«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar
SENTÝABR 6—12
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 5 MUSA 33, 34
Ýehowanyň «ebedi gollarynyň» astyndan pena gözläň
it «Ýeşurun»
Ýeşurun
«Ýeşurun» Ysraýylyň hormatly ady. Mukaddes Kitabyň grek terjimesinde («Septuaginta») şu söz söýülýän diýmegi aňladyp, birine mähirli söýgini görkezmek üçin ulanylýar. Ýehowanyň Ysraýyla «Ýeşurun» diýmegi, halka Hudaý bilen äht baglaşandygyny we oňa wepaly bolmalydygyny ýatladýardy (5Ms 33:5, 26; Işa 44:2). Emma 5Musa 32:15-de «Ýeşurun» sözi ýaňsylaýjy äheňde aýdylan. Ysraýyllar Ýeşurun adyna mynasyp bolman, Ýaradany, Halasgär Hudaýyny äsgermezlik etdi.
rr sah. 120, çarçuwa
Ýehowa aýaga galdyrar
Hyzkyldan birnäçe asyr öň ýaşan Musa pygamberiň sözlerini ýada salalyň. Ol Ýehowanyň diňe bir güýçli Hudaýdygyny däl-de, halkynyň hatyrasyna hereket etmek isleýändigini hem aýdypdy. Musa pygamber: «Hudaý gadymdan bäri penaňdyr, seni ebedi gollary bilen göterýär» diýip ýazdy (5Mus. 33:27). Eger kynçylyklarda Hudaýa bil baglasak, Ýehowa mähir bilen elini uzadyp, ýerimizden turuzar we aýaga galdyrar (Hyz. 37:10).
Pellehana tarap sabyrly ylgalyň
16 Ybraýym bilen Musa Hudaýyň wadasynyň ýerine ýetişini görmediler, çünki olar aradan çykypdylar. Ysraýyl Wada edilen diýara girmänkä, Hudaý Musa: «Ol ýeri sen diňe uzakdan görersiň, emma Meniň ysraýyllara berjek ýerime girmersiň» diýdi. Musa bilen Harun Meriba suwunda Hudaýa gulak asmandyklary üçin Wada edilen diýara girmediler. Olar pitne turzan halka juda gahar edip, Hudaýy şöhratlandyrmadylar (Kan. tag. 32:51, 52). Musa Wada edilen diýara girmändigi üçin öýkeläp, ruhdan düşdümi? Ýok. Ol Ýehowadan ysraýyl halkyna ak pata bermegi diledi we şeýle sözleri aýtdy: «Sen nähili bagtly, eý Ysraýyl! Seniň ýaly barmy başga? Sen Rebbiň halas eden halkysyň! Reb seni goraýan galkandyr, şanly gylyçdyr!» (Kan. tag. 33:29).
Ruhy dürdäneler
it «Musa»
Musa
Musa pygamber 120 ýaşynda aradan çykdy. Ýöne şonda-da Mukaddes Kitapda: «Onuň gözi kütelmändi, güýç-gurbaty gaçmandy» diýilýär. Ýehowa Musany hiç kimiň tapyp bilmejek ýerinde jaýlaýar (5Ms 34:5—7). Eger Allatagala şeýle etmedik bolsa, belki-de, ysraýyllar Musanyň mazaryna baryp, zyýarat ederdiler. Şeýtan hem Musanyň jesedini ulanyp, adamlary butparazlygyň duzagyna düşürerdi. Muny nireden bilýäris? Isa Mesihiň dogany Ýahuda ol hakda şeýle ýazdy: «Baş perişde Mikaýyl Musa pygamberiň jesedi barada Iblis bilen jedelleşende, erbet sözleri aýtmady, höküm çykarmady, gaýtam: „Saňa Ýehowa käýesin!“ diýdi» (Ýhd 9). Ysraýyllar Ýuşanyň ýolbaşçylygynda Kengan ýurduna girmezden öň 30 günläp Musa pygamberiň ýasyny tutdylar (5Ms 34:8).
SENTÝABR 13—19
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ÝUŞA 1, 2
«Edeniň ugruna bolar»
Batyrgaý bol, Ýehowa seniň bilendir!
7 Hudaýyň islegini berjaý edip biler ýaly batyrgaýlyk gerek. Munuň üçin biz Onuň Sözüni çuňňur özleşdirip, durmuşymyzda ulanmaly. Ýeşuwa Musanyň ýerine bellenende, Ýehowa oňa şeýle diýdi: «Dözümli hem mert bol! Gulum Musanyň özüňe tabşyran tutuş kanunyny dykgat bilen ýerine ýetir... Goý, bu Kanun kitaby seniň diliňden düşmesin. Şondaky ýazylanlaryň hemmesini dykgat bilen ýerine ýetirer ýaly, ony gije-gündiz aňyňda sakla, şonda seniň ähli işleriňde üstünlik we abadanlyk hemraň bolar» (Ýeş. 1:7, 8). Ýeşuwa bu maslahata eýerip, «işlerinde üstünlik» gazandy. Biz hem onuň göreldesine eýersek, Hudaýa gulluk edenimizde batyrgaý bolarys we üstünlik gazanarys.
Batyrgaý bol, Ýehowa seniň bilendir!
20 Bu zalym we erbet dünýäde Hudaýyň ýolunda ýöremek aňsat bolmaýar, emma biz ýeke däldiris. Hudaý biziň bilendir! Onuň Ogly bolsa, ýygnaga Ýolbaşçylyk edýär. Şeýle-de biziň bütin dünýäde 7 milliondan gowrak imandaşlarymyz bar. Geliň, ählimiz bilelikde, iman hem-de batyrgaýlyk bilen hoş habary wagyz edeliň we 2013-nji ýylyň ýyllyk aýadyndaky: «Dözümli hem mert bol... Hudaýyň Reb seniň bilendir» diýen sözleri unutmalyň (Ýeş. 1:9).
Ruhy dürdäneler
w04 1/12 sah. 9, abz. 1
Ýuşa kitabyndan peýdaly pikirler
2:4, 5. Rahaw içalylary gözläp gelen nökerleri näme üçin aldady? Rahaw janyna howp abansa-da, Ýehowa iman edip, içalylary gizledi. Ol Hudaýyň duşmanlaryna içalylar hakda aýtmaga borçly däldi (Matta 7:6; 21:23—27; Ýahýa 7:3—10). Rahaw nökerleri aldap, imanyny iş ýüzünde görkezdi we «dogruçyl hasaplandy» (Ýakup 2:24—26).
SENTÝABR 20—26
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ÝUŞA 3—5
«Ýehowa iman edip, bereket alyň»
it «Iordan»
Iordan
Iordan derýasy Jelile deňzine baryp guýýar. Deňizden günorta akyp gaýdýan ýeriniň çuňlugy 1—3 metre, ululygy bolsa 27—30 metre ýetýär. Ýaz aýlarynda derýa joşup, suwy hasam köpelýär (Ýuş 3:15). Şol döwürler derýadan geçmek gaty howply, esasanam, Ýerihonyň golaýynda akym güýçli. Hatda häzirem şol ýerde akyp giden adamlar boldy. Derýadan geçmeli ysraýyllaryň arasynda aýallaram, çagalaram bardy. Ýöne Ýehowa gudrat bilen derýanyň akymyny kesip, ysraýyllary gury ýerden geçirdi (Ýuş 3:14—17). Birnäçe asyrdan Ýehowa Ylýas pygambere-de, hyzmatkäri Alyşa-da şeýle gudraty görkezipdi (2Pa 2:7, 8, 13, 14).
Ýehowanyň ýatlatmalaryndan şatlyk tapyň
17 Iman bilen edilen işler Ýehowa has berk bil baglamaga nädip kömek edýär? Geliň, ysraýyl halkynyň Wada edilen diýara girmezinden öň bolan waka seredeliň. Ýehowa äht sandygyny göterýän ruhanylara Iordan derýasyndan geçmegi tabşyrýar. Ysraýyl halky derýa golaýlaşanda, ýazky ýagyş sebäpli suwuň joşup, ähli kenarlary bilen dolup daşandygyny görýärler. Olar näme ederkä? Olar kenaryň golaýynda çadyryny dikip, suwuň peselmegine garaşyp oturarlarmy? Ýok. Olar Ýehowa doly bil bagladylar we Onuň görkezmesine eýerdiler. Munuň soňy näme bilen gutardy? Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Ruhanylar... aýaklaryny suwa degren badyna, derýanyň akymy togtady... ruhanylar bolsa, tä ysraýyllaryň hemmesi gury ýerden geçip gutarýançalar, derýanyň hanasynyň ortasynda durdular» (Ýeş. 3:12—17). Güýçli suw akymynyň togtamagyny görmek, gör, nähili tolgundyryjy bolandyr! Ysraýyllylaryň Ýehowa bolan ynamy has-da berkedi, sebäbi olar Onuň görkezmesine eýerdiler.
Ýehowanyň ýatlatmalaryndan şatlyk tapyň
18 Ýehowa şu günler şeýle gudratlary görkezmese-de, iman bilen edilen işleri sylaglaýar. Hudaýyň mukaddes ruhy Patyşalyk baradaky habary bütin dünýä wagyz etmäge kömek edýär. Ýehowanyň Baş Güwäçisi Isa Mesih bu wajyp işde şägirtlerini goldajakdygyny ynandyryp, şeýle diýdi: «Gidiň-de, bütin milletleri şägirt ediň... Men dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn» (Mat. 28:19, 20). Çekinjeň dogan-uýalar nätanyş adamlar bilen batyrgaý gürrüňdeş bolmaga mukaddes ruhuň kömek edýändigini duýýarlar (Zebur 119:46; 2 Korintoslylar 4:7-i okaň).
Ruhy dürdäneler
w04 1/12 sah. 9, abz. 2
Ýuşa kitabyndan peýdaly pikirler
5:14, 15. «Ýehowanyň goşunynyň serkerdesi» kim? Ol Isa Mesih bolmaly. Gökde ýaşaýarka oňa «Söz» hem diýilärdi (Ýahýa 1:1; Danyýar 10:13). Ýuşa Wada edilen ýurdy basyp almazdan öň, Ýehowanyň goşunynyň serkerdesi ony berkitmäge gelýär. Şu günlerem şöhratly Patyşa Isa Mesih Hudaýyň halkyny ruhy söweşde goldaýar.
SENTÝABR 27—OKTÝABR 3
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ÝUŞA 6, 7
«Hudaýyň ýigrenýän işlerinden gaça duruň»
Gözüňi biderek zatlardan sow!
5 Ýüzlerçe ýyllar soňra, ysraýylly Ahan basylyp alnan Eriha şäheriniň käbir zatlaryna göz gyzdyryp ogurlaýar. Hudaýyň tabşyrygyna görä, Ýehowanyň çadyryna berilmeli käbir zatlardan başga ähli zatlar ýok edilmelidi. Ysraýyllylara şäheriň «ýok edilmeli zatlaryndan» almaň diýip duýdurylypdy. Ahan bu duýduryşa gulak asmady we ysraýyllylar Gaý şäherini basyp aljak bolanda, ýeňildi we birnäçe adam wepat boldy. Ahanyň ogurlygynyň üsti açylmanka, ol eden işini boýun almady. Ahan: «Men (zatlary) görenimde... alasym geldi we aldym» diýdi. Ol şol zatlara gözi gidip, heläk boldy we «ähli zady ýok edildi» (Ýeşuw 6:18, 19; 7:1—26). Ahan ýüreginde gadagan edilen zatlardan almak isledi.
w97 15/8 sah. 28, abz. 2
Biriniň günä edendigini näme üçin gizlemeli däl?
Ýygnagyň arassa bolmagy üçin biriniň günä edendigini bilsek, hökman aýtmaly. Ýehowa päk hem mukaddes Hudaý. Ol gullukçylarynyň ruhy hem ahlak taýdan arassa bolmagyny isleýär. Hudaýyň Sözünde şeýle diýilýär: «Hudaýy tanamaýan döwrüňiz eýeren höwesleriňizi goýup, gulak asýan çagalar ýaly boluň. Sizi çagyran Mukaddes Hudaýdan görelde alyp, ähli zatda mukaddes boluň. „Mukaddes boluň, sebäbi men mukaddesdirin“ diýip ýazylgy» (1 Petrus 1:14—16). Günä edýän adam Ýehowanyň adyna ysnat getirýär. Eger oňa çäre görülmese, Ýehowa tutuş ýygnaga bereket bermeýär (Ýuşa 7-nji baby deňeşdiriň).
Gözüňi biderek zatlardan sow!
8 Mesihçileriň göz we ten höweslerine garşy durup bilýän ukyby ýok. Emma Hudaýyň Sözünde bize seredýän we güýçli höwes edýän zatlarymyz barada nebsiňe buýurmaklyk maslahat berilýär (1 Kor. 9:25, 27; 1 Ýahýa 2:15—17-nji aýatlary okaň). Hudaýa wepaly bolan Eýýup pygamber görýän zatlaryň islege güýçli täsir edýändigine düşünýärdi. Ol şeýle diýdi: «Men gözlerim bilen äht baglaşdym. Bir gyza nädip göz dikeýin?» (Eýýup 31:1). Eýýup aýal bilen ahlaksyzlyk etmek üçin diňe bir el degirmezligi däl, eýsem, şol barada pikir hem etmezligi ýüregine düwdi. Isa ahlak taýdan arassa pikirde bolmalydygy hakynda şeýle diýdi: «Bir aýala azgyn nebis bilen bakan adam öz ýüreginde eýýäm onuň bilen zyna edendir» (Mat. 5:28).
Ruhy dürdäneler
Okyjylaryň sowallary
Gadymy döwürde duşmanlar köplenç berk şäheri gabaýardylar. Bu gabawyň näçe wagt dowam edýändigine garamazdan, olar şäheri basyp alansoň, onuň ähli baýlygyny, şol sanda azyk harytlaryny hem talaýardylar. Emma arheologlar Ýerihonyň harabaçylygyndan ätiýaçlyk üçin goýlan azyk önümlerini tapdylar. Bu babatda «Mukaddes Ýazgylara arheologik syn» atly žurnalda şeýle diýilýär: «Küýze gaplaryny hasaba almanymyzda, harabaçylykdan tapylan önümleriň köpüsi galla önümleridi... Palestinanyň arheologik ýyl ýazgylarynda bu örän täsin hasaplanýar. Sebäbi bir ýa-da iki gap gallany tapyp bolsa-da, onuň şeýle köp möçberde tapylmagyna gaty seýrek duş gelinýär».
Mukaddes Ýazgylara laýyklykda, ysraýyllylaryň Ýerihonyň gallasyny talamazlygynyň degerli sebäbi bardy. Ýehowa olara bu babatda tabşyryk beripdi (Ýeş. 6:17, 18). Ysraýyllylar şähere ýaz aýlary, ýagny hasyl döwründen soň, gallanyň bol wagty hüjüm edipdiler (Ýeş. 3:15—17; 5:10). Şol sebäpli Ýerihoda şeýle köp gallanyň galmagy Mukaddes Ýazgylarda aýdylyşy ýaly, ysraýyllylaryň bu şäheri uzak wagt gabamandygyny görkezýär.
OKTÝABR 4—10
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ÝUŞA 8, 9
«Gibgonlylardan näme öwrenýäris»
it «Gibgon»
Gibgon
Ýuşanyň döwri. Ýuşanyň döwründe Gibgonda hiwiler ýaşaýardy. Ysraýyllaryň ýok etmeli ýedi halkynyň arasynda hiwilerem bardy (5Ms 7:1, 2; Ýuş 9:3—7). Kenganyň ilatyna aýdylyşy ýaly, gibgonlylara-da amorlar diýilýärdi (2Şm 21:2; 1Ms 10:15—18; 15:16-njy aýatlary deňeşdiriň). Gibgonlylar Kenganda ýaşaýan beýleki halklar ýaly, harby güýjüne, berk şäherine bil baglamadylar. Olar ysraýyllara garşy çykyp bilmejekdigini we olar üçin Ýehowanyň söweşýändigini bilýärdiler. Ýerihon we Aý şäherleri basylyp alnansoň, gibgonlylar Kepiranyň, Beýerotyň we Kirýat-ýegarimiň adyndan Ýuşanyň ýanyna Gilgala ylalaşyk baglaşmaga barýarlar (Ýuş 9:17). Gibgonlylar köne-küşül eşikleri we ýyrtyk çaryklary geýip, köne horjunlara gatan, heňlän çörekleri salyp, köne meşiklere şerap guýup, uzak ýurtdan gelen kişi bolýarlar. Ýehowanyň Müsürde eden işlerini, amorlaryň hany Sihon bilen Ogy ýok edendigini aýdýarlar. Emma ätiýaçly hereket edip, Ýerihon bilen Aý şäheriniň basylyp alynandygy hakda dil ýarmaýarlar, ýogsam ysraýyllar olaryň «uzak ýurtdan» gelendigine ynanmazdylar. Ysraýyl baştutanlary gibgonlylaryň daş-keşbine seredip, olara ynanýarlar we äht baglaşyp, öldürmejekdigine ant içýärler (Ýuş 9:3—15).
«Öz düşünjäňe daýanma»
14 Biz bikämil bolandygymyz sebäpli, hemmämiz, hatda tejribeli ýaşulular-da bir karara gelende, Ýehowadan maslahat soramagy unutmaly däl. Gibionlylar gelip, Ýeşuwdan olara garşy çykmazlygy haýyş edenlerinde, Ýeşuw we Ysraýylyň ýaşululary Ýehowadan görkezme soramadylar. Olar golaýda ýerleşýän Gibeon şäherinden gelseler-de, şeýle geýnipdirler welin, uzak ýurtdan gelene meňzeýärdi. Ýeşuw we Ysraýylyň ýaşululary Ýehowa ýüz tutman, gibionlylara garşy çykmazlyga razylaşdylar. Elbetde, Ýehowa olaryň ylalaşygyny ýatyrmady. Ýöne biz olaryň goýberen ýalňyşyndan sapak ediner ýaly, Ýehowa bu wakany Mukaddes Ýazgylarda ýazdyrdy. Diýmek, biz bir karara gelenimizde, hemişe Ýehowadan maslahat soramaly (Ýeşuw 9:3—6, 14, 15).
w04 15/10 sah. 18, abz. 14
«Ýurda aýlanyp çyk»
14 Gibgonlylar ysraýyllara şeýle diýdiler: «Biz uzak ýurtdan geldik. Ýehowa Hudaýyňyzyň ady, şan-şöhraty... hakda eşidip gaýtdyk» (Ýuşa 9:3—9). Olar uzak ýurtdan gelen ýaly görünse-de, Gibgon Gilgaldan bary-ýogy 30 km uzakdady. Ýuşa bilen baştutanlar aýdylanlara ynanyp, Gibgon we golaýdaky şäherler bilen ylalaşyk baglaşýarlar. Gibgonlylar ýok edilmeginden gorkup ysraýyllary aldadymy? Ýok, olar Ysraýyl Hudaýyny razy etmek islediler. Şol sebäpli Ýehowa hem olara mukaddes çadyrdaky «gurbanlyk ojagy üçin odun çöplemegi, suw daşamagy tabşyrdy» (Ýuşa 9:11—27). Gibgonlylar Ýehowa gulluk edip, tabşyrylan işi pesgöwünli ýerine ýetirýädiler. Wawilon ýesirliginden dolanyp, ybadathanany dikelden ybadathana gullukçylarynyň arasynda hem gibgonlylaryň nesli bolandyr (Hydyr 2:1, 2, 43—54; 8:20). Biz hem gibgonlylar ýaly, Ýehowa edýän gullugymyzyň gadyryny bilip, pes hasaplanýan işleri höwes bilen etmeli.
Ruhy dürdäneler
it «Pürsden asmak»
Pürsden asmak
Kanuna görä, käbir ýagdaýlarda ysraýyllar ölüm jezasy berlen adamyň jesedini pürsden asýardylar we näletlenen hasaplaýardylar. Şol adamy görüp, beýlekiler sapak edinmelidi. Emma pürsden asylan adamy Gün ýaşmazdan öň jaýlamalydy. Şonda Ýehowanyň ysraýyllara mülk edip beren ýurdy haram bolmazdy (5Ms 21:22, 23). Ysraýyllar başga milletli adamlary pürsden asanlarynda hem şu düzgüne eýerýärdiler (Ýuş 8:29; 10:26, 27).
WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ
nwt «Äht»
Äht
Hudaý bilen adamlaryň ýa-da iki adamyň arasyndaky ylalaşyk, şertnama. Bir zady etmek ýa-da etmezlik üçin äht baglaşylýardy. Käte ähtiň şertini diňe bir tarap, ýagny wada beren tarap berjaý etmelidi. Şeýle ähte birtaraplaýyn äht diýilýärdi. Käwagt bolsa ähtiň şertini iki tarap hem berjaý etmelidi, oňa ikitaraplaýyn äht diýilýärdi. Mukaddes Kitapda Hudaýyň adamlar bilen baglaşan ähtlerinden başga-da adamlaryň, taýpalaryň, milletleriň we halklaryň arasyndaky ähtler hakda aýdylýar. Uzak wagtlyk ähtler: Hudaýyň Ybraýym, Dawut bilen baglaşan ähti, Hudaýyň ysraýyl halky bilen baglaşan Kanun ähti we Hudaýyň Ysraýyly bilen baglaşylan täze äht (1Ms 9:11; 15:18; 21:27; 2Ms 24:7; 2Tr 21:7).
it «Äht»
Äht
Ýuşa bilen ysraýyl baştutanlary gibgonlylary öldürmejekdigini aýdyp, äht baglaşdylar. Ysraýyllar baglaşan ähtine çynlakaý garaýardylar. Gibgonlylar Hudaýyň näletlän halklarynyň arasyndan bolsa-da, ysraýyllar äht baglaşany üçin olary öldürmediler. Ýöne gibgonlylar ysraýyl halky üçin odun çöpläp, suw daşap, näletliligine galdy (5Ms 21:22, 23).
OKTÝABR 11—17
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ÝUŞA 10, 11
«Halk üçin Ýehowa söweşdi»
it «Adonysadyk»
Adonysadyk
Adonysadyk Iýerusalimiň patyşasydy. Ol ysraýyllaryň Wada edilen ýurda hüjüm eden döwri höküm sürýärdi. Adonysadyk Ýuşanyň goşunyna garşy söweşmek üçin Iordanyň günbataryndaky halklar bilen dil düwüşýär (Ýuş 9:1—3). Emma Gibgonda ýaşaýan hiwiler Ýuşa bilen äht baglaşýar. Şonda Adonysadyk Kenganda ýaşaýan beýleki halklaram ysraýyllaryň tarapyna geçmez ýaly, amorlaryň dört hany bilen Gibgona hüjüm edýär. Ýuşa gibgonlylaryň dadyna ýetişip halas edýär. Amorlaryň bäş hany bolsa gaçyp, Makkedadaky gowakda gizlenýär. Ýuşa duzaga düşen Adonysadygy we beýleki dört hany ele salýar. Soňra olary tutuş goşunyň öňünde pürsden asyp, jesetlerini gizlenen gowagyna taşladýar (Ýuş 10:1—27).
it «Jöwenek»
Jöwenek
Ýehowanyň jöwenek ýagdyrmagy. Käwagt Ýehowa sözüni berjaý edende we beýik güýjüni görkezende jöwenek ýagdyrýardy (Zb 148:1, 8; Işa 30:30). Ýehowa müsürlilere ýedinji jezany berende hem jöwenek ýagdyrdy. «Güýçli jöwenek zerarly meýdanda galan adamlaryň we haýwanlaryň bary öldi, gök otlar hem, agaçlar hem weýran boldy. Ýöne ysraýyllaryň ýaşaýan ýeri Goşene jöwenek ýagmady» (2Ms 9:18—26; Zb 78:47, 48; 105:32, 33). Birnäçe wagt geçensoň, ysraýyllar Ýuşanyň ýolbaşçylygynda gibgonlylary halas edýär. Şol günem Ýehowa güýçli jöwenek ýagdyryp, ysraýyllara garşy dil düwşen duşmanlary heläk edýär. Şonda jöwenekden ölenleriň sany gylyçdan ölenlerden köp boldy (Ýuş 10:3—7, 11).
w04 1/12 sah. 11, abz. 1
Ýuşa kitabyndan peýdaly pikirler
10:13. Tebigatda şeýle hadysa bolup bilermi? Ýeri-gögi ýaradan Ýehowanyň başarmajak zady barmy?! (1 Musa 18:14). Ýehowa ýer şaryny okunyň daşyndan aýlanmaz ýaly edip bilýär. Ýa-da ýer şary bilen Aý hereket edip durka-da, Günden we Aýdan gelýän ýagtylygy üýtgedip bilýär. Şonda Gün we Aý saklanan ýaly görünýär. Nähili bolaýanda-da, Ýehowa Ýuşanyň günlerinde Güni we Aýy saklap, görlüp-eşidilmedik gudrat görkezdi (Ýuşa 10:14).
Ruhy dürdäneler
Okyjylaryň sowallary
Mukaddes Kitapda käbir kitaplaryň ady agzalýar. Olarda peýdaly maglumatlar bolsa-da, Hudaýyň mukaddes ruhy arkaly ýazylmady. Ýehowanyň ylhamy bilen ýazylan kitaplaryň ählisi häzire çenli saklanyp galdy, sebäbi «Hudaýymyzyň sözi... ebedi galýar» (Işa. 40:8). Allatagala Mukaddes Kitabyň 66 kitaby arkaly bizi «ähli zada ukyply edýär, ýagşy işleri etmäge birkemsiz taýýarlaýar» (2 Tim. 3:16, 17).
OKTÝABR 18—24
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ÝUŞA 12—14
«Ýehowa bütin ýüregiňiz bilen gulak asyň»
w04 1/12 sah. 12, abz. 2
Ýuşa kitabyndan peýdaly pikirler
14:10—13. Kalep 85 ýaşynda Ýuşadan Hebrony mülk edip bermegi haýyş edýär. Şäheri basyp almak aňsat däldi, ol ýerde äpet anaklar ýaşaýardy. Ýöne ençeme söweşlerde ýeňiş gazanan Kalep Ýehowanyň kömegi bilen Hebrony hem basyp aldy. Hebron gaçybatalga şäheri boldy (Ýuşa 15:13—19; 21:11—13). Bizem Kalep ýaly, kyn ýumuşlary almaga ýaýdanmaly däl.
Imanymyz we Hudaýdan gorkýandygymyz üçin mertdiris
11 Şeýle iman gitdigiçe artýar. Eger biz hakykat boýunça ýaşasak, onuň peýdasyny «datsak», dogalarymyzyň eşidýändigini «görsek» hem-de Ýehowanyň başga ýollar bilen ýaşaýşymyza görkezme berýändigine ünsli bolsak imanymyz artar (Zebur 34:8; 1 Ýahýa 5:14, 15). Ýeşuw bilen Kalebiň Ýehowanyň ýagşylygyny dadandygy sebäpli imanlarynyň berkändigine ynanyp bileris (Ýeşuw 23:14). Mysal üçin, Hudaýyň wada edişi ýaly olar çölde kyrk ýyl sergezdanlyga döz geldiler (Sanlar 14:27—30; 32:11, 12). Kengan ýurduny basyp alanlarynda, olar alty ýyl söweşe aktiw gatnaşdylar. Olar uzak ýaşap tut ýaly sagdyndylar, özüne ýer hem miras aldylar. Ýehowa wepaly we batyrgaý gullukçylaryna bol bereket berýär! (Ýeşuw 14:6, 9—14; 19:49, 50; 24:29).
Ruhy dürdäneler
it «Gebal»
Gebal
Ýuşanyň döwründe basylyp alynmaly ýerleriň arasynda «geballylaryň ýurdy» hem agzalýar (Ýuş 13:1—5). Emma tankytçylar Ýehowanyň geballylar hakda aýdanlary taryhy maglumatlara garşy gelýär diýýärler. Sebäbi Gebal şäheri Ysraýylyň dan taýpasynyň 100 km demirgazygynda ýerleşýärdi we geballylar hiç haçan ysraýyllaryň golastynda bolmandy. Käbir alymlar Mukaddes Kitabyň asyl nusgasynda şu aýatda ysraýyllaryň serhedi «Liwana» ýa-da «geballylaryň ýurduna çenli uzalyp gidýär» diýip ýazylan bolmaly diýýärler. Nähili bolaýanda-da, ysraýyllar gulak asan bolsa, Ýehowanyň aýdyşy ýaly, geballylaryň ýurduny basyp alardy (Ýuş 13:2—7). Ýöne ysraýyllar Hudaýdan ýüz öwrendigi üçin şol ýerde mesgen tutmady (Ýuş 23:12, 13-nji aýatlary deňeşdiriň).
OKTÝABR 25—31
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ÝUŞA 15—17
«Gymmatly mirasyňyzy goraň»
it «Hebron»
Hebron
Ysraýyllar Kenganyň günortasyndaky ýerleri basyp alanda, Hebronyň ilatyny we hanyny (Hohamyň neslinden bolmaly) gylyçdan geçirdiler (Ýuş 10:36, 37). Olar Ýuşanyň ýolbaşçylygynda kenganlaryň güýçli goşunyny derbi-dagyn etseler-de, basyp alan ýerlerinde goşun bölümini goýmandylar. Ysraýyllar ýurduň başga ýerlerini basyp almaga gidende anaklar gelip, Hebrony dikeltdiler. Şol sebäpli Kalep (ýa-da Kalebiň ýolbaşçylygynda ýahudalar) ýene-de söweşip, Hebrony basyp almaly boldy (Ýuş 11:21—23; 14:12—15; 15:13, 14; Ser 1:10). Başda Hebron ýahuda taýpasyndan Kalebe berilse-de, wagtyň geçmegi bilen gaçybatalga şäheri hökmünde ruhanylaryňky boldy. Emma «şäheriň golaýyndaky ýerler we obalar» Kalebiň nesline miras berildi (Ýuş 14:13, 14; 20:7; 21:9—13).
it «Gul edip işletmek»
Gul edip işletmek
Mukaddes Kitapda «gul etmek», «gul edip işletmek» (ýewreýçe «mas») diýen jümle birnäçe gezek duş gelýär. Gadymy döwürde söweşde ýesir düşen adamlary köplenç gul edip işledýärdiler (5Ms 20:11; Ýuş 16:10; 17:13; Est 10:1; Işa 31:8; Agy 1:1). Ysraýyllaram Müsürde gul bolup ýaşaýardy. Müsürliler olary ezip, Pitom we Ramses diýen ammarly şäherleri gurdurdylar (2Ms 1:11—14). Ysraýyllar Wada edilen ýurda baranda Ýehowa gulak asmagyň deregine, kenganlary ýok etmän, gul edip işletdiler. Şol sebäpli ysraýyllar duzaga düşüp, kem-kemden ýalan taňrylara sežde edip başladylar (Ýuş 16:10; Ser 1:28; 2:3, 11, 12). Süleýman patyşa hem kenganlardan amorlary, hetleri, perizleri, hiwileri we ýabuslary gul edip, agyr işde işletdi (1Pat 9:20, 21).
it «Kengan»
Kengan
Ysraýyllar Wada edilen ýurdy basyp alanda kenganlaryň köpüsi diri galsa-da, «Ýehowa ysraýyl halkynyň ata-babalaryna wada berişi ýaly, tutuş ýurdy ysraýyllara mülk edip berdi», olary parahat ýaşatdy. Dogrudanam, «Ýehowanyň ysraýyl halkyna beren gowy wadalarynyň ýekejesi-de ýerine ýetmän galmady, ählisi berjaý boldy» (Ýuş 21:43—45). Ysraýyllar duşmanlaryň arasynda ýaşasa-da, hiç kim olara garşy çykyp bilmeýärdi. Şeýle-de Ýehowa ilatsyz galan ýurtda ýyrtyjy haýwanlar köpelip, howp salmaz ýaly kenganlary «ýuwaş-ýuwaşdan» kowup çykarjakdygyny aýtdy (2Ms 23:29, 30; 5Ms 7:22). Ysraýyllar Ýehowanyň sözünde durmandygy, halkyny kenganlaryň söweş ýaraglaryndan, kesgir gylyçly arabalaryndan gorap bilmändigi üçin ýeňildilermi? Ýok. (Ýuş 17:16—18; Ser 4:13). Mukaddes Kitapda aýdylyşy ýaly, olar Ýehowa biwepalyk edendigi üçin käbir ýerleri basyp alyp bilmediler (4Ms 14:44, 45; Ýuş 7:1—12).
Ruhy dürdäneler
Siz şuny bilýärdiňizmi?
Mukaddes Ýazgylarda aýdylmagyna görä, gadymy Ysraýyl gür tokaýlykmydy?
MUKADDES ÝAZGYLARDA Wada edilen diýaryň köp ýerleriniň «tokaýlyk» bolandygy aýdylýar (1 Pat. 10:27; Ýeş. 17:15, 18). Emma şu günler Ysraýylda agajyň azlygy sebäpli, taňkytçylaryň käbiri Wada edilen diýarda-da tokaý bolan däldir öýdýärler.
«Gadymy Ysraýylyň durmuşy» atly kitapda «gadymy döwürde şol ýurduň gür tokaýlyga bürenip oturandygy» aýdylýar. Daglarda Aleppo sosnasy (Pinus halepensis), ýaşyl dub (Quercus calliprinos) we hwoýa (Pistacia palaestina) agaçlary ösýärdi. Ortaýer deňziniň töwereginde we daglaryň arasynda, Şephela atly depelerde sikomor fikus (Ficus sycomorus) agajy köp duş gelýärdi.
«Mukaddes Ýazgylardaky ösümlikler» atly kitapda Ysraýyl ýurdunda ösýän agaçlaryň köp görnüşleriniň ýok bolandygy barada aýdylýar. Näme üçin? Şol kitapda: «Adamlar ýylanmak, ekin ekmek, öri meýdanlaryny giňeltmek we jaý gurmak üçin agaçlary çapýardylar» diýilýär. Şeýlelikde, tokaýlygyň çöle öwrülendigi aýdylýar.