MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Ömürlik ýoldaş
Oglan bilen gyz maşgala guransoň bagtly ýaşasalar, Ýehowanyň adyna şöhrat getirýärler (Mar 10:9). Ýöne bagtly maşgala ojagy öz-özünden döremeýär. Munuň üçin Mukaddes Kitapdaky maslahatlara eýerip, özüňe mynasyp ýar saýlamaly.
Ömürlik ýanýoldaşyňy «ýaşlyk höwesiň geçensoň» saýlasaň gowy bolar, sebäbi jynsy gatnaşyk etmek islegiň güýjän döwri dury pikirlenmek kyn bolýar (1Kr 7:36). Ýaşlyk ýyllaryňda Hudaý bilen dostlugyňy berkit, gowy häsiýetleri ösdür. Şeýtseň, gelejekde maşgala guraýsaň, gowy ýanýoldaş bolup bilersiň.
Maşgala gurmak isleseň, göz astyna alýanyňy gowy tanajak bol (1Pe 3:4). Duşuşyp başlanyňdan soň, onuň käbir häsiýetleri ýa-da hereketleri seni biynjalyk edýän bolsa, göni aýt. Adatça, maşgalada är-aýal diňe özüni bilmän, ýanýoldaşyny hem göz öňünde tutmaly (Flp 2:3, 4). Eger sen maşgala gurmankaň, şu maslahatlar boýunça ýaşasaň, maşgala ojagyň düýbi berk bolar.
«MAŞGALA DURMUŞYNA TAÝÝARLYK. „ILKI ÇYKDAJYLARY HASAPLAŇ“ (3-NJI BÖLÜM)» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
Ýaňy duşuşyp başlanda uýa nähili pikir edýärdi?
Uýa soňabaka nämä üns berdi?
Ene-atasy oňa nädip kömek etdi we şondan soň ol näme etdi?