23—29 MART
IŞAÝA 48, 49
89-njy aýdym we doga | Giriş sözler (1 min).
1. Ýehowanyň öwüt-ündewine gulak asalyň
(10 min).
Ýehowa halkyna tälim berýär (Işa 48:17; lff sapak 35, abz. 1).
Ýehowanyň tabşyryklaryny ünsi diňläň (Işa 48:18a; ijwbq 44, abz. 2, 3).
Şonda «parahatlygyňyz derýa kimin, dogruçyllygyňyz deňiz tolkunlary kimin bolar» (Işa 48:18b; lv bap 17, abz. 8).
DÜŞÜNDIRILIŞ: «Parahatlyk» diýen ýewreý sözi saglygy, howpsuzlygy, güýji, dostlugy we bir işi doly berjaý etmegi aňladýar.
2. Dürdäne pikirler
(10 min).
Işa 48:17, 18. Biz näme üçin ýüregimizi diňlemeli däl-de, Ýehowa gulak asmaly? (w25.02 sah. 17, abz. 12).
Şu hepde okalýan aýatlardan nähili dürdäne pikirleri tapdyňyz?
3. Mukaddes Kitaby okamak
(4 min). Işa 48:9—20 (th sapak 11).
4. Gürrüňdeşlige başlaň
(3 min). MÜMKINÇILIKDEN PEÝDALANYP WAGYZ ETMEK. Wagyz etmeýän wagyzçy bolan garyndaşyňyzy ýörite nutuga we Ýatlama agşamyna çagyryň (lmd sapak 5, abz. 3).
5. Gaýtadan ideg ediň
(4 min). MÜMKINÇILIKDEN PEÝDALANYP WAGYZ ETMEK. Ýatlama agşamyna barmak isleýän adam çäräniň nähili geçirilýändigi barada soraýar. Siz oňa düşündiriň (lmd sapak 9, abz. 3).
6. Gaýtadan ideg ediň
(5 min). MÜMKINÇILIKDEN PEÝDALANYP WAGYZ ETMEK. Ýatlama agşamy geçenden soňra, oňa gatnaşan adamda soraglar döreýär. Onuň soraglaryna jogap beriň (lmd sapak 8, abz. 3).
107-nji aýdym
7. Ýylda bir gün — iň wajyp gün
(15 min). Söhbetdeşlik.
Ýatlama agşamy ýylda bir gezek geçirilýär. Şol gün Isa pygamberiň beren tabşyrygyna eýerýäris we Ýehowanyň gymmatly sowgadyna minnetdarlyk bildirýäris (Luk 22:19). Ýatlama agşamy Ýehowanyň we Ogly Isanyň bizi ýürekden söýýändigini ýatladýar (Gal 2:20; 1Ýh 4:9, 10). Ýatlama agşamy durmuşymyza täsir eder ýaly näme etmeli? Mukaddes Kitapdan okuw geçýän adama nädip kömek edip bileris?
Ýatlama agşamy döwri okalýan aýatlary meýilnama boýunça okaň.
Töleg gurbany hakda oýlanyň we minnetdarlygyňyzy iş ýüzünde görkeziň.
Tanyş-bilişleriňize, dogan-garyndaşlaryňyza ýörite nutuk we Ýatlama agşamy hakda gürrüň beriň.
Ýatlama agşamyna gelenleri gujak açyp garşylaň we olaryň ýanynda oturyň.
Ýatlama agşamyna gelen adamyň soraglaryna jogap beriň.
Ýygnakdan çykarylanlar ýa-da wagyz etmeýän wagyzçylar Ýatlama agşamyna gelende, ýaşuly doganlar olary mähirli garşylasynlar.
«Isa „ýiten adamlary gözläp tapmaga we olary halas etmäge geldi“» diýen WIDEONY görkeziň. Soňra şu soragy beriň:
Siz Ýatlama agşamyna gelenleri nädip mähirli garşylap bilersiňiz?
8. Mukaddes Kitaby okamak
(30 min). lfb sapak 72, 73