15—21 ÝANWAR
EÝÝUP 36, 37
147-nji aýdym we doga | Giriş sözler (1 min.)
1. Hudaýyň ebedi ýaşaýyş hakdaky wadasyna näme üçin ynansa bolýar?
(10 min.)
Ýehowa Hudaý ebedi ýaşaýar (Eýp 36:26; w15 1/10 sah. 13, abz. 1, 2)
Akyldarlygyň we çäksiz güýjüň gözbaşy bolan Ýehowa ýaşaýyş üçin ähli gerekli zatlary berýär (Eýp 36:27, 28; w20.05 sah. 22, abz. 6)
Ýehowa bize ebedi ýaşamak üçin näme etmelidigimizi öwredýär (Eýp 36:4, 22; Ýah 17:3)
Ýehowanyň ebedi ýaşaýyş hakdaky wadasyna imanymyz berk bolsa, kynçylyklara mertlik bilen döz geleris (Ýew 6:19; w22.10 sah. 28, abz. 16).
2. Dürdäne pikirler
(10 min.)
Eýp 37:20. Gadymy döwürde adamlar biri-biri bilen nädip habarlaşýardylar? (it «Habarlaşmak»)
Şu hepde okalýan aýatlardan nähili dürdäne pikirleri tapdyňyz?
3. Mukaddes Kitaby okamak
(4 min.) Eýp 36:1—21 (th sapak 2)
4. Gürrüňdeşlige başlaň
(3 min.) KÖPÇÜLIK ÝERLERINDE WAGYZ ETMEK (lmd sapak 3, abz. 3).
5. Gaýtadan ideg ediň
(4 min.) ÖÝDEN-ÖÝE WAGYZ ETMEK (lmd sapak 2, abz. 5).
6. Imanyňyz hakda gürrüň beriň
(5 min.) Nutuk (ijwfq 57 abz. 5—15). Tema: Ýehowanyň Şaýatlary holokost döwri näme üçin yzarlandylar? (th sapak 18)
49-njy aýdym
7. Siz saglyk bilen bagly gaýragoýulmasyz ýagdaýlara taýýarmy?
(15 min.) Söhbetdeşlik. Ýygnak ýaşulusy çykyş etmeli.
Hudaýyň gan babatdaky tabşyrygyna eýermek üçin Ýehowa guramasy arkaly gerekli görkezmeleri berýär (Res 15:28, 29). Siz şol görkezmelere eýerýärsiňizmi?
«Gansyz bejergi almak üçin ynanç haty» (DPA) we «Şahsy güwänama» (ic). Şu resminamalarda adamyň gan bilen bagly bejergä bolan garaýşy düşündirilýär. Suwa çümdürilen wagyzçy özüne «Gansyz bejergi almak üçin ynanç hatyny», kämillik ýaşyna ýetmedik çagasy üçin bolsa, «Şahsy güwänamany» edebiýatlara jogapkär dogandan alyp biler.
«Göwreli eneler üçin maglumat» (S-401) we «Operasiýa bolmaly ýa-da himiýaterapiýa almaly näsaglar üçin maglumat» (S-407). Şu resminamalar bize saglyk we gan bilen bagly ýagdaýlara öňünden taýýarlanmaga kömek edýär. Eger siz göwreli bolsaňyz, operasiýa girmeli bolsaňyz ýa-da rak keseline garşy bejergi almaly bolsaňyz, ýaşulularyňyzdan şol resminamalary sorap bilersiňiz.
Keselhanalar bilen işleşýän komitet (KIK). Keselhanalar bilen işleşýän komitetde gulluk edýän ýaşulular lukmanlar we wagyzçylar bilen gansyz bejergi babatda gürleşmeli bolýarlar. Şol sebäpli olara ýörite tälim berilýär. Olar size gansyz bejergi berler ýaly lukmanyňyz bilen gürleşip bilýärler. Olar hepdäniň 7 güni hem 24 sagat elýeterli bolýarlar. Eger siz hassahana girmeli, operasiýa bolmaly ýa-da rak ýaly kesele garşy bejergi almaly bolsaňyz, gan bilen bagly mesele ýüze çykmasa-da, haýal etmän KIK-däki doganlar bilen habarlaşyň. Şu maslahata göwreli eneler hem eýerip biler. Siz KIK bilen habarlaşmaly bolsaňyz, ýygnak ýaşulularyňyzdan kömek sorap bilersiňiz.
«Keselhanalar bilen işleşýän komitet nädip aladamyzy edýär?» atly wideony görkez. Soňra şu soraglary ber:
KIK saglyk ýagdaýymyz bilen bagly kynçylyklarda ýa-da operasiýa edilmeli bolsa nädip kömek edýär?
8. Mukaddes Kitaby öwreneliň
(30 min.) bt bap 4, abz. 9—12 we sah. 34, çarçuwa