Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwb21 Sentýabr sah. 3—16
  • Wagyz edeniňizde «Ebedi ýaşaň!» broşýurany ulanyň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Wagyz edeniňizde «Ebedi ýaşaň!» broşýurany ulanyň
  • Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2021
  • Meňzeş maglumat
  • «Ebedi ýaşaň!» kitabyndan nädip sapak geçmeli?
    Adamlary söýüň, şägirt taýýarlaň
  • Okuw geçýäne suwa çümdürilmäge kömek ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
  • Okuw geçýänlere şägirt bolmaga kömek ediň (I bölüm)
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
  • «Hudaýyň hoş habary» diýen broşýurany nädip geçmeli?
    Hudaýa gullugymyz — 2013
Başgalary
Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2021
mwb21 Sentýabr sah. 3—16
Är-aýal duralgada «Ebedi ýaşaň!» broşýura arkaly bir adam bilen gürrüňdeş bolýar.

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Wagyzda «Ebedi ýaşaň!» broşýurany ulanyň

Mukaddes Kitap okuwyny geçmek üçin täze broşýuranyň we kitabyň çykandygyna örän begenýäris! Köp şägirt taýýarlamaga kömek eder ýaly, biz Ýehowa doga edýäris (Mat 28:18—20; 1Kr 3:6—9). Täze okuw esbaplaryny nädip ulanmaly?

«Ebedi ýaşaň!» okuw esbaby arkaly Mukaddes Kitapdan söhbetdeşlik etmek üçin aşakdaky maslahatlara eýeriňa:

  • Sapagy okap, soraglaryny beriň

  • «Okaň» diýip getirilen aýatlary okap, gyzyklanýan adama aýada nädip eýermelidigini düşündiriň

  • Wideolary görüp, soraglar arkaly söhbetdeşlik ediň

  • Her gezek bir sapagy doly geçjek boluň

Wagyzda gyzyklanan adama broşýurany teklip ediň («Ilkinji gürrüňdeşlikde „Ebedi ýaşaň!“ broşýurany nädip teklip etmeli?» diýen çarçuwa serediň). Broşýurany gutaranyňyzdan soň, gyzyklanan adam islese, kitabyň 4-nji sapagyndan dowam edip bilersiňiz. Eger biri bilen «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» ýa-da «Hudaýyň söýgüsi» kitabyndan okuw geçýän bolsaňyz, «Ebedi ýaşaň!» kitapdan dowam ediň. Okuwy täze kitabyň haýsy sapagyndan dowam etmelidigini özüňiz saýlaň.

Olar «Ebedi ýaşaň!» kitapdan ýaňky adam bilen Mukaddes Kitap okuwyny geçýär.

«SIZ MUKADDES KITAP OKUWYNA BAŞLADYŇYZ!» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • Okuw geçýän täze kitapdan nämeleri öwrener?

  • Okuw geçip başlan adama wideony görkezmegiň nähili peýdasy bar?

  • Täze kitapdan okuw geçeniňizde adamy nähili maksatlary goýmaga höweslendirmeli? («Her bölümiň maksady» diýen çarçuwa serediň).

a BELLIK: «Köpräk biliň» diýen ýerini okuw geçýän bilen goşmaça öwrenip bilersiňiz, ýöne öňünden taýýarlanyň. Şonda okuw geçýäne haýsy makalanyň ýa-da wideonyň has peýdaly boljakdygyny bilersiňiz. Elektron görnüşinde salgylar kitabyň özünde açylýar.

HER BÖLÜMIŇ MAKSADY

 

SAPAKLAR

TEMA

OKUWÇYNY HÖWESLENDIRIŇ

1

1—12

Mukaddes Kitabyň durmuşda kömek edýändigini we ony kimiň ýazdyrandygyny öwreniň

Mukaddes Kitaby okamaga, sapaga öňünden taýynlanmaga we ýygnak duşuşyklaryna barmaga

2

13—33

Hudaýyň adamlar üçin näme edendigini we oňa nädip sežde etmelidigini biliň

Bilen zatlaryny adamlara gürrüň bermäge we wagyzçy bolmaga

3

34—47

Allanyň kada-kanunlaryny öwreniň

Ýehowa özüni bagyş edip, suwa çümdürilmäge

4

48—60

Hudaýa söýgiňizi ösdüriň

Bilimini artdyryp, ruhy taýdan ösmäge

ILKINJI GÜRRÜŇDEŞLIKDE «EBEDI ÝAŞAŇ!» BROŞÝURANY NÄDIP TEKLIP ETMELI?

Kitapçalardaky ýaly, broşýuranyň hem soňky sahypasynda gyzykly sorag bar. Broşýurany teklip edeniňizde aşakdaky usuly ulanyň.

  • Soragy berip, üç jogapdan birini saýlamagy haýyş ediň

  • Zebur 37:29-dan jogabyny okaň

  • «Size şeýle durmuş garaşýar» sözbaşydaky pikirler arkaly gürrüňdeş boluň. Adamyň wagty bolsa, aýatlary okap, suratlary görkeziň

  • Soňky sözbaşy arkaly söhbetdeşlik edip, 1-nji sapakdan okuwa başlaň

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş