Erkek adamlara wagyz etmek üçin tagalla et
1. Patyşalygyň işini goldamak üçin näme örän wajyp?
1 Şu soňky günlerde Patyşalyk işi giňden ýaýraýar. Şonuň üçin ýygnakda jogapkärli ýumuşlary ýerine ýetirer ýaly, ruhy taýdan ýetişen doganlar gerek (Mar. 4:30—32; Res. iş. 20:28; 1 Tim. 3:1—13). Emma kä ýerlerde Patyşalyk baradaky habary erkek adamlara garanda, aýallar köp kabul edýär. Käbir ýurtlarda erkek adamlar çagalaryna dini terbiýäni bermegi we ruhy taýdan çözmeli meseleleri aýallarynyň üstüne ýükleýärler. Biz nädip köpräk erkek adamlary ruhy zerurlyklaryny duýmaga we biziň hakyky seždämize goşulmaga höweslendirip bileris?
2. Pawlus bilen Petrusyň erkek adamlara eden wagzy nähili gowy netije berdi?
2 Erkek adamlara wagyz etmek. Eger maşgalabaşy hakykaty kabul etse, ol köplenç maşgala agzalaryny hak Hudaýa gulluk etmäge höweslendirýär. Pawlus hem-de Silas bilen bolan wakany ýada salalyň. Olar zyndandaka, türmeçä wagyz edýärler. Şondan soň türmeçi we onuň öýündäkileriniň bary suwda çokundyrylýarlar (Res. iş. 16:25—34). Başga bir sapar Pawlus Korintosda wagyz edende, «sinagoga başlygy Krispus bütin öý-içersi bilen Rebbe iman etdi» (Res. iş. 18:8). Bir gezek Ýehowa Petrusy Kornelius ýüzbaşa wagyz etmäge iberýär, ol «Hudaýdan gorkýan, takwa adamdy». Netijede, Kornelius dogan-garyndaşlary we ýakyn dostlary bilen bile suwda çokundyryldy (Res. iş. 10:1—48).
3. Filipusdan görelde alyp, sen «häkimiýet eýelerine» nädip wagyz edip bilersiň?
3 «Häkimiýet eýelerine» wagyz etmek garaşylmadyk netije berip biler (1 Tim. 2:1, 2). Meselem, Ýehowanyň perişdesi Filipusa «wezire» wagyz etmegi tabşyrýar, wezir hebeşleriň melikesiniň bütin hazynasyny dolandyrýardy. Filipus onuň «Işaýa pygamberi okap oturanyny» eşidip, oňa Isa baradaky hoş habary düşündirýär. Bu hebeşistanly wezir Isanyň şägirdi bolýar, ol ýurduna barýança hoş habary wagyz eden bolmaly. Şeýle-de ol melikä we köşkdäki adamlara-da wagyz edendir, çünki olaryň hoş habary başgaça eşitmäge mümkinçiligi bolmazdy (Res. iş. 8:26—39).
4. Erkek adamlara wagyz eder ýaly nähili mümkinçilikler bar?
4 Erkek adamlara wagyz etmek üçin mümkinçilikler. Erkek adamlar köplenç gündiz işleýärler. Belki, biz agşamara, dynç ýa-da baýramçylyk günleri wagyz etmegi planlaşdyrarys? Adamlaryň işleýän ýerlerinde yzygiderli wagyz etmek, öýünde seýrek bolýan erkek adamlara güwälik etmäge mümkinçilik berýär. Doganlar bolsa iş ýerinde erkek adamlara wagyz etmek üçin köp tagalla edip biler. Köp wagyz edilýän territoriýada öýden-öýe güwälik edende, doganlar diňe erkek adamlar bilen gürrüňdeş bolup biler.
5. Uýa hoş habar bilen gyzyklanan erkek adamy ikilenç idemeli bolsa näme etmeli?
5 Eger uýa hoş habar bilen gyzyklanan erkek adama ikilenç ideg etmeli bolsa, onuň ýeke özi barmaly däl. Ol äri ýa-da başga bir wagyzçy bilen baryp biler. Eger bu adam ruhy taýdan ösüp başlasa, onda okuwy ruhy taýdan ýetişen dogan geçirse gowy bolar.
6. «Köp adamlary gazanmak» üçin Pawlusdan nähili görelde alyp bileris?
6 Erkek adamlary gyzyklandyrýan temalary saýla. Pawlus resul «köp adamlary gazanmak» üçin, diňleýjilerini göz öňünde tutup, wagyz edýärdi (1 Kor. 9:19—23). Şonuň ýaly biz hem wagyz edende, erkek adamlary nähili temalaryň gyzyklandyrjakdygy barada oýlanmaly we taýýarlananymyzda şolary göz öňünde tutmaly. Meselem, köplenç erkek adamlary ykdysady kynçylyklar, gowy hökümet, maşgalanyň abadançylygy we howpsuzlygy baradaky temalar gyzyklandyrýar. Şeýle-de olary durmuşyň manysy, ýer ýüzüniň gelejegi we näme üçin Hudaý horluklara ýol berýär ýaly temalar gyzyklandyrýar. Eger biz paýhasly bolsak, onda adamlar Patyşalyk baradaky habary uly höwes bilen kabul ederler (Sül. tym. 16:23).
7. Ýygnaga gatnaşýan iman etmeýän ärlere ähli dogan-uýalar nädip gowy täsir edip biler?
7 Iman etmeýän ärlere kömek etmek. Mesihçi uýalar özüniň göreldeli edim-gylymy bilen ärlerine gowy güwälik etseler-de, ýygnagyň başga agzalary-da bu erkek adamlara gowy täsir edip biler (1 Pet. 3:1—4). Mesihçi uýa iman etmeýän äri bilen ýygnaga gelende, ony mähirli garşylasalar, bu oňa güýçli täsir eder. Onuň ýygnaga gelmegi hakykat bilen gyzyklanýandygyny görkezýär we belki, ol Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlar.
8. Hakykat bilen onçakly gyzyklanmaýan ärlere doganlar nädip wagyz edip biler?
8 Ilkibaşda, hakykat bilen onçakly gyzyklanmaýan ärler soňabaka mesihçi doganlara öwrenişip, Mukaddes Ýazgylar hakda gürrüňdeş bolmaga razylaşdylar. Bir ýygnagyň doganlary uýamyzyň iman etmeýän ärini ideg edende, onuň gyzyklanýan zatlary barada gürrüň etmegi makul bildiler. Wagtyň geçmegi bilen olar ruhy zatlar hakda gürrüň edip başladylar we häzir ol suwda çokundyrylan dogan. Uýamyzyň iman etmeýän äri bilen gowy gatnaşyk edýän başga bir dogan bolsa, oňa öýüniň daşyna haýat gurmaga kömek edýär. Onuň bu eden ýagşylygy ony Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlamaga höweslendirýär (Gal. 6:10; Flp. 2:4). Eger sen mesihçi dogan bolsaň, bir ýa-da birnäçe uýalarymyzyň iman etmeýän ýanýoldaşyny hoş habar bilen gyzyklandyryp bilmezmiň?
9. Tälim alan mesihçi doganlar kim bolup biler?
9 Mesihçi doganlara tälim bermek. Patyşalyk baradaky habary kabul edip, ýygnakda jogapkärli ýumuşlary berjaý etmek isleýän erkekler gelejekde «adamlar görnüşinde sylaglar» — ýaşuly bolup, Ýehowanyň halky üçin öz ukybyny we güýjüni sarp edip bilerler (Efes. 4:8; Zeb. 68:18). Şeýle doganlar ýygnaga yhlasly we meýletin gözegçilik ederler (1 Pet. 5:2, 3). Olar ähli doganlar üçin hakyky bereketdir!
10. Hananýanyň Pawlus üçin eden tagallasy nädip köp adamlara hoş habary eşitmäge kömek etdi?
10 Saulyň mysalyny ýada salalyň. Ol bir wagtlar mesihçileri yzarlasa-da, soňra «özge milletleriň resuly» boldy (Rim. 11:13). Şol sebäpli Hananýa atly şägirt ilkibaşda oňa wagyz etmek islemedi. Muňa garamazdan, Hananýa Rebbiň görkezmesine eýerip, Saulyň ýanyna gitdi we netijede, ol Pawlus resul boldy. Ýyllaryň dowamynda Pawlusyň wagzy arkaly müňlerçe adamlar hoş habary eşitdiler, millionlarça adamlar bolsa Mukaddes Ýazgylardaky onuň hatlaryny häzir hem okaýarlar (Res. iş. 9:3—19; 2 Tim. 3:16, 17).
11. Biz näme üçin erkek adamlara wagyz etmek üçin elimizden gelenini etmeli?
11 Erkek adamlara wagyz etmek üçin, geliň, elimizden gelenini edeliň. Şeýtsek, Ýehowa öz islegini berjaý etmek we Patyşalygyň bähbitlerini goldamak üçin ýürekden edýän tagallamyza ak pata berer.