«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar
© 2024 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
6—12 ÝANWAR
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR ZEBUR 127—134
Ene atalar, ogul-gyzyňyzyň aladasyny ediň
Ýehowanyň perzendi boluň!
9 Hudaýyň niýetine görä, adamlar çaga dünýä inderip köpelmelidi we perzentlerine Ýehowany söýüp, sežde etmegi öwretmelidi. Ene-atalar, siz çaga terbiýelemegi uly hormat hasaplaýarsyňyzmy? Ýehowa perişdeleri güýç-kuwwatly edip ýaratsa-da, olar nesil öndürip bilmeýärler. Ýehowa şeýle hormaty ynsanlara ynandy. Şonuň üçin çaga terbiýesine sowuk-sala garaman, mukaddes borç hasaplaň. Çagalaryňyzy «Ýehowanyň terbiýesi we öwüt-ündewi bilen ulaldyň» (Efes. 6:4; 5 Mus. 6:5—7; Zeb. 127:3). Ýehowanyň guramasy ene-atalara kömek etmek üçin, Mukaddes Kitaba esaslanan edebiýatlary, wideolary, aýdym-sazlary we internet makalalary çykarýar. Ýehowa Hudaý hem, Isa Mesih hem balajyklary söýýär (Luka 18:15—17). Ene-atalar çagalaryny terbiýelemek üçin elinde baryny etmeli we Hudaýa bil baglamaly. Şonda olar gökdäki Atasyny begendirerler we çagalaryna Onuň perzentleri bolmaga kömek ederler.
Ene-atalar, çagalaryňyza Ýehowany söýmegi öwrediň!
20 Çagalaryňyzy gowy tanaň. Zebur 127-nji bapda çagalar ýaýçynyň elindäki ok bilen deňeşdirilýär (Zebur 127:4-i okaň). Oklaryň her dürli zatlardan ýasalyp, uzynlygynyň hem görnüşiniň bir-birinden tapawutlanyşy ýaly, bir maşgaladaky çagalar hem birmeňzeş bolmaýar. Şol sebäpli ene-atalar çagalarynyň her birine aýratynlykda nähili terbiýe bermelidigini bilmeli. Bir är-aýal iki çagasyny Ýehowanyň gullukçysy edip ýetişdirmäge nämäniň kömek edendigi barada şeýle diýýär: «Biz çagalarymyzyň hersi bilen aýratynlykda okuw geçdik». Elbetde, her bir maşgalabaşy çagalarynyň hersi bilen aýratynlykda okuw geçmelidigini ýa-da däldigini özi çözýär.
Dürdäne pikirler
it «Mukaddes Kitapdaky ösümlikler»
Mukaddes Kitapdaky ösümlikler
Mezmurçy zeýtun agajynyň käbir aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, Ýehowadan gorkýan adamlara şeýle wada berdi: «Ogullaryň zeýtun nahallary kimin saçak başynda oturar» (Zb 128:1—3). Zeýtun agajynyň şahalaryny kesip, täze nahallary oturdyp bolýar. Şeýle-de zeýtun agajynyň köklerinden täze nahallar ösüp çykýar. Hudaýhon adamlaryň ogullary agzybirlikde atasynyň daşyna üýşüp oturanlarynda, edil zeýtun agajynyň nahallaryna meňzeýär.
13—19 ÝANWAR
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR ZEBUR 135—137
«Hökümdarymyz ähli taňrylardan beýikdir»
it «Güýç»
Güýç
Allatagalanyň tebigatyň üstünden erk-ygtyýary bar. Ýehowa ýaradan zatlarynyň üstünden agalyk edip we täsin gudratlary görkezip, hak Hudaýdygyny subut edýär. Şu zatlaryň ählisi Onuň ady bilen berk baglanyşykly (Zb 135:5, 6). Gün, Aý, planetalar we ýyldyzlar öz okundan çykman hereket edýär. Atmosferadaky (şemal, ýagyş we ş. m.) zatlar fizikanyň kanuna tabyn bolýar. Guşlar we çekirtgeler öz wagtynda barmaly ýerlerine barýar. Ýalan taňrylara sežde edýän we Hudaýa garşy çykýan adamlar şuňa meňzeş zatlary görseler-de, Ýehowanyň hak Hudaýdygyna ynanmaýarlar.
