Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwbr23 Sentýabr sah. 1—13
  • «Durmuş we wagyz» okuw depderi üçin salgylar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Durmuş we wagyz» okuw depderi üçin salgylar
  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar (2023)
  • Sözbaşylar
  • 4—10 SENTÝABR
  • 11—17 SENTÝABR
  • 18—24 SENTÝABR
  • 25 SENTÝABR—1 OKTÝABR
  • 2—8 OKTÝABR
  • 9—15 OKTÝABR
  • 16—22 OKTÝABR
  • 23—29 OKTÝABR
  • 30 OKTÝABR—5 NOÝABR
«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar (2023)
mwbr23 Sentýabr sah. 1—13

«Durmuş we wagyz» okuw depderi üçin salgylar

©2023 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania

4—10 SENTÝABR

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ESTER 1, 2

«Ester ýaly pespäl boluň»

w17.01 sah. 25, abz. 11

Siz synaglarda pespäl bolup bilersiňiz

11 Pespälligimiz bizi öwenlerinde-de synalyp biler. Esteriň mysalyna seredeliň. Onuň durmuşy birden üýtgedi. Ol örän owadandy. Şa köşgüne getirilende, oňa bir ýyllap dürli ýaglar, atyrlar hem-de owadanlyk serenjamlary bilen timar berdiler. Ol bütin Pars imperiýasyndan patyşa üçin getirilen ýaş gyzlar bilen her gün gürrüňdeş bolýardy. Emma Ester gyzlaryň arasyndaky bäsdeşligiň täsirine düşmedi. Patyşa ony şa aýaly edip saýlansoňam, ol özüni ýokary tutmady (Est. 2:9, 12, 15, 17).

ia bap 15, abz. 15

Ol Hudaýyň halkyny halas etdi

15 Ester patyşanyň ýanyna barmaly bolanda, bezener ýaly islän zadyny alyp bilerdi. Emma ol pesgöwünli bolup, Hegaýyň aýdanlaryndan başga hiç zady almaýar (Est. 2:15). Ester patyşanyň ýüregini diňe bir owadanlyk bilen awlap bolmaýandygyna we köşkde pesgöwünli adamlaryň azdygyna düşünen bolmaly. Ester dogry pikir edýärdimi?

w17.01 sah. 25, abz. 12

Siz synaglarda pespäl bolup bilersiňiz

12 Şeýle-de pespällik bize salykatly geýinmäge we özümizi sylaşykly alyp barmaga kömek eder. Biz adamlaryň hormatyny özümizi öwüp däl-de, «ýuwaş we ýumşak häsiýet» bilen gazanyp biljekdigimize düşünýäris (1 Petrus 3:3, 4-nji aýatlary okaň; Ýer. 9:23, 24). Eger tekepbirligiň ýüregimizde kök urmagyna ýol bersek, onda ol iru-giç aýan bolar. Meselem, edýän gürrüňlerimizden hormatly borçlary ýerine ýetirýändigimize, başgalaryň bilmeýän maglumatyny bilýändigimize ýa-da jogapkär doganlar bilen ýakyndan gatnaşyk edýändigimize buýsanýandygymyz görünmegi mümkin. Ýa-da edýän işlerimizi başgalaryň kömegi bilen etsek-de, ony diňe öz güýjümiz bilen etdik diýýändiris. Bu babatda-da Isa ajaýyp görelde galdyrdy. Ol hemişe Ýewreý ýazgylaryna salgylanýardy. Şeýle-de aýdýan sözleriniň we akyldarlygynyň özüniňki däl-de, Ýehowanyňkydygyny açyk aýdýardy (Ýah. 8:28).

Ruhy dürdäneler

w22.11 sah. 31, abz. 3—6

Şuny bilýäňizmi?

Olar pars golýazmasynda Marduka (türkmençe Mordekaý) adynyň ýazylandygyny görýärler. Ol Şuşanda hazyna gözegçilik edýän eken. Taryhçy Artur Ungnad Mordekaý adynyň diňe Mukaddes Kitapda däl-de, başga hem golýazmalarda duş gelýändigini aýdýar.

Artur Ungnaddan soňra alymlar müňlerçe pars golýazmalaryny terjime edipdirler. Olaryň arasynda Persepol şäheriniň golaýynda tapylan hatlar hem bar. Olar şäher diwarlarynyň golaýyndaky haraba öwrülip ýatan hazynalardan tapylypdyr. Ýazgylar Kserks I hökümdarlyk eden döwrüne degişli. Şol hatlar elam dilinde ýazylypdyr. «Ester» kitabyndaky käbir atlar şol hatda duş gelýär.

Şol hatlarda Marduka ady köp duş gelýär. Ol Kserks I hökümdarlyk eden döwründe Şuşanda köşk derwezesiniň öňünde oturypdyr. Şol hatlaryň birinde Mardugyň terjimeçi bolandygy hem aýdylýar. Mukaddes Kitapda Mordekaýyň hem şeýle borçlary ýerine ýetirendigi ýazylan. Ol Haşaýaryň (Kserks I) döwründe köşk emeldary bolup hyzmat eden bolmaly. Belki-de, ol iki ýa-da ondan hem köp dil bilen bolmaly. Mordekaý Şuşanda köşk derwezesiniň agzynda oturýardy (Est. 2:19, 21; 3:3). Adatça, köşk derwezeleriniň öňünde patyşanyň emeldarlary oturýarlar.

Tapylan golýazmalardaky Marduka bilen Mukaddes Kitapda agzalýan Mordekaýyň ýaşan döwri, ýaşan ýeri we kärleri meňzeş gelýär. Şulardan çen tutsak, Marduka ýa Mordekaý diýlende şol bir adam göz öňünde tutulýar diýip bilýäris.

WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ

w20.11 sah. 12, 13, abz. 3—7

Mert boluň, Ýehowa size kömek eder!

3 Pawlus resulyň janyna howp abanýardy. Takmynan b. e. 56-njy ýylynda Pawlus Iýerusalimdäki ybadathana barýar. Şonda uly märeke Pawlusyň daşyna üýşüp, ony ybadathanadan süýräp çykarýarlar we öldürjek bolýarlar. Ertesi gün Pawlusy Mejlise getirýärler. Duşmanlar ony tüýt-müýt etmäge taýyndylar (Res. 21:30—32; 22:30; 23:6—10). Belki-de, Pawlus: «Men mundan artyk çydap bilerinmi?» diýip oýlanandyr.

4 Pawlusa nädip kömek etdiler? Pawlus tussag edilen güni gije Isany gördi. Isa onuň ýanyna baryp: «Mert bol! Iýerusalimde men hakda birkemsiz wagyz edişiň ýaly, Rimde-de wagyz etmelisiň» diýdi (Res. 23:11). Isa wagtynda kömege geldi! Ol Pawlusy Iýerusalimde yhlasly wagyz edendigi üçin öwdi. Şeýle-de Isa onuň Rime sag-aman barjakdygyny we ol ýerde-de wagyz etjekdigini aýtdy. Pawlus teselli beriji sözleri eşidende, kakasynyň gujagynda oturan çaga ýaly özüni rahat duýandyr.

5 Pawlus ýene nähili kynçylyklara duşýar? Iýerusalimde bolan wakadan soň iki ýyl geçýär. Pawlusy gämili Italiýa ugradýarlar. Deňizde birdenkä apy-tupan turýar. Şonda gämidäki adamlar diri galarys öýtmeýärler. Emma Pawlus gorkmady. Näme üçin? Ol gämidäki adamlara şeýle diýdi: «Geçen gije meniň sežde edýän we gulluk edýän Hudaýym perişdesini iberip: „Gorkma, Pawlus! Sen hökman Sezaryň öňünde durarsyň. Hudaý gämidäkileriň ählisini halas eder“ diýdi». Ýehowa perişdesini iberip, iki ýyl mundan öň Isa arkaly beren wadasyny Pawlusa ýatlatdy. Hawa, Ýehowanyň wada berişi ýaly, Pawlus Rime sag-aman bardy (Res. 27:20—25; 28:16).

6 Bize nädip kömek edýärler? Isa Pawlusy goldaýşy ýaly, bizi-de goldaýar. Isa ähli şägirtlerine: «Men dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn» diýip wada berdi (Mat. 28:20). Isanyň beren wadasy bize güýç berýär. Käte biziň başymyza çekip-çydardan agyr günler inýär. Meselem, dogan-garyndaşlarymyzdan biri aradan çykanda, birki gün däl, birnäçe ýyllap gaýgy-hasrat çekýäris. Käbir dogan-uýalar garrylyk ýa-da göwnüçökgünlik sebäpli kyn günleri başdan geçirýärler. Ýöne biz her bir zada döz gelip bileris, sebäbi gaýgy-hasratly günlerimizde-de Isanyň ýanymyzda boljakdygyny bilýäris (Mat. 11:28—30).

7 Hudaýyň Sözünde Ýehowanyň bize perişdeleri arkaly kömek edýändigi aýdylýar (Ýew. 1:7, 14). Meselem, biz «Patyşalyk baradaky hoş habary» «her millete, her taýpa, her dile» wagyz edenimizde, perişdeler bizi goldaýarlar (Mat. 24:13, 14; Ylham 14:6-ny okaň).

11—17 SENTÝABR

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ESTER 3—5

«Dogan-uýalara ukyplaryny ulanmaga kömek ediň»

it «Mordekaý»

Mordekaý

Hamanyň öňünde dyza çökmekden boýun gaçyrýar. Haşaýar patyşa agaglardan Hamany has ýokary wezipä belleýär we köşgüň derwezesinde durýan ähli hyzmatkärlere onuň öňünde dyza çöküp, baş egmegi buýurýar. Emma Mordekaý ýehudy bolandygy üçin dyza çökmekden boýun gaçyrýar (Est 3:1—4). Ol şeýle etmek bilen Ýehowa Hudaýyna wepalydygyny görkezýär. Aslynda, ysraýyllar ýokary wezipeli adamlara hormat goýup tagzym edýärdiler (2Şm 14:4; 18:28; 1Pa 1:16). Ýöne Mordekaýyň Hamanyň öňünde dyza çökmezliginiň başga sebäbi bardy. Haman amaleklerden bolan bolmaly. Ýehowa bolsa olar bilen «nesilden-nesle söweşjekdigini» aýdypdy (2Ms 17:16; serediň: HAMAN). Diýmek, Mordekaý hökümete garşy gidip däl-de, Hudaýa wepaly bolmak üçin permana gulak asmaýar.

it «Mordekaý»

Mordekaý

Ysraýyl halkynyň halas bolmagyna ýardam edýär. Pars patyşalygynda ähli ýehudylary gyrmak karary çykýar. Şonda Mordekaý Estere: «Belki, sen halkyňy halas etmek üçin patyşanyň aýaly bolansyň» diýýär. Ol Esteriň uly jogapkärçiliginiň bardygyny, ýagny patyşanyň ýanyna baryp, ysraýyllara rehim etmegini sorap ýalbarmalydygyny aýdýar. Esteriň janyna howp abansa-da, ol razy bolýar (Est 4:7—5:2).

ia bap 15, abz. 22, 23

Ol Hudaýyň halkyny halas etdi

22 Ester bu habary eşidip, gaty aljyraňňy ýagdaýa düşýär. Onuň imany güýçli synalýar. Ester Mordekaýa gorkýandygyny aýdyp, patyşanyň kanunyny ýatladýar. Patyşanyň ýanyna çakylyksyz baran adama ölüm jezasy berilýärdi. Ýöne patyşa altyn hasasyny uzatsa, ölüm jezasy berilmeýärdi. Ester rehim edilmegine garaşmaýardy, sebäbi şa aýaly Waşty patyşanyň buýrugyny ýerine ýetirmekden boýun gaçyranda, oňa rehim edilmedi. Ester 30 günden bäri patyşanyň ýanyna çagyrylmandy! Şonça wagt çagyrylmansoň, ol indi ynjyk patyşanyň mährini gazanyp bilmerin öýdýärdi (Est. 4:9—11).

23 Mordekaý Esteriň imanyny berkidýär. Eger ol ümsüm otursa, ýehudylara başga biriniň kömek etjekdigini aýdýar. Emma yzarlanma güýçlense, Ester nädip diri galyp biler? Mordekaý Ýehowanyň halkynyň gyrylmagyna ýol bermejekdigine we ähli wadalaryny berjaý etjekdigine berk iman edýärdi (Ýeş. 23:14). Soňra Mordekaý Estere: «Belki, sen şunuň ýaly pursatlar üçin şa aýaly bolansyň!» diýdi (Est. 4:12—14). Biz Mordekaýyň göreldesine eýermeli dälmi näme?! Ol Ýehowa Hudaýa doly bil baglapdy. A sen? (Sül. tym. 3:5, 6).

Ruhy dürdäneler

kr bap 15, abz. 14

Hudaýa erkin sežde etmek üçin göreşýäris

14 Gadymy döwürde ýaşan Ester bilen Mordekaý ýaly, şu günlerem Ýehowanyň halky Hudaýyň tabşyryşy ýaly sežde etmek hukugy ugrunda göreşýär (Est. 4:13—16). Sizem bu söweşe gatnaşyp bilersiňizmi? Hawa, siz adalatsyzlykdan ejir çekýän dogan-uýalarymyz üçin dyngysyz doga edip bilersiňiz. Şeýle dogalar yzarlamalara duş gelýän imandaşlarymyza gowy goldaw bolýar (Ýakup 5:16-ny okaň). Eýsem, Ýehowa bu dogalara jogap berýärmi? Elbetde, kazyýetde gazanan ýeňişlerimiz hem munuň aýdyň subutnamasydyr! (Ýewr. 13:18, 19).

18—24 SENTÝABR

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ESTER 6—8

«Gowy gürrüňdeş bolmagy öwreniň»

ia bap 16, abz. 15, 16

Ol paýhasly, mert we janaýamazdy

15 Esteriň ýene bir gün sabyrly garaşmagy Hamany abraýdan düşürdi. Patyşanyň ýatyp bilmändigine Ýehowa sebäpkärdimi? (Sül. tym. 21:1). Hawa, sebäbi Hudaýyň Sözünde Ýehowa bil baglamagyň wajypdygy aýdylýar! (Mika 7:7-ni oka). Biz Hudaýa bil baglap, sabyrly bolsak, onuň kynçylygymyzy özümizdenem gowy çözjekdigine göz ýetireris.

Ol ýüregine daş baglap gepledi

16 Ester guran ikinji meýlisinde patyşa ähli zady gürrüň bermegi ýüregine düwýär. Ol muny nädip ederkä? Patyşa ýene-de Esterden näme haýyşynyň bardygyny soraýar (Est. 7:2). Şonda Esteriň aýtmaly pursady geldi.

ia bap 16, abz. 17

Ol paýhasly, mert we janaýamazdy

17 Göz öňüne getir, Ester içinden Hudaýa doga edip: «Eý, patyşahym, eger men seniň göwnüňden turan bolsam, eger patyşa oňlasa, meniň dilegim boýunça janym, islegim boýunça-da halkym berilsin» diýýär (Est. 7:3). Ol patyşanyň islegine we gelen kararyna hormat goýýandygyny aýtdy. Ester ýoldaşyny bilgeşleýin kemsiden patyşanyň öňki aýaly Waştydan örän tapawutlanýardy! (Est. 1:10—12). Şeýle-de ol patyşany Hamana ynanandygy üçin ýazgarmady. Gaýtam, ol patyşa janyny halas etmek barada ýalbardy.

ia bap 16, abz. 18, 19

Ol paýhasly, mert we janaýamazdy

18 Patyşa Esteriň sözlerine haýran galýar. Şa aýalyny şeýle howply ýagdaýa kim saldyka? Ester: «Men we meniň halkym gyrlyp, bütinleý ýok edilmek üçin satyldyk. Eger biz diňe bir gul-gyrnak edilmek üçin satylan bolsadyk, onda men sesimi çykarmazdym, çünki gam-gussamyz bilen patyşany biynjalyk edip bolmaz» diýdi (Est. 7:4). Üns beren bolsaň, Ester kynçylygy barada gönümel aýdyp, gulçulyga satylan bolsam, dil ýarmazdym diýdi. Şeýle-de ol ýehudylaryň gyrylmagy patyşanyň özüne-de zyýan ýetirjekdigi barada aýdýar.

19 Adamy ynandyrmak babatda biz Esterden köp zat öwrenip bileris. Sen dogan-garyndaşlaryňa ýa-da ygtyýarly adama kynçylygyňy aýtmaly bolanyňda, sabyrly bolsaň, hormat goýsaň we açyk gürleşseň gowy bolar (Sül. tym. 16:21, 23).

Ruhy dürdäneler

w06 1/3 sah. 11, abz. 1

Ester kitabyndan peýdaly pikirler

7:4. Ysraýyllaryň gyrylmagy patyşa nädip zyýan ýetirerdi? Ester sypaýylyk bilen «bizi gulçulyga satsalar hem, sesimi çykarmazdym» diýmek bilen, ysraýyl halky gyrylsa patyşanyň has köp zyýan çekjekdigini aýtjak boldy. Haman ysraýyllary gyrmak üçin gazna 10 000 batman kümüş berjekdigini aýdypdy. Ýöne Haman olary gulçulyga satmagy teklip eden bolsa, patyşa has köp pul gazanardy. Mundan başga-da, Hamanyň erbet niýeti başa baran bolsa, patyşa aýalyndan hem dynardy.

WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ

w22.01 sah. 10, 11, abz. 8—10

Isa pygamberiň inisi Ýakubyň göreldesine eýeriň

8 Ýakup dini mekdeplerde okamandy. Şonuň üçin dini ýolbaşçylar ony Petrus bilen Ýahýa ýaly «sada we bilimsiz» adam hasaplandyr (Res. 4:13). Emma Ýakup Ýehowanyň tälimini alyp, ökde mugallym bolýar we Hudaýyň ylhamy bilen «Ýakup» kitabyny ýazýar. Belki, bizem ýokary okuw jaýlarynda okan däldiris, ýöne Ýehowanyň mukaddes ruhy we guramasy arkaly berýän bilimi bilen ökde mugallym bolup bileris. Geliň, Ýakubyň göreldesine eýermek üçin näme etmelidigini bileliň.

9 Ýakup sada sözler bilen düşündirýärdi. Onuň ýazan hatyny okan adamlar derrew düşünýärdiler we beren maslahatyna eýerýärdiler. Ýakup adalatsyzlyk edenlerinde ýüregiňi gatatman, sabyrly we çydamly bolmagyň wajypdygyny sada sözler bilen düşündirdi. Ol şeýle ýazdy: «Biz kynçylyklara çydaýan adamlary bagtly hasaplaýarys. Siz Eýýup pygamberiň çydamlylygy we Ýehowanyň beren berekedi hakda eşidensiňiz. Hawa, Ýehowa örän mähirli we rehimdar Hudaý ekeni» (Ýak. 5:11). Görşümiz ýaly, Ýakup Hudaýyň Sözüne esaslanyp öwredýär. Ol Eýýup pygamber hakda gürrüň berip, Ýehowanyň wepaly adamlara bereket berýändigini düşündirýär. Ýakup aýtjak habaryny sada we düşnükli sözler bilen beýan edýär. Şeýdip, ol özüni däl-de, Ýehowany şöhratlandyrýar.

10 Biziň üçin sapak: tälim berenimizde sada sözleri, ýönekeý sözlemleri ulanmaly we Mukaddes Kitaba esaslanmaly. Biz bilimimiz bilen adamlary haýran galdyrjak bolmaly däl, gaýtam akyldar we aladaçyl Hudaý Ýehowa hakda oýlanmaga kömek etmeli (Rim. 11:33). Munuň üçin hemişe Mukaddes Kitaba esaslanyp öwretmeli. Biz okuw geçýäne: «Seniň ýeriňe men bolan bolsam şeýle ederdim» diýmeli däl. Biz oňa Mukaddes Kitapdaky wakalar hakda oýlanmaga, Ýehowanyň halaýan we ýigrenýän zatlaryny bilmäge kömek etmeli. Şonda ol karara gelende biziň däl-de, Ýehowanyň göwnünden turjak bolar.

25 SENTÝABR—1 OKTÝABR

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ESTER 9, 10

«Ol wezipesini öz bähbidi üçin ulanmady»

it «Mordekaý»

Mordekaý

Patyşa Mordekaýy Hamanyň ýerine belleýär we permanlara möhür basmak üçin ýüzügini berýär. Şeýle-de ol Hamanyň bütin hojalygyny Estere berýär. Ester hem onuň üstünden Mordekaýy baş edip goýýar. Soňra Mordekaý ýehudylara özüni goramaga hukuk berýän perman çykarýar. Şeýdip, ýehudylaryň ýasy toýa öwrülýär. Pars patyşalygyndakylaryň köpüsi ýehudy dinine geçýär we ýehudylaryň ýok edilmeli güni, ýagny adar aýynyň 13-i gelip ýetende, olar goranmak üçin taýyn durdylar. Mordekaý ýokary wezipä eýe bolansoň, han-begler we häkimler ondan gorkup ýehudylary goldadylar. Mordekaýyň çykaran permany Şuşan galasynda adar aýynyň 14-ne hem ýerine ýetirildi. Duşmanlaryň 75 müňden gowragy öldürildi. Olaryň arasynda Hamanyň on ogly hem bardy (Est 8:1—9:18). Mordekaý Esteriň goldamagy bilen ýehudylara her ýylyň adar aýynyň 14-ne we 15-ne baýramçylyk bellemegi tabşyrýar. Olar Bije baýramy diýip atlandyrylan şol baýramçylygy şatlyk-şagalaň bilen belläp, bir-birlerine duz-çörek hödür etmelidi we garyp-gasarlara sadaka bermelidi. Halk hem muny goldap, nesillerine we ýehudy dinine goşulanlara baýramçylygy bellemegi tabşyrýar. Mordekaý patyşadan soň ikinji adam hökmünde Hudaýyň halkynyň hormatyny gazanyp, olar üçin köp işleri edýär (Est 9:19—22, 27—32; 10:2, 3).

it «Purym»

Purym

Maksady. Şu günler ýewreýler Purym, ýagny Bije baýramyny uludan belleýärler. Käbir alymlar ony ýehudylaryň dini däl-de, milli baýramy hasaplaýarlar. Emma ilkibaşda beýle däldi. Hak Hudaýyň gullukçylary Mordekaý we Ester Bije baýramyny Ýehowany şöhratlandyrmak üçin girizýärler. Sebäbi Ýehowa zalym Hamanyň niýetini puja çykaryp, halkyny halas edipdi. Haman Ýehowanyň näletlän we höküm çykaran halky amaleklerden bolan bolmaly. Şonuň üçin Hudaýa wepaly Mordekaý onuň öňünde dyza çökmekden boýun gaçyrýar (Est 3:2, 5; 2Ms 17:14—16). Mordekaýyň Estere aýdan sözünden görnüşi ýaly, ol Hudaýyň halas etjekdigine ynanýardy. Esteriň hem patyşanyň ýanyna barmazyndan öň agyz beklemegi Hudaýa bil baglandygyny görkezýär (Est 4:16).

cl sah. 101, 102, abz. 12, 13

«Hudaýdan görelde alyp», güýjüňizi dogry ulanyň

12 Ýehowa ýygnakda gözegçilik etmegi ýaşululara tabşyrdy (Ýewreýler 13:17). Olar özüne ynanylan jogapkärçiligi dogan-uýalaryň üstünden agalyk etmek üçin däl-de, aladasyny etmek üçin ulanmaly. Ýaşulular borçlaryna dogry garaýyşda bolup, ýygnakda pesgöwünlilik bilen gulluk edýärler (1 Petrus 5:2, 3). Mukaddes Kitapda olar hakda şeýle diýilýär: «Mukaddes ruh sizi Hudaýyň ýygnagyny bakmak üçin gözegçi edip belledi. Ol ýygnagy Oglunyň gany bilen satyn aldy» (Resullar 20:28). Şonuň üçin dogan-uýalaryň söýgi we mähir bilen aladasyny etmek örän wajyp.

13 Şeýle ýagdaýy göz öňüne getiriň. Dostuňyz size gymmatly zadyny ynanýar we gorap saklamagy haýyş edýär. Ol munuň üçin gaty köp pul töleýär. Siz dostuňyzyň ynanan zadyny aýawly saklasaňyz gerek! Edil şonuň ýaly, Allatagala hem ýaşululara gymmatly zadyny, ýagny guzujyklarynyň aladasyny etmegi ynandy (Ýahýa 21:16, 17). Ýehowa ýygnakdaky dogan-uýalary şeýle söýýär welin, olar üçin ýeke-täk Ogluny gaýgyrmady. Ol guzujyklary üçin iň gymmatly tölegi töledi, ýagny Isa Mesihiň janyny gurban berdi. Pesgöwünli ýaşulular hem Ýehowanyň her bir guzujygynyň mähir bilen aladasyny edýär.

Ruhy dürdäneler

w06 1/3 sah. 11, abz. 4

Ester kitabyndan peýdaly pikirler

9:10, 15, 16. Çykarylan permanda duşmanlary talamaga rugsat berilse-de, näme üçin ýehudylar beýle etmediler? Şeýdip olar baýamak niýetiniň ýokdugyny we diňe özüni goramak isleýändiklerini görkezdiler.

2—8 OKTÝABR

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | EÝÝUP 1—3

«Ýehowany hemişe söýüň»

w18.02 sah. 6, abz. 16, 17

Nuhuň, Danyýeliň we Eýýubyň imanyndan hem-de Hudaýa gulak asyşyndan görelde alyň

16 Eýýup pygamberiň uçran kynçylyklary. Eýýubyň durmuşyndan köp zatlary öwrenip bileris. Synaglara uçramazdan öň, «ol ähli gündogarlylaryň arasynda iň baýydy» (Eýp. 1:3). Şeýle-de ol örän tanymaldy we hormatlanýan adamdy (Eýp. 29:7—16). Muňa garamazdan, Eýýup kiçigöwünlidi we Hudaýa sygynyp ýaşaýardy. Şonuň üçin Ýehowa oňa «gulum» diýýärdi. Şeýle-de ol hakda: «Akýürekli, dogruçyl, Hudaýdan gorkýan we şerden gaça durýan adamdyr» diýilýär (Eýp. 1:8).

17 Örän gysga wagtyň içinde Eýýup pygamberiň durmuşy düýbünden üýtgeýär. Ol bar emlägini ýitirip, göwnüçökgün ýagdaýa düşýär. Sebäbi Şeýtan ony Hudaýa öz peýdasy üçin gulluk edýär diýip aýyplapdy (Eýýup 1:9, 10-njy aýatlary okaň). Ýehowa Şeýtanyň zalymlyk bilen atan töhmetine göz ýummady, gaýtam, Eýýuba wepalylygyny we özüne ak ýürekden gulluk edýändigini subut etmäge mümkinçilik berdi.

w19.02 sah. 5, abz. 10

Aýypsyzlygyňyzy saklaň

10 Şeýtan Eýýuba töhmet atyşy ýaly, biziň her birimize-de töhmet atýar. Nädip? Aslynda, ol biziň Ýehowa söýgi bilen gulluk etmeýändigimizi we kynçylyga uçrasak, oňa gulluk etmegimizi bes edip, aýypsyzlygymyzy saklamajakdygymyzy aýdýar (Eýp. 2:4, 5; Ylh. 12:10). Şeýtanyň töhmeti size nähili täsir edýär? Özüň barada şeýle zatlary eşitmek, gaty agyr degýär. Ýöne oýlanyp görüň: Ýehowanyň bize bolan ynamy gaty güýçli. Şonuň üçin ol bize wepalylygymyzy subut etmäge mümkinçilik berýär. Ol Şeýtana aýypsyzlygymyzy synamaga ýol berse-de, aýypsyzlygymyzy saklap, Şeýtanyň ýalançydygyny subut etjekdigimize doly ynanýar. Şeýle-de ol bize kömek etjekdigini wada berýär (Ýew. 13:6). Eýsem, älem-jahanyň Eýesiniň bize şeýle ynam bildirmegi uly hormat dälmi näme?! Indi siz aýypsyz galmagyň gaty ähmiýetlidigine göz ýetiren bolsaňyz gerek. Bu bize Şeýtanyň ýalançydygyny subut etmäge, gökdäki Atamyzyň adyny aklamaga we onuň hökümdarlygyny goldaýandygymyzy görkezmäge mümkinçilik berýär. Ýöne biz bu häsiýeti nädip ösdürip bileris?

Ruhy dürdäneler

w21.04 sah. 11, abz. 9

Isa pygamberiň soňky deminde aýdan sözleri

9 Isa näme diýdi? Isa jebir pürsünde «Alla jan, Alla jan, meni näme üçin terk etdiň?» diýýär (Mat. 27:46). Mukaddes Kitapda Isanyň näme üçin şeýle diýendigi düşündirilmeýär. Geliň, Isanyň şu sözleri näme üçin aýdandygy hakda oýlanyp göreliň. Birinjiden, ol Zebur 22:1-däki pygamberligi ýerine ýetirdi. Ikinjiden, onuň sözleri Ýehowanyň Ogluny agyr synagdan, ýagny ejirli ölümden halas etmejekdigini görkezdi (Eýp. 1:10). Isa soňky demine çenli synaljakdygyny we Atasynyň ony duşmanlaryň eline berjekdigini bilýärdi. Hiç bir ynsan Isa ýaly şeýle agyr synagy başdan geçiren däldir. Üçünjiden, Isanyň sözleri ölüme höküm ediler ýaly hiç hili günäsiniň ýokdugyny subut etdi.

WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ

w22.01 sah. 11, 12, abz. 11—14

Isa pygamberiň inisi Ýakubyň göreldesine eýeriň

11 Ýakup imandaşlarynyň ýalňyşyny açyk aýdýardy. Ýakup dogan-uýalaryň ejizliklerini bilýärdi we olara kömek etmek isleýärdi. Meselem, käbir mesihçiler maslahaty kabul etmeýärdi (Ýak. 1:22). Käbirleri bolsa garyplary äsgermän, baýlara hormat goýýardy (Ýak. 2:1—3). Başgalary bolsa dilini saklap bilmeýärdi (Ýak. 3:8—10). Elbetde, mesihçilere şeýle işleri etmek gelişmeýär. Emma Ýakup olara düzelmejek adam hökmünde garamaýar. Ýakup olara mähir bilen, ýöne gönümel maslahat berýär we ýygnak ýaşulularyndan kömek soramaga höweslendirýär (Ýakup 5:13—15-nji aýatlary okaň).

12 Biziň üçin sapak: okuw geçýän adamyň ýalňyşyny açyk aýtmaly, emma oňa düzelmejek adam hökmünde garamaly däl. Okuw geçýänleriň köpüsine Mukaddes Kitabyň kada-kanunlary boýunça ýaşamak kyn bolýar (Ýak. 4:1—4). Olara erbet endiklerini taşlap, ýagşy häsiýetleri ösdürmek üçin wagt gerek. Biz Ýakubyň göreldesine eýerip, okuw geçýän adamyň ýalňyşyny açyk aýtmaly, emma biz oňa düzelmejek adam hökmünde garamaly däl. Şeýle-de Ýehowanyň pesgöwünli adamlar bilen dostlaşýandygyna we olara durmuşyny üýtgetmäge güýç berýändigine ynanmaly (Ýak. 4:10).

13 Ýakup özüne ýokary baha bermeýärdi. Ol: «Men Isa Mesih bilen bir maşgalada önüp-ösdüm ýa-da ýygnakda jogapkärli borçlarym bar» diýip, özüni hondanbärsi alyp barmaýardy. Ol imandaşlaryna «eziz doganlarym» diýip ýüzlenýärdi (Ýak. 1:16, 19; 2:5). Ýakup özüni kämil, hiç haçan ýalňyşmaýan adam ýaly alyp barmaýardy. Ol: «Biziň ählimiz köp ýalňyşýarys» diýdi (Ýakup 3:2-ni okaň).

14 Biziň üçin sapak: ähli adamlaryň bikämildigini unutmaly däl. Biz özümizi okuw geçýän adamdan ýokary hasaplamaly däl we ýalňyşýandygymyzy boýun almaly. Näme üçin? Eger biz özümizi kämil, hiç haçan ýalňyşmaýan adam ýaly alyp barsak, okuw geçýän «Hudaýyň kada-kanunlaryna hiç haçan eýerip bilmerin» diýip ruhdan düşer. Şol sebäpli okuw geçýäne käte bize-de Hudaýyň kada-kanunlaryna eýermegiň kyn düşýändigini we kynçylyklary ýeňmäge Ýehowanyň kömek edýändigini gürrüň bermeli. Şonda ol goýberýän ýalňyşlary sebäpli ruhdan düşmän, Ýehowa ýürekden gulluk eder.

9—15 OKTÝABR

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | EÝÝUP 4, 5

«Ýalan maglumatlardan ägä boluň»

it «Alypaz»

Alypaz

2. Eýýubyň üç dostunyň biri (Eýp 2:11). Ol teýmanly bolup, Ysawyň nowbahar oglunyň neslinden bolan bolmaly. Diýmek, ol Ybraýym pygamberiň neslinden bolup, Eýýubyň garyndaşydy. Alypaz we onuň ildeşleri akyldarlygyna öwünýärdi (Ýer 49:7). Alypaz her gezek Eýýuba birinji bolup jogap berýär we beýleki dostlaryna garanda, köpräk gürleýär. Mundan görnüşi ýaly, Alypaz olardan has abraýly we ýaşy uly bolan bolmaly.

w05 15/9 sah. 26, abz. 2

Nädogry pikirleriň täsirine düşmäň!

Alypaz bir gezek ruh bilen gepleşendigini ýatlap, şeýle diýdi: «Deňimden bir ruh geçdi, endam-janym tikenekledi. Ol birdenkä aýak çekdi, kimdigini saýgaryp bilmedim. Öňümde bir şekil peýda boldy. Dym-dyrslykdy. Birdenkä... ses eşitdim» (Eýýup 4:15, 16). Alypaz bilen nähili ruh gepleşdikä? Ruhuň aýdan tankytlaýjy sözlerinden onuň Hudaýyň wepaly perişdesi däldigini bilse bolýar (Eýýup 4:17, 18). Ol zalym perişdedi. Ýogsam, Ýehowa Alypaz bilen iki dostuny Özi barada ýalan zatlary aýdandygy üçin ýazgarmazdy (Eýýup 42:7). Dogrudanam, Alypazyň pikirine erbet perişde täsir edipdi, sebäbi onuň aýdan zatlary Hudaýyň häsiýetine garşy gelýärdi.

w10 15/2 sah. 19, abz. 5, 6

Şeýtanyň ýaýradýan ýalan pikirlerini ret ediň

Şeýtan Eýýubyň üç ýalan dostunyň biri Elifaz arkaly adamyň Hudaýa wepaly galyp bilmeýändigini aýtdy. Ol ynsany «toprakdan öýi bolanlara» meňzedip, Eýýuba şeýle diýdi: «Olar toprakdandyr. Olary güýeden çalt ýok edýärler. Olar ertir bilen agşamyň arasynda heläk bolýar, ebedi ýok bolýar we muny hiç kim bilmeýär» (Eýýup 4:19, 20).

Mukaddes Ýazgylarda biz «genji toprak gaplara» meňzedilýäris (2 Kor. 4:7). Biz günäni we bikämilligi miras alanymyz üçin ejiz (Rim. 5:12). Şol sebäpli özümiz Şeýtanyň hüjümine garşy durup bilmeýäris. Emma bize Ýehowa kömek edýär. Ejizligimize garamazdan, Hudaý bizi gymmat saýýar (Iş. 43:4). Galyberse-de, Ýehowa mukaddes ruhuny dileýän adamlara berýär (Luka 11:13). Onuň mukaddes ruhy «iň üstün gudraty» berip, Şeýtanyň ähli synaglaryna garşy durmaga kömek edýär (2 Kor. 4:7; Flp. 4:13). Iblise garşy «imanda berk dursak», Hudaý bizi berkidip, güýçlendirer (1 Pet. 5:8—10). Şonuň üçin biz Şeýtan Iblisden gorkmaly däl.

mrt mak. 32, abz. 13—17

Ýalan maglumatlardan seresap boluň

● Maglumata we nireden gelendigine üns beriň

Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Her bir zadyň dogry ýa nädogrudygyny barlaň» (1 Selanikliler 5:21).

Käbir wakalar täzeliklerde gaýta-gaýta aýdylyp, giňden ýaýran bolsa-da, olara derrew ynanmaň we başgalara ibermäň. Ilki bilen, onuň dogrudygyna göz ýetiriň. Muny nädip edip bilersiňiz?

Wakanyň haýsy çeşmeden gelendigini anyklaň. Täzelikleri köpçülige ýetirýän guramalar köpräk pul gazanmak ýa-da syýasy bähbitleri üçin habarlary ýoýup bilýärler. Şol bir habary başga çeşmelerden hem barlap görüň. Käwagt dostlarymyz bilmän Internet arkaly ýalan maglumatlary ýaýratmagy mümkin. Şonuň üçin täzeligiň nireden gelip çykandygyny barlap bilmesiňiz, oňa ynanmaň.

Maglumatyň takykdygyna we könelmändigine göz ýetiriň. Senelere üns beriň we maglumaty tassyklaýan subutnamalary barlaň. Eger çylşyrymly maglumatlar gaty sada düşündirilen bolsa seresap boluň. Käbir täzelikleriň adamyň duýgusyna täsir etmek üçin çykarylýandygyny unutmaň.

Ruhy dürdäneler

w03 15/5 sah. 22, abz. 5, 6

Ýaşaýyş ýolunda berk duruň

Biz biri-birini söýýän bütindünýä doganlygymyzyň bardygyna örän begenýäris! (1 Petrus 2:17). Dogan-uýalar biziň üçin uly bereket. Olar güýjümize güýç goşýar, ýaşaýyş ýolunda berk durmaga kömek edýär. Şonuň ýaly, bizem başgalary berkidip bilýäris.

Geliň, Hudaýyň wepaly gullukçysy Eýýup hakda oýlanalyň. Hatda ýalan dosty Alypaz hem Eýýuba şeýle diýdi: «Ruhdan düşeni ruhlandyrdyň, epilen dyzlara güýç-kuwwat berdiň» (Eýýup 4:4). Siz hem Eýýubyň göreldesine eýerýärsiňizmi? Biziň her birimiz dogan-uýalara imanyny berkitmäge kömek etmeli. Munuň üçin şu sözlere eýermeli: «Ysgyndan gaçan gollara, sandyraýan dyzlara güýç-kuwwat beriň» (Işaýa 35:3). Her ýygnak duşuşygynda imandaşlaryňyzy ruhlandyrmagy maksat goýuň (Ýewreýler 10:24, 25). Olary Ýehowa wepaly gulluk edýändikleri üçin ýürekden öwüň. Şeýdip, siz olara ýaşaýyş ýolundan sowulman, pellehana ýetmäge kömek edersiňiz.

16—22 OKTÝABR

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | EÝÝUP 6, 7

«Durmuşdan doýan bolsaňyz»

w06 15/3 sah. 14, abz. 10

Eýýup kitabyndan peýdaly pikirler

7:1; 14:14. «Agyr zähmet» we «gulçulyk» diýen sözler näme aňladýar? Eýýubyň kynçylyklary şeýle bir agyrdy welin, ol «derdime dert goşulýar» diýdi (Eýýup 10:17). Eýýup üçin ýaşaýyş edil agyr zähmet ýalydy. Şeýle-de ol adamyň ölüp, mazarda ýatyşyny gulçulyk bilen deňeşdirdi. Ynsan gul deý direljek wagtyna çenli garaşmaly bolýar.

w20.12 sah. 16, abz. 1

Ýehowa göwnüçökgünlere göwünlik berýär

ADAMYŇ ömri gysga we «jebir-jepadan doludyr» (Eýp. 14:1). Şol sebäpli käte ruhdan düşenimizde geň galmaýarys. Gadymy döwürde ýaşan hudaýhon adamlar hem göwnüçökgünlige düşüpdirler. Hatda olar durmuşdan doýup, käbiriniň ölesi gelipdir (1 Pat. 19:2—4; Eýp. 3:1—3, 11; 7:15, 16). Emma olar Ýehowa bil bagladylar. Ýehowa hem olara hemişe göwünlik berdi we goldady. Olaryň galdyran göreldesi Mukaddes Kitaba ýazylan. Sebäbi Ýehowa bize-de göwünlik we öwüt-nesihat bermek isleýär (Rim. 15:4).

g 1/12 sah. 16, 17

Durmuşdan doýan bolsaň näme etmeli?

Eger ýagdaýyňyz çykalgasyz ýaly görünýän bolsa, onda siz ýeke däl. Aslynda, ähli adamlar kynçylyk çekýär. Mukaddes Kitapda: «Ýaradylan zatlar şu wagta çenli ahy-nala çekip, görgi görýär» diýilýär (Rimliler 8:22). Mümkin, siz: «Meniň kynçylygym hiç wagt çözülmez» diýýänsiňiz. Emma wagtyň geçmegi bilen ýagdaý üýtgäp bilýär. Käbir maslahatlar size häzirden kömek edip biler.

Duýgularyňyzy ruhy taýdan ösen dostuňyz bilen paýlaşyň. Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Hak dost elmydama söýýär, ol aladaly günüňde dadyňa ýetişýän dogandyr» (Nakyllar 17:17). Gadymy döwürde ýaşan Eýýup pygamber kynçylyga düşende, derdini paýlaşdy. Ol: «Men janymdan doýdum» diýse-de, derdini içine salyp ýörmedi, gaýtam «arz-şikaýatymy aýdaýyn, ýüregimi dökeýin» diýdi (Eýýup 10:1). Siz hem dostuňyza ýüregiňizi dökseňiz derdiňiz ýeňlär, kynçylyklaryňyza dogry garaýyşda bolarsyňyz.

Hudaýa doga-dileg edip, ýüregiňizi döküň. Käbirleri doga-dileg etmek ýöne bir öz-özüňi köşeşdirmäge kömek edýär diýýärler. Emma Zebur 65:2-de Ýehowanyň «dogalary eşidýän Hudaýdygy» aýdylýar. 1 Petrus 5:7-de bolsa: «Ol siziň aladaňyzy edýär» diýilýär. Mukaddes Kitapda Hudaýa bil baglamagyň wajypdygy gaýta-gaýta aýdylýar. Meselem:

«Ýehowa bütin ýüregiň bilen bil bagla, düşünjäňe daýanma. Her ädimiňde Hudaýdan maslahat sora, şonda ähli işleriňde üstünlik gazanarsyň» (NAKYLLAR 3:5, 6).

«(Ýehowa özünden) gorkýanlaryň arzuwyny hasyl edýändir, olaryň dady-perýadyny eşidip, halas edýändir» (ZEBUR 145:19).

«Biz Hudaýa arkaýyn ýüzlenip bilýäris, sebäbi islegine görä näme dilesek, ol hökman eşider» (1 ÝAHÝA 5:14).

«Ýehowa erbetlerden uzakdadyr, dogruçyllaryň dilegini eşidýär» (NAKYLLAR 15:29).

Eger siz Hudaýa kynçylyklaryňyz barada gürrüň berseňiz, ol hökman kömek eder. Mukaddes Kitapda: «Hemişe Hudaýa bil baglaň! Oňa ýüregiňizi döküň» diýilýär (Zebur 62:8).

Ruhy dürdäneler

w20.04 sah. 16, abz. 10

Biri-biriňiziň aladaňyzy edip, rehimdar boluň!

10 Biz hem dogan-uýalaryň ýagdaýyna düşünip, birek-birege kömek etsek, Ýehowanyň göreldesine eýereris. Dogan-uýalary ýakyndan tanaň. Olar bilen ýygnakdan öň ýa-da soň gürrüňdeş boluň, bile wagyz ediň, ýagdaýyňyz bolsa myhmançylyga çagyryň. Şonda siz ýüzi agyr uýanyň utanjaňdygyny, baýdyr öýdýän doganyňyzyň, baý däl-de, jomartdygyny, ýygnaga gijä galyp gelýän uýanyň äriniň garşy çykýandygyny bilersiňiz (Eýp. 6:29). Elbetde, biz «başgalaryň işine goşulmaly» däl (1 Tim. 5:13). Ýöne dogan-uýalary ýakyndan tanasak we kyn günleri başdan geçirendigini bilsek gowy bolar.

WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ

w22.01 sah. 12, 13, abz. 15—18

Isa pygamberiň inisi Ýakubyň göreldesine eýeriň

15 Ýakup täsirli mysallary ulanýardy. Ýakup hatyny Hudaýyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen ýazdy. Şeýle-de ol agasy Isanyň mysallary ussatlyk bilen ulanyşyny görüp, ondan köp zatlary öwrenendir. Ýakubyň mysallary ýönekeý, düşnükli we durmuşda ulanmak aňsat (Ýakup 3:2—6, 10—12-nji aýatlary okaň).

16 Biziň üçin sapak: ýerlikli mysallary ulanmaly. Eger biz mysallary ökdelik bilen ulansak, adamlara gürrüň berýän wakamyzy aňynda janlandyrmak we göz öňüne getirmek aňsat bolar. Mysallar Mukaddes Kitabyň hakykatlaryny aňsatlyk bilen düşündirmäge kömek edýär. Isa mysallary ökdelik bilen ulanýardy. Ýakup hem agasy Isanyň göreldesine eýerýärdi. Geliň, Ýakubyň ulanan täsirli mysaly hakda gürrüň edeliň.

17 Ýakup 1:22—25-nji aýatlary okaň. Ýakubyň aýna hakda ulanan mysaly örän täsirli we düşnükli. Ýakup şu mysal arkaly wajyp hakykaty düşündirjek bolýar. Adam erbet endiklerini taşlamak üçin, Hudaýyň Sözüni diňe bir okamak bilen çäklenmän, öwrenen zatlaryny durmuşynda ulanmaly. Ýakubyň ulanan mysaly hemmelere tanyş, sebäbi aýna seretmeýän adam ýok bolsa gerek. Aýdaly, biz bir ýere gitjek bolýarys we aýna seredenimizde saçymyzyň hüžžerip durandygyny görýäris. Biz saçymyzy daraman, özümize timar bermän çykyp giderismi? Elbetde, ýok! Edil şonuň ýaly Mukaddes Kitaby okanymyzda erbet endiklerimizi we häsiýetlerimizi görmegimiz mümkin. Eger biz Mukaddes Kitaby okap, öwrenen zatlarymyzy durmuşymyzda ulanmasak we öz üstümizde işlemesek, aýna seredip özüne timar bermeýän akmak adama meňzäris.

18 Biz Ýakubyň göreldesine eýerip, mysallary ökdelik bilen ulanmak üçin şu üç zady göz öňünde tutmaly: 1) ulanjak mysallarymyz tema gabat gelmeli, 2) diňleýjilere tanyş we düşnükli mysallary ulanmaly, 3) mysaldan adamlaryň näme sapak edinip biljekdigini düşündirmeli. Eger size ýerlikli mysallar tapmak kyn bolsa, «Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlarynyň indeksinden» gözleg geçiriň. Siz «Mysallar» diýen bölümden ençeme mysallary tapyp bilersiňiz. Mikrofonyň adamyň sesini güýçlendirişi ýaly, mysallar hem aýtjak pikirlerimizi güýçlendirýär. Eger biz mysallary çendenaşa köp ulansak, diňleýjileriň başy çaşar. Şol sebäpli mysallary diňe esasy pikirleri düşündirmek üçin ulanmaly. Biziň her birimiz mysallary ökdelik bilen ulanmak isleýäris. Emma biz adamlary haýran galdyrjak bolmaly däl-de, olara Ýehowanyň agzybir halkyna goşulmaga kömek etmeli.

23—29 OKTÝABR

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | EÝÝUP 8—10

«Hudaýyň söýgüsi Şeýtanyň ýalanlaryndan goraýar»

w15 1/7 sah. 12, abz. 3

Biz Hudaýy razy edip bilerismi?

Eýýup pygamberiň başyna birtopar kynçylyk inýär. Ol muny adalatsyzlyk hasaplaýar. Eýýup Hudaý üçin wepaly bolanyň peýdasy ýok diýip pikir edýär (Eýýup 9:20—22). Ol özüni şeýle dogruçyl hasaplaýar welin, hamala Hudaýdan hem dogruçyl ýalydy (Eýýup 32:1, 2; 35:1, 2).

w21.11 sah. 6, abz. 14

Ýehowanyň wepaly söýgüsi sowamaýar

14 Wepaly söýgä baý Hudaý Ýehowa bizi goraýar. Dawut Ýehowa dileg edip şeýle diýdi: «Sen meniň penam, ajy hasratdan goraýan galam. Meni halas edeňde, aýdym sesi ýaňlanar... Ýehowa bil baglaýanlar wepaly söýgüsinden ganar» (Zeb. 32:7, 10, çykgyt). Berk diwarly gala adamlary duşmandan goraýar. Ýehowa hem wepaly söýgüsi arkaly halkyny gorap, islendik synaga garşy durmaga kömek edýär. Şeýle-de Ýehowa wepaly söýgüsi bilen çoýup, biziň bilen dostlaşmak isleýär (Ýer. 31:3).

Ruhy dürdäneler

w10 15/10 sah. 7, abz. 19, 20

Ýehowa «öwüt berer ýaly, onuň pikirini kim bildi?»

19 Biz Ýehowanyň pikiri barada näme bildik? Ýehowanyň pikirine düşüner ýaly, biz Hudaýyň Sözüni okamaly. Ýehowany biz ýaly çäklidir öýdüp, garaýşymyza we pikirimize görä ony ýazgarmaly däl. Eýýup şeýle diýdi: «Oňa jogap berip, onuň bilen sudlaşar ýaly, Hudaý men ýaly ynsan däl ahyryn» (Eýýup 9:32). Eýýup ýaly biz Ýehowanyň pikirine düşünip başlanda, şeýle diýeris: «Ine, bularyň bary onuň ýollarynyň bir gyrajygy we ol hakynda diňe pyşyrdy eşidilýär! Emma ol gürlände, kim akyl ýetirip biler?» (Eýýup 26:14).

20 Biz Mukaddes Ýazgylary okanda, aýratynam, Ýehowanyň pikiri hakynda düşünmek kyn bolýan parçalara duşsak, näme etmeli? Eger şeýle soraga çuňňur seredip, aýdyň jogap tapmasak, biz Ýehowa bil baglap bileris. Käwagt käbir pikirleriň bize Ýehowanyň häsiýetlerine ynanmaga kömek edýändigini unutma. Geliň, onuň ähli edýän zatlaryna düşünmeýändigimizi pes göwünli boýun alalyň (Wag. 11:5). Bu bize Pawlus resulyň aýdan sözleri bilen ylalaşmaga ýardam eder. Ol şeýle diýdi: «Hudaýyň baýlygy, akyldarlygy, bilimi çuňdur! Onuň hökümleri akyla sygmaz, ýollary bilinmezdir! Çünki Rebbiň pikirini kim bildi? Kim oňa geňeşdar boldy? Ol bergili bolar ýaly, kim oňa öňinçä bir zat berdi? Sebäbi ähli zatlar Ondan, Ol arkaly we Onuň üçindir. Oňa baky şöhrat bolsun! Omyn» (Rim. 11:33—36).

30 OKTÝABR—5 NOÝABR

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | EÝÝUP 11, 12

«Akyldar bolmagyň üç usuly»

w09 15/4 sah. 6, abz. 17

Eýýup Ýehowanyň adyny şöhratlandyrdy

17 Eýýuba aýypsyz galmaga näme kömek etdi? Ol betbagtçylyga uçramazyndan öň, Ýehowa bilen ýakyn gatnaşykdady. Eýýup Şeýtanyň Ýehowa töhmet atanyny anyk bilmese-de, wepaly galmagy ýüregine düwdi. Ol: «Tä ölýänçäm, aýypsyz galaryn!» diýdi (Eýýup 27:5). Eýýup Ýehowa bilen ýakyn gatnaşygyny nädip berkitdi? Ol daşgyn kowum-garyndaşy Ybraýyma, Yshaga, Ýakuba Hudaýyň eden işleri barada bilýän zatlaryny gymmat saýýardy. Şeýle-de ol Ýehowanyň ýaradan zatlaryna syn edip, Hudaýyň birnäçe häsiýetlerini görýärdi (Eýýup 12:7—9, 13, 16-njy aýatlary okaň).

w21.06 sah. 10, abz. 10—12

Ýehowa sizi ýeke goýmaz

10 Dogan-uýalar bilen dostlaşyň. Dogan-uýalaryň ýaşy, alan terbiýesi we medeniýeti dürli-dürli bolsa-da, olardan köp zatlary öwrenip bilersiňiz. Mukaddes Kitapda «akyldarlyk garrylarda» diýilýär (Eýp. 12:12). Garrylar hem Hudaýa wepaly ýaşlardan köp zatlary öwrenip biler. Dawut bilen Ýonatan ataly-ogul ýalydy, emma olar jana-jan dost boldular (1 Şam. 18:1). Olar köp kynçylyklary başdan geçirdiler we biri-birine Ýehowa wepaly bolmaga kömek etdiler (1 Şam. 23:16—18). Geliň, Irina uýa hakda gürrüň edeliň. Onuň maşgalasynda hiç kim Ýehowa iman etmeýär. Ol şeýle diýýär: «Ýygnakdaky dogan-uýalar meniň kakam, ejem, agam, uýam boldy. Ýehowa olar arkaly meni hemişe goldaýar».

11 Çekinjeň adama dostlaşmak aňsat bolmaýar. Ratna uýa Ýehowa gulluk edýändigi üçin köp garşylyklara duş gelýär. Ol şeýle diýýär: «„Ýekäniň çaňy çykmaz“ diýlişi ýaly, bir özüme göreşmek kyn boldy. Men dogan-uýalaryň goldawyna mätäçdigime düşündim». Elbetde, birine ýüregiňi dökmek aňsat däl, ýöne gaýgy-aladaňyzy gürrüň berseňiz, onuň bilen dost bolarsyňyz. Dostlaryňyz size kömek etmek isleýär. Emma siz nähili kömegiň gerekdigini aýtmasaňyz, olar nädip goldasyn?!

12 Dogan-uýalar bilen dostlaşmagyň iň gowy usuly — olar bilen wagyz etmek. Ýokarda agzalan Karel uýa şeýle diýýär: «Meniň köp joralarym bar. Biz bile wagyz edýäris, guramanyň beýleki işlerine-de gatnaşýarys. Ýehowa meni joralarym arkaly hemişe goldaýar». Dogan-uýalar bilen dostlaşsaňyz, siz hiç haçan ýeke bolmarsyňyz. Ýehowa dogan-uýalar arkaly size ýekelik duýgusyny ýeňmäge kömek eder (Nak. 17:17).

it «Akyldarlyk»

Akyldarlyk

Hudaýyň akyldarlygy. Ýehowa «deňi-taýy bolmadyk akyldar Hudaý» (Rim 16:27; Ylh 7:12). Akyldar bolmak üçin bilim gerek. Ýehowa ähli zady ýaradan we «ebedilik bar» Hudaý (Zb 90:1, 2). Şonuň üçin ol älem-jahan we ondaky her bir zat hakda ähli jikme-jiklikleri bilýär. Adamlar tebigatyň kanunlaryna, tebigy hadysalara esaslanyp barlag geçirýärler we täze zatlary oýlap tapýarlar. Şol kanunlary Ýehowa döretdi we olar bolmadyk bolsa, adamlar hiç zat edip bilmezdi (Eýp 38:34—38; Zb 104:24; Nak 3:19; Ýer 10:12, 13). Ýöne Hudaýyň ahlak kadalary has wajyp. Olar adamlara bagtly bolmaga we manyly ýaşamaga kömek edýär (5Ms 32:4—6; serediň: ÝEHOWA [Hudaýyň ahlak kadalary]). Hudaýyň akyl ýetirip bilmejek zady ýok (Işa 40:13, 14). Käwagt Ýehowa kada-kanunlaryna garşy gelýän zatlaryň bolmagyna ýol berýär, emma adamlaryň gelejegi diňe Oňa bagly. Ýehowa niýetini we beren wadalaryny doly ýerine ýetirer (Işa 46:9—11; 55:8—11).

Ruhy dürdäneler

w08 1/8 sah. 11, abz. 5

Ýetginjekler bilen nädip gürrüňdeş bolmaly?

▪ «Çagamyň aýdýan zatlaryndan näme diýjek bolýandygyna düşünýärinmi?» Eýýup 12:11-de şeýle diýilýär: «Diliň tagamy bilşi ýaly, gulak hem sözleri seljerýär». Ýetginjeklik döwri ogul-gyzyňyzyň näme diýjek bolýandygyny «seljermek» has-da wajyp. Ýetginjekler köplenç çişirip gürleýärler. Meselem, olar: «Siz hemişe meni çaga ýaly görýäňiz!» ýa-da «Siz hiç haçan meni diňlemeýäňiz!» diýýärler. Çagaňyzyň «hemişe» we «hiç haçan» diýen sözlerini düzetmegiň deregine, olaryň näme diýjek bolýandygyna düşünjek boluň. Mysal üçin, «Siz hemişe meni çaga ýaly görýäňiz!» diýmegi «Siz maňa ynanmaýaňyz öýdýän», «Siz hiç haçan meni diňlemeýäňiz!» diýmegi bolsa «Men ýagdaýymy düşündirjek bolýan» diýmegi aňladyp biler.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş