Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwb24 Iýul sah. 10—16
  • 5—11 awgust

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • 5—11 awgust
  • Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2024
Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2024
mwb24 Iýul sah. 10—16

5—11 AWGUST

ZEBUR 70—72

59-njy aýdym we doga | Giriş sözler (1 min)

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR

1. «Geljekki nesle» Hudaýyň güýji hakda gürrüň beriň

(10 min)

Ýehowa Dawudy ýaş wagty ençeme gezek gorady (Zb 71:5; w99 1/9 sah. 18, abz. 17)

Ýehowa Dawudyň garrylyk çagynda-da aladasyny etdi (Zb 71:9; g04 8/10 sah. 23, abz. 3)

Dawut Ýehowanyň eden ýagşylyklary hakda nesillerine gürrüň berdi (Zb 71:17, 18; w14 15/1 sah. 23, abz. 4, 5)

Bir maşgala geçen hepdedäki «Maşgala okuwy üçin maslahatlar» diýen çarçuwadaky maslahata eýerýär. Olar garryja är-aýaly maşgala okuwyna çagyryp, gürrüň beren zatlaryny hezil edip diňleýärler we suratlaryny görýärler.

ÖZÜŇIZE ŞEÝLE SORAG BERIŇ: «Maşgala okuwynda Ýehowa ençeme ýyl bäri gulluk edýän dogan-uýalaryň haýsysy bilen gürrüňdeş bolup bilerin?»

2. Dürdäne pikirler

(10 min)

  • Zb 72:8. Ýehowanyň 1 Musa 15:18-de Ybraýyma beren wadasy Süleýmanyň höküm süren döwri nädip ýerine ýetdi? (it «Ýewfrat»)

  • Şu hepde okalýan aýatlardan nähili dürdäne pikirleri tapdyňyz?

3. Mukaddes Kitaby okamak

(4 min) Zb 71:1—24 (th sapak 5)

WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ

4. Gürrüňdeşlige başlaň

(3 min) ÖÝDEN-ÖÝE WAGYZ ETMEK. Öý eýesi gaharlanyp dawalaşyp başlasa, gürrüňdeşligi sypaýçylyk bilen tamamla (lmd sapak 4, abz. 5).

5. Gaýtadan ideg ediň

(4 min) MÜMKINÇILIKDEN PEÝDALANYP WAGYZ ETMEK. Öň wagyz eden garyndaşyň bilen gürrüňdeş bol. Ol okuw geçmäge ýaýdanýandygyny aýdýar (lmd sapak 8, abz. 4).

6. Imanyňyz hakda gürrüň beriň

(5 min) Nutuk (ijwfq 49). Tema: Ýehowanyň Şaýatlary näme üçin käbir garaýyşlaryny özgertdiler? (th sapak 17)

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

76-njy aýdym

7. Maşgala okuwy üçin maslahatlar

(15 min) Söhbetdeşlik.

Ýaňky maşgala dik durup ýygnagyň aýdymlaryny aýdýar.
Olar JW teleýaýlymyny görýärler.
Maşgala okuwynda eneli-gyz bolup biläýjek ýagdaýy sahnalaşdyrýar.

Maşgala okuwyny geçirmek örän wajyp, ol çagalary «Ýehowanyň terbiýesi we öwüt-ündewi» bilen ulaltmaga kömek edýär (Efs 6:4). Elbetde, çagalara Hudaý barada bilim bermek aňsat däl, ýöne Mukaddes Kitapdaky wakalary gyzykly edip öwretseňiz, olaryň höwesi artar (Ýah 6:27; 1Pe 2:2). Maşgala okuwy peýdaly we gyzykly geçer ýaly, «Maşgala okuwy üçin maslahatlar» diýen çarçuwa seret we aşakdaky soraglary ber.

  • Aşakdaky maslahatlaryň haýsysyna eýeresiňiz gelýär?

  • Maşgala okuwy gyzykly geçer ýaly ýene näme edip bilersiňiz?

MAŞGALA OKUWY ÜÇIN MASLAHATLAR

MUKADDES KITAP:

  • Her hepde ýygnakda okalýan aýatlaryň ses ýazgysyny diňläň ýa-da gezekli-gezegine okaň. Belki-de, heriňiz Mukaddes Kitabyň bir gahrymanynyň sözlerini okap bilersiňiz.

  • Her hepde okalýan aýatlara degişli soraglary taýýarlaň. Her kim bir soragy saýlap, şol boýunça gözleg geçirsin. Soňra bilen zatlaryny maşgala okuwynda gürrüň bersin.

  • Bir soragy ýa-da bolup biläýjek ýagdaýy saýlaň, soňra «Mukaddes Kitapdan maslahatlar» diýen kitapdan şoňa degişli prinsipleri gözläň.

  • Mukaddes Kitapdan bir wakany sahnalaşdyryň.

  • Her maşgala okuwynda bir kagyza birnäçe aýat ýazyň. Aýatlary «Adamlary söýüň, şägirt taýýarlaň» broşýuranyň Goşmaça maglumat A-dan alyp bilersiňiz. Soňra şol aýatlary ýat tutuň. Aram-aram öňki hepdelerde ýazan aýatlaryňyzy hem gözden geçiriň.

  • «Ebedi ýaşaň!» kitapdan bir abzasy öwreniň.

  • Maşgala agzalaryňyzyň birine internet makalalaryň birini okap, öwrenen zadyny gürrüň bermegi tabşyryň. Ol makalalary jw.org saýtynyň «TAGLYMATLAR» bölümindäki «Aýatlaryň düşündirilişi» ýa-da «Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby» diýen ýerden tapyp biler. 

ÝYGNAK:

  • Ýygnagyň bir bölümine taýýarlanyň.

  • Jogaplaryňyzy taýýarlaň we wagt tutup aýdyp görüň.

  • Ýygnakda aýdylýan aýdymlary aýdyň.

  • Ýygnakdan öň ýa-da soň dogan-uýalaryň birini nädip ruhlandyryp biljekdigiňiz hakda gürrüň ediň.

  • Maşgala agzalaryňyzyň birine ýygnakda ýumuş berlen bolsa, ilki maşgala okuwynda çykyş edip görsün.

WAGYZ:

  • Öýden-öýe wagyz etmek üçin teklip taýýarlaň.

  • Gaýtadan idegde aýtjak sözleriňizi taýýarlaň.

  • Mümkinçilikden peýdalanyp ýumşaklyk bilen gürrüňe başlap bolýandygyny sahnalaşdyryň.

  • Ýatlama agşamy döwri, zähmet rugsady günleri ýa-da mekdepden dynç alyşa çykanyňyzda Ýehowa köpräk gulluk etmek üçin nähili maksatlary goýup biljekdigiňiz hakda gürrüňdeş boluň.

MAŞGALANYŇ ZERURLYGY:

  • Çagalaryňyz mekdepde bitaraplygy saklamaly bolanda, deň-duşlary üstünden gülende, duşuşmak ýa-da baýramçylyklar bilen bagly ýagdaý ýüze çykanda näme edip biljekdiklerini sahnalaşdyryň.

  • Çagaňyz sorag berse, derrew jogap bermäň. Goý, onuň özi gözleg geçirsin we özüni ene-atanyň ýerine goýup, şeýle ýagdaýda näme edip bolýandygyny düşündirsin.

GOŞMAÇA MASLAHATLAR:

  • JW teleýaýlymyny® görüň we gürrüňdeş boluň.

  • JW.ORG saýtyndan bir makalany okap ýa-da wideony görüp pikir alşyň.

  • JW.ORG saýtynyň «TAGLYMATLAR» bölümindäki «Ýetginjekler we ýaşlar» ýa-da «Çagalar» diýen bölümlerdäki makalalar esasynda gürrüňdeş boluň.

  • Welaýat we etrap kongresinde eden bellikleriňiziň esasynda pikir alşyň.

  • Ýaradylan zatlaryň birini synlaň we şol hakda gözleg geçiriň. Soňra ondan Ýehowa barada näme öwrenip bolýandygyny gürrüň beriň.

  • Käte maşgala okuwyna bir dogany ýa uýany çagyryp, durmuşy we Hudaýa edýän gullugy hakda soraň.

  • Hudaýa köpräk gulluk etmek üçin birnäçe maksatlary goýuň, olara nädip ýetip biljekdigiňiz hakda gürrüň ediň.

  • Maşgala bolup Mukaddes Kitapda agzalýan bir zadyň şekilini ýasaň ýa-da bir ýeriniň kartasyny çyzyň.

«Maşgala okuwyny gyzykly geçiriň» diýen wideony görkez. Soňra şu soragy ber:

  • Maşgalabaşy çagasy bolmasa-da, maşgala okuwyny nädip gyzykly geçirip biler?

8. Mukaddes Kitaby öwreneliň

(30 min) bt bap 13, abz. 17—24

Jemleýji sözler (3 min) | 123-nji aýdym we doga

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş