Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w21 Dekabr sah. 28—30
  • Gowy işdeş — ýagşy ýoldaş

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Gowy işdeş — ýagşy ýoldaş
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • 1-NJI MASLAHAT: «BIRI-BIRIŇIZE... HORMAT GOÝUŇ»
  • 2-NJI MASLAHAT: «HEMMELER SIZI PAÝHASLY ADAM HÖKMÜNDE TANASYN»
  • 3-NJI MASLAHAT: «JOMART BOLUŇ»
  • SIZ GOWY IŞDEŞ BOLUP BILERSIŇIZ
  • Duýgudaş boluň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
  • Wagyzda duýgudaş boluň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
  • Ýygnak ýaşululary «biziň şatlygymyza» goşant goşýar
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Ýehowa bilen hyzmatdaşlyk edýändigiňizi gymmat saýyň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
w21 Dekabr sah. 28—30

Gowy işdeş — ýagşy ýoldaş

MUKADDES KITAPDA şeýle diýilýär: «Ökde ussa kimin onuň ýanyndadym... Hemişe huzurynda şatlanardym» (Nak. 8:30). Şu sözlerden görnüşi ýaly, Isa pygamber ýer ýüzüne gelmänkä köp ýyllaryň dowamynda Atasy bilen işleşdi. Ol hemişe Atasynyň «huzurynda şatlanardy».

Isa Ýehowanyň ýanynda. Olar gögi we ýeri ýaradýarlar.

Isa Atasy bilen agzybir işleşip, ýagşy häsiýetleri ösdürdi. Ol ýer ýüzünde ýaşanda hem, adamlar bilen eginme-egin işleşdi. Biz Isa pygamberiň göreldesine nädip eýerip bileris? Geliň, adamlar bilen agzybir işleşmäge kömek etjek üç maslahata seredeliň.

Isa pygamber iki şägirdini wagyz etmäge iberýär.

Ýehowanyň we Isa pygamberiň göreldesine eýerip, tejribäňizi paýlaşyň hem-de bilýän zatlaryňyzy öwrediň

1-NJI MASLAHAT: «BIRI-BIRIŇIZE... HORMAT GOÝUŇ»

Pesgöwünli adam agzybir işleşýär, işdeşlerine hormat goýýar we öz sözüni gögertjek bolmaýar. Isa pesgöwünli bolmagy Atasyndan öwrenipdi. Ýehowa Beýik Ýaradyjy bolsa-da, Oglunyň eden işlerini perişdeleriň we adamlaryň bilmegini isläpdi. Muny Ýehowanyň: «Gel, öz keşbimizde, özümize meňzeş ynsan ýaradaly» diýen sözlerinden bilse bolýar (1 Mus. 1:26). Isa şu sözleri eşidende, Atasynyň pesgöwünlidigine haýran galandyr (Zeb. 18:35).

Ýaşuly ýaş dogana ýygnagyň işlerini öwredýär.

Isa pygamber ýer ýüzünde ýaşanda ýagşy işleri edýärdi we adamlar oňa alkyş aýdýardylar. Emma Isa pesgöwünlilik bilen öwgä we hormata diňe Hudaýyň mynasypdygyny aýdýardy (Mar. 10:17, 18; Ýah. 7:15, 16). Şägirtler özüni Isanyň ýanynda rahat duýýardylar. Sebäbi Isa olary guly däl-de, dosty hasaplaýardy (Ýah. 15:15). Isa şägirtlerine pesgöwünli bolmagy öwretmek üçin, olaryň aýagyny ýuwdy (Ýah. 13:5, 12—14). Biz Isa pygamberiň göreldesine eýerip pesgöwünli bolsak, işdeşlerimize hormat goýsak, olaryň garaýşyny göz öňünde tutarys, şöhratparaz bolmarys we topar bolup köp üstünlik gazanarys (Rim. 12:10).

Pesgöwünli adam «maslahatçy köp bolsa, maksada ýetilýändigine» düşünýär (Nak. 15:22). Ol tejribeli we ukyply bolsa-da, ähli zady bilmeýändigini boýun alýar. Isa pygamber kiçigöwünlidi, şol sebäpli ol käbir zatlary bilmeýändigini aýtdy (Mat. 24:36). Ol bikämil şägirtleriniň hem pikirini soraýardy (Mat. 16:13—16). Şol sebäpli olar Isanyň ýanynda özlerini arkaýyn duýýardylar. Biz pesgöwünli bolsak, ähli zady bilmeýändigimizi boýun alarys we başgalaryň pikirlerini diňläris. Şeýdip, parahatlygy saklarys we işimizde üstünlik gazanarys.

Ýaşulular Isanyň göreldesine eýerip pesgöwünli bolsalar agzybir işleşerler. Ýaşulular maslahaty geçirilende mukaddes ruh islendik ýaşula täsir edip, paýhasly karara gelmäge kömek edip bilýär. Eger her bir ýaşuly arkaýyn öz pikirini aýdyp bilse, olar ähli dogan-uýalara peýdaly boljak karara gelerler.

2-NJI MASLAHAT: «HEMMELER SIZI PAÝHASLY ADAM HÖKMÜNDE TANASYN»

Paýhasly we eglişikli adam bilen işleşmek aňsat bolýar. Ýehowa paýhasly we eglişikli Hudaý. Meselem, Ýehowa adamlary günäden azat etmek üçin eziz Ogluny ýer ýüzüne iberdi (Ýah. 3:16). Isa pygamber Atasynyň göreldesine eýerýärdi.

Isa pygamber eglişik etmäge taýyndy. Ol ysraýyllara kömek etmäge gelen hem bolsa, finikiýaly aýalyň haýyşyny ýerine ýetirdi (Mat. 15:22—28). Isa paýhasly we eglişikli bolandygy üçin şägirtlerinden köp zada garaşmaýardy. Petrus adamlaryň öňünde Isany tanamaýandygyny üç gezek aýtdy. Emma Isa pygamber dosty Petrusy ýürekden bagyşlady. Soňra Isa Petrusa wajyp ýumuş tabşyrdy (Luka 22:32; Ýah. 21:17; Res. 2:14; 8:14—17; 10:44, 45). Isa «hemmeler sizi paýhasly adam hökmünde tanasyn» diýen maslahata eýermelidigimizi görkezdi (Flp. 4:5).

Uýa başga uýa turba ýarylmaz ýaly daşyny saramagy öwredýär.

Paýhasly, eglişikli bolsak dürli medeniýetli adamlara tiz öwrenişeris we agzybir işleşeris. Isanyň görip duşmanlary ony aýyplap, «salgytçylaryň we günäkärleriň dosty» diýýärdiler, emma Isa olar bilen özüni mähirli alyp barýardy (Mat. 11:19). Biz dürli medeniýetli adamlar bilen işleşenimizde Isanyň göreldesine eýerip bilerismi? Luis dogan etrap gözegçisi bolup gulluk edipdi, häzir bolsa Beýtelde gulluk edýär. Ol dürli medeniýetli dogan-uýalar bilen agzybir işleşdi. Luis şeýle diýýär: «Topar bolup agzybir işleşmegi ululy-kiçili daşlardan diwar gurmaga meňzetse bolar. Men daşlary sygmaýan ýerine saljak bolup döwmegiň deregine, olary öz ýerinde goýup örýärin. Men özümi hem ýonup durýaryn. Şonda dogan-uýalara meniň bilen işleşmek aňsat bolýar». Nähili gowy görelde!

Gowy işdeş ähli zada özi gözegçilik etjek bolmaýar, gaýtam başgalar bilen gerekli we peýdaly maglumaty höwes bilen paýlaşýar

Biz dogan-uýalar bilen wagyz edenimizde paýhasly we eglişikli bolmaly. Meselem, garry ýa-da maşgalaly dogan-uýalaryň ýagdaýyny göz öňünde tutup, olara amatly wagtda wagza gidip bileris. Eger dogan-uýalaryň ýagdaýyna görä gün tertibimizi üýtgetsek, olar hezil edip wagyz ederler.

3-NJI MASLAHAT: «JOMART BOLUŇ»

Gowy işdeş «jomart bolýar» we bilýän zadyny höwes bilen öwredýär (1 Tim. 6:18). Allatagala älem-jahany ýaradanda Oglundan hiç zady gizlemedi. Ýehowa «gökleri taýýarlanda» Isa «onuň ýanyndady» we Atasyndan köp zatlary öwrendi (Nak. 8:27). Isa resullaryna «Atasyndan eşidenleriniň ählisini» höwes bilen gürrüň berdi (Ýah. 15:15). Ýehowanyň göreldesine eýerip, bilýän zatlarymyzy dogan-uýalar bilen paýlaşsak gowy işdeş bolup bileris. Elbetde, gowy işdeş ähli zada özi gözegçilik etjek bolmaýar, gaýtam başgalar bilen gerekli we peýdaly maglumaty höwes bilen paýlaşýar. Ol özüniň bilýän zatlaryny başgalara öwredip şatlyk tapýar.

Ýaşuly bir doganyň nutugyny diňleýär. Ýaşulynyň elinde «Öwreniň» broşýurasy bar.

Biz işdeşlerimizi ruhlandyrmaly. Bizi edýän tagallalarymyz üçin ýürekden öwseler begenýäris we ruhlanýarys. Isa resullaryny gowy häsiýetleri üçin öwýärdi (Matta 25:19—23; Luka 10:17—20-nji aýatlary deňeşdiriň). Isa olara «meniň edýän işlerimden... hem köp işleri edersiňiz» diýdi (Ýah. 14:12). Isa ölüminiň öň ýanyndaky gije wepaly resullaryna: «Kynçylyga uçranymda ýanymda bolduňyz» diýdi (Luka 22:28). Onuň sözleri şägirtleriniň güýjüne güýç goşdy we janaýaman wagyz etmäge höweslendirdi. Biz hem işdeşlerimizi ýürekden öwsek, olaryň göwni galkynar we arman-ýadaman zähmet çekerler.

SIZ GOWY IŞDEŞ BOLUP BILERSIŇIZ

Kaýoda atly bir dogan şeýle diýýär: «Gowy işdeş bolmak üçin kämil bolmak gerek däl. Gowy işdeş baran ýerini ala-ýaz edýär we işdeşleriniň ýüküni ýeňletmek üçin elinde baryny edýär». Sizi gowy işdeş diýip tanaýarlarmy? Belki, siz dogan-uýalardan özüňiziň nähili işdeşdigiňizi sorap görersiňiz. Şägirtler Isa pygamber bilen işleşip şatlanýardylar. Eger dogan-uýalar siziň bilen hezil edip işleşýän bolsalar, Pawlus resulyň şu sözlerine goşulyp bilersiňiz: «Biz siziň işdeşleriňiz, Hudaýa şatlanyp gulluk etmegiňizi isleýäris» (2 Kor. 1:24).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş