Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwb25 Sentýabr sah. 8—9
  • 29 sentýabr—5 oktýabr

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • 29 sentýabr—5 oktýabr
  • Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2025
Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2025
mwb25 Sentýabr sah. 8—9

29 SENTÝABR—5 OKTÝABR

NESIHAT 3, 4

93-nji aýdym we doga | Giriş sözler (1 min).

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR

Är-aýal ýylgyryp Mukaddes Kitaby okaýar.

Bile wagt geçiriň we Mukaddes Kitaby okaň

1. Maşgalaňyz üç örüm ýüp ýaly berk bolsun

(10 min).

Ýanýoldaşyňyz bilen gürrüňdeş bolmak üçin wagt tapyň (Nes 3:1; hf bölüm 2, sözbaşy 1).

Hojalygyň işlerini bilelikde ediň (Nes 4:9; w23.05 sah. 23, 24, abz. 12—14).

Imanyňyz gowşamaz ýaly Ýehowa bil baglaň (Nes 4:12; w23.05 sah. 20, abz. 3).


ÖZÜŇIZE ŞEÝLE SORAG BERIŇ: Dynç alyş ýa-da iş sebäpli ýanýoldaşymdan aýra ýaşamaly bolsam, bu bize nähili täsir eder?

2. Dürdäne pikirler

(10 min).

  • Nes 3:7. Göwnümize degenlerinde näme etmeli? (w24.11 sah. 6, abz. 11).

  • Şu hepde okalýan aýatlardan nähili dürdäne pikirleri tapdyňyz?

3. Mukaddes Kitaby okamak

(4 min). Nes 4:1—16 (th sapak 2).

WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ

4. Gürrüňdeşlige başlaň

(3 min). ÖÝDEN-ÖÝE WAGYZ ETMEK. 2025-nji ýylyň «Garawul diňi» žurnalynyň No. 1 sanyna esaslanyp gürrüňdeşlige başlaň. Emma adamy gyzyklandyrýan tema görä teklibiňizi üýtgediň (lmd sapak 2, abz. 5).

5. Gaýtadan ideg ediň

(4 min). MÜMKINÇILIKDEN PEÝDALANYP WAGYZ ETMEK. 2025-nji ýylyň «Garawul diňi» žurnalynyň No. 1 sanynyň elektron görnüşini alan adama okuw geçmegi teklip ediň (lmd sapak 9, abz. 4).

6. Nutuk

(5 min). lmd goşmaça maglumat A, bölüm 12. Tema: «Allatagala adalatsyzlyk etmeýär» (th sapak 19).

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

131-nji aýdym

7. Är-aýallar, düşünişmezlik dörände Ýehowanyň görkezmesine eýeriň

(15 min). Söhbetdeşlik.

Ýehowa her bir maşgala ojagynyň bagtly bolmagyny, är-aýalyň agzybir ýaşamagyny isleýär we olara gerekli maslahatlary berýär. Gynansak-da, käte är-aýalyň arasynda düşünişmezlik bolýar (1Kr 7:28). Ony derrew çözmeseňiz, ýüregiňize ýük bolar we mesele ula ýazyp, hiç haçan çözülmejek ýaly görner. Siz şeýle ýagdaý dörände näme edersiňiz?

«Hakyky söýgi näme?» diýen filmde är-aýalyň arasynda agzalalyk döreýär. Ýehowanyň niýetini, garaýşyny göz öňünde tutman karara gelende, kakasynyň gyzyna beren maslahaty ýadyňyzdamy?

«Hakyky söýgi näme?» (parça) diýen WIDEONY görkeziň. Soňra şu soragy beriň:

  •  Är-aýalyň arasynda düşünişmezlik dörände näme üçin olar Ýehowanyň görkezmesine eýermeli? (Işa 48:17; Mat 19:6).

Är-aýallar, eger siziň araňyzda düşünişmezlik dörän bolsa, Ýehowa doga ediň, ýygnak duşuşyklaryndan galmaň, Mukaddes Kitaby her gün okaň, şahsy okuwyny geçiriň we yhlasly wagyz ediň. Şeýle-de Mukaddes Kitabyň maslahatlaryna eýeriň, edebiýatlardan gözleg-barlag geçirip, düşünişmezligi derrew çözmäge jan ediň. Şonda Ýehowa sizi goldar we bol bereket berer (Nak 10:22; Işa 41:10).

«Şu dünýäniň parahatlygyna ynanmaň! Darel we Debora Freýsinger» atly wideodan surat. Debora uýa surata seredip otyr.

«Şu dünýäniň parahatlygyna ynanmaň! Darel we Debora Freýsinger» diýen WIDEONY görkeziň. Soňra şu soragy beriň:

  •  Är-aýalyň düşünişmezligi çözüşinden näme öwrendiňiz?

8. Mukaddes Kitaby öwreneliň

(30 min). lfb sapak 22, bölüm 5 we sapak 23

Jemleýji sözler (3 min) | 51-nji aýdym we doga

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş