Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w21 Oktýabr sah. 29—31
  • Ýüz ýyl mundan öň (1921)

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýüz ýyl mundan öň (1921)
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • BATYRGAÝ WAGYZÇYLAR
  • SORAGLAR WE JOGAPLAR
  • TÄZE KITAP
  • EDILMELI IŞLER KÄN
  • Ýehowanyň islegini berjaý etmek bol bereket berýär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • Ýüz ýyl mundan öň (1922)
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • Ýüz ýyl mundan öň (1923)
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
w21 Oktýabr sah. 29—31

Ýüz ýyl mundan öň (1921)

1921-NJI ýylyň 1-nji ýanwarynda çykan «Garawul diňi» žurnalynda Mukaddes Kitaby öwrenýänlere ýüzlenilip, şeýle sorag berildi: «Şu ýyl bize nähili iş garaşýar?» Žurnalda şu soraga Işaýa 61:1, 2-nji aýatlar arkaly jogap berildi. Ol ýerde şeýle diýilýär: «Ýehowa maňa ýumşaklara hoş habary aýtmagy tabşyrdy. Ol meni Ýehowanyň rehimdarlyk ýylyny, Allanyň ar aljak gününi yglan etmäge... iberdi». Şondan soň Mukaddes Kitaby öwrenýänler has-da yhlasly wagyz edip başladylar.

BATYRGAÝ WAGYZÇYLAR

Mukaddes Kitaby öwrenýänler batyrgaýlyk bilen wagyz etmelidiler. Sebäbi olar akýürekli adamlara «hoş habary» wagyz etmelidiler, zalym adamlara bolsa, «Allanyň ar aljak gününi» yglan etmelidiler.

Kanadada ýaşaýan Hoskin dogan garşylyklara garamazdan batyrgaýlyk bilen wagyz edýärdi. Ol 1921-nji ýylyň bahar aýlarynda bir ruhana wagyz edýär. Hoskin dogan ruhana şeýle diýýär: «Sizem, menem Mukaddes Kitaby okaýarys. Belki, käbir meselelerde pikirimiz deň gelmän biler. Ýöne biz dawalaşmaly däl, biri-birimizi duşman hasaplamaly däl». Soňra näme bolandyr öýdýärsiňiz? Dogan şeýle gürrüň berýär: «Biz bary-ýogy birnäçe minut gepleşdik. Ýöne ruhany gahardan ýaňa ýarylaýjak bolup, gapysyny şeýle bir gaty ýapdy welin, tas gapynyň aýnasy döwlüpdi».

Ruhany dogana: «Bar git-de, Hudaýa ynanmaýan adamlara wagyz et» diýip gygyrýar. Hoskin dogan oňa hiç zat jogap bermeýär. Ýöne ol içinden şeýle diýýär: «Men Hudaýa ynanmaýan adama wagyz etdimmikäm diýýän».

Hoskin dogan şeýle gürrüň berýär: «Şol günüň ertesi ruhany buthana baryp, adamlara men hakda erbet zatlary aýdypdyr. Ruhany: „Ol adam kezzap, ýalançy. Ony öldürmeli!“ diýipdir». Ýöne Hoskin dogan gorkman, köp adamlara wagyz edýär. Ol şeýle diýýär: «Şol günler meniň üçin ýatdan çykmajak günleriň biri boldy. Akýürekli adamlaryň käbiri: „Sen, hakykatdanam, hudaýhon adam. Gerek-ýarak zatlaryň bolsa, arkaýyn aýdyber“ diýýärdiler».

SORAGLAR WE JOGAPLAR

Gyzyklanýan adamlaryň Hudaýa imanyny berkitmek üçin «Altyn asyr»a žurnalynda Mukaddes Kitaba degişli soraglar we olaryň jogaplary çap edilýärdi. Şol soraglar ýaşlar üçin niýetlenendi. Ene-atalar şol soraglar arkaly çagalary bilen gürrüňdeş bolup bilýärdi. Meselem, žurnalda şuňa meňzeş soraglar bardy: «Mukaddes Kitapda näçe kitap bar? Mesihçileriň ählisi yzarlanarmy?» Şol soraglar ýaşlara Mukaddes Kitaba has gowy düşünmäge we batyrgaýlyk bilen wagyz etmäge kömek edýärdi.

«Altyn asyr» žurnalynda Mukaddes Kitaba gowy düşünýän adamlar üçin hem soraglar çap edilýärdi. Şol soraglar «Mukaddes Ýazgylary öwrenmek» kitabyna esaslanýardy we köp adamlaryň imanyny berkitdi. Ýöne «Altyn asyr» žurnalynyň 1921-nji ýylyň 21-nji dekabrynda çykan sanynda ýaşlar üçin hem, uly adamlar üçin hem, şeýle soraglaryň mundan beýläk çap edilmejekdigi bildiriş edildi. Näme üçin?

TÄZE KITAP

«Hudaýyň arfasy» kitaby

Okalmaly sahypalar ýazylan kartoçka

Soragly kartoçka

Jogapkär doganlar akýürekli adamlara Mukaddes Kitapdaky hakykatlary çuňňur düşündirmegiň wajypdygyna göz ýetirýärler. Şeýlelikde, 1921-nji ýylyň noýabr aýynda «Hudaýyň arfasy» diýen kitap çap edildi. Akýürekli adamlar şol kitaby özbaşdak okap, Hudaýyň Sözündäki taglymatlara has giňişleýin düşünip bilýärdiler. Gyzyklanýan adamlara ýörite okuw geçilmese-de, olar şol kitaby okap, Hudaýyň adamlara ebedi ýaşaýşy berjekdigine düşünip bilýärdiler. Nädip?

Gyzyklanýan adamlara kitap bilen bile kartoçka hem berilýärdi. Kartoçkada haýsy sahypalary okamalydygy ýazylandy. Gyzyklanýan adama indiki hepde ýene bir kartoçka gelýärdi. Onda okalan sahypalara degişli soraglar bardy we indiki hepdä çenli haýsy sahypalary okamalydygy ýazylandy.

Şeýle okuw 12 hepde dowam edýärdi. Ýygnakdaky dogan-uýalar gyzyklanýan adama her hepde soragly kartoçkany iberip durýardylar. Kartoçkalary ibermegi köplenç garry ýa-da ýarawsyz dogan-uýalara tabşyrýardylar. Sebäbi olar öýden-öýe wagyz edip bilmeýärdiler. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýaşaýan Anna Gardner şeýle gürrüň berýär: «„Hudaýyň arfasy“ diýen kitap çykansoň, gyz doganym Teýli wagza hasam yhlasly gatnaşyp başlady. Sebäbi ol maýyp bolsa-da, kartoçkalary her hepde iberip bilýärdi». 12 hepdeden soňra, wagyzçylaryň biri gyzyklanýan adamyň öýüne baryp, oňa Mukaddes Kitaby has giňişleýin düşündirýärdi.

Teýli Gardner maýyplaryň arabasynda otyr

EDILMELI IŞLER KÄN

1921-nji ýylyň ahyrlarynda Ruterford dogan ähli ýygnaklara şeýle hat ýazýar: «Biz şu ýyl öňki ýyllara garanda Patyşalyk baradaky hoş habary has köp adamlara wagyz etdik. Ýene-de edilmeli işler kän. Şol sebäpli has köp adamlary gaýragoýulmasyz işe gatnaşmaga höweslendiriň». Mukaddes Kitaby öwrenýänler Ruterford doganyň maslahatyna eýerdiler. Batyrgaý wagyzçylar 1922-nji ýylda Patyşalyk baradaky hoş habary görlüp-eşidilmedik derejede wagyz etdiler.

Hak dost

Mukaddes Kitaby öwrenýänler biri-birini ýürekden söýýärdiler. Olar aladaly gününde biri-biriniň dadyna ýetişýärdiler. Muny häzir gürrüň etjek wakamyzdan görse bolýar (Nak. 17:17).

1921-nji ýylyň 31-nji maýynda, sişenbe güni Amerikanyň Oklahoma ştatynyň Talsa şäherinde akýagyzlar bilen garaýagyzlaryň arasynda çaknyşyk bolýar. Sebäbi şol gün garaýagyz ýigit akýagyz gyza zorluk-sütem etdi diýip, aýyplanýar we türmä basylýar. Şondan soň 1 000-den gowrak akýagyz adamlar az sanly garaýagyzlar bilen çaknyşýar. Akýagyz adamlaryň gahardan ýaňa gany gyzyp, garaýagyzlaryň ýaşaýan ýerine, ýagny Grinwuda gidýärler. Olar garaýagyzlary talap, 1 400-den gowrak öýlerini we iş ýerlerini ýakýarlar. Şol çaknyşykda 36 adam öldi diýip habar berilse-de, aslynda, 300-e golaý adam wepat boldy.

Riçard Hil dogan Grinwudda ýaşaýardy. Ol şeýle gürrüň berýär: «Çaknyşyk bolan gijesi, biz ýygnakdadyk. Ýygnak gutaransoň, Talsa şäheriniň merkezinden atyşygyň sesi geldi. Atyşyk ýarygijä çenli dowam etdi. Ertesi gün irden ýagdaýlar has hem erbetleşdi. Käbir adamlar gelip: „Başyňyzy gutarjak bolsaňyz, Maslahat köşgüne gidiň“ diýdiler». Şonuň üçin Hil dogan aýaly we bäş çagasy bilen Talsanyň Maslahat köşgüne gidýärler. Ol ýere 3 000 sany garaýagyz adamlar ýygnanypdy. Olary harby goşuny goraýardy.

Akýagyz dogan Artur Klaus dosty Hil hakda eşidip biynjalyk bolýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men Grinwudda çaknyşygyň barha güýjeýändigini, öýleriň talanyp, ýakylýandygyny eşitdim. Soňra men dostumyň halyndan habar alaýyn diýip, Grinwuda gitdim».

Artur Klaus dogan «Hudaýyň arfasy» kitaby arkaly 14 sany çaga Mukaddes Kitaby düşündirýär

Artur Hil doganyň öýüne barýar. Şonda Hiliň akýagyz goňşusy hem dosty eli ýaragly onuň öňünden çykýar. Ol Artura gozgalaňçylaryň biridir öýdüp: «Sen bärde näme işläp ýörsüň?!» diýip gygyrýar.

Artur dogan şeýle gürrüň berýär: «Eger men oňa kanagatlanarly jogap bermedik bolsam, ol meni atyp öldürerdi. Men oňa Hiliň öýüne öň hem gelendigimi we onuň bilen jana-jan dostdugymy aýtdym». Soňra olar iki bolup Hiliň öýüni goradylar.

Artur dostunyň Maslahat köşgündedigini eşidýär. Ol diňe general Baretiň rugsady bilen garaýagyz adamlary ol ýerden alyp gaýdyp bolýandygyny bilýär. Artur şeýle diýýär: «General bilen görüşmek örän kyn boldy. Men oňa Hili maşgalasy bilen alyp gitjekdigimi aýdanymda: „Sen olary gorap bilermiň?“ diýip sorady. Men: „Elbetde!“ diýip jogap berdim».

Artur dogan generaldan rugsat alyp, Maslahat köşgüne barýar. Ol bir ofiseriň ýanyna baryp, generalyň rugsat hatyny görkezýär. Ofiser: «Bäh, generalyň özi gol çekipdirmi?! Garaýagyz adamlaryň halyndan habar almaga şu gün senden başga hiç kim gelmedi» diýýär. Soňra ofiser Artur dogany Hiliň ýanyna eltýär. Artur dogan Hil bilen maşgalasyny maşynly öýüne alyp gaýdýar.

«Biziň aramyzda milletparazlyk ýok».

Artur dogan gozgalaň ýatyşýança Hil bilen maşgalasynyň aladasyny edýär. Köp adamlar Arturyň doganlyk söýgüsini we batyrgaýlygyny görüp haýran galdylar. Artur şeýle diýýär: «Hiliň öýüni goramaga kömek eden goňşusy indi bize has-da uly hormat goýýar. Köp adamlar biziň aramyzda milletparazlygyň ýokdugyny, hiç kimi ala tutmaýandygymyzy we agzybir ýaşaýandygymyzy görenlerinde, hakykat bilen gyzyklanyp başladylar».

a «Altyn asyr» žurnalynyň ady 1937-nji ýylda «Teselli», 1946-njy ýylda bolsa «Oýanyň!» diýip üýtgedildi.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş