Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w22 Fewral sah. 30
  • Şuny bilýäňizmi?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Şuny bilýäňizmi?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • Meňzeş maglumat
  • Bagtly maşgala gurmak üçin taýýarlyk
    Maşgala bagtynyň syry
  • Nikaňda bagtly bol
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
w22 Fewral sah. 30
Öýlenjek ýigit galyň hökmünde sygyr getirýär we gaýynatasyna berýär.

Galyň üçin mal-gara hem berlipdir

Şuny bilýäňizmi?

Ysraýyllar näme üçin galyň töläpdirler?

GADYMY DÖWÜRDE şeýle däp bardy: ogluny öýermek isleýän adam gyzyň ene-atasyna galyň tölemelidi. Galyň üçin pul, mal-gara ýa-da başga gymmatbaha zatlar berlipdir. Käte bolsa öýlenjek ýigit gyz üçin zähmet çekmelidi. Meselem, Ýakup Rahel üçin ýedi ýyl işledi (1 Mus. 29:17, 18, 20). Näme üçin galyň tölenýärdi?

Mukaddes Kitaby öwrenýän alym Karol Meýers şeýle diýýär: «Ekerançylyk, maldarçylyk bilen meşgullanýan maşgaladan bir adamyň öýden gitmegi uly zyýan ýetirýärdi. Şol sebäpli tölenýän galyň maşgalanyň ýitgisiniň öwezini dolýardy». Galyň geçirilensoň iki maşgala guda-garyndaş bolýardy. Olar biri-birini kyn gününde goldap bilýärdi. Şeýle-de gyzyň adaglanandygyny we onuň aladasyny kakasynyň däl-de, öýlenjek ýigidiň etmelidigini görkezýärdi.

Galyň tölemek gyz maşgala satyn alyp ýa-da satyp bolýan zat ýaly garamalydygyny aňlatmaýar. «Gadymy ysraýyllaryň durmuşy we däp-dessurlary» atly kitapda şeýle diýilýär: «Galyň tölemek gyzy goş-golam ýaly satyn almagy däl-de, süýt hakyny bermegi aňladýar».

Şu günler hem käbir ýurtlarda galyň tölemek däbi bar. Mesihçi ene-atalar galyň saljak bolanda Mukaddes Kitapdaky: «Goý, hemmeler sizi paýhasly adam hökmünde tanasyn» diýen maslahata eýerip biler (Flp. 4:5; 1 Kor. 10:32, 33). Şonda olar pula gyzmaýandygyny we açgöz adam däldigini görkezerler (2 Tim. 3:2). Eger gyzyň ene-atasy aşa köp galyň salsa, öýlenjek ýigit pul tapýança toýy yza süýşürmeli bolar ýa-da pioner gullugyny goýup, daň atandan tä gün batýança işlemeli bolar.

Käbir ýurtlarda galyň tölemegi talap edýän ýörite kanun bar. Şeýle ýagdaýda mesihçiler döwletiň kanunyna gulak asmaly. Sebäbi Mukaddes Kitapda Ýehowanyň kada-kanunlaryna garşy gelmeýän bolsa «ýokary häkimiýetlere tabyn bolmalydygy» aýdylýar (Rim. 13:1; Res. 5:29).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş