22—28 SENTÝABR
NESIHAT 1, 2
103-nji aýdym we doga | Giriş sözler (1 min).
1. Mirasy nesilden-nesle geçiriň
(10 min).
«Nesihat kitaby bilen tanyş bolmak» diýen WIDEONY görkeziň.
Biziň her birimiz ýaşlara öwretmäge borçludyrys (Nes 1:4; w17.01 sah. 27, 28, abz. 3, 4).
Biz ýaşlara öwretsek we jogapkärli işleri ynansak, olar Ýehowa gulluk edip şatlanarlar (Nes 2:24).
Goý, siziň jogapkärli borjuňyz ýaş doganlara öwretmäge päsgel bermesin
2. Dürdäne pikirler
(10 min).
Nes 2:11. Süleýman patyşa agyr zähmet çekip köp gazanç etmek barada nähili öwüt-nesihat berdi? (w18.12 sah. 22, abz. 14)
Şu hepde okalýan aýatlardan nähili dürdäne pikirleri tapdyňyz?
3. Mukaddes Kitaby okamak
(4 min). Nes 1:1—18 (th sapak 11).
4. Gürrüňdeşlige başlaň
(2 min). MÜMKINÇILIKDEN PEÝDALANYP WAGYZ ETMEK. Adamy gyzyklandyrýan tema hakda gürrüň ediň we ýene-de görüşmek üçin bir gün belleşiň (lmd sapak 3, abz. 5).
5. Gürrüňdeşlige başlaň
(2 min). KÖPÇÜLIK ÝERLERINDE WAGYZ ETMEK. «Adamlary söýüň» broşýuranyň «Biziň wagyz edýän habarymyz» diýen A goşmaça maglumatyndaky temalaryň birine esaslanyp gürrüňdeş boluň (lmd sapak 2, abz. 3).
6. Gaýtadan ideg ediň
(2 min). MÜMKINÇILIKDEN PEÝDALANYP WAGYZ ETMEK. Gürrüňdeş bolan adamyňyzyň beren soragyna jogap beriň (lmd sapak 9, abz. 5).
7. Şägirt taýýarlaň
(5 min). KÖPÇÜLIK ÝERLERINDE WAGYZ ETMEK. Mukaddes Kitap okuwynyň nädip geçirilýändigini görkeziň we okuw geçmek üçin amatly wagty belleşiň (lmd sapak 10, abz. 3).
84-nji aýdym
8. Tälim bermegiň üç wajyp usuly
(15 min). Söhbetdeşlik.
Dogan-uýalary ýürekden söýsek, Ýehowanyň beren mirasyny nesilden-nesle geçireris
Mukaddes Kitabyň sahypalarynda tälim beren ençeme hudaýhon adamlar hakda aýdylýar. Meselem, Şamuwel pygamber Şawula, Ylýas pygamber Alyşa, Isa pygamber şägirtlerine, Pawlus resul bolsa Timoteosa tälim berdi. Emma Ýehowa Hudaýa taý geljek mugallym ýokdur. Siz olaryň göreldesine nädip eýerip bilersiňiz?
«Beýik mugallym Ýehowanyň göreldesine eýereliň (Ýah 5:20)» (parça) diýen WIDEONY görkeziň. Soňra şu soragy beriň:
Beýik mugallym Ýehowanyň adamlara tälim berşinden näme öwrendiňiz?
9. Mukaddes Kitaby öwreneliň
(30 min). lfb sapak 20 we 21