Alyşa hyzmatkärine: «Biziňkiler olardan has köpdür» diýdi (2Pa 6:16)
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR
«Biziňkiler olardan has köpdür»
Duşmanlar Alyşa pygamber bilen hyzmatkäriniň bolýan şäherini gabaýarlar (2Pa 6:13, 14; it «Alyşa»)
Alyşa gorkmaýar we hyzmatkärine-de batyrgaý, mert bolmaga kömek edýär (2Pa 6:15—17; w13 15/8 sah. 30, abz. 2; daşky sahypadaky surata serediň)
Ýehowa Alyşany we hyzmatkärini gudrat bilen halas edýär (2Pa 6:18, 19; it «Körlük»)
Ýehowa duşmanlarymyzdan müň esse güýçli. Eger siz göge ser salyp, Ýehowanyň perişdeleri arkaly halkyny goraýşyny görüp bilen bolsaňyz, özüňizi nähili duýardyňyz?