Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwb25 Iýul sah. 14—15
  • 25—31 awgust

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • 25—31 awgust
  • Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2025
Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2025
mwb25 Iýul sah. 14—15

25—31 AWGUST

NAKYLLAR 28

150-nji aýdym we doga | Giriş sözler (1 min).

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR

1. Hudaýhon bilen erbet adamyň tapawudy

(10 min).

Erbet adam gorkakdyr, hudaýhon bolsa mertdir (Nak 28:1).

Zalym adam ýagşy-ýamana akyl ýetirmez, hudaýhon bolsa düşünjelidir (Nak 28:5; w18.02 sah. 8, abz. 1, 2).

Zalym baý bolsa-da, halal ýaşaýan garyp adamça ýokdur abraýy (Nak 28:6; it «Wepalylyk»).

Dogan türmede otyr we gözenekden göge seredip Hudaýa doga edýär.

2. Dürdäne pikirler

(10 min).

  • Nak 28:14. Bize aýgytly göreş alyp barmaga näme kömek eder? (w24.07 sah. 19, abz. 19).

  • Şu hepde okalýan aýatlardan nähili dürdäne pikirleri tapdyňyz?

3. Mukaddes Kitaby okamak

(4 min). Nak 28:1—17 (th sapak 10).

WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ

4. Gürrüňdeşlige başlaň

(3 min). ÖÝDEN-ÖÝE WAGYZ ETMEK. Uruş we zorluk-sütemiň bolmajakdygy hakda gürrüň ediň (lmd sapak 5, abz. 5).

5. Gürrüňdeşlige başlaň

(3 min). ÖÝDEN-ÖÝE WAGYZ ETMEK. Uruş we zorluk-sütemiň bolmajakdygy hakda gürrüň ediň (lmd sapak 5, abz. 4).

6. Gürrüňdeşlige başlaň

(2 min). KÖPÇÜLIK ÝERLERINDE WAGYZ ETMEK. Uruş we zorluk-sütemiň bolmajakdygy hakda gürrüň ediň (lmd sapak 1, abz. 4).

7. Gürrüňdeşlige başlaň

(3 min). MÜMKINÇILIKDEN PEÝDALANYP WAGYZ ETMEK. Uruş we zorluk-sütemiň bolmajakdygy hakda gürrüň ediň (lmd sapak 2, abz. 4).

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

112-nji aýdym

8. Siz zorluk-sütemi ýigrenýärsiňizmi?

(6 min). Söhbetdeşlik.

Oglanjyk wideo oýun oýnaýar.

Şeýtan Iblis zalymlyk we zorluk-sütem eden ilkinji perişdedi. Isa pygamber oňa «ganhor» diýdi (Ýah 8:44). Perişdeleriň köpüsi Şeýtanyň tarapyna geçdi. Şondan soňra ýer ýüzi Allanyň ýigrenýän işlerinden, ýagny zorluk-sütemden doldy (1Ms 6:11). Hawa, Şeýtanyň dünýäsinde ýaşaýan adamlar zalymlyk edýär we özüne erk edip bilmeýär (2Tm 3:1, 3).

Zebur 11:5-i okaň. Soňra şu soraglary beriň:

  •  Ýehowa zorlugy söýýän adamlary näme üçin ýigrenýär?

  •  Sportuň we göwün açmalaryň käbir görnüşleri adamlaryň nämäni söýýändigini nädip subut edýär?

Nakyllar 22:24, 25-nji aýatlary okaň. Soňra şu soraglary beriň:

  •  Gatnaşýan adamlaryňyz we saýlaýan göwün açmalaryňyz zalymlyga bolan garaýşyňyza täsir edýärmi?

  •  Saýlaýan göwün açmalaryňyz zalymlyga bolan garaýşyňyzy nädip mälim edýär?

9. Sentýabr aýynda boljak ýörite wagyz kampaniýasy

(9 min).

Wagyz gözegçisi çykyş edýär. Wagyz kampaniýasyna yhlasly gatnaşmaga höweslendiriň we ýygnagyňyzda nähili çäreleriň geçiriljekdigini aýdyň.

«Parahatlyk bolar (2022-nji ýylyň kongresiniň aýdymy)» diýen WIDEONY görkeziň.

10. Mukaddes Kitaby öwreneliň

(30 min). lfb sapak 12, 13

Jemleýji sözler (3 min) | 113-nji aýdym we doga

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş