19—25 ÝANWAR
IŞAÝA 24—27
159-njy aýdym we doga | Giriş sözler (1 min).
1. «Ine biziň Hudaýymyz!»
(10 min).
Ýehowa Hudaýa buýsanalyň (Işa 25:9; cl bap 1, abz. 21).
Ol gelejekde bereket ýagdyrar, näz-nygmaty bolluk bilen berer (Işa 25:6; w24.12 sah. 6, abz. 14).
Ol ebedi ýaşaýşy wada berýär (Işa 25:7, 8; w25.01 sah. 28, 29, abz. 11, 12).
ÖZÜŇIZE ŞEÝLE SORAG BERIŇ: «Men şu hepde Ýehowanyň wadalary barada kime gürrüň berip bilerin?»
2. Dürdäne pikirler
(10 min).
Işa 24:2. Şu aýada görä, Mukaddes Kitabyň täzeden seredilen görnüşiniň nähili aýratynlygy bar? (w15 15/12 sah. 17, abz. 1—3).
Şu hepde okalýan aýatlardan nähili dürdäne pikirleri tapdyňyz?
3. Mukaddes Kitaby okamak
(4 min). Işa 25:1—9 (th sapak 10).
4. Gürrüňdeşlige başlaň
(3 min). KÖPÇÜLIK ÝERLERINDE WAGYZ ETMEK. Adamy gyzyklandyrjak temany saýlaň. Mümkin bolsa, jw.org saýtynyň salgysyny beriň (lmd sapak 1, abz. 3).
5. Gaýtadan ideg ediň
(4 min). ÖÝDEN-ÖÝE WAGYZ ETMEK. «Adamlary söýüň» broşýuranyň A goşmaça maglumatynyň esasynda gürrüňdeş boluň (lmd sapak 9, abz. 4).
6. Imanyňyz hakda gürrüň beriň
(5 min). Sahna (ijwbq 160). Tema: «Isa pygambere näme üçin Hudaýyň Ogly diýilýär?» (th sapak 3).
144-nji aýdym
7. Saglyk bilen bagly gaýragoýulmasyz ýagdaýlar ýüze çykanda Ýehowa bil baglaň
(15 min). Söhbetdeşlik.
Ýehowa özüne «bütin ýüregi bilen bil baglaýanlary halas edýär» (Işaýa 26:3-i okaň). Biz bejergi almaly bolanymyzda, doganlaryň berýän görkezmesine eýersek, Ýehowa doly bil baglaýandygymyzy subut ederis.
«Saglyk bilen bagly ýagdaýlara taýýar boluň» diýen WIDEONY görkeziň. Soňra şu soraglary beriň:
Bejergi almaly bolanymyzda haýsy üç zady etmeli?
Bejergi almaly bolanymyzda haýsy resminamalarya okasak gowy bolar?
Keselhanalar bilen işleşýän komitete haçan ýüz tutmaly?
Ýehowanyň görkezmesine eýermegiň nähili peýdasy bar?
Işaýa 26:3-de Ýehowanyň «asuda hem parahat ýaşatjakdygy» aýdylýar. Elbetde, ol bizi keselçilikden, betbagtçylykdan goramaýar. Ýöne guramasy arkaly biziň aladamyzy edýär, göwünlik berýär we parahat ýaşadýar.
8. Mukaddes Kitaby öwreneliň
(30 min). lfb sapak 54, 55
Jemleýji sözler (3 min) | we doga
a «Göwreli eneler üçin maglumat» (S-401), «Operasiýa bolmaly ýa-da himiýaterapiýa almaly näsaglar üçin maglumat» (S-407), «Ene-atalar çagalaryny gan goýbermekden nädip gorap biler?» (S-55) diýen resminamalary ýygnak ýaşulularyndan alyp bilersiňiz.