Sen dogan-uýalaryň iman etmeýän ýanýoldaşyna hakykaty kabul etmäge kömek edip bilermiň?
1. Näme üçin iman etmeýän adamyň hakykaty kabul etmegini diňe bir mesihçi ýanýoldaşy islemeýär?
1 Siziň ýygnagyňyzda adamsy ýa-da aýaly Ýehowa iman etmeýän wagyzçy barmy? Şeýle wagyzçylar ýanýoldaşynyň hem Ýehowa sežde etmegini isleýändir. Emma muny diňe olar däl-de, ýygnakdaky ähli dogan-uýalar hem Ýehowa ýaly «bütin adamlaryň gutulmagyny, hakykat bilimine ýetmegini isleýär» (1 Tim. 2:4). Ýygnagymyzdaky wagyzçylaryň iman etmeýän ýanýoldaşy hakykaty kabul eder ýaly, biz näme edip bileris?
2. Paýhasly bolsak, iman etmeýän ýanýoldaşymyza nädip kömek ederis?
2 Ilki bilen, biz iman etmeýän adamyň pikirine düşünjek bolmaly. Olaryň köpüsi öz maşgalasyny gowy görüp, ýagşy ýanýoldaş we ene-ata bolmaga jan edýär. Ýehowa iman etmeýänleriň dini biziňkiden tapawutlansa-da, olar hem öz dinine ýürekden ynanýandyr. Belki, olar Ýehowanyň Güwäçileri hakda kän bilmän, nädogry gürrüňler eşidýändir. Käbirler ýanýoldaşynyň wagtyny öňküsi ýaly maşgalasyna däl-de, Ýehowa gulluk etmek üçin sarp edýänine gaharlanýar. Paýhasly bolsak, ýanýoldaşymyzyň gaharyny getirmän, hemişe mähirli bolup, hormat goýarys.
3. Iman etmeýän ýanýoldaşyňy hakykat bilen gyzyklandyrmagyň iň gowy usuly näme?
3 Ýürekden gyzyklan. Iman etmeýän ýanýoldaşyňy hakykat bilen gyzyklandyrmagyň iň gowy usuly, başda Mukaddes Ýazgylar barada gürrüň bermän, özüňi gowy alyp barmaly (1 Pet. 3:1, 2). Munuň üçin adam bilen ýürekden gyzyklanmaly. Uýalar doganyň iman etmeýän aýaly bilen, doganlar bolsa, uýanyň iman etmeýän adamsy bilen ýürekden gyzyklanyp biler. Nädip?
4. Nädip biz iman etmeýän adam bilen ýürekden gyzyklanyp bileris?
4 Doganyň ýa-da uýanyň iman etmeýän ýanýoldaşyny tanamaýan bolsak, imandyşymyz bilen öňünden gürleşip, olar bilen duşuşyp bileris. Eger ol seniň gyzyklanýandygyňa parhsyz garasa, ruhdan düşme. Ýehowa iman etmeýän adam bilen ýürekden gyzyklanyp, mähirli bolsak, onuň Güwäçilere bolan garaýşy üýtgemegi mümkin (Rim. 12:20). Ruhy taýdan ýetişen käbir mesihçiler doganyň ýa-da uýanyň iman etmeýän ýanýoldaşy we maşgalasy bilen ýakyndan tanyşmak hem-de nädogry garaýşyny düzetmek üçin myhmançylyga çagyrýar. Olar ruhy zatlar barada däl-de, iman etmeýän adamy gyzyklandyrýan zatlar hakynda gürrüň edýär. Iman etmeýän adam bize öwrenşensoň, Ýazgylara esaslanan gürrüňleri etse bolar. Soňra ol käbir mesihçileri tanaýandygy sebäpli, aýalynyň ýygnakda näme öwrenýändigini bilmek üçin duşuşyklara barmak islemegi mümkin. Onuň Mukaddes Ýazgylary öwrenmäge islegi bolmasa-da, Ýehowa gulluk edýän ýanýoldaşyny goldaýandygy üçin öwse bolar.
5. Ýaşulular dogan-uýalaryň iman etmeýän ýanýoldaşyny hakykat bilen nädip gyzyklandyryp biler?
5 Dogan-uýalaryň iman etmeýän ýanýoldaşyny hakykat bilen gyzyklandyrar ýaly, esasanam, ýygnagyň ýaşululary olara wagyz etmäge jan etmeli. Mukaddes Ýazgylar hakynda gürrüň etmek islemeýän adam hassahana düşende ýa-da agyr kesellände, hoş habary diňlemegi mümkin. Eger doganyň ýa-da uýanyň maşgalasynda biri aýrylsa, ýaşulular olaryň iman etmeýän ýanýoldaşyna hem göwünlik berip biler.
6. Biz näme üçin dogan ýa-da uýanyň iman etmeýän ýanýoldaşyny hakykat bilen gyzyklandyrmaly?
6 Ýygnagymyzdaky doganyň ýa-da uýanyň ýanýoldaşy hakykaty kabul edende, olaryň nähili şatlanýandygyny göz öňüne getirip görüň! Şeýle-de muňa Ýehowa, perişdeler we ýygnagyň başga-da agzalary begenýär (Luka 15:7, 10). Dogan ýa-da uýanyň iman etmeýän ýanýoldaşy hakykat bilen başda gyzyklanmasa-da, edýän tagallalarymyz «hiç kimiň heläk bolman, hemmeleriň toba gelmegini isleýän» Ýehowany begendirýändigine şatlanyp bileris (2 Pet. 3:9).
[6-njy sahypadaky çarçuwa]
Iman etmeýän ýanýoldaşyňy hakykat bilen gyzyklandyrmagyň iň gowy usuly, başda Mukaddes Ýazgylar barada gürrüň bermän, özüňi gowy alyp barmaly