Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwb26 Ýanwar sah. 12—13
  • 16—22 fewral

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • 16—22 fewral
  • Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2026
Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2026
mwb26 Ýanwar sah. 12—13

16—22 FEWRAL

IŞAÝA 36, 37

150-nji aýdym we doga | Giriş sözler (1 min).

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR

1. Duşmanlaryň «sözlerinden gorkmaň»

(10 min).

Assiriýanyň baş şerapçysy Ýehowanyň halkyny kemsitdi (Işa 36:1, 2; it «Hizkiýa»).

Ol halkyň gözüniň oduny aljak boldy (Işa 36:8; ip-1 bap 29, abz. 10).

Ol Ýehowa bil baglaýan adamlaryň üstünden güldi (Işa 36:7, 18—20; ip-1 bap 29, abz. 13, 14).

Baş şerapçy söweş arabasynda durup, Ysraýyl esgerlerini kemsidýär. Esgerler ony diňläp durlar.

Ýehowanyň halky duşmanlaryň atýan haýbatyndan gorkmaly däl (Işa 37:6, 7)

MAŞGALA OKUWY ÜÇIN MASLAHAT: «Eý Ýehowa... men saňa bil baglaýaryn» atly WIDEONY görüň. Soňra halan pikirleriňizi gürrüň beriň.

2. Dürdäne pikirler

(10 min).

  • Işa 37:29. Ýehowa haýsy manyda Sanheribiň agzyna agyzzyryk geýdirdi? (it «Agyzzyryk»).

  • Şu hepde okalýan aýatlardan nähili dürdäne pikirleri tapdyňyz?

3. Mukaddes Kitaby okamak

(4 min). Işa 37:14—23 (th sapak 2).

WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ

4. Gürrüňdeşlige başlaň

(3 min). ÖÝDEN-ÖÝE WAGYZ ETMEK. «Adamlary söýüň» broşýuranyň A goşmaça maglumatyna esaslanyp wagyz ediň (lmd sapak 1, abz. 4).

5. Gürrüňdeşlige başlaň

(4 min). MÜMKINÇILIKDEN PEÝDALANYP WAGYZ ETMEK (lmd sapak 3, abz. 5).

6. Imanyňyz hakda gürrüň beriň

(5 min). Sahna (ijwbq 110, abz. 1—4). Tema: «Suwa çümdürilmek näme?» (th sapak 17).

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

118-nji aýdym

7. «Sen nämä daýanýarsyň?»

(15 min). Söhbetdeşlik.

Hudaýa iman edip, Mukaddes Kitaba görä ýaşaýandygyňyz we Ýehowanyň Şaýady bolandygyňyz üçin üstüňizden gülüp ýaňsyladylarmy? Şonda näme diýip, näme goýjagyňyzy bilmän aljyran bolsaňyz gerek. Belki-de, saýlan ýoluňyzyň, gelen kararyňyzyň dogrudygyna şübhelenensiňiz? Şeýle ýagdaýa nädip öňünden taýýarlyk görüp bileris?

Işaýa 36:4-i okaň. Soňra şu soragy beriň:

  •  Biz näme üçin Hudaýa ýürekden iman etmeli?

«Ýetginjeklik ýyllarym. Allatagalanyň bardygyna ynansa bolýarmy?» diýen WIDEONY görkeziň. Soňra şu soraglary beriň:

  •  Elibaldo bilen Kristal Ýehowa berk iman etmek üçin näme etdi?

  •  Hak Hudaýyň bardygyny nädip subut edip bilersiňiz?

  •  Mukaddes Kitapdaky haýsy aýatlar... subut edýär?

    Ýehowanyň sizi söýýändigini...

    Ýehowanyň size kömek edýändigini...

    Ýehowanyň Şaýatlarynyň Hudaýyň halkydygyny...

Mugallymyň elinde süýri kelleçanak bar. Okuwçylaryň köpüsi jogap bermek üçin elini galdyrýar. Dogan bolsa kelleçanaga seredip oýlanyp otyr.

Meniň şu temalar babatda gözleg geçiresim gelýär:

Hudaýa ýürekden iman etmek üçin ýene näme etmeli?

8. Mukaddes Kitaby öwreneliň

(30 min). lfb sapak 62, 63

Jemleýji sözler (3 min) | 9-njy aýdym we doga

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş