Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w22 Iýul sah. 31
  • Okyjylaryň sowallary

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Okyjylaryň sowallary
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • Meňzeş maglumat
  • «Parahatlyk däl-de, agzalalyk getirýän» hakykat
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • Maşgala agzalary aýry dine uýsalar-da, bagtly bolup bolýar
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Sen dogan-uýalaryň iman etmeýän ýanýoldaşyna hakykaty kabul etmäge kömek edip bilermiň?
    Hudaýa gullugymyz — 2010
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
w22 Iýul sah. 31

Okyjylaryň sowallary

Isa «men ýer ýüzüne parahatlyk getirmek üçin gelendirin öýtmäň» diýende nämäni göz öňünde tutdy?

Isa şägirtlerine parahat, agzybir ýaşamalydygyny aýtdy. Ýöne ol şeýle sözleri hem aýtdy: «Men ýer ýüzüne parahatlyk getirmek üçin gelendirin öýtmäň; men parahatlyk däl, gylyç getirdim. Sebäbi men ogly kakasyndan, gyzy ejesinden, gelni gaýynenesinden aýyrmaga geldim» (Mat. 10:34, 35, çykgyt). Isa nämäni göz öňünde tutdy?

Elbetde, Isa maşgala agzalaryň arasynda bölünişik döretjek bolmady. Ýöne Mukaddes Kitapdan okuw geçip, özüni Hudaýa bagyş edenlere maşgala agzalarynyň garşy çykjakdygyny aýtdy. Isanyň şägirdi bolanyňdan soň, ýanýoldaşyň ýa-da maşgala agzalaryňdan biri garşy çyksa Hudaýyň kada-kanunlaryny ýerine ýetirip, Oňa wepaly bolmak kyn bolup biler.

Mukaddes Kitapda: «Ähli adamlar bilen oňşup ýaşajak boluň» diýilýär (Rim. 12:18). Onda näme üçin Isa «men gylyç», ýagny agzalalyk getirdim diýdikä? Kimdir biri Isa Mesihiň şägirdi bolup tabşyryklaryny ýerine ýetirip başlasa, dogan-garyndaşlary garşy çykyp biler. Şonuň üçin Isa «adamyň duşmany öý-içerisindäkiler bolar» diýdi (Mat. 10:36).

Uýamyz ejesi gitme diýip ýalbarsa-da, wagza gidýär. Uýamyzyň elinde «Ebedi ýaşaň!» kitaby bar.

Ýehowa iman etmeýän dogan-garyndaşlary bilen ýaşaýan dogan-uýalaryň Ýehowa we Isa pygambere imany synalyp biler. Meselem, iman etmeýän dogan-garyndaşlary däp-dessurlary berjaý etmegi, baýramçylyklara gatnaşmagy talap edip biler. Şeýle ýagdaýda siz kimiň göwnünden turarsyňyz? Isa pygamber şeýle diýdi: «Kim kakasyny ýa ejesini menden has gowy görse, şägirdim bolmaga mynasyp däldir» (Mat. 10:37). Elbetde, Isa Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlanyňdan soň, ene-ataňy söýmeli däl diýjek bolmady. Ýöne her kimiň, her zadyň öz ýeri bar. Elbetde, dogan-garyndaşlarymyz garşy çyksa-da, biz olary söýmeli. Ýöne Ýehowany bütin ýüregimiz, bütin janymyz-tenimiz bilen söýmeli.

Dogry, dogan-garyndaşlaryň garşy çykmagy ýüregiňe bitmejek ýara salyp biler. Ýöne Isanyň şägirtlerine aýdan şu sözlerini ýatdan çykarmaly däl: «Kim jebir pürsüni alyp yzyma düşmese, şägirdim bolmaga mynasyp däldir» (Mat. 10:38). Hawa, biziň her birimiz synaglaryň boljakdygyny, dogan-garyndaşlarymyzyň garşy çykjakdygyny bilýäris. Ýöne hiç haçan umydymyzy üzmäliň. Dogan-garyndaşlarymyz ýagşy edim-gylymymyzy görüp, iru-giç Ýehowany tanamak islärler (1 Pet. 3:1, 2).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş