-
Ýehowa Ýunusa sabyr etdiMukaddes Kitapdan sapaklarym
-
-
54-NJI SAPAK
Ýehowa Ýunusa sabyr etdi
Assiriýada Ninewiýa diýen şäher bardy. Ol ýeriň adamlary erbetdi. Ýehowa Ýunus pygamberi Ninewiýa iberýär. Ol adamlara Ýehowanyň habaryny aýtmalydy. Olar hem erbet işlerini goýmalydy. Ýöne Ýunus Ninewiýa däl-de, başga tarapa gidýär. Ol Tarşyşa gidýän gämä münýär.
Gämi ýüzüp barýarka, güýçli şemal bolýar. Gäminiň içindäkiler gaty gorkýarlar. Olaryň hersi öz hudaýyna dileg edip başlaýar. Olar: «Apy-tupan kim sebäpli bolýarka?» diýişýär. Ahyry Ýunus: «Men günäkär. Men sebäpli ýel bolýar. Ýehowany diňlemän gaçyp barýaryn. Meni deňze zyňsaňyz tupan ýatar» diýýär. Gämidäkileriň Ýunusy deňze zyňasy gelmeýär. Ýöne Ýunus gaýta-gaýta aýdansoň, ony deňze zyňdylar. Şemal şol bada ýatýar.
Ýunus gark bolup başlaýar. Ol ölerin öýdüp gorkup, Ýehowa doga edýär. Ýehowa bir uly balygy iberýär. Ol Ýunusy ýuwudýar, ýöne öldürmeýär. Ýunus balygyň içinde: «Ýehowa, men seniň hemişe aýdanyňy ederin» diýip doga edýär. Ýehowa hem Ýunusy halas edýär. Ýunus balygyň içinde üç gün ýatýar. Üç günden soň, balyk ony gury ýere çykarýar. Şeýdip, Ýunus diri galýar.
Ýehowa Ýunusy halas etdi. Indi ol Ninewiýa gitmese-de bolýarmy? Ýok. Ýehowa ony ýene-de Ninewiýa iberýär. Ýunus oňa gulak asyp gidýär. Ol erbet adamlara: «Ninewiýa şäheri 40 günden ýok bolar» diýýär. Şonda Ýunusyň garaşmadyk zady bolýar. Halk Ýunusy diňleýär. Olar erbet işlerini goýýarlar. Ninewiýanyň patyşasy: «Adamlar, Hudaýy çagyryň, toba ediň. Belki, ol bizi öldürmez» diýýär. Ýehowa halkyň düzelendigini görýär. Şonuň üçin hem Ninewiýa şäherini ýok etmeýär.
Ýunusyň muňa gahary gelýär. Ýadyňda bolsa, Ýehowa Ýunusa sabyrly bolup, ony halas edipdi. Ýöne Ýunus Ninewiýadaky adamlara gynanmady. Gaýtam ol öýkeläp, şäheriň daşyna çykyp gidýär we suwkädiniň aşagynda oturýar. Biraz wagtdan kädi guraýar. Ýunusyň ýene gahary gelýär. Ýehowa Ýunusa: «Sen Ninewiýadaky adamlara gynanman, suwkädä gynanýarsyň. Meniň bolsa adamlara ýüregim awaýar. Şonuň üçinem olary halas etdim» diýýär. Şu wakadan näme öwrenýäris? Ninewiýadaky adamlaryň jany ösümlikden has gymmatly.
«Ýehowa... siziň üçin sabyr edýär. Sebäbi ol hemmeleriň toba edip, halas bolmagyny isleýär» (2 Petrus 3:9).
-
-
Ýehowanyň perişdesi Hizkiýany goraýarMukaddes Kitapdan sapaklarym
-
-
55-NJI SAPAK
Ýehowanyň perişdesi Hizkiýany goraýar
Assiriýanyň patyşasy Sanherip on taýpaly Ysraýyl patyşalygyny basyp aldy. Indi ol iki taýpaly Ýahuda patyşalygyny hem basyp aljak bolýar. Şonuň üçin Ýahudanyň şäherlerine ýeke-ýekeden çozup başlaýar. Sanherip hasam Iýerusalim şäherini basyp almak isleýärdi. Ýöne Iýerusalimi Ýehowa goraýardy. Sanherip ony bilmeýärdi.
Ýahudanyň patyşasy Hizkiýa Iýerusalimi gorajak bolýardy. Ol Sanherip patyşa köp pul berýär. Sanherip patyşa pul alsa-da, Iýerusalime çozýar. Olaryň üstüne uly goşunyny iberýär. Güýçli goşun Iýerusalime ýetip gelýärdi. Adamlar gaty gorkýardy. Ýöne Hizkiýa patyşa halka: «Assiriýalylar güýçli bolsa-da gorkmaň. Ýehowa bizi olardan hem güýçli eder» diýýär.
Sanherip patyşa baş şerapçyny Iýerusalime iberýär. Şol döwürde baş şerapça Rabşak diýilýärdi. Ol baryp halkyň üstünden gülmelidi. Rabşak Iýerusalim şäheriniň daşynda durup: «Ýehowa kömek edip bilmez. Hizkiýa ynanmaň. Sizi halas etmäge hiç kimiň güýji ýetmez» diýýär.
Hizkiýa näme etjegini bilmän, Ýehowadan kömek soraýar. Ýehowa oňa: «Rabşagyň aýdanlaryna üns berme, ondan gorkma. Sanherip Iýerusalimi basyp almaz» diýýär. Soňra Sanherip patyşa Hizkiýa hat ýazýar. Ol: «Bize boýun egiň. Ýehowa sizi gorap bilmez» diýýär. Hizkiýa: «Ýehowa, ýalbarýaryn, bizi gora. Goý, hemmeler seniň hak Hudaýdygyňy bilsin» diýip dileg edýär. Ýehowa: «Assiriýanyň patyşasy Iýerusalime girmez. Men şäheri goraryn» diýip jogap berýär.
Sanherip patyşanyň goşuny şäheri gabaýar. Ol Iýerusalimi basyp alaryn öýdýärdi. Ýöne bir gün agşam Ýehowa perişdesini iberýär. Bir perişde 185 000 esgeri öldürýär. Sanherip patyşanyň güýçli esgerleri ölýär. Onuň indi güýçli goşuny ýok. Ýeke özi hem hiç zat edip bilmeýär. Şonuň üçin öýüne gidýär. Ýehowa söz berişi ýaly, Hizkiýany we Iýerusalim şäherini goraýar. Şol wagt senem Iýerusalimde bolan bolsaň, näme ederdiň? Ýehowanyň gorajagyna ynanardyňmy?
«Ýehowanyň perişdesi hudaýhonlary goraýar, olary halas edýär» (Zebur 34:7).
-