Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w21 Mart sah. 26—30
  • Ýehowa bizi nädip goraýar?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowa bizi nädip goraýar?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • ÝEHOWANYŇ BERÝÄN SÖWEŞ ÝARAGLARY
  • BIZ SÖWEŞDE ÝEKE DÄL
  • ÝEHOWA HALKYNY GORAR
  • Ýaşlar, Iblise garşy duruň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
  • Jynlara garşy durmaga bize näme kömek eder?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Siziň «uly iman galkanyňyz» berkmi?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
  • «Hudaýyň söweş üçin berýän ähli ýaraglaryny dakynyň»
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2019
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
w21 Mart sah. 26—30

ÖWRENILÝÄN MAKALA 13

Ýehowa bizi nädip goraýar?

«Halypamyz wepalydyr, ol sizi berkider we Şeýtandan gorar» (2 Sel. 3:3).

124-NJI AÝDYM Hemişe wepaly bolalyň

MAZMUNYa

1. Isa pygamber näme üçin Ýehowadan resullaryny goramagy haýyş edýär?

ISA PYGAMBERIŇ ýerdäki ömrüniň soňky gijesidi. Ol resullarynyň köp kynçylyklara duş geljegini bilýärdi we alada edýärdi. Isa Ýehowa doga edip: «Olary... Şeýtandan goramagyňy haýyş edýärin» diýdi (Ýah. 17:14, 15). Isa göge gidensoň, Hudaýa gulluk edýän adamlara Şeýtanyň hüjüm etjekdigini bilýärdi. Şol sebäpli hudaýhon adamlar Ýehowanyň goragyna mätäçdi.

2. Ýehowanyň dogalarymyza jogap berjekdigine näme üçin ynamly bolup bileris?

2 Ýehowa ýeke-täk Ogluny söýýändigi üçin dilegini eşitdi. Eger Ýehowany razy etmek üçin elimizde baryny etsek, ol biziňem dogalarymyza jogap berer we gorar. Ýehowa çagalaryny söýýän ata ýaly, wepaly bendeleriniň aladasyny edýär. Sebäbi halkynyň aladasyny etmese, Ýehowa öz adyna ysnat geljegini bilýär.

3. Biz näme üçin şu günler Ýehowanyň kömegine has⁠-⁠da mätäç?

3 Biz şu günler Hudaýyň kömegine has⁠-⁠da mätäç. Sebäbi Şeýtan gökden ýere zyňyldy we «güýçli gahar-gazap bilen» Hudaýyň halkyna hüjüm edýär (Ylh. 12:12). Käbir adamlar özüni dindar hasaplap, Ýehowanyň halkyny yzarlaýarlar (Ýah. 16:2). Hudaýyň bardygyna ynanmaýan adamlar bolsa, dünýäniň işlerine goşulmaýandygymyz üçin garşy çykýarlar. Emma biz gorkmaly däl. Mukaddes Kitapda: «Halypamyz wepalydyr, ol sizi berkider we Şeýtandan gorar» diýilýär (2 Sel. 3:3). Ýehowa bizi nädip goraýar? Geliň, munuň iki usulyna seredeliň.

ÝEHOWANYŇ BERÝÄN SÖWEŞ ÝARAGLARY

4. Efesliler 6:13—17-nji aýatlara görä, Ýehowa Şeýtandan goramak üçin bize näme berdi?

4 Ýehowa Şeýtanyň hüjümlerinden goramak üçin söweş ýaraglaryny berýär (Efesliler 6:13—17-nji aýatlary okaň). Ýehowanyň berýän ýaraglary berk, ýiti hem kesgirdir! Emma Şeýtanyň hüjümlerine garşy durmak üçin ýaraglaryň ählisini ökdelik bilen ulanmagy başarmaly. Geliň, şol ýaraglar hakda gürrüň edeliň.

Söweş ýaraglary nämäni aňladýar?

Suratlar: doly ýaraglanan Rim esgeriniň daş-töwereginde söweş ýaraglary bar. Şol ýaraglar hakda 5—11-nji abzaslarda gürrüň edilýär.

5—11-nji abzaslara serediň

5. Hakykat guşagy nämäni aňladýar we ony näme üçin daňmaly?

5 Hakykat guşagy — Mukaddes Kitapdaky hakykatlary aňladýar. Biz näme üçin hakykat guşagyny daňmaly? Sebäbi Şeýtan «ýalanyň atasy» (Ýah. 8:44). Ol müňlerçe ýyldan bäri ýalan sözläp, «bütin ýer ýüzünde ýaşaýanlary» ökdelik bilen aldaýar (Ylh. 12:9). Mukaddes Kitapdaky hakykatlar bizi Şeýtanyň ýaýradýan ýalanlaryndan goraýar. Biz hakykat guşagyny daňmak üçin näme etmeli? Ýehowa barada bilim almaly, oňa «ruhda we hakykatda sežde etmeli», ähli zatda dogruçyl bolmaly (Ýah. 4:24; Efes. 4:25; Ýew. 13:18).

Guşak: Mukaddes Kitabyň hakykatlary

6. Dogruçyllyk sowudy näme we ony näme üçin geýmeli?

6 Dogruçyllyk sowudy — Ýehowanyň adalatly kada-kanunlaryny aňladýar. Biz näme üçin dogruçyllyk sowudyny geýmeli? Sowut söweşde esgeriň ýüregini goraýar. Şonuň ýaly dogruçyllyk sowudy hem bizi düýbi çüýrän dünýäniň täsirinden goraýar (Nak. 4:23). Biz Ýehowany bütin ýüregimiz bilen söýmeli (Mat. 22:36, 37). Şeýtan mekirlik bilen bize Ýehowanyň ýigrenýän zatlaryny hödürläp, göwnümizi bölmek isleýär (Ýak. 4:4; 1 Ýah. 2:15, 16). Emma onuň şu hilesi başa barmasa, bizi gorkuzyp, Hudaýyň kada-kanunlaryny bozdurjak bolýar.

Sowut: Ýehowanyň adalatly kada-kanunlary

7. Dogruçyllyk sowudyny geýmek üçin näme etmeli?

7 Biz dogruçyllyk sowudyny geýmek üçin Ýehowanyň ýagşy we ýaman barada beren kada-kanunlaryna gulak asyp, durmuşymyzda ulanmaly (Zeb. 97:10). Käbirleri Hudaýyň kada-kanunlary el-aýagyňy ýüpsüz baglaýar diýmekleri mümkin. Eger biz şol kada-kanunlara eýermesek, söweşiň gyzgalaňly wagty sowudyny agyr görüp egninden çykaran esgere meňzäris. Gör, nähili akmaklyk! Emma Ýehowany söýýän adama onuň kada-kanunlaryny berjaý etmek «kyn däldir», gaýtam ol janyňy goraýar (1 Ýah. 5:3).

8. Aýagymyza hoş habaryň aýakgabyny geýmek nämäni aňladýar?

8 Pawlus resul «aýagyňyza hoş habaryň aýakgabyny geýip, parahatlygy wagyz etmäge taýyn boluň» diýip maslahat berdi. Diýmek, biz Hudaýyň Patyşalygy barada adamlara wagyz etmäge hemişe taýyn bolmaly. Şonda biziň imanymyz has⁠-⁠da berkär. Her bir mümkinçilikden peýdalanyp, hoş habary wagyz edýän dogan-uýalary göreniňde göwnüň göterilýär. Olar köpçülik we iş ýerlerinde, öýden-öýe, bazarlarda, işgärlerine, klasdaşlaryna, dogan-garyndaşlaryna, tanyş-bilişlerine, hatda öýden çykyp bilmeseler⁠-⁠de wagyz edýärler. Eger biz gorkup, wagyz etmegimizi goýsak, söweşiň gyzgalaňly wagty aýakgabyny çykaran esgere meňzäris. Aýakýalaňaç esgere duşman bilen söweşmek we serkerdebaşynyň buýrugyny ýerine ýetirmek kyn bolar.

Aýakgap: Parahatlygy wagyz etmäge taýyn bolmak

9. Bize näme üçin uly iman galkany gerek?

9 Uly iman galkany — Ýehowa iman etmegi aňladýar. Biz Ýehowanyň ähli wadalaryny ýerine ýetirjekdigine iman edýäris. Iman galkany «duşmanyň ähli otly oklaryny öçürmäge» kömek edýär. Bize näme üçin uly iman galkany gerek? Uly iman galkany imandan dänenleriň ýalan taglymatlaryndan we duşmanlaryň ýaňsylaýjy sözlerinden goraýar. Eger imanymyz berk bolmasa, aňsatlyk bilen adamlaryň täsirine düşeris we Allanyň kada-kanunlaryny bozarys. Biz mekdepde ýa⁠-⁠da işde bolýan synaglarda Hudaýa wepaly bolsak, iman galkanymyzyň berkdigini subut ederis (1 Pet. 3:15). Berk iman bize Hudaýa sežde etmäge päsgel berýän ýokary wezipeden ýüz öwürmäge kömek eder (Ýew. 13:5, 6). Biz garşylyklara garamazdan, Ýehowa wepaly bolsak, uly iman galkany bizi gorar (1 Sel. 2:2).

Galkan: Ýehowa we onuň wadalaryna iman etmek

10. Gutulyş tuwulgasy näme we ony näme üçin geýmeli?

10 Gutulyş tuwulgasy — Ýehowanyň berýän umydyny aňladýar. Biz Hudaýyň kada-kanunlaryna gulak asýan adamlary sylaglajakdygyna, hatda ölümden direltjekdigine umyt edýäris (1 Sel. 5:8; 1 Tim. 4:10; Tit. 1:1, 2). Tuwulga esgeriň başyny goraýar. Gelejege bolan umyt hem biziň oý-pikirimizi goraýar. Şeýle umyt kyn ýagdaýlarda ruhdan düşmän, Hudaýyň beren wadalary hakda oýlanmaga kömek edýär. Gutulyş tuwulgasyny geýmek üçin näme etmeli? Biz Ýehowanyň garaýşyna eýermeli, ýalan baýlyga däl⁠-⁠de, Hudaýa umyt baglamaly (Zeb. 26:2; 104:34; 1 Tim. 6:17).

Tuwulga: Ebedi ýaşaýşa umyt etmek

11. Ruhuň gylyjy nämäni aňladýar we ony dogry ulanmak üçin näme etmeli?

11 Ruhuň gylyjy — Mukaddes Kitaby aňladýar. Ruhuň gylyjy ähli ýalany paş edýär, ýalan taglymatlardan azat edýär we erbet endikleri ýeňmäge kömek edýär (2 Kor. 10:4, 5; 2 Tim. 3:16, 17; Ýew. 4:12). Ruhuň gylyjyny dogry ulanmagy öwrenmek üçin her gün Mukaddes Kitaby okamaly, çuňňur gözleg geçirmeli we wepaly hem paýhasly hyzmatkäriň berýän bilimini durmuşymyzda ulanmaly (2 Tim. 2:15). Ýehowa bizi ýene bir usul bilen goraýar. Geliň, muny bileliň.

Gylyç: Mukaddes Kitap

BIZ SÖWEŞDE ÝEKE DÄL

12. Ýehowa bizi ýene nädip goraýar?

12 «Ýekäniň çaňy çykmaz» diýlişi ýaly, esgeriň bir özi uly goşuna garşy durup bilmez. Ýeňiş gazanmak üçin onuň bilen eginme-egin durup söweşjek gerçekler gerek. Şonuň ýaly biz hem ýeke başymyza Şeýtana we onuň ýaranlaryna garşy durup bilmeris. Bize gaýduwsyz dogan-uýalaryň goldawy gerek. Ýehowa bize «bütin dünýädäki doganlar» arkaly kömek edýär (1 Pet. 2:17).

13. Ýewreýler 10:24, 25-nji aýatlara görä, ýygnaklara näme üçin barmaly?

13 Ýygnak duşuşyklaryna barsak, Ýehowanyň dogan-uýalar arkaly berýän goldawyny göreris (Ýewreýler 10:24, 25-nji aýatlary okaň). Göwnüçökgünlige düşenimizde dogan-uýalar göwnümizi galkyndyrýar. Ýygnaklarda dogan-uýalaryň ýürekden berýän jogaplary, täsirli nutuklar, gyzykly sahnalar bize ruhdan düşmezlige we Ýehowa wepaly bolmaga kömek edýär. Ýygnakdan öň we soň edilýän gürrüňler şatlygymyza şatlyk goşýar (1 Sel. 5:14). Ýygnak duşuşyklaryna barsak, dogan-uýalara kömek edip hem şatlanýarys (Res. 20:35; Rim. 1:11, 12). Ýygnak duşuşyklary ökdelik bilen wagyz etmäge hem kömek edýär. Meselem, biz ýygnakda okuw esbaplaryny ulanmagy öwrenýäris. Şol sebäpli ýygnakda geçiljek temalara öňünden taýýarlanyň. Ýygnak duşuşygynda aýdylýan pikirleri ünsli diňläň we öwrenen zatlaryňyzy durmuşyňyzda ulanyň. Şonda «Isa Mesihiň batyr esgeri» bolup bilersiňiz (2 Tim. 2:3).

14. Bizi ýene kimler goraýar?

14 Bizi millionlarça perişdeler goldaýar. Bir perişdäniň 185 000 esgeri öldürendigi hakda oýlanyp görüň (Işa. 37:36). Bizi bolsa perişdeleriň uly goşuny goldaýar. Hiç bir ynsan ýa⁠-⁠da jyn Ýehowanyň goşunynyň öňünde durup bilmez. «Dagdan arkasy bolanyň, daşdan ýüregi bolar» diýlişi ýaly, arkamyzda Ýehowa dursa, hiç kim bizi gorkuzyp bilmez (Ser. 6:16). Klasdaşlaryňyz, işdeşleriňiz ýa⁠-⁠da Ýehowa iman etmeýän dogan-garyndaşlaryňyz haýbat atyp, sizi gorkuzjak bolsa, arkaňyzda Ýehowanyň durandygy hakda oýlanyň. Siz ýeke däl! Ýehowa gulak asýan adamlary gözüniň göreji ýaly gorar!

ÝEHOWA HALKYNY GORAR

15. Işaýa 54:15, 17-nji aýatlara görä, näme üçin hiç kim wagyz işine böwet bolup bilmez?

15 Bütin dünýä Şeýtanyň golastynda bolandygy üçin bizi ýigrenýärler. Biz syýasata goşulmaýarys we elimize ýarag almaýarys. Biz Hudaýyň ady hakda wagyz edýäris we diňe Hudaýyň Patyşalygynyň parahatlygy dikeldip biljekdigi barada adamlara gürrüň berýäris. Biz Ýehowanyň adyl kada-kanunlary boýunça ýaşaýarys we dünýäniň taňrysynyň ýalançy hem ganhordygyny paş edýäris (Ýah. 8:44). Şeýtanyň dünýäsiniň tizden ýok ediljekdigini yglan edýäris. Şeýtan hem, onuň tarapdarlary hem bizi asla dymdyryp bilmez. Biz Ýehowany şöhratlandyrýarys, her bir mümkinçilikden peýdalanyp, ol hakda wagyz edýäris. Şeýtan näçe güýçli bolsa⁠-⁠da, Patyşalyk baradaky hoş habaryň bütin ýer ýüzüne wagyz edilmegine päsgel berip bilmez. Biz muny diňe Ýehowanyň goldawy bilen amala aşyrýarys (Işaýa 54:15, 17-nji aýatlary okaň).

16. Ýehowa uly betbagtçylykda halkyny nädip halas eder?

16 Bize nämeler garaşýar? Uly betbagtçylyk ýetip gelýär. Dünýäniň patyşalary Beýik Wawilony, ýagny ýalan dinleriň dünýä imperiýasyny ýok edende, Ýehowa wepaly bendelerini gorar (Ylh. 17:16—18; 18:2, 4). Soňra Ýehowa Armageddon söweşinde Şeýtanyň dünýäsini ýok eder, öz halkyny bolsa halas eder (Ylh. 7:9, 10; 16:14, 16).

17. Biz näme üçin Ýehowa bil baglamaly?

17 Biz Ýehowa bil baglasak, Şeýtan bize düzedip bolmajak zyýan ýetirip bilmez. Aslynda, onuň özi ebedilik ýok ediler (Rim. 16:20). Şol sebäpli Ýehowanyň söweş üçin berýän ýaraglaryny dakynyň we olary hiç haçan taşlamaň. Ýeke özüňiz söweşjek bolmaň! Dogan-uýalary goldaň we Ýehowanyň berýän görkezmesine eýeriň. Şonda gökdäki söýgüden doly Atamyz Ýehowa güýç-kuwwat berer we gorar (Işa. 41:10).

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  • Söweş ýaraglary nämäni aňladýar? («Söweş ýaraglary nämäni aňladýar?» diýen çarçuwa serediň).

  • Hudaýyň berýän ähli söweş ýaraglaryny dakynandygymyzy nädip görkezip bileris?

  • Ýehowa bizi ýene nähili usul bilen goraýar?

149-NJY AÝDYM Ýeňiş aýdymy

a Mukaddes Kitapda Ýehowanyň bizi gorajakdygy we güýç-kuwwat berjekdigi hakda aýdylýar. Makalada şu soraglaryň jogabyny bileris: biz näme üçin Ýehowanyň goragyna mätäç? Ýehowa nädip goraýar? Ýehowanyň penasynda bolmak üçin näme etmeli?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş