26-NJY MAKALA
Ýehowanyň söýgüsi gorkudan azat edýär
«Ýehowa meniň tarapymda, men gorkmaryn» (Zeb. 118:6).
105-NJI AÝDYM «Hudaý söýgüdir»
MAZMUNYa
1. Adam nämeden gorkup biler?
GORKY adamyň el-aýagyny ýüpsüz baglaýar. Är-aýal Nestorb bilen Mariýa wagyzçylaryň az ýerinde gulluk etmegi arzuw edýärler. Munuň üçin olar puly tygşytly sowmagy öwrenmelidiler. Emma Nestor bilen Mariýa köp pul gazanmasaň, bagtly ýaşap bolmaz öýdüp gorkýardylar. Benýamin wagyz işi gadagan edilen ýurtda ýaşaýar. Ol garşylyklara garamazdan Ýehowanyň Şaýady bolýar. Ýöne özüniň hem yzarlanjakdygy hakda oýlananda gorkýar. Benýamin: «Eger dogan-garyndaşlarym meniň Ýehowanyň Şaýady bolandygymy bilse näme bolarka?» diýip hasam gorkýar. Waleriýa özünde rak keseliniň bardygyny bilýär. Onuň ýagdaýy gün-günden erbetleşýär. Ol gansyz operasiýa etjek lukmany tapmaýar. Uýa ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolmakdan gorkýar.
2. Biz nämeden seresap bolmaly we näme üçin?
2 Belki, sizi-de gorkuzýan ýa-da biynjalyk edýän zatlar bardyr. Eger biz seresap bolmasak, gorkynyň duzagyna düşeris we ýalňyş karara geleris, Ýehowa bilen dostlugymyzy bozarys. Şonda Şeýtan heşelle kakar, arzuwyna ýeter. Şeýtan bizi gorkuzyp Hudaýyň hoş habary wagyz etmek baradaky tabşyrygyny we kada-kanunlaryny bozdurjak bolýar (Ylh. 12:17). Şeýtan güýçli, zalym we rehimsiz duşman. Emma biz oňa garşy durup bileris. Nädip?
3. Gorkynyň duzagyna düşmezlige näme kömek eder?
3 Ýehowanyň bizi söýýändigine, biziň tarapymyzdadygyna ynansak, Şeýtanyň her bir hüjümine garşy durup bileris (Zeb. 118:6). 118-nji mezmury ýazan adam köp kynçylyklara duşdy. Oňa han-begler, atly-abraýly adamlar garşy çykdylar (9, 10-njy aýatlar). Ol gaýgy-aladadan ýaňa ruhdan düşýärdi (13-nji aýat). Ýehowa oňa temmi beripdi (18-nji aýat). Emma mezmurçy: «Men gorkmaryn» diýýär. Oňa kynçylyklarda başyny dik tutmaga näme kömek etdi? Mezmurçy gökdäki Atasy Ýehowanyň özüni söýýändigini bilýärdi. Ol nähili kynçylyklara duşsa-da, Ýehowanyň goldajakdygyna ynanýardy (Zeb. 118:29).
4. Makalada näme hakda gürrüň ederis?
4 Ýehowa biziň her birimizi söýýär. Eger muňa şübhelenmesek, gorkynyň duzagyna düşmeris. Makalada maşgalamy ekläp bilmerin diýen gorky, adamdan gorky we ölümden gorky barada gürrüň ederis. Birinji abzasda agzalan dogan-uýalar gorkyny ýeňip bildiler. Sebäbi olar Ýehowanyň söýgüsine hiç hili şübhelenmeýärdiler.
MAŞGALAMY EKLÄP BILMERIN DIÝEN GORKY
Dogan ogly bilen balyk tutup maşgalasyny ekleýär (5-nji abzasa serediň).
5. Maşgalabaşylar nämäni alada edýärler? (Daşky sahypadaky surata serediň).
5 Maşgalabaşylar maşgalasynyň ýürekden aladasyny edýärler (1 Tim. 5:8). Belki, siz koronawirus keseliniň ýaýran döwri işsiz galaryn diýip gorkansyňyz. Belki-de, siz: «Maşgalamy nädip eklärin? Jaýyň kireýni nädip tölärin? Işden çykarsalar, başga iş tapyp bilerinmi?» diýip biynjalyk bolansyňyz. Ýa-da Nestor we Mariýa ýaly: «Köp gazanç etmesem maşgalamy nädip ekläp bilerin?» diýip alada edensiňiz. Şeýtan köpleri gorkynyň duzagyna düşürip Ýehowa bilen dostlugyny bozdy.
6. Şeýtan bizi nämä ynandyrjak bolýar?
6 Şeýtan: «Ýehowa saňa maşgalaňy eklemäge kömek etmeýär. Öz başyňy özüň çara» diýip ynandyrjak bolýar. Eger biz Şeýtanyň ýalan sözüne ynansak «her edip, hesip edip işden çykmajak bolmaly, Mukaddes Kitabyň kada-kanunyny bozsamam, başlygyň göwnüni tapjak bolmaly» diýen pikire uýarys.
7. Isa pygamber näme diýdi?
7 Isa pygamber gökdäki Atasyny gowy tanaýar. Şol sebäpli ol: «Ataňyz size nämäniň gerekdigini dilemänkäňiz bilýär» diýdi (Mat. 6:8). Isa Ýehowanyň biziň gerek-ýarak zatlarymyzy ýetirip durjakdygyna ynanýardy. Ýehowa biziň Atamyz, biz Onuň perzentleri. 1 Timoteos 5:8-däki maşgalabaşylara berlen tabşyryga Ýehowanyň özi hem eýerýär.
Ýehowa zerur zatlarymyzy dogan-uýalar arkaly ýetirýär (8-nji abzasa serediň)d.
8. a) Ýehowanyň biziň we maşgalamyzyň aladasyny edýändigine şübhelenmezlige näme kömek eder? (Matta 6:31—33). b) Jomart är-aýalyň göreldesine nädip eýerip bileris? (Surata seredip jogap beriň).
8 Ýehowanyň bizi we maşgalamyzy söýýändigine ynansak, gerek-ýarak zatlarymyzy ýetirip durjakdygyna şübhelenmeris (Matta 6:31—33-nji aýatlary okaň). Ýehowa — jomart Ata. Ol ogul-gyzlarynyň ýürekden aladasyny edýär. Ýehowa Ýeri ýaradanda, diňe bir ýaşaýyş üçin gerek zatlary bermän, adamlaryň lezzet alyp ýaşamagy üçin dürli-dümen ir-iýmişleri ýaratdy (1 Mus. 2:9). Käte biz her günki çöregimizi zordan tapýandyrys. Emma şoňa-da şükür etmeli, sebäbi Ýehowa her günki iýjek-içjegimizi ýetirip durýar (Mat. 6:11). Biziň başdan geçirýän kynçylyklarymyz Ýehowanyň häzir we gelejekde berjek bereketleriniň ýanynda hiç zat bolup galýar. Nestor bilen Mariýa munuň hakykatdygyna öz durmuşynda göz ýetirdiler (Işa. 65:21, 22).
9. Biz Nestor bilen Mariýanyň göreldesine nädip eýerip bileris?
9 Nestor bilen Mariýanyň Kolumbiýada kaşaň jaýy we gowy işi bardy. Olar şeýle gürrüň berýär: «Biz Ýehowa köpräk gulluk etmek isleýärdik. Ýöne käbir zatlarymyzdan geçmäge gorkýardyk, sebäbi köp pul gazanyp bilmesek, bagtly bolup bilmeris öýdýärdik». Olara gorkman belli bir karara gelmäge näme kömek etdi? Nestor bilen Mariýa Ýehowanyň olaryň aladasyny edýändigine öz durmuşynda ençeme sapar göz ýetirdiler. Olar Ýehowanyň aç-hor goýmajakdygyna iman edip, gowy işinden çykdylar, öýüni satdylar we öz ýurdundaky wagyzçylaryň az ýerine göçdüler. Olar gelen kararyna ökündimi? Nestor şeýle diýýär: «Biz Matta 6:33-däki sözleriň dogrudygyna göz ýetirdik. Biz hiç zada zar bolmadyk. Biziň altyndan tagtymyz bolmasa-da, egsilmez bagtymyz bar».
ADAMDAN GORKY
10. Adamlaryň bir-birinden gorkmagy näme üçin geň galdyrmaýar?
10 Asyrlarboýy adamlar biri-birine zorluk-sütem edýärler (Nes. 8:9). Meselem, döwlet işgärleri golastyndaky adamlary ezýärler, jenaýatçylar zorluk-sütem edýärler, garagol oglanlar klasdaşlarynyň üstünden gülýärler, doňýürek adamlar aýalyny we çagalaryny urup-ýençýärler. Şol sebäpli adamlaryň bir-birinden gorkup ýaşamagy geň galdyrmaýar. Şeýtan bizi adamdan gorkynyň duzagyna düşürmek üçin näme edýär?
11, 12. Şeýtan bizi adamdan gorkynyň duzagyna düşürmek üçin näme edýär?
11 Şeýtan bizi adamdan gorkynyň duzagyna düşürip, Hudaýyň kada-kanunlaryny bozdurjak we wagyz etmegi goýdurjak bolýar. Şeýtan şu dünýäniň hökümdary. Şonuň üçin käbir ýurtlarda wagyz işini gadagan edýär we Hudaýyň halkyny yzarlaýar (Luka 21:12; Ylh. 2:10). Şeýle-de Ýehowanyň Şaýatlary hakda ýalan gep-gürrüňleri ýaýradýar. Adamlar hem ýalan gürrüňlere ynanyp biziň üstümizden gülýärler we urup-ýençýärler (Mat. 10:36). Biz muňa geň galýarysmy? Elbetde, ýok! Şeýtan şeýle usuly I asyrda hem ökdelik bilen ulanypdy (Res. 5:27, 28, 40).
Biz Ýehowanyň söýýändigini unutmasak, dogan-garyndaşlarymyz garşy çyksa-da howsala düşmeris (12—14-nji abzaslara serediň)e.
12 Şeýtan adamdan gorkynyň duzagyna düşürmek üçin ýene-de bir usul ulanýar. Käbirimiz yzarlamalara mertlik bilen döz gelýäris. Emma dogan-garyndaşlarymyzyň göwnüni ýykmakdan gorkýarys. Sebäbi biz olary ýürekden söýýäris we Ýehowa iman etmegini isleýäris. Ýöne olar Ýehowa dil ýetirseler we dogan-uýalary äsgermeseler, ýüregimize pyçak sanjylan ýaly bolýar. Olar başda garşy çyksalar-da, soňra Ýehowanyň Şaýady bolýarlar. Emma hemişe beýle bolup durmaýar. Olar bizden öýkeläp ýörseler näme etmeli?
13. Dogan-garyndaşlarymyz garşy çyksa howsala düşmezlige näme kömek eder? (Zebur 27:10).
13 Zebur 27:10-daky (okaň) sözler biziň derdimize derman bolýar. Biz Ýehowanyň söýýändigini unutmasak, dogan-garyndaşlarymyz garşy çyksa-da howsala düşmeris. Ýehowa hem bizi sylagsyz goýmaz. Ol bize güýç-kuwwat, kalbymyza rahatlyk we berk iman berer. Munuň hakykatdygyna Benýamin öz durmuşynda göz ýetirdi.
14. Biz Benýaminiň göreldesine nädip eýerip bileris?
14 Benýamin hökümet işgärleriniň zalymlyk bilen yzarlaýandygyny bilse-de, Ýehowanyň Şaýady bolýar. Benýamin Ýehowanyň söýýändigine ynanýardy. Şonuň üçin adamdan gorkynyň duzagyna düşmedi. Ol şeýle gürrüň berýär: «Yzarlamalar pikir edişimdenem köp boldy. Men dogan-garyndaşlarymyň garşylyklaryndan has-da gorkýardym. Men Ýehowanyň Şaýady bolsam, kakamyň ýüzüni ýere salaryn, dogan-garyndaşlarym meni özüni oňarmaýan adam hasaplar diýip biynjalyk bolýardym». Emma Benýamin Ýehowanyň söýýändigine we hemişe aladasyny etjekdigine berk ynanýardy. Ol şeýle diýýär: «Men ýeter-ýetmezçilikden, adalatsyzlykdan, yzarlamalardan kösenýän dogan-uýalara Ýehowanyň berýän kömegi hakda oýlanýaryn. Eger Ýehowa bil baglasam, ol maňa-da kömek eder. Meni ençeme sapar urup-ýençdiler, tussag etdiler. Şonda Ýehowanyň tüýs wagtynda güýç-kuwwat berýändigine, wepaly bolmaga kömek edýändigine göz ýetirdim». Ýehowa Benýaminiň Atasy boldy. Hudaýyň halky bolsa onuň dogany, uýasy, agasy, inisi boldy.
ÖLÜMDEN GORKY
15. Biz näme üçin ölmekden gorkýarys?
15 Ölüm — adamzadyň ganym duşmany (1 Kor. 15:25, 26). Biziň her birimiz ölümden gorkýarys, esasanam, özümiz ýa-da dogan-garyndaşlarymyzdan biri agyr kesellese has-da gorkýarys. Näme üçin? Sebäbi Ýehowa kalbymyza ebedi ýaşamak islegini guýdy (Nes. 3:11). Ölümden gorkmagyň peýdaly taraplary hem bar. Meselem, biz sagdyn bolmak üçin ýokumly iýmitleri iýýäris, beden maşklaryny edýäris, lukmana ýüz tutýarys, bejergi alýarys we janymyza howp salýan zatlary etmeýäris.
16. Şeýtan bizi ölümden gorkynyň duzagyna nädip düşürjek bolýar?
16 Jan bir süýji zat. Şeýtan hem muny gowy bilýär. Şeýtan adam şirin jany üçin Hudaý bilen dostlugyny bozar diýip pikir edýär (Eýp. 2:4, 5). Şeýtan ýalňyşýar! Mukaddes Kitapda Şeýtanyň «ölümiň sebäpkäridigi» aýdylýar (Ýew. 2:14, 15). Şeýtan biziň ölümden gorkýandygymyzy bilýär we şol duzagy ulanyp Ýehowadan ýüz öwürtjek bolýar. Şeýtanyň golastyndaky adamlar käte Hudaýyň halkyna ýarag çenäp: «Janyňy saýla ýa-da imanyňy» diýip haýbat atýarlar. Käte bolsa Şeýtan ýarawsyz dogan-uýalara Hudaýyň kada-kanunlaryny bozdurjak bolmagy mümkin. Belki, lukmanlar ýa-da Ýehowa iman etmeýän dogan-garyndaşlary olara gan goýbertjek bolar. Ýa-da Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna garşy gelýän başga bir bejergini teklip eder.
17. Biz näme üçin ölümden gorkmaly däl? (Rimliler 8:37—39).
17 Biz ölümden gorkmaýan gözsüz batyr däl. Elbetde, ölümden gorkýarys. Ýöne biz aradan çyksak-da, Ýehowanyň direltjekdigine iman edýäris, sebäbi ol bizi söýýär (Rimliler 8:37—39-njy aýatlary okaň). Ýehowa aradan çykan dostlaryny unutmaýar, olary diri hasaplaýar (Luka 20:37, 38). Ol wepaly bendelerini direltjek gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýar (Eýp. 14:15). Ýehowa adamlary ebedi ýaşatmak üçin söwer Ogluny gurban berdi (Ýah. 3:16). Ýehowanyň bizi söýýändigine we aladamyzy edýändigine şübhelenmeýäris. Bizi öldürjek bolsalar-da, agyr kesellesek-de, Ýehowadan dänmeris. Gaýtam Ondan güýç, akyldarlyk we kalbymyza rahatlyk sorarys. Waleriýa bilen äri hem şeýle etdiler (Zeb. 41:3).
18. Biz Waleriýanyň göreldesine nädip eýerip bileris?
18 Waleriýa 35 ýaşynda seýrek duş gelýän we çalt güýjeýän rak keseli bilen keselleýär. Hudaýyň söýgüsine ynanmak oňa ölümden gorkyny ýeňmäge nädip kömek etdi? Ol şeýle gürrüň berýär: «Keselim barada bilenimde, dünýä tüm-garaňky bolup göründi. Men birnäçe lukman bilen maslahatlaşdym, emma olar gansyz operasiýa etmejegini aýtdylar. Men gorkýardym, emma Ýehowanyň tabşyrygyny bozup, gan goýbertmek hakda pikirem etmeýärdim. Men Ýehowanyň söýgüsi, ýagşylygy hakda oýlananymda, kalbym minnetdarlykdan dolýar. Ýehowany söýýändigimi subut etmek indi meniň gezegim. Lukmanlar her sapar keselimiň agyrlaşýandygyny aýdanda, Ýehowany begendirmegi we Şeýtanyň ýalançydygyny subut etmegi berk ýüregime düwýärin. Ahyrsoňy, gansyz operasiýa etdiler. Saglygym häzirem öwerlik däl. Ýöne muňa-da şükür. Ýehowa maňa güýç-kuwwat berýär. Meselem, keselimiň anyklanylmagyndan birnäçe gün öň ýygnakda „Betbagtçylyga uçranyňyzda mert boluň“c diýen makalany öwrenipdik. Ýehowa şol makala arkaly tüýs wagtynda göwünlik berdi. Ärim ikimiz makalany gaýta-gaýta okadyk. Şeýle makalalary okamak, ýygnaklara yzygiderli gatnaşmak we wagyz etmek, ýüregimize giňlik berýär, paýhasly karara gelmäge kömek edýär».
GORKYNY ÝEŇELIŇ!
19. Tizden näme bolar?
19 Bütin ýer ýüzünde ýaşaýan dogan-uýalar Ýehowanyň kömegi bilen kynçylyklara we Şeýtanyň synaglaryna mertlik bilen döz gelýärler (1 Pet. 5:8, 9). Siz hem döz gelip bilersiňiz! Ýehowa Isa Mesihe we onuň bilen bile höküm sürjeklere «Iblisiň işlerini ýok etmegi» tabşyrar (1 Ýah. 3:8). Şondan soň Hudaýyň halkyny «hiç kim gorkuzyp bilmez». Olar şatlyk bilen gulluk ederler (Işa. 54:14; Mik. 4:4). Geliň, şol güne çenli gorkynyň duzagyna düşmezlik üçin elimizde baryny edeliň.
20. Gorkynyň duzagyna düşmez ýaly näme etmeli?
20 Biz Ýehowanyň söýýändigine we goraýandygyna ynanmaly. Munuň üçin biz Ýehowanyň gadymy döwürde ýaşan wepaly bendelerine kömek edişi hakda oýlanmaly we dogan-uýalara gürrüň bermeli. Şeýle-de Ýehowanyň agyr synaglarda bize goldaw berendigi hakda oýlanmaly. Hawa, biz Ýehowanyň kömegi bilen hiç zatdan, hiç kimden gorkmarys (Zeb. 34:4).
129-NJY AÝDYM Çydamly bolalyň
a Gorky bizi howp-hatardan goraýar. Ýöne çendenaşa gorkmak zyýanly. Şeýtan bizi gorkynyň duzagyna düşürip, el-aýagymyzy ýüpsüz baglajak bolýar. Eger Ýehowanyň bizi goldaýandygyna we söýýändigine ynansak, hiç zatdan gorkmarys, dogumly hem mert bolarys.
b Käbir atlar üýtgedildi.
c «Garawul diňine» serediň (w12 15/10 sah. 7—11).
d SURAT: är-aýal gaýratly uýa iýer-içer ýaly zat getirýär.
e SURAT: ýaş doganyň ene-atasy garşy çykýar, ýöne ol Hudaýyň goldajagyna ynanýar.