Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwb25 Maý sah. 10—11
  • 9—15 iýun

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • 9—15 iýun
  • Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2025
Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2025
mwb25 Maý sah. 10—11

9—15 IÝUN

NAKYLLAR 17

157-nji aýdym we doga | Giriş sözler (1 min).

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR

Ysraýylda ýaşaýan är-aýal içip-içip otyr. Olar sada we agzybir ýaşaýar.

Är-aýal sada we agzybir ýaşaýar.

1. Maşgala ojagyňyzda agzybirlik höküm sürsün

(10 min).

Agzybir ýaşamak üçin tagalla etmeli, bu edeniňe-de degýär (Nak 17:1; surata serediň).

Ownuk-uşak zatlar üçin dawalaşmaň (Nak 17:9; g 9/14 sah. 11, abz. 2).

Gaharyňyza erk ediň (Nak 17:14; w08 1/5 sah. 10, abz. 6—sah. 11, abz. 1).

Är-aýal baý bolsa-da, agzybir ýaşamaýar. Olar näzi-nygmatdan doly saçak başynda otyr. Aýaly ärinden öýkeläp, ters bakyp otyr.

2. Dürdäne pikirler

(10 min).

  • Nak 17:3. Şu aýada görä, biz näme üçin ýüregimizi goramaly? (w23.06 sah. 20, abz. 3).

  • Şu hepde okalýan aýatlardan nähili dürdäne pikirleri tapdyňyz?

3. Mukaddes Kitaby okamak

(4 min). Nak 17:1—17 (th sapak 10).

WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ

4. Gürrüňdeşlige başlaň

(3 min). MÜMKINÇILIKDEN PEÝDALANYP WAGYZ ETMEK (lmd sapak 3, abz. 5).

5. Gürrüňdeşlige başlaň

(4 min). KÖPÇÜLIK ÝERLERINDE WAGYZ ETMEK. Mukaddes Kitap okuwyny teklip ediň (lmd sapak 6, abz. 4).

6. Nutuk

(5 min). w24.01 sah. 23, 24, abz. 10—13. Tema: «Ýehowa goldar» (Nak 17:17); (th sapak 13).

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

113-nji aýdym

7. Gürrüňdeş boluň

(15 min). Söhbetdeşlik.

Gürrüňdeşlik — maşgala bagtynyň açary. Maşgala agzalary açyk gepleşseler, agzybir ýaşarlar we kyn gününde birek-birege goldaw bolarlar (Nak 15:22). Siz açyk gürrüňdeş bolmak üçin näme edip bilersiňiz?

Wagt tapyň (5Ms 6:6, 7). Maşgala agzalary öýüň işlerini bile etseler, bile wagza gitseler, bilelikde dynç alsalar gürrüňdeş bolup ruhlanarlar, biri-birine ynamy artar. Şonda maşgala ojagyndaky söýgi sowamaz. Biz maşgala agzalarymyzy goldamak üçin käte halaýan zatlarymyzdan geçmeli bolýarys, emma köp bereket alýarys (Flp 2:3, 4). Siz ýokarda agzalan zatlary etmek üçin nädip wagt tapyp bilersiňiz? (Efs 5:15, 16).

«Maşgalada parahatlygy döredýän maslahatlar». Köpräk gürrüňdeş boluň diýen wideodan surat: Maşgala agzalary saçak başynda gürrüň edip otyrlar.

«Maşgalada parahatlygy döredýän maslahatlar». Köpräk gürrüňdeş boluň diýen WIDEONY görkeziň. Soňra şu soraglary beriň:

  • Gürrüňdeş bolmaga näme päsgel berip biler?

  • Wideodan gürrüňdeş bolmak barada ýene nämeleri öwrendiňiz?

Ünsli diňläň (Ýak 1:19). Siz çagalaryňyza käýemegiň deregine, ünsli diňleseňiz, olar öz pikirini aýtmaga gorkmazlar. Eger çagaňyz nädogry zady aýtsa, çalt gaharlanmaň, özüňize erk ediň (Nak 17:27). Ony ünsli diňläň, ýagdaýyna, pikirine düşünjek boluň. Şonda onuň dosty bolarsyňyz we mähir bilen kömek edersiňiz.

8. Mukaddes Kitaby öwreneliň

(30 min). bt bap 27, abz. 19—22, çarçuwa sah. 212

Jemleýji sözler (3 min) | 35-nji aýdym we doga

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş