Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwb21 Ýanwar sah. 5
  • Maşgalaňyzy goraň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Maşgalaňyzy goraň
  • Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2021
  • Meňzeş maglumat
  • Maşgalany nädip bagtly edip bolýar?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
  • Nika bozuljak bolanda...
    Maşgala bagtynyň syry
  • Nikaňda bagtly bol
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Maşgalaňy bagtly etmek üçin güýjüňi gaýgyrma
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
Başgalary
Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2021
mwb21 Ýanwar sah. 5
Maşgalabaşy ýerde oturyp, aýaly bilen höwes edip, egin-eşik ýuwýar.

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Maşgalaňyzy goraň

Ýehowa är-aýalyň bir-birine berýän wadasyna gaty çynlakaý seredýär. Ol är-aýalyň bir beden bolmalydygyny aýtdy (Mat 19:5, 6). Hudaýyň gullukçylarynyň arasynda köp göreldeli maşgalalar bar. Ýöne hiç bir maşgala kämil däl. Islendik maşgalada-da kynçylyk bolýar. Emma maşgalada kynçylyk dörände, biz şu dünýäde giňden ýaýran garaýşa eýermekden, ýagny derrew aýry ýaşamakdan ýa-da aýrylyşmakdan gaça durmaly. Eýsem, mesihçiler maşgalasyny nädip gorap biler?

Munuň bäş usulyna seredeliň.

  1. Ýüregiňizi goraň. Ýanýoldaşyňyz bolmadyk adam bilen hiç haçan näz-kereşme etmäň we ahlaksyz zatlary görmäň. Sebäbi bu zatlar maşgala ojagyny dargadýar (Mat 5:28; 2Pe 2:14).

  2. Hudaý bilen dostlugyňyzy berkidiň. Ýehowany maşgala bolup begendirmek islegiňizi artdyryň (Zb 97:10).

  3. Täze häsiýetleri geýmegi dowam ediň. Şeýle-de ýanýoldaşyňyzyň göwnüni göterýän işleri, hatda ujypsyz bolup görünýän işleri hem etmegi dowam ediň (Kol 3:8—10, 12—14).

  4. Ýanýoldaşyňyza hormat goýuň we ýakymly gürrüňdeşlik ediň (Kol 4:6).

  5. Är-aýallyk borjuňyzy berjaý ediň. Bir-biriňize söýgiňizi we mähriňizi bildirip duruň (1Kr 7:3, 4; 10:24).

Är-aýal biri-birine hormat goýanda, maşgalany döreden Ýehowa hormat goýandygyny görkezýär.

«BIZ „ÇYDAMLY YLGAMALY“: ÝARYŞYŇ ŞERTLERINI BERJAÝ EDIŇ» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • «Biz „çydamly ylgamaly“: Ýaryşyň şertlerini berjaý ediň» diýen wideodan parça. Ýygnak jaýynda toý nutugyndan soň ýaş çatynja ýylgyryp dur.

    Maşgala durmuşy şatlyk bilen başlansa-da, nähili kynçylyklar bolup bilýär?

  • «Biz „çydamly ylgamaly“: Ýaryşyň şertlerini berjaý ediň» diýen wideodan parça. Är-aýal kynçylyklary barada ýumşaklyk bilen gepleşýär. Stoluň üstünde Mukaddes Kitap açyk dur.

    Mukaddes Kitapdaky prinsipler maşgalany nädip bagtly edýär?

  • «Biz „çydamly ylgamaly“: Ýaryşyň şertlerini berjaý ediň» diýen wideodan parça. Dogan aýalyna we iki gyzyna «Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar» kitabyndan okap berýär.

    Maşgalaňyzy bagtly etmek üçin Mukaddes Kitapdaky prinsiplere eýeriň

    Ýehowa maşgala babatda nähili düzgünleri berdi?

  • Maşgalanyň bagtly bolmagy üçin är-aýalyň ikisi hem näme etmeli?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş