ÖWRENILÝÄN MAKALA 10
Ýehowa bolan söýgi suwa çümdürilmäge höweslendirýär
«Maňa suwa çümdürilmäge näme päsgel berýär?» (Res. 8:36).
37-NJI AÝDYM Ýehowa ýürekden gulluk ediň
MAZMUNYa
1, 2. Resullar 8:27—31, 35—38-nji aýatlara görä, efiopiýaly weziri suwa çümdürilmäge näme höweslendirdi?
SIZ suwa çümdürilip, Isa Mesihiň şägirdi bolmak isleýärsiňizmi? Hudaýy söýýän we minnetdar bolýan adamlar suwa çümdürilip aýgytly ädim ätdiler. Geliň, Efiopiýanyň aýal patyşasynyň weziri bilen bolan wakany bileliň.
2 Efiopiýaly wezir Mukaddes Kitaba düşünen badyna suwa çümdürildi (Resullar 8:27—31, 35—38-nji aýatlary okaň). Ony suwa çümdürilmäge näme höweslendirdi? Ol Hudaýyň Sözüni gymmat saýýardy. Wezir arabada barýarka, Işaýa pygamberiň kitabyny okap otyrdy. Şonda Filipus weziriň ýanyna gelip, Isa pygamberiň eden işlerini düşündirdi; weziriň kalby minnetdarlykdan doldy. Aslynda, wezir näme üçin Iýerusalime bardyka? Sebäbi ol Ýehowany ýürekden söýýärdi. Muny biz nireden bilýäris? Wezir Ýehowa sežde etmek üçin Iýerusalime barypdy. Ol çagalykdan uýýan dinini goýup, özüni hak Hudaýa bagyş eden halka goşulypdy. Onuň Ýehowa bolan söýgüsi ýene bir aýgytly ädim ätmäge, ýagny suwa çümdürilip, Isanyň şägirdi bolmaga höweslendirdi (Mat. 28:19).
3. Size suwa çümdürilmäge näme päsgel berip biler? («Siziň ýüregiňiz nähili?» diýen çarçuwa serediň).
3 Ýehowa bolan söýgi sizi-de suwa çümdürilmäge höweslendirer. Ýöne söýgi şeýle aýgytly ädimi ätmäge päsgel hem berip biler. Nädip? Geliň, käbir ýagdaýlar hakda oýlanyp göreliň. Siz Ýehowa iman etmeýän dogan-garyndaşlaryňyzy we dost-ýarlaryňyzy şeýle bir söýýärsiňiz welin, olar ýigrener öýdüp, suwa çümdürilmäge ýaýdanýansyňyz (Mat. 10:37). Ýa-da Hudaýyň ýigrenýän işlerini gowy görýänsiňiz, şonuň üçin erbet endikleri goýmak kyn bolýandyr (Zeb. 97:10). Belki-de, siz däp-dessurlary we ýalan dini baýramçylyklary belleýän maşgalada önüp-ösensiňiz. Şol sebäpli sizde baýramçylyklar bilen bagly ýakymly ýatlamalar galandyr. Netijede, size Ýehowanyň ýigrenýän däp-dessurlaryna eýermezlik kyn düşýändir (1 Kor. 10:20, 21). Şonuň üçin: «Men nämäni we kimi has köp söýýärin?» diýen sorag hakda oýlansaňyz gowy bolar.
KIMI HAS KÖP SÖÝMELI?
4. Sizi suwa çümdürilmäge, esasanam, näme höweslendirer?
4 Siziň halaýan we gymmat saýýan zatlaryňyz köpdür. Meselem, siz Ýehowanyň Şaýatlary bilen okuw geçip başlamankaňyz, Alla we onuň edýän ýagşylyklary hakda diňlemegi gowy görensiňiz. Indi siz Ýehowanyň Şaýatlaryny tanaýarsyňyz we olar bilen gürrüňdeş bolmagy halaýarsyňyz. Ýöne özüňi Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürilmek üçin, şeýle zatlary gowy görmek ýeterlikli däl. Suwa çümdürilmäge, esasanam, Ýehowa Hudaýa bolan söýgi höweslendirmeli. Eger Ýehowany ähli zatdan köp söýseňiz, siz hiç kime we hiç zada Hudaýa gulluk etmäge päsgel berdirmersiňiz. Siziň Ýehowa bolan söýgiňiz suwa çümdürilmäge we soňuna çenli wepaly galmaga kömek eder.
5. Şu makalada näme hakda bileris?
5 Isa Ýehowany bütin ýüregimiz, janymyz, aň-düşünjämiz we güýjümiz bilen söýmelidigimizi aýtdy (Mar. 12:30). Ýehowany ýürekden söýmek we hormat goýmak üçin näme etmeli? Ýehowanyň bizi söýýändigi barada oýlansak, biziň hem oňa bolan söýgimiz artar (1 Ýah. 4:19). Şu makalada Ýehowany ýürekden söýmäge we suwa çümdürilmäge nämeleriň kömek etjekdigi hakda bilerisb.
6. Rimliler 1:20-ä görä, Ýehowany gowy tanamagyň bir ýoly haýsy?
6 Ýehowany ýaradan zatlaryndan tanaň (Rimliler 1:20-ni okaň; Ylh. 4:11). Ýehowanyň ýaradan ösümlikleri we haýwanlary barada oýlanyň. Ýaradylan zatlar Hudaýyň örän akyldardygyny subut edýär. Täsin ýaradylan ynsan bedeni barada oýlanyp görüň (Zeb. 139:14). Ýehowa Günüň içine ägirt uly güýji jemledi. Ýöne oýlanyp görüň, älem-jahanda Gün ýaly milliardlarça ýyldyzlar barc (Işa. 40:26). Ýaradylan zatlar hakda oýlansaňyz, Ýehowa has-da hormat goýarsyňyz. Ýehowanyň akyldar we gudratly Hudaýdygyny bilmeklik, onuň bilen dostlaşmagyň başlangyjydyr. Ýehowany ýürekden söýmek üçin, ony has gowy tanamaly.
7. Ýehowany ýürekden söýmek üçin nämä ynanmaly?
7 Ýehowa siziň her biriňiziň aladaňyzy edýär. Ýeri we gögi ýaradan Allanyň size üns berýändigine we aladaňyzy edýändigine ynanmak kyn bolýarmy? Eger şeýle bolsa, Ýehowanyň «hiç kimden uzakda däldigini» unutmaň (Res. 17:26—28). Hudaý «ýürekleri barlaýar» we ony «agtarsaň, hökman tapyp» bolýar (1 Tar. 28:9). Siziň Mukaddes Kitapdan okuw geçmegiňiziň özi, Ýehowanyň sizi «kabul edendigini» görkezýär (Ýer. 31:3). Ýehowanyň siziň üçin eden ýagşylyklarynyň gadyryny näçe köp bilseňiz, şonça-da oňa bolan söýgiňiz artar.
8. Ýehowanyň söýgüsine nädip jogap bermeli?
8 Ýehowanyň söýgüsine jogap bermegiň bir usuly: doga edip, onuň bilen gepleşmek. Haçan-da siz Hudaýa doga edip ýüregiňizi dökseňiz we size edýän ýagşylyklary üçin minnetdar bolsaňyz, oňa bolan söýgiňiz artar. Allanyň doga-dilegiňize jogap berýändigini görseňiz, oňa hasam ýakynlaşarsyňyz (Zeb. 116:1). Ýehowanyň size düşünýändigine göz ýetirersiňiz. Ýöne Ýehowa bilen ýakyndan dostlaşmak üçin, onuň söýýän we ýigrenýän zatlaryny bilmeli. Şeýle-de onuň sizden nämä garaşýandygyna düşünmeli. Muny etmegiň iň gowy ýoly, Ýehowanyň Sözi bolan Mukaddes Kitaby öwrenmekdir.
Hudaý bilen dostlaşmagyň we biz babatdaky niýetine düşünmegiň iň gowy ýoly Mukaddes Kitaby okamak (9-njy abzasa serediň)d
9. Siz Mukaddes Kitaby gymmat saýýandygyňyzy nädip görkezip bilersiňiz?
9 Hudaýyň Sözi bolan Mukaddes Kitaby gymmat saýyň. Diňe Mukaddes Kitapda Ýehowa barada hakykat ýazylan. Şeýle-de onda Hudaýyň siz babatdaky niýeti hem bar. Siz Hudaýyň Sözüni her gün okap, Mukaddes Kitapdan geçýän okuwyňyza gowy taýýarlanyp, öwrenen zatlaryňyzy durmuşyňyzda ulansaňyz, Hudaýyň Sözüni gymmat saýýandygyňyzy görkezersiňiz (Zeb. 119:97, 99; Ýah. 17:17). Mukaddes Kitaby okamak üçin gün tertibini düzdüňizmi? Mukaddes Kitaby gün tertibiňize görä okaýarsyňyzmy?
10. Mukaddes Kitabyň esasy aýratynlygy näme?
10 Mukaddes Kitabyň esasy aýratynlygynyň biri: onda Isa pygamberi gözi bilen gören adamlaryň aýdan wakalary ýazylan. Ol Isanyň biziň üçin nämeler edendigi hakda anyk maglumatlary berýän ýeke-täk kitapdyr. Siz Isa pygamberiň aýdan we eden işlerini bilseňiz, onuň bilen dost bolmak islärsiňiz.
11. Ýehowany söýmek üçin näme etmeli?
11 Isa pygamberi gowy görseňiz, Ýehowa bolan söýgiňiz artar. Näme üçin? Sebäbi Isa Atasynyň ajaýyp häsiýetlerine kämil derejede eýerýärdi (Ýah. 14:9). Siz Isa pygamber barada näçe köp bilseňiz, şonça-da Ýehowanyň pikirine, garaýşyna düşünersiňiz we Ony ýürekden söýersiňiz. Isanyň garyp, syrkaw, ejiz we äsgerilmeýän adamlara rehimdarlyk edişi hakda oýlanyp görüň. Sizem Isanyň maslahatlaryna eýerip, has-da bagtly ýaşaýandygyňyza göz ýetirensiňiz (Mat. 5:1—11; 7:24—27).
12. Isanyň eden işleri sizi näme etmäge höweslendirer?
12 Siziň günäleriňiz üçin, Isanyň beren töleg gurbanyny gymmat saýsaňyz, oňa bolan söýgiňiz has-da artar (Mat. 20:28). Isanyň meýletinlik bilen şirin janyny siziň üçin gurban berendigine düşünseňiz, toba edip, günäleriňiziň bagyşlanmagy üçin Ýehowa doga edersiňiz (Res. 3:19, 20; 1 Ýah. 1:9). Siz Isany we Ýehowany ýürekden söýseňiz, olary söýýän adamlar bilen dostlaşmak islärsiňiz.
13. Ýehowa sizi nädip goldar?
13 Ýehowanyň maşgalasyny söýüň. Siziň dogan-garyndaşlaryňyz we dostlaryňyz özüňizi Ýehowa bagyş etmek isleýändigiňize düşünýän däldir, hatda garşy çykýandyr. Ýehowa sizi öz maşgalasyna kabul edip, dogan-uýalar arkaly goldar. Eger siz Ýehowanyň maşgalasynyň arasynda bolsaňyz, olar söýgi bilen kömek ederler (Mar. 10:29, 30; Ýew. 10:24, 25). Wagtyň geçmegi bilen, belki-de, dogan-garyndaşlaryňyz hem Ýehowanyň islegine görä ýaşap, siziň bilen bile Oňa gulluk ederler (1 Pet. 2:12).
14. 1 Ýahýa 5:3-e görä, Ýehowanyň kada-kanunlary babatda nämä göz ýetirdiňiz?
14 Ýehowanyň kada-kanunlaryny gymmat saýyň we olara eýeriň. Siz Ýehowany tanamankaňyz, öz islegiňize görä ýaşaýardyňyz. Indi bolsa Ýehowanyň kada-kanunlarynyň peýdalydygyna göz ýetirdiňiz (Zeb. 1:1—3; 1 Ýahýa 5:3-i okaň). Mukaddes Kitapda är-aýallara, ene-atalara we çagalara berilýän maslahatlar hakda oýlanyň (Efes. 5:22—6:4). Şol maslahatlara eýereniňizde, maşgalaňyzyň has bagtly ýaşaýandygyna göz ýetirdiňizmi? Ýehowanyň maslahatyna eýerip dost saýlanyňyzda, gowy häsiýetleri ösdürendigiňize üns berdiňizmi? Siz özüňizi bagtly duýýarsyňyzmy? (Nak. 13:20; 1 Kor. 15:33). Elbetde, şu soraglara «hawa» diýip jogap berseňiz gerek.
15. Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna nädip eýermelidigini bilmeseňiz näme edersiňiz?
15 Käte siz Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna nädip eýermelidigini bilýän dälsiňiz. Şol sebäpli Ýehowa guramasy arkaly Mukaddes Kitaba esaslanan edebiýatlary berýär. Edebiýatlarymyz bize ýagşy bilen ýamanyň tapawudyny bilmäge kömek edýär (Ýew. 5:13, 14). Siz edebiýatlary okap, çuňňur özleşdireniňizde, onuň peýdalydygyna we anykdygyna göz ýetirersiňiz hem-de Ýehowanyň guramasynyň agzasy bolmak islärsiňiz.
16. Ýehowa halkyna nädip ýolbaşçylyk edýär?
16 Ýehowanyň guramasyny söýüň we goldaň. Ýehowa ýygnaklar arkaly halkyna guramaçylykly bolmagy öwredýär. Ol Ogly Isany ýygnagyň başy edip belledi (Efes. 1:22; 5:23). Isa şu günler edilýän işleriň guramaçylykly ýerine ýetirilmegi üçin, mesh edilen mesihçileriň kiçi toparyny saýlady. Isa şol topary «wepaly hem paýhasly hyzmatkär» diýip atlandyrdy. Olar özüne tabşyrylan işe çynlakaý garap, size Ýehowa bilen dostlaşmaga we dostlugyňyzy berkitmäge kömek edýär (Mat. 24:45—47). Wepaly hyzmatkär siziň aladaňyzy edip, talaba laýyk gelýän ýygnak ýaşulularyny belleýär. Aladaçyl çopanlar dogan-uýalara görkezme berýär we goraýar (Işa. 32:1, 2; Ýew. 13:17; 1 Pet. 5:2, 3). Ýaşulular size teselli bermek we Ýehowa bilen dostlugyňyzy berkitmek üçin elinde baryny edýär. Olaryň edýän iň wajyp işleriniň biri size şägirt taýýarlamagy öwredýär (Efes. 4:11—13).
17. Rimliler 10:10, 13, 14-nji aýatlara görä, biz näme üçin Ýehowa barada wagyz etmeli?
17 Adamlara Ýehowany söýmegi öwrediň. Isa şägirtlerine Ýehowa barada öwretmegi tabşyrdy (Mat. 28:19, 20). Elbetde, biz özümizi borçly hasaplap, Isanyň tabşyrygyny ýerine ýetirip bileris. Ýöne Ýehowa bolan söýgimiz näçe artdygyça, bizem Petrus bilen Ýahýanyň: «Biz gören-eşidenlerimizi aýtman durup bilmeris» diýen sözlerine goşularys (Res. 4:20). Biz kimdir birine Ýehowany söýmegi öwretsek, özümizi bagtly duýarys. Efiopiýaly wezir Mukaddes Kitapdaky hakykaty öwrenip suwa çümdürilende, Filipus örän begenendir. Eger siz Filipusyň göreldesine eýerseňiz we Isanyň wagyz etmek baradaky tabşyrygyna gulak assaňyz, Ýehowanyň Şaýady bolmak isleýändigiňizi görkezersiňiz (Rimliler 10:10, 13, 14-nji aýatlary okaň). Şonda siz hem Efiopiýaly wezir ýaly: «Maňa suwa çümdürilmäge näme päsgel berýär?» diýersiňiz (Res. 8:36).
18. Indiki makalada haýsy soraglaryň jogabyny bileris?
18 Siz suwa çümdürilmek kararyna geleniňizde, ömrüňizde iň wajyp ädimi ädersiňiz. Şeýle wajyp ädimi ätmek üçin suwa çümdürilmegiň näme aňladýandygy barada oýlanyň. Suwa çümdürilmek barada nämäni bilmeli? Suwa çümdürilmezden öň we soň näme etmeli? Şu soraglaryň jogabyny indiki makalada bileris.
2-NJI AÝDYM Seniň adyň Ýehowa
a Ýehowany söýýän adamlaryň käbiri suwa çümdürilip, Ýehowanyň Şaýady bolmaga ýaýdanýarlar. Eger siz hem ýaýdanýan bolsaňyz, şu makaladaky maslahatlar suwa çümdürilmek üçin aýgytly ädimleri ätmäge kömek eder.
b Adamlaryň garaýşynyň dürli-dürli bolýandygy sebäpli, şu makalada getirilen maslahatlaryň käbirini ýagdaýa görä ulanyp bilersiňiz.
c Meselem, «Ýaşaýyş ýaradyldymy?» we «Ýaşaýşyň döredilişi — bäş wajyp soragyň jogaby?» atly broşýuralara serediň.
d SURAT: Uýa satyja kitapça berýär.