Ýehowa ýaradylan zatlar we tebigat arkaly özüniň hak Hudaýdygyny ençeme sapar subut etdi. Ýehowa ýöne ýere gudrat görkezmeýärdi, onuň belli bir maksady bardy. Ol niýetini öz wagtynda we täsin usullar bilen amala aşyrýardy. Allatagala gurakçylyk, ýagyş ýa-da şuňa meňzeş zatlar arkaly pygamberlik sözlerini ýerine ýetirýärdi (1Pa 17:1; 18:1, 2, 41—45-nji aýatlary deňeşdiriň). Şeýle tebigy hadysalar duýdansyz, täsin (2Ms 9:24), görlüp-eşidilmedik ýagdaýda we garaşylmadyk wagtda bolýar (2Ms 34:10; 1Şm 12:16—18).
Ýehowanyň wepaly söýgüsi sowamaýar
16 Ýehowa — biziň penamyz. Şonuň üçin biz hiç zatdan gorkman arkaýyn ýaşaýarys. Emma käte kynçylyklar, gaýgy-aladalar sebäpli ruhdan düşüp, göreşmäge güýjümiz bolmaýar. Şeýle ýagdaýda Ýehowa bize nädip kömek edýär? (Zebur 136:23-i okaň). Mähirli Hudaý Ýehowa bize gollaryny uzadyp, aýaga galmaga kömek edýär we wepaly söýgüsi bilen çoýup, gujagynda göterýär (Zeb. 28:9; 94:18). Muny bilmegiň nähili peýdasy bar? Birinjiden, dünýäniň haýsy künjeginde ýaşasak-da, Ýehowa bizi penasynda saklar. Ikinjiden, söýgüden doly Atamyz Ýehowa hemişe aladamyzy eder. Hawa, biz Ýehowa islendik ýagdaýda bil baglap bileris.
Dürdäne pikirler
it «Ýah»
Ýah
«Ýah» sözi Ýehowa adynyň gysgaldylan görnüşi. «Ýah» sözi köplenç Hudaýa alkyş we aýdym aýdylanda, dileg edilende, ýalbaryp doga edilende ulanylýar. Şeýdip, adam duýgularyny beýan edip, ýüregini dökýär. Şol söz Mukaddes Kitapda halk uly ýeňiş gazanyp, şatlyk bilen watanyna dolananynda ýa-da Hudaýyň gudratly güýjüni görende duş gelýär. Şeýle ýagdaýlarda halk şol sözi köp ulanypdyr. Zebur kitabynda «Ýaha alkyş aýt!» (Halleluýah!) jümlesi Hudaýy şöhratlandyrmak üçin ulanylýar. Şol jümle birinji sapar Zebur 104:35-de duş gelýär. Zebur kitabynyň käbir baplarynda diňe başynda (Zb 111; 112), käte ortasynda (Zb 135:3), käte bolsa diňe ahyrynda (Zb 104; 105; 115—117), köplenç hem başynda, hem ahyrynda duş gelýär (Zb 106; 113; 135; 146—150). Ylham kitabynda perişdeler Ýehowany şöhratlandyranlarynda şu jümläni birnäçe gezek gaýta-gaýta aýdýarlar (Ylh 19:1—6).
Şeýle-de «Ýah» sözi Ýehowa Hudaýy wasp edenlerinde we ýalbaryp doga-dileg edenlerinde, Hudaýa ýüz tutanlarynda ulanylypdyr. Meselem, Musa pygamber ýeňiş gazanyp, aýdym aýdanda şol sözi ulanýar (2Ms 15:2). Işaýa pygamberiň ýazan aýdymlarynda Hudaýyň adyny nygtamak üçin, gysgaldylan we doly görnüşi (Ýah we Ýehowa) ulanylypdyr (Işa 12:2; 26:4). Hizkiýa patyşa hem gudrat bilen derdinden gutulanda we ölümden halas bolanda «Ýah» sözüni gaýta-gaýta aýdypdyr (Işa 38:9, 11). Mukaddes Kitapda ölen adamlaryň däl-de, dirileriň Ýaha alkyş aýdyp bilýändigi aýdylýar (Zb 115:17, 18; 118:17—19). Ýehowa adamlary halas edende, goranda we terbiýe berende, olaryň Ýaha alkyş aýdyp eden dogalary mezmurlarda ýazylan (Zb 94:12; 118:5, 14).
20—26 ÝANWAR
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR ZEBUR 138, 139
Ýygnakda jogap bermäge ýaýdanmaň
Ýygnakda Ýehowany şöhratlandyryň
10 Siz ýygnakda jogap bermeg-ä beýlede dursun, eliňizi galdyrmaga hem ýaýdanýarmysyňyz? Şeýle duýgular diňe özüňizde bolýandyr öýtmäň. Aslynda, jogap berenimizde, biziň hemmämiz biraz gorkýarys. Gorkyny nädip ýeňip bolýandygyny bilmezden öň, başda, geliň, onuň näme üçin döreýändigini bileliň. Siz aýtjak pikiriňizi ýadymdan çykararyn ýa-da nädogry aýdaryn diýip gorkýarsyňyzmy? Ýa-da başgalaryňky ýaly gowy jogap berip bilmerin diýip alada edýärsiňizmi? Aslynda, şeýle gorkular gowulygyň alamaty. Bu siziň kiçigöwünli adamdygyňyzy we başgalary özüňizden ýokary tutýandygyňyzy görkezýär. Ýehowa pesgöwünli adamlary gowy görýär (Zeb. 138:6; Flp. 2:3). Emma ol siziň ýygnakda berýän jogaplaryňyz bilen imandaşlaryňyzy ruhlandyrmagyňyzy we Özüni şöhratlandyrmagyňyzy isleýär (1 Sel. 5:11). Ýehowa sizi juda söýýär we ýygnakda jogap berip biler ýaly, size batyrgaýlyk berer.
Ýygnakda birek-biregi ruhlandyralyň!
7 Siz «Garawul diňi» žurnalyndan köp maslahatlary tapyp bilersiňiz. Meselem, ýygnaga gowy taýýarlanyň (Nak. 21:5). Näçe gowy taýýarlansaňyz, şonça-da ynamly jogap berersiňiz. Şeýle-de berýän jogaplaryňyz gysga bolsun (Nak. 15:23; 17:27). Şonda kän aljyramarsyňyz. Belki, siz birki sözlemden ybarat gysga jogap taýýarlarsyňyz. Aslynda, uzyn we çylşyrymly jogaplara garanda, gysga jogaplara düşünmek aňsat bolýar. Ýygnaga gowy taýýarlanan dogan-uýalar öz sözi bilen gysga jogap berýärler.
Dürdäne pikirler
it «Bagyşlamak»
Bagyşlamak
Biri gaýta-gaýta göwnümize degse-de, biz mesihçiler hökmünde ony bagyşlamaly (Luk 17:3, 4; Efs 4:32; Kol 3:13). Eger biz bagyşlamasak, Hudaý hem bizi bagyşlamaýar (Mat 6:14, 15). Eger mesihçi agyr günä edip ýygnakdan çykarylsa, wagtyň geçmegi bilen eden işine ökünip ýürekden toba etse, ol bagyşlanar. Soňra ony ýygnakdaky dogan-uýalar hem bagyşlap, ýürekden söýerler (1Kr 5:13; 2Kr 2:6—11). Emma bilgeşleýin günä edýän, Hudaýyň ýigrenýän işlerine baş goşýan we toba etmeýän adamlary mesihçiler bagyşlaman biler. Toba etmeýän adamlar Hudaýyň duşmany bolýar (Ýew 10:26—31; Zb 139:21, 22).
27 ÝANWAR — 2 FEWRAL
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR ZEBUR 140—143
Edýän dogalaryňyza görä hereket ediň
Maslahata gulak asyň
13 Berilýän maslahata Hudaýyň söýgüsi hökmünde garamaly. Ýehowa bize hemişe ýagşylyk isleýär (Nak. 4:20—22). Ol Mukaddes Kitap, edebiýatlar, imany berk dogan-uýalar arkaly maslahat berip, söýýändigini görkezýär we «has-da peýdaly terbiýe» berýär (Ýew. 12:9, 10).
14 Maslahatyň berliş äheňine däl-de, özüne üns bermeli. Elbetde, biz maslahaty ýumşaklyk bilen bermeli (Gal. 6:1). Emma käte bize gödeklik bilen maslahat bermekleri mümkin. Şonda maslahatyň berliş äheňine däl-de, özüne üns bersek gowy bolar. Biz şu soraglar hakda oýlanyp bileris: dogan gödeklik bilen maslahat beren hem bolsa, belki, onuň aýdýanynyň jany bardyr? Men doganyň gödeklik bilen aýdan sözüne üns bermegiň deregine, maslahatyna eýersem gowy bolmazmy? Biz Ýehowanyň dogan-uýalar arkaly berýän ähli maslahatyna eýersek paýhasly bolarys (Nak. 15:31).
Kyn günlerde ýüregiňizi päk saklaň
Ýehowanyň käbir gullukçylary yzarlamalar, ykdysady kynçylyklar we keselçilik sebäpli ruhdan düşýär. Şeýle ýagdaýlar olaryň hem ýüregine erbet täsir etmegi mümkin. Dawut patyşa hem şeýle ýagdaýa düşende: «Ruhum içimde tapdan düşdi, ýüregim içimde aňkardy» diýdi (Zeb. 143:4). Ol muňa nädip hötde geldikä? Dawut Hudaýyň öz gullukçylary üçin eden işlerini we özüni halas edişini ýada salýardy. Ol Ýehowanyň Beýik ady üçin eden işleri hakynda oýlanýardy. Dawut Hudaýyň işleri bilen gyzyklanýardy (Zeb. 143:5). Biz hem Ýaradyjymyz barada we Onuň biziň üçin edýän ähli işleri hakda oýlansak, bize-de synaglarda kömek eder.
«Rebde» durmuş gurmak boş arzuwmy?
Käwagt siz hem Dawut pygamber ýaly: «Ýa Reb, maňa tiz jogap ber, ruhum tapdan düşüp barýar; ýüzüňi menden gizleme» diýýänsiňiz (Zeb. 143:5—7, 10). Şeýle pursatlarda ruhdan düşmäň we gökdäki Ataňyzyň paýhasly görkezmesine sabyrly garaşyň. Mukaddes Ýazgylary okanyňyzda, Hudaýyň öz gullukçylaryny nädip goldandygy barada oýlanyň. Şonda siziň Ýehowa bil baglamagyň dogrudygyna ynamyňyz artar.
Dürdäne pikirler
it «Zäher»
Zäher
Göçme manysy. Erbet adamlaryň ýalan sözleri we atýan töhmeti ýylanyň zäherine meňzedilýär. Sebäbi ýalan we töhmet ýagşy adamy abraýdan düşürýär (Zb 58:3, 4). Töhmet atýanlaryň «agzyndan çykýan sözleri ýylanyň zäheri kimindir» diýilýär (Zb 140:3; Rim 3:13). Ýylanyň zäheri agzynda, alyn dişleriniň arkasyndaky zäher mäzlerinde bolýar. Adamyň dili hem töhmet atanda, gybat edende, ýalan taglymatlary ýaýradanda we şuňa meňzeş zatlary edende birine «zyýan ýetirýändir», agzy «zäherden doludyr» (Ýak 3:8).
3—9 FEWRAL
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR ZEBUR 144—146
«Hudaýy Ýehowa bolan halk bagtlydyr!»
Okyjylaryň sowallary
2. Mezmuryň kontekstine üns beriň. 12-nji aýatdaky «şeýdip» diýen söz 12—14-nji aýatlardaky bereketleriň 11-nji aýatdaky «azat et, kesekileriň elinden halas et» diýen sözleri aýdan dogry adamlara degişlidigini görkezýär. Bu pikir 15-nji aýatda hem agzalýar. Ondaky iki gezek agzalýan «bagtly» diýen söz şol bir adamlara, ýagny «Hudaýy (Ýehowa) bolan halka» degişli.
3. Bu pikir Ýazgylaryň beýleki ýerlerinde agzalýan Hudaýyň wepaly gullukçylaryna beren wadalaryna gabat gelýär. Bu mezmurda Dawudyň ajaýyp umydy beýan edilýär. Ol Hudaýyň ysraýyllylary duşmanlarynyň elinden halas edensoň, olara bagt we abadançylyk berjekdigine umyt edýärdi (Lew. 26:9, 10; Kan. tag. 7:13; Zeb. 128:1—6). Meselem, Kanun taglymaty 28:4-de: «Hudaýyňyz Reb her bir etjek işiňize bereket berer, köp ogul-gyzly bolarsyňyz, mal-garalaryňyzyň sany artyp, topragyňyzyň hasyly bol bolar» diýilýär. Dogrudan-da, Dawudyň ogly Süleýmanyň patyşalyk eden döwri halk parahat we howpsuz durmuşdan lezzet alyp ýaşady. Has wajyby bolsa, Süleýmanyň patyşalygy Mesihiň hökümdarlygynyň nusgasydy (1 Pat. 4:20, 21; Zeb. 72:1—20).
Gelejege bolan umydymyzy üzmäliň!
16 Allatagala ebedi ýaşamaga umyt berdi. Biz sabyrsyzlyk bilen garaşýan eşretli durmuşymyza hökman ýeteris. Gelejege bolan umyt edil labyr ýaly synaglarda, yzarlamalarda, hatda ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolanymyzda-da hakykat ýolundan sowulman ýöremäge kömek edýär. Şeýle-de umydymyz tuwulga kimin aňymyzy erbet pikirlerden goraýar we zalymlygy ýigrenip, ýagşy işleri etmäge höweslendirýär. Gelejege umydymyz berk bolsa, Hudaý bilen dost bolarys we bizi ýürekden söýýändigini bileris. Biz ebedi ýaşamaga umydymyzy üzmesek köp bereketleri alarys.
17 Pawlus resul rimlilere ýazan hatynda: «Umyt edip şatlanyň» diýdi (Rim. 12:12). Pawlusyň özem umyt edip şatlanýardy, sebäbi Hudaýa wepaly galsa, gökde baky ýaşaýşy aljakdygyny bilýärdi. Bizem umyt edip şatlanýarys, sebäbi Ýehowa beren wadasynda durýar. Mezmurçy: «Ýehowa Hudaýa umyt edýän adam bagtlydyr... Ol hemişe wepalydyr» diýdi (Zeb. 146:5, 6).
Hudaýa bolan söýgi hakykatdan bagtly edýär
19 Adamzada 6 müň ýyl bäri görgi baryny görkezýän Şeýtanyň dünýäsiniň soňy ýetip gelýär. Ýer ýüzi özüni, puly we lezzeti çendenaşa köp söýýän adamlardan doly. Olar öz isleg-arzuwlaryny ähli zatdan ileri tutup ýaşaýarlar. Şeýle adamlar hiç haçan hakykatdan bagtly bolup bilmez. Mezmurçy: «Kömekçisi Ýakubyň Hudaýy bolan adam nähili bagtly! Onuň umydy Hudaýy Rebdedir» diýip ýazdy (Zeb. 146:5).
20 Ýehowanyň gullukçylary Hudaýa bolan söýgüsi bilen tanalýar. Şol sebäpli olaryň sany ýyl saýyn köpelýär. Bu bolsa Hudaýyň Patyşalygynyň höküm sürýändigini we tizden bütin ýer ýüzüne görlüp-eşidilmedik bereketleri eçiljekdigini aýdyň subut edýär. Dogrudan-da, hakyky hem-de tükeniksiz şatlygy diňe Gudratygüýçli Hudaýyň göwnünden turup, Onuň islegini berjaý etmek bilen gazanyp bolýar. Ýehowany söýýän adamlar ebedi şatlanyp ýaşarlar! Indiki makalada biz öz peýdasyny gözleýän söýginiň nädip beýleki erbet häsiýetleri hem bildirmäge iterýändigini we munuň Ýehowanyň gullukçylarynyň görkezýän häsiýetlerine düýbünden garşy gelýändigini bileris.
Dürdäne pikirler
it «Janly-jandarlar»
Janly-jandarlar
Mukaddes Kitap bize janly-jandarlara adalatly we rehimdar bolmagy öwredýär. Bu babatda Ýehowanyň özi ajaýyp görelde galdyrdy. Ol ähli janly jandarlaryň söýgi bilen aladasyny edýär (Nak 12:10; Zb 145:15, 16). Musanyň kanunynda öý haýwanlarynyň aladasyny etmek babatda tabşyryk berildi. Kanuna görä, adam ýiten maly tapsa, ony hökman eýesine gowşurmalydy. Eger adam haýwanyň agyr ýükden ýaňa ýerinden galyp bilmän ýatandygyny görse, oňa kömek etmelidi (2Ms 23:4, 5). Haýwanlary işledeniňde zalymlyk etmeli däldi (5Ms 22:10; 25:4). Sabat güni haýwanlara-da dynç berilýärdi (2Ms 20:10; 23:12; 5Ms 5:14). Adamyň janyna howp salýan haýwanlara göz-gulak bolmalydy ýa-da ony öldürmelidi (1Ms 9:5; 2Ms 21:28, 29). Kanuna görä, iki dürli haýwany jübütleşdirmek gadagan edilendi (3Ms 19:19).
10—16 FEWRAL
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR ZEBUR 147—150
Ýahy şöhratlandyrmaga sebäp kän
Ýehowa «sena ediň»!
5 Ýehowa diňe tutuş halka däl-de, eýsem, olaryň her birine aýratynlykda teselli berdi. Ol häzirem şeýle edýär. Mezmurçy Hudaý barada: «Göwni synyklara şypa berýär, olaryň ýaralaryny daňýar» diýip ýazdy (Zeb. 147:3). Hawa, Ýehowa kynçylyklara uçran adamlaryň hem beden, hem duýgy taýdan aladasyny edýär. Ol bize ýürekden teselli berýär we ýaralarymyzy daňýar (Zeb. 34:18; Iş. 57:15). Islendik kynçylyklara döz gelip biler ýaly, Ýehowa bize akyldarlyk we güýç berýär (Ýak. 1:5).
6 Soňra mezmurçy ünsüni gökdäki zatlara gönükdirip, Ýehowanyň «ýyldyzlaryň sanyny hasaplaýandygyny» we «ählisiniň adyny tutup çagyrýandygyny» aýdýar (Zeb. 147:4). Eýsem, ol näme üçin birdenkä ýyldyzlar barada gürrüň edip başlaýar? Mezmurçy gözüni göge dikip, ençeme ýyldyzlary görse-de, olaryň sanynyň näçedigini bilmeýär. Ýyllar geçdigi saýyn, gökdäki ýyldyzlaryň sanynyň has köpdügine göz ýetirýärler. Meselem, käbirleri biziň ýaşaýan galaktikamyzda, ýagny Akmaýanyň ýolunda milliardlarça ýyldyzlaryň bardygyny aýdýarlar. Tutuş älem-jahanda bolsa trillion galaktikanyň bolmagy mümkin. Biz ýyldyzlaryň sanyny bilmesek-de, olary ýaradan Hudaý hersine at berdi. Diýmek, her ýyldyzyň aýratyn orny bar (1 Kor. 15:41). Onda ýer ýüzündäki adamlar Ýehowa üçin has-da gymmatly dälmi näme?! Her ýyldyzyň nirede ýerleşýändigini bilýän Hudaý sizi-de tanaýar; ol siziň nirede we nähili duýgulary başdan geçirýändigiňizi, haçan hem-de nämä mätäçdigiňizi bilýär.
Ýehowa «sena ediň»!
7 Ýehowa diňe bir gündelik zerurlyklarymyz barada alada etmän, eýsem, kynçylyklara döz gelip biler ýaly, bize güýç berýär hem-de duýgudaşlyk bildirýär (Zebur 147:5-i okaň). Belki-de, biz düşen ýagdaýymyzy çekip-çydardan has agyr hasaplaýandyrys. Emma Hudaý biziň ýagdaýymyza düşünýär, sebäbi «toprakdandygymyz Onuň ýadynda» (Zeb. 103:14). Bikämil bolandygymyz üçin, biz käte şol bir ýalňyşlyklary goýberýäris. Wagtal-wagtal ten höwesleriň täsirine düşüp, aýdan sözümize ökünýäris ýa-da başgalara göriplik edýäris. Hiç haçan ýalňyşmasa-da, Ýehowanyň biziň ýagdaýymyza doly düşünýändigi diýseň geň galdyrýar. Dogrudan-da, onuň düşünjesi akyla sygmaz! (Iş. 40:28).
Ýehowa «sena ediň»!
18 Mezmurçy ysraýyl halkynda nähili bereketleriň bardygyny bilýärdi. Sebäbi şol döwürde diňe ysraýyllylara Hudaýyň «sözi,.. parzlary we hökümleri» berlendi (Zebur 147:19, 20-nji aýatlary okaň). Bizem şu günler ýer ýüzünde Hudaýyň adyny göterýän ýeke-täk halk. Ýehowany tanamak we diri Sözüni okap, Onuň bilen dostlukly gatnaşykdan lezzet almak nähili uly hormat! 147-nji mezmury ýazan adam ýaly bizde-de Ýehowa «sena etmäge» we muňa başgalary höweslendirmäge ençeme sebäpler bar.
Dürdäne pikirler
it «Guşlar»
Guşlar
Mezmurçy guşlary Ýehowa alkyş aýtmaga çagyrdy (Zb 148:1, 10). Hakykatdan-da, guşlaryň täsin ýaradylyşy Allany şöhratlandyrýar. Bir guşuň 1 000-den tä 20 000-den hem köp ýelekleri bolýar. Bir ýelekde ýüzlerçe perler bolýar, perleriň birinde bolsa ýüzlerçe kiçijik perler hem tarjagazlar bolýar. Her tarda ýüzlerçe tüýjagazlar bolýar. Meselem, kepderiniň ýelegi 15 sm bolup, onda ýüzlerçe tarlar we millionlarça tüýjagazlar bolýar. Aerodinamikanyň prinsiplerine görä, guşuň ganatynyň we bedeniniň gurluşy döwrebap uçarlaryň gurluşyndan hem çylşyrymly. Guşlaryň süňkleriniň içi boşluk bolandygy üçin, olaryň bedeni ýeňil bolýar. Meselem, fregato guşy ganatyny ýaýanda, ganatynyň uzynlygy takmynan 2 metre ýetýär; skeletiniň agramy bolsa bary-ýogy 110 g barabardyr.
17—23 FEWRAL
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR NAKYLLAR 1
Ýaşlar, siz kime gulak asmak isleýärsiňiz?
Goý, hiç zat sizi aljak sylagyňyzdan mahrum etmesin!
16 Eger ýaşlar ene-atasy olaryň ýagdaýyna düşünmeýär we erkinligini çäklendirýär diýip pikir etse näme? Eger siz ene-ataňyzdan nägile bolsaňyz, onda Ýehowa gulluk etmegiň iň gowy ýoldugyna şübhelenip başlarsyňyz. Eger Ýehowa gulluk etmegi bes etseňiz, onda tizden mesihçi ene-ataňyzdan we ýygnakdaky dogan-uýalardan başga hiç kimiň siz barada ýürekden alada etmeýändigine göz ýetirersiňiz.
17 Ene-ataňyz size hiç haçan düzediş bermedik bolsa, bu olaryň aladaňyzy edýändigini görkezýärmi? (Ýew. 12:8). Mümkin, olaryň düzedişi size ýaraýan däldir. Bu barada biynjalyk bolmagyň deregine, gowusy, olaryň näme sebäpden şeýle terbiýe berýändigi barada oýlanyň. Şol sebäpli sabyrly boluň we tankytlamakdan gaça durmak üçin eliňizde baryny ediň. Hudaýyň Sözünde: «Sözlerini jylawlaýanyň bilimi bardyr; düşünjeli adam mylaýym ruhludyr» diýilýär (Sül. tym. 17:27). Ruhy taýdan ösmegi maksat ediniň. Sebäbi şeýle adam maslahatyň nädip berilýändigine däl-de, onuň peýdasyna üns berýär we höwes bilen kabul edýär (Sül. tym. 1:8). Ýehowany ýürekden söýýän ene-ataňyzyň bolmagy bu siziň üçin uly bereket. Olar size ebedi ýaşaýyş sylagyny almaga kömek etmek isleýär.
w05 15/2 sah. 19, 20, abz. 11, 12
Mesihçidigiňizi aýtmaga utanmaň
11 Adamlary däl-de, Hudaýy razy ediň. Dost-ýarlaryň göwnünden turmagyň hiç hili erbetligi ýok. Her bir adam hak dosta mätäç. Adam özüne sylag-hormat goýulmagyny we kyn gününde dostunyň goldaw bermegini isleýär. Ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşa çenli ähli adamlar dostlarynyň täsirine düşýär. Olar dostlarynyň göwnünden turmak üçin, dostlaryna meňzemek üçin jan edýärler. Emma dostlarymyz we deň-duşlarymyz bize ýagşylyk etmek barada pikir etmeýärler. Käbirleri erbet işleri etmek üçin dost bolýarlar (Nakyllar 1:11—19). Eger mesihçi erbet adamyň täsirine düşse, öz imany hakda aýtmaga utanýar (Zebur 26:4). Şol sebäpli Pawlus resul: «Dünýäniň täsirine düşmäň» diýip maslahat berdi (Rimliler 12:2). Biz deň-duşlarymyzyň täsirine düşmez ýaly, Ýehowa bize güýç-kuwwat berer (Ýewreýler 13:6).
12 Erbet adam bilen däl-de, Ýehowa bilen dostlaşyň. Eger biz Hudaýa wepaly bolsak, deň-duşlarymyzyň täsirine düşmeris we olar men barada näme pikir eder diýip biynjalyk bolmarys. 2 Musa 23:2-de: «Köpçülige goşulyp, erbetlik etmäň» diýilýär. Ysraýyllar Ýehowanyň beren wadasyny ýerine ýetirjekdigine şübhelenýärler, emma Kalep köpçüligiň tarapyna geçmedi. Ol Ýehowanyň beren wadasyna berk ynanýardy, Ýehowa-da ony sylaglady (4 Musa 13:30; Ýuşa 14:6—11). Eger size-de Allatagalanyň kada-kanunlaryny bozdurjak bolsalar, köpçülige goşulmaň we mesihçidigiňizi aýtmaga utanmaň.
Dürdäne pikirler
it «Akmak»
Akmak
Mukaddes Kitapda «akmak» diýlende, akyly kem, däli adam göz öňünde tutulmaýar, gaýtam akyldarlygy diňlemeýän, ahlak kadalaryna eýermeýän we Hudaýyň kada-kanunlaryna gulak asmaýan adam göz öňüne tutulýar. Ýewreý we grek dilinde şeýle adamy suratlandyrmak üçin birnäçe söz ulanylýar. Meselem, «kesil», «ewil», «nawal» («akmak» (Nak 1:22; 12:15; 17:7) we «lets» («özdiýenli» Nak 13:1).
24 FEWRAL—2 MART
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR NAKYLLAR 2
Şahsy okuwyny höwes bilen geçiriň
Hakykat ýolundan sowulmalyň
16 Belki-de, käbirimiz okamagy, öwrenmegi halaýan däldiris. Ýöne Ýehowa hakykaty gözlemegimizi, agtarmagymyzy isleýär (Nakyllar 2:4—6-njy aýatlary okaň). Şeýtsek, biz Hudaýyň Sözüne doly düşüneris. Kori dogan Mukaddes Kitaby her gün okaýar we bir aýadyň üstünde oýlanyp, gözleg geçirýär. Ol şeýle diýýär: «Men aýadyň çykgytlaryny, goşmaça aýatlaryny okaýaryn we gowy gözleg geçirýärin... Her gezek gözleg geçirenimde Mukaddes Kitabyň hakykatyna has gowy düşünýärin». Siz Mukaddes Kitaby haçan we nädip okaýarsyňyz? Eger Mukaddes Kitaby okamaga wagt tapyp çuňňur gözleg geçirseňiz, Hudaýyň Sözüniň gadyr-gymmatyny bilýändigiňizi görkezersiňiz (Zeb. 1:1—3).
Allanyň akyldarlygy ýaň salýar
3 Akyldar adam dogry karara gelip bilýär. Emma Mukaddes Kitapda agzalýan akyldarlyk has köp zady aňladýar. Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Ýehowadan gorky akyldarlygyň başydyr. Mukaddes Hudaýyň bilimi düşünje berýär» (Nak. 9:10). Biz «mukaddes Hudaýyň bilimine» eýersek dogry karara gelip bileris. Munuň üçin Mukaddes Kitaby we edebiýatlary okamaly. Şonda akyldar bolup bileris (Nak. 2:5—7).
4 Diňe Ýehowa bize akyldarlyk berip bilýär (Rim. 16:27). Näme üçin? Birinjiden, Ýehowanyň akyldarlygynyň çägi ýok. Ol ýaradan zatlary barada ähli zady bilýär (Zeb. 104:24). Ikinjiden, Ýehowanyň ýaradan zatlaryndan akyldarlygy görünýär (Rim. 11:33). Üçünjiden, Ýehowanyň berýän maslahatlary akyldar edýär (Nak. 2:10—12). Eger biz akyldar bolmak islesek, Mukaddes Kitabyň esasy taglymatlaryny bilmeli we olara eýerip ýaşamaly.
Ýaşlar, imanyňyzy berkidiň!
2 Siz Ýehowanyň ýaş gullukçysy ýa-da Ol barada bilim alýan bolsaňyz, onda adamlar siziň ewolýusiýa taglymatyna däl-de, Ýaradyja ynanýandygyňyz üçin üstüňizden gülýändirler. Eger şeýle bolsa, onda imanyňyzy berkitmäge kömek etjek ädimleri ädip, olara görä ýaşaň. Munuň üçin Hudaýyň beren pikirlenmek ukybyny ulanmaly, çünki Mukaddes Ýazgylarda «paýhas seni saklar» diýilýär. Bu size imanyňyzy gowşadýan filosofiýa garşy durmaga kömek eder (Süleýmanyň tymsallary 2:10—12-nji aýatlary okaň).
3 Hakyky imany ösdürmek üçin Hudaý barada bilim almaly (1 Tim. 2:4). Munuň üçin Hudaýyň Sözüni we oňa esaslanan edebiýatlary okamak ýeterlikli däl. Okan zatlaryňyzyň «manysyna düşünmek» üçin pikirlenmek ukybyny ulanyň (Mat. 13:23). Geliň, häzir Ýaradyjymyz Hudaýa we Mukaddes Ýazgylara bolan imanymyzy nädip berkidip biljekdigimize seredeliň, çünki «ynandyryjy deliller» az däldir (Ýew. 11:1, çykgyt).
Dürdäne pikirler
it «Wepalylyk»
Wepalylyk
Adam öz güýji bilen däl-de, Ýehowa berk iman edýändigi, ynanýandygy we kyn gününde goldajakdygyna şübhelenmeýändigi üçin, Oňa wepaly bolýar (Zb 25:21). Ýehowa özüne wepaly adamlaryň «galkany» boljakdygyny we «gorajakdygyny» söz berýär (Nak 2:6—8; 10:29; Zb 41:12). Hudaýy razy edýän adam bagtly ýaşaýar we maksadyna ýetmek üçin elinde baryny edýär (Zb 26:1—3; Nak 11:5; 28:18). Dogry, wepaly adamlar hem erbet adamlar ýaly kynçylyk çekýär, görgi görýär we dünýäden ötýär. Eýýup pygamber hem şu barada aýdypdy. Emma Ýehowa wepaly adamlaryň çekýän kynçylyklaryny bilýär we olaryň mirasyny gorajakdygyny, parahat ýaşatjakdygyny, bereket berip, abraýyny artdyrjakdygyny wada berýär (Eýp 9:20—22; Zb 37:18, 19, 37; 84:11; Nak 28:10). Eýýup pygamber bilen bolan wakadan görnüşi ýaly, baýlyk däl-de, Hudaýa wepalylyk adamyň at-abraýyny we hormatyny artdyrýar (Nak 19:1; 28:6). Wepaly adamyň çagalary hem bagtly ýaşaýar (Nak 20:7), sebäbi olar ýagşy adamyň ogul-gyzlary hökmünde tanalýar.