Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwb25 Sentýabr sah. 14—15
  • 20—26 oktýabr

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • 20—26 oktýabr
  • Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2025
Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2025
mwb25 Sentýabr sah. 14—15

20—26 OKTÝABR

NESIHAT 9, 10

30-njy aýdym we doga | Giriş sözler (1 min).

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR

1. Kynçylyklary ýeňmegi öwreniň

(10 min).

Kynçylyk dörände Ýehowany günäkärlemäň (Nes 9:11; w13 15/8 sah. 14, abz. 20, 21).

Şeýtanyň dünýäsinden gowulyga garaşmaň (Nes 10:7; w19.09 sah. 5, abz. 10).

Kynçylyklary ýeňiň, ýaşaýyşdan lezzet alyň (Nes 9:7, 10; w11 15/10 sah. 8, abz. 1, 2).

Bir zenan kenaryň boýunda durup, asmana syn edýär.

2. Dürdäne pikirler

(10 min).

  • Nes 10:12—14. Şu aýatlarda gybat babatda nähili duýduryş berilýär? (lv bap 12, abz. 11, 12).

  • Şu hepde okalýan aýatlardan nähili dürdäne pikirleri tapdyňyz?

3. Mukaddes Kitaby okamak

(4 min). Nes 10:1—20 (th sapak 11).

WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ

4. Gürrüňdeşlige başlaň

(3 min). KÖPÇÜLIK ÝERLERINDE WAGYZ ETMEK. Gaýgyly görünýän adam bilen gürrüňdeşlige başlaň (lmd sapak 3, abz. 4).

5. Gürrüňdeşlige başlaň

(4 min). MÜMKINÇILIKDEN PEÝDALANYP WAGYZ ETMEK. «Adamlary söýüň» broşýuranyň «Biziň wagyz edýän habarymyz» diýen A goşmaça maglumatyň esasynda ykdysadyýetiň pese düşýändigini alada edýän adam bilen gürrüňdeş boluň (lmd sapak 4, abz. 4).

6. Şägirt taýýarlaň

(5 min). lff sapak 17, esasy pikir, gaýtalamak we maksat goýuň (lmd sapak 12, abz. 3).

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

47-nji aýdym

7. Kynçylyk başyňyza düşende Ýehowa bil baglaň

(15 min). Söhbetdeşlik.

Biz her gün dürli kynçylyklara we synaglara duş gelýäris. Käte olar duýdansyz bolýar welin, näme edip, näme goýjagymyzy bilmeýäris. Şonda biz biynjalyk bolup: «Bulara döz gelip bilermikäm?» diýip ruhdan düşýäris. Bize kim kömek eder? Biz näme etmeli?

Biz kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolanymyzda, Ýehowanyň: «Sizi asuda zamanda ýaşadaryn» diýen wadasyny unutmaly däl (Işa 33:6). Ýehowa ýürekden bil baglasak, ol bize akyldarlyk we güýç-kuwwat berer (Nak 11:2). Hawa, kynçylykda adamyň ejizlemegi adaty zat. Şeýle ýagdaýda howlukmaç karara gelmäň, hem özüňiziň, hem maşgala agzalaryňyzyň aladasyny etmegi ýadyňyzdan çykarmaň (Nes 4:6).

Ýehowa dogan-uýalaryň biri-birini ruhlandyryp, biri-birine kömek etmegini isleýär. Emma biziň özümiz hem kömegi kabul etmäge taýyn bolmaly we kömek soramaga çekinmeli däl. Unutmaň, dogan-uýalar sizi ýürekden söýýär. Olaryň söýgüsi size güýç-kuwwat berer we durmuşdan lezzet alyp ýaşamaga kömek eder.

2 Korinfliler 4:7—9-njy aýatlary okaň. Soňra şu soragy beriň:

  •  Biz kynçylyga düşenimizde näme üçin ýygnak duşuşyklaryna barmaly, Mukaddes Kitaby okamaly we wagyz etmeli?

«Ýehowa ýüregi ýaraly adama ýakyndyr» atly wideodan surat. Är-aýal balasynyň aradan çykandygy sebäpli hasrat çekýär.

«Ýehowa ýüregi ýaraly adama ýakyndyr» diýen WIDEONY görkeziň. Soňra şu soraglary beriň:

  •  Ýehowa är-aýala nädip kömek edýär?

  •  Dogan-uýalar olara nädip kömek edýär?

  •  Siz är-aýalyň göreldesinden näme öwrendiňiz?

8. Mukaddes Kitaby öwreneliň

(30 min). lfb sapak 28, bölüm 6 we sapak 29

Jemleýji sözler (3 min) |  28-nji aýdym we doga

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş