41-NJI MAKALA
Hakyky bagtyň açary
«Ýehowadan gorkýan, ýollaryndan ýöreýän adam bagtlydyr!» (Zeb. 128:1).
110-NJY AÝDYM Ýehowa şatlyk berýär
MAZMUNYa
1. Hakyky bagt nämä bagly?
HAKYKY bagt az salymlyk duýgy däl. Ol adamyň bütin ömrüne dowam edýär. Isa pygamber Dagdaky wagzynda şeýle diýdi: «Hudaý barada bilim almagyň wajypdygyna düşünýän adamlar bagtlydyr» (Mat. 5:3). Isa adamlaryň Hudaý barada bilim alyp, Oňa sežde etmek üçin ýaradylandygyny bilýärdi. Ýehowa «bagtly Hudaý», oňa sežde edýänler hem bagtly bolup bilýär (1 Tim. 1:11).
«Dogruçyllyk üçin yzarlanýan adamlar bagtlydyr, sebäbi gökdäki Patyşalyk olaryňkydyr» (Mat. 5:10) (2, 3-nji abzaslar)d.
2, 3. a) Isa kimlere bagtly diýdi? b) Makalada näme hakda gürrüň ederis