27 APREL—3 MAÝ
IŞAÝA 56, 57
12-nji aýdym we doga | Giriş sözler (1 min).
1. Ýehowa Hudaýa sežde edýänler bagtlydyr
(10 min).
Buta sežde edýän adamyň dadyna ýetişen bolmaz (Işa 57:13; ip-2 bap 18, abz. 14—16).
Ýehowany tanamaýan adam dawaçyl we dargursak bolýar (Işa 57:20; w18.06 sah. 7, abz. 16).
Erbetlik edýän adamyň kalby rahatlyk tapmaz (Işa 57:21).
ÖZÜŇIZE ŞEÝLE SORAG BERIŇ: «Men Ýehowa bilen dostlaşanymdan soň özümi bagtly duýýarynmy?»
2. Dürdäne pikirler
(10 min).
Işa 56:6, 7. Şu aýatdaky pygamberlik nädip berjaý bolýar? (w07 15/1 sah. 10, abz. 3; w06 1/11 sah. 27, abz. 1).
Şu hepde okalýan aýatlardan nähili dürdäne pikirleri tapdyňyz?
3. Mukaddes Kitaby okamak
(4 min). Işa 56:4—12 (th sapak 5).
4. Gürrüňdeşlige başlaň
(3 min). MÜMKINÇILIKDEN PEÝDALANYP WAGYZ ETMEK. Ýygnakda halan pikiriňizi adama gürrüň beriň (lmd sapak 2, abz. 4).
5. Imanyňyz hakda gürrüň beriň
(5 min). Nutuk (ijwbq 90). Tema: «Dini guramanyň agzasy bolmak hökmanmy?» (th sapak 16).
6. Şägirt taýýarlaň
(4 min). lff sapak 19, abz. 4 (lmd sapak 11, abz. 3).
58-nji aýdym
7. Ýehowany hemişe şöhratlandyryň
(15 min). Söhbetdeşlik.
Adamlaryň maslahat salara geňeşçisi ýok, durmuşynda many we ýagty gelejege umydy ýok. Olar şonda-da hoş habary diňlemeýär. Sebäbi köp adamlar Mukaddes Kitabyň durmuşyny üýtgedip, janyna şypa berjegini bilmeýär. Adamlar bizi diňlemeseler, ruhdan düşmäliň, sebäbi durmuşda käte aşakda getirilen ýagdaýlar ýüze çykýar (Nes 11:6).
Göçhä-göçlük. Adamlar jaýyny satýar ýa-da täze goňşular göçüp gelýär.
Başga adam bilen gürrüňdeşlik. Belki, indiki sapar gapyny öý eýesi däl-de, garry ene-atasy, ýaşy ýeten ogul-gyzy ýa-da öýe gelen myhman açar.
Durmuş üýtgeýär. Käbir adamlaryň durmuşy göz açyp-ýumasy salymda üýtgeýär ýa-da pajygaly ýagdaýa duş gelýär (1Tm 1:13). Şeýle agyr günlerde her bir adam hoş sözlere mätäç bolýar.
Yhlasly bolsak, Ýehowa bolan söýgimiz şöhle saçar. Biz yhlasly wagyz etsek, Ýehowany söýýändigimizi subut ederis (Luk 6:45; 1Ýh 5:3).
«Ýehowa „hiç kimden uzakda däldir“» diýen WIDEONY görkeziň. Soňra şu soragy beriň:
Wagyzda yhlasly bolmaga näme kömek edýär?
8. Mukaddes Kitaby öwreneliň
(30 min). lfb sapak 80, 81