Şuny bilýäňizmi?
Ysraýyllaryň Müsürde gul bolandygyny Mukaddes Kitapdan başga ýene-de nämeler subut edýär?
Mukaddes Kitapda midýan täjirleriniň Ýusuby Müsüre gul edip satandygy, soňra Ýakubyň öz maşgalasy bilen Kengandan Müsüre göçendigi aýdylýar. Olar Nil derýasynyň Ortaýer deňzine guýýan ýerinde, ýagny Müsüriň Goşen welaýatynda ýaşap başlaýar (1 Mus. 47:1, 6). Ysraýyllaryň «sany artyp, barha güýçlenýär». Müsürliler ysraýyllardan gorkup, olary gul edip işledýärler (2 Mus. 1:7—14).
Käbir tankytçylar ýaňsylap, Mukaddes Kitapda aýdylýan şu wakany erteki hasaplaýar. Ýöne semitleriňa Müsürde gul bolandygyny görkezýän anyk subutnamalar bar.
Meselem, arheologlar Müsüriň demirgazygynda gömlüp giden gadymy obany tapdylar. Mukaddes Kitaby öwrenýän alym Jon Bimsonyň aýtmagyna görä, Müsüriň demirgazygynda 20-den gowrak semit obalarynyň bolandygyny görkezýän subutnamalar bar. Müsüriň taryhyny öwrenýän alym Jeýms Hoffmaýer şeýle diýýär: «B. e. öň 1800—1540-njy ýyllar iň agyr döwür bolupdyr. Günbatar Aziýada ýaşaýan semit dilinde gepleýän adamlar Müsüre göçüpdirler. Sebäbi Müsür ýaşamak üçin amatly bolupdyr. Şol agyr döwür Musa pygamberiň birinji kitabynda aýdylýan döwre, ýagny Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň ýaşan döwrüne gabat gelýär».
Günorta Müsürde hem tapylan subutnamalar bar. Merkezi patyşalyk (tak. b. e. öň 2000—1600) döwrüne degişli golýazmada günorta Müsürde hyzmatkär bolan adamlaryň ady ýazylan. Olaryň 40-dan gowragy semit atlarydy. Şol hyzmatkärler ýa-da gullar nahar bişiripdirler, mata dokapdyrlar we beýleki agyr işleri edipdirler. Müsüriň taryhyny öwrenýän alym Hoffmaýer şeýle belleýär: «Tebaitde (günbatar Müsür) bir öýde 40-dan gowrak semit işläpdir. Semitleriň köpüsi Müsürde, esasanam, Nil derýasynyň Ortaýer deňzine guýýan ýerinde ornaşypdyr».
Arheolog Deýwid Rol golýazmada gullaryň atlarynyň Mukaddes Kitapdaky adam atlaryna meňzeşdigini ýazýar. Meselem, golýazmada Ysahar, Aşer we Şipra atlaryna meňzeş atlar ýazylan (2 Mus. 1:3, 4, 15). Deýwid Rol sözüni jemläp: «Şu deliller ysraýyllaryň Müsürde gul bolandygyny subut edýär» diýýär.
Mukaddes Kitaby öwrenýän alym Bimson şeýle ýazýar: «Mukaddes Kitapda ysraýyllaryň Müsürde gulçulykda ýaşap, soňra azat bolandygy aýdylýar. Muny subut edýän ençeme taryhy deliller bar».
a Semit ady Samdan gelip çykýar. Sam Nuhuň üç oglunyň biridi. Samyň nesillerine elamlar, assiriýalylar, gadymy haldeýler, ýewreýler, siriýalylar we ençeme arap taýpalary degişli bolan bolmaly.