirjek bolsa näme etmelidigini bilýärlermi?» Çagalaryňyza şeýle kynçylyklardan gaça durmagy öwrediň (Nak 27:12; Nes 7:12). Olara öwredip dursaňyz, Ýehowanyň beren gymmatly sowgady bolan çagalaryňyzy ýürekden söýýändigiňizi görkezersiňiz (Zb 127:3).

«ÖÝÜŇIZI ÇYDAMLYLYK BILEN GURUŇ: ÇAGALARYŇYZY AZGYN ADAMLARDAN GORAŇ» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • «Öýüňizi çydamlylyk bilen guruň: Çagalaryňyzy azgyn adamlardan goraň» diýen wideodan parça. Ejesi ogly bilen «Çagalaryňyzy azgyn adamlardan goraň» diýen multifilmi görýär.

    Käbir ene-atalar näme üçin çagalaryna jynsy gatnaşyk barada aýtmaga çekinýärler?

  • «Öýüňizi çydamlylyk bilen guruň: Çagalaryňyzy azgyn adamlardan goraň» diýen wideodan parça. Ene-ata «Beýik Mugallymdan öwreniň» diýen kitap we beýleki edebiýatlar arkaly iki çagasyna tälim berýär.

    Ene-atalar näme üçin çagalaryny «Ýehowanyň terbiýesi we öwüt-ündewi bilen ulaltmaly»? (Efs 6:4)

  • «Öýüňizi çydamlylyk bilen guruň: Çagalaryňyzy azgyn adamlardan goraň» diýen wideodan parça. Afrikaly bir ene-ata çagalary bilen Mukaddes Kitapdan käbir aýatlary okap pikir alyşýar.

    Bilim goraýar

    Ýehowa ene-atalara çagalaryna jynsy gatnaşyk barada öwretmäge guramasy arkaly nädip kömek edýär? (w19.05 sah. 12, çarçuwa)

  • Çagalaryňyz kynçylygyň üstünden barmanka, näme üçin olar bilen öňünden gürleşmeli?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş