Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwb25 Maý sah. 12—13
  • 16—22 iýun

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • 16—22 iýun
  • Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2025
Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2025
mwb25 Maý sah. 12—13

16—22 IÝUN

NAKYLLAR 18

90-njy aýdym we doga | Giriş sözler (1 min).

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR

1. Hassa adama göwünlik beriň

(10 min).

Hudaýyň Sözüne eýerip, nirede we nädip geplemelidigini biliň (Nak 18:4; w22.10 sah. 22, abz. 17).

Adamyň derdine düşünjek boluň (Nak 18:13; w20.04 sah. 15, 16, abz. 6, 7).

Sabyrly boluň we kömek etmäge taýýar boluň (Nak 18:24; wp23.1 sah. 14, abz. 3—sah. 15, abz. 1).

Aýaly ärine ýagdaýyny gürrüň berýär, äri hem ünsli diňleýär.

ÖZÜŇIZE ŞEÝLE SORAG BERIŇ: «Ýanýoldaşym akyl ýa-da beden taýdan kesellese, men oňa nädip kömek edip bilerin?»

2. Dürdäne pikirler

(10 min).

  • Nak 18:1. Ýehowanyň bizi goldamagy üçin nähili ädimleri ätmeli? (w24.01 sah. 24, abz. 13).

  • Şu hepde okalýan aýatlardan nähili dürdäne pikirleri tapdyňyz?

3. Mukaddes Kitaby okamak

(4 min). Nak 18:1—17 (th sapak 11).

WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ

4. Gürrüňdeşlige başlaň

(1 min). ÖÝDEN-ÖÝE WAGYZ ETMEK. Daşary ýurt dilinde gepleýän adama wagyz ediň (lmd sapak 2, abz. 5).

5. Gaýtadan ideg ediň

(3 min). KÖPÇÜLIK ÝERLERINDE WAGYZ ETMEK. Öý eýesi howlugýandygyny aýdýar (lmd sapak 7, abz. 4).

6. Gaýtadan ideg ediň

(3 min). MÜMKINÇILIKDEN PEÝDALANYP WAGYZ ETMEK. Gyzyklanýan adama Hudaýyň Patyşalygy barada gürrüň beriň (lmd sapak 9, abz. 5).

7. Imanyňyz hakda gürrüň beriň

(4 min). Sahna (ijwbq 82 abz. 9, 10). Tema: «Älem-jahan alty günüň dowamynda ýaradyldymy?» (lmd sapak 5, abz. 5).

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

144-nji aýdym

8. Dogan-garyndaşlaryňyza «edim-gylymyňyz» bilen şaýatlyk ediň

(15 min). Söhbetdeşlik.

Belki-de, siz gowy görýän adamlaryňyzyň Ýehowa sežde etmegini isleýänsiňiz. Meselem, ýanýoldaşyňyzyň, çagalaryňyzyň imanynyň berk bolmagyny ýa-da hakykat ýolundan sowlan dostuňyzyň Ýehowa dolanmagyny isleýänsiňiz. Siziň niýetiňiz gowy bolsa-da, oýlanman gepleseňiz, gödek bolsaňyz adamyň ýüregine ýara salyp bilersiňiz (Nak 12:18). Onda nädip kömek etmeli?

Uýanyň iman etmeýän ýanýoldaşy Mukaddes Kitabyň hakykatyny diňlemek islemese-de, uýa oňa kömek edip biler. Nädip? 1 Petrus 3:1-de: «Aýallar... eger äriňiz Hudaýyň sözüni diňlemeýän bolsa, onda aýdýan sözleriňize däl-de, edim-gylymyňyza seredip iman eder» diýilýär. Şeýle-de aýal maşgala edim-gylymy, söýgüsi, akyl-paýhasy we mähribanlygy bilen äriniň ýüregini ýumşadyp biler (Nak 16:23). Hawa, siziň ýagşy häsiýetiňiz Ýehowa sežde etmeýän dogan-garyndaşlaryňyza we dost-ýarlaryňyza güýçli täsir eder (Kol 4:6).

«Imanyňyz üçin göreşiň! Ýanýoldaşy iman etmeýänler» diýen WIDEONY görkeziň. Soňra şu soraglary beriň:

    «Imanyňyz üçin göreşiň! Ýanýoldaşy iman etmeýänler» diýen wideodan surat: Hideko Sasaki uýa.
  • Sasaki uýadan näme öwrendiňiz?

  • «Imanyňyz üçin göreşiň! Ýanýoldaşy iman etmeýänler» diýen wideodan surat: Norik Ito uýa.
  • Ito uýadan näme öwrendiňiz?

  • «Imanyňyz üçin göreşiň! Ýanýoldaşy iman etmeýänler» diýen wideodan surat: Tomoýe Okada uýa.
  • Okada uýadan näme öwrendiňiz?

9. Mukaddes Kitaby öwreneliň

(30 min). bt bap 27, abz. 23—26 we çarçuwa sah. 214, 217

Jemleýji sözler (3 min) | 60-njy aýdym we doga

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş