Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwb25 Sentýabr sah. 12—13
  • 13—19 oktýabr

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • 13—19 oktýabr
  • Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2025
Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2025
mwb25 Sentýabr sah. 12—13

13—19 OKTÝABR

NESIHAT 7, 8

39-njy aýdym we doga | Giriş sözler (1 min).

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR

1. Ýas tutýanlara göwünlik bermek üçin näme etmeli?

(10 min).

Göwünlik bermek üçin wagt tapmaly (Nes 7:2; w17.07 sah. 14, abz. 12).

Aradan çykan adamyň ýagşy häsiýetlerini ýatlamaly (Nes 7:1; w19.06 sah. 23, abz. 15).

Hasrat çekýän adam bilen doga etmeli (w17.07 sah. 16, abz. 16).

Bir är-aýal aýaly aradan çykan doganyň halyndan habar almaga barýar. Dogan aýaly bilen düşen suratlaryny görkezip, ýagşy günlerini ýatlaýar.

UNUTMAŇ: Hasrat çekýän dogan-uýalaryň halyndan habar alyp duruň (w17.07 sah. 16, abz. 17—19).

2. Dürdäne pikirler

(10 min).

  • Nes 7:20—22. Şu aýatlara görä göwnüňe degen adam bilen özüňi nähili alyp barmaly? (w23.03 sah. 31, abz. 18).

  • Şu hepde okalýan aýatlardan nähili dürdäne pikirleri tapdyňyz?

3. Mukaddes Kitaby okamak

(4 min). Nes 8:1—13 (th sapak 10).

WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ

4. Gürrüňdeşlige başlaň

(2 min). KÖPÇÜLIK ÝERLERINDE WAGYZ ETMEK. Adamy gyzyklandyrjak temany saýlaň we gaýtadan idege gepleşiň (lmd sapak 2, abz. 4).

5. Gürrüňdeşlige başlaň

(2 min). MÜMKINÇILIKDEN PEÝDALANYP WAGYZ ETMEK (lmd sapak 2, abz. 3).

6. Gaýtadan ideg ediň

(2 min). ÖÝDEN-ÖÝE WAGYZ ETMEK. JW.ORG saýtyny görkeziň ýa-da salgysyny ýazyp beriň (lmd sapak 9, abz. 4).

7. Imanyňyz hakda gürrüň beriň

(5 min). Sahna (ijwfq 50). Tema: «Ýehowanyň Şaýatlary ölen adamy nädip jaýlaýar?» (th sapak 17).

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

151-nji aýdym

8. Aradan çykan adamlaryň direljekdigine iman ediň

(15 min). Söhbetdeşlik.

«Berk imanly gelin-gyzlaryň göreldesine eýeriň. Marta» atly wideodan surat. Marta bilen Merýem direlen Lazary gujak açyp garşy alýar.

Ýehowa ölen adamlary direltmegi wada berýär. Ýehowanyň beren wadasy, onuň hak Hudaýdygyny subut edýär. Ol güýçli, akyldar, rehimdar we söýgüden doly Hudaýdyr (Ýah 3:16).

Biz ölen adamlaryň direljekdigine iman etsek, her bir synaga döz gelip bileris (2Kr 4:16—18). Meselem, bizi yzarlanlarynda, kesellänimizde ýa-da dogan-garyndaşlarymyz aradan çykanda, gelejege bolan umyt bize rahatlyk we göwünlik berer (1Sl 4:13). Direlişe iman etmesek synaglarda berk durup bilmeris (1Kr 15:19). Geliň, aradan çykan dogan-garyndaşlarymyzyň direljekdigine iman edeliň!

Ýahýa 11:21—24-nji aýatlary okaň. Soňra şu soraglary beriň:

  •  Marta direlişe iman edýändigini nädip subut etdi?

  •  Marta direlişe iman edendigi üçin nähili sylag aldy? (Ýah 11:38—44).

«Berk imanly gelin-gyzlaryň göreldesine eýeriň. Marta» diýen WIDEONY görkeziň. Soňra şu soraglary beriň:

  •  Siz näme üçin direlişiň boljakdygyna ynanýarsyňyz?

  •  Ölen adamlaryň direljekdigine imanyňyz gowşamaz ýaly näme edip bilersiňiz?

9. Mukaddes Kitaby öwreneliň

(30 min). lfb sapak 26 we 27

Jemleýji sözler (3 min) | 124-nji aýdym we dog

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş