-
Isa 12 şägirdini saýlaýarMukaddes Kitapdan sapaklarym
-
-
80-NJI SAPAK
Isa 12 şägirdini saýlaýar
Isanyň wagyz edip başlanyna bir ýarym ýyl boldy. Indi oňa kömekçi gerekdi. Isa ýygnagyň aladasyny edip biljek adamlary saýlamak isleýärdi. Ol Ýehowadan kömek soramak üçin daga gidýär. Uzak gije doga edýär. Ertesi irden şägirtleriniň käbirini ýanyna çagyrýar. Şeýdip, Isa 12 şägirdini saýlaýar. Olara resullar diýilýär. Olar Petrus, Andreas, Ýakup, Ýahýa, Filipus, Bartolomeý, Tomas, Matta, Alfeýiň ogly Ýakup, Taddewus, Simun we Iuda Iskariýot.
Andreas, Petrus, Filipus, Ýakup
Isa bilen 12 şägirt hem wagyz etmäge gidýär. Isa köp zatlary öwredensoň, şägirtlerini wagyz etmäge iberýär. Ýehowanyň güýji bilen şägirtler keselleri sagaldýar we adamlaryň içinden jynlary çykarýar.
Ýahýa, Matta, Bartolomeý, Tomas
Isa 12 şägirdine dostlarym diýýärdi. Olara köp zat ynanýardy. Fariseýler şägirtleri kemsidýärdi. Olary hiç zat bilmeýän, ýönekeý adam hasaplaýardy. Ýöne Isa şägirtlerine nirede we nädip wagyz etmelidigini öwretdi. Olar Isanyň hemişe ýanynda boldular. Ony ölýänçä-de, direlensoň hem goldadylar. Isa ýaly şägirtleriň hem köpüsi Jelilede ýaşaýardy. Olaryň käbiri öýlenendi.
Alfeýiň ogly Ýakup, Iuda Iskariýot, Taddewus, Simun
Şägirtler köp ýalňyşýardy. Käte olar pikirlenmän gepleýärdi ýa-da ýalňyş iş edýärdi. Käwagt bolsa sabyrly bolmaýardy. Hatda: «Men uly-da, men uly» diýip dawalaşýardylar. Ýöne şägirtler gowy adamdy. Olar Ýehowany ýürekden söýýärdi. Şägirtler Isa ölensoň, köp işleri etdiler. Ýygnaklary döretdiler, olaryň aladasyny etdiler.
«Men size dostlarym diýýärin, sebäbi Atamdan eşidenlerimiň ählisini size aýtdym» (Ýahýa 15:15).
-
-
Isanyň Dagdaky wagzyMukaddes Kitapdan sapaklarym
-
-
81-NJI SAPAK
Isanyň Dagdaky wagzy
Isa 12 şägirdini saýlandan soň, dagdan düşýär. Dagyň etegi adamdan doludy. Olar Jelileden, Ýahudadan, Tirden, Sidondan, Siriýadan we Iordan derýasynyň beýleki tarapyndan gelipdirler. Olaryň arasynda her dürli keselli we içine jyn giren adamlar bardy. Isa olaryň ählisini sagaltdy. Soňra dagyň eteginde oturdy. Olara Hudaý bilen dostlaşmak üçin näme etmelidigini öwretdi. Biz hem Ýehowa bilen dostlaşmaly we Ony söýmegi öwrenmeli. Ýöne biz adamlary söýmesek, Hudaýy söýüp bilmeris. Şonuň üçin ähli adamlar, hatda duşmanlarymyz bilen hem mähirli gepleşmeli. Hemmeleri deň görmeli.
Isa şeýle diýdi: «Diňe dostlaryňyzy söýmäň. Size ýamanlyk edýän adamlary hem söýüň. Adamlary ýürekden bagyşlaň. Eger biri göwnüňize degse, onuň bilen derrew ýaraşyň. Özüňize näme etmeklerini isleseňiz, başgalara-da şony ediň».
Isa başga-da gowy zatlary öwretdi. Ol adamlara şeýle diýdi: «Köp pul gazanjak bolmaň. Ýehowa bilen dost boluň. Ogrular puluňy ogurlap bilýär. Ýöne Ýehowa bilen dostlugyňy hiç kim bozup bilmeýär. Näme iýerin, näme içerin, näme geýerin diýip alada etmäň. Guşlara serediň, Hudaý olara her gün iýmäge zat berýär. Alada edip kynçylygy çözüp bolmaýar. Ýehowa size nämäniň gerekdigini gowy bilýär».
Adamlar Isanyň öwredişine haýran galdylar. Dini ýolbaşçylar olara gowy zatlary öwretmeýärdi. Isa adamlara Ýehowadan öwrenen zatlaryny gürrüň berýärdi. Şonuň üçin hem ökde mugallymdy.
«Men ýumşak we pesgöwünlidirin, meniň boýuntyrygymy dakynyň, menden görelde alyň, şonda janyňyz rahatlyk tapar» (Matta 11:29).
-