Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwb23 Maý sah. 5
  • Siz ykdysady kynçylyklara taýýarmy?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Siz ykdysady kynçylyklara taýýarmy?
  • Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2023
  • Meňzeş maglumat
  • Sen taýýarmy?
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2020
  • «Soňky günleriň» soňky sagatlaryna taýyn boluň
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2021
  • Karara geleniňizde Ýehowa bil baglaň
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2023
  • Ýurtda dawa-jenjel tursa näme etmeli?
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2022
Başgalary
Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2023
mwb23 Maý sah. 5

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Siz ykdysady kynçylyklara taýýarmy?

Şu günler ykdysady kynçylyklar sebäpli bütin dünýädäki adamlar ýeter-ýetmezçilikden kösenýär. Ýöne biz muňa geň galmaýarys. Mukaddes Kitapda biziň soňky günleriň soňky sagatlarynda ýaşaýandygymyz we «ýalan baýlyga» bil baglamaly däldigimiz aýdylýar (1Tm 6:17; 2Tm 3:1). Biz ykdysady kynçylyklara duş gelenimizde Ýehoşapat patyşanyň göreldesine eýerip bileris.

Duşmanlar hüjüm edende, Ýehoşapat Ýehowa bil baglady (2Tr 20:9—12). Şeýle-de ol söweşe taýýarlyk gördi we şäherleriň diwarlaryny berkidip, esgerlerini goýdy (2Tr 17:1, 2, 12, 13). Biz hem Ýehoşapat ýaly Ýehowa bil baglasak we öňünden taýýarlyk görsek, kynçylyklara döz geleris.

YKDYSADY KYNÇYLYKLARA NÄDIP TAÝÝARLYK GÖRÜP BILERIS?

Ýehowa bilen dostlugyňyzy berkidiň. Baryňyza kaýyl boluň. Ýehowanyň ähli gerek zadyňyzy wagtynda ýetirjekdigine şübhelenmäň (Mat 6:26; 1Tm 6:8). Gazanç etmek üçin Ýehowanyň kada-kanunlaryny hiç haçan bozmaň (Rim 2:21). Tok öçse ýa-da Internet bolmasa Mukaddes Kitaby we edebiýatlarymyzy okap biler ýaly, öňünden oýlanyň. Käbir edebiýatlaryň çap edilen görnüşini alyp goýuň. Mümkin bolsa, edebiýatlaryň elektron görnüşini ýükläň.

Ätiýaçly boluň. Häzirden karzlaryňyzy azaldyň we gerekmejek çykdajylary etmäň (Nak 22:7). Ätiýaçlyk üçin iýmit we başga-da gerek zatlary alyp goýuň. Şeýle-de siz ekin ekip puluňyzy tygşytlap bilersiňiz.

«SIZ BETBAGTÇYLYGA TAÝÝARMY?» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

«Siz betbagtçylyga taýýarmy?» diýen wideodan surat. Suratda Mukaddes Kitap, betbagtçylyk üçin sumka, telefon we gurluşykçylar görkezilen.
  • Betbagtçylyga her birimiz aýratynlykda nädip taýýarlyk görüp bileris?

«Siz betbagtçylyga taýýarmy?» diýen wideodan surat. Doganlar betbagtçylykda kömek edip, dikeldiş işlerini geçirýärler we gurluşyk materiallaryny düşürýärler.
  • Başgalara kömek etmäge nädip taýýar bolup bileris?

MAKSAT

Maşgala okuwynda «Siz tebigy betbagtçylyga taýynmy?» (km 1/07 sah. 8) diýen makalany okaň. Betbagtçylyga nädip taýýarlyk görüp biljekdigiňiz barada pikir alşyň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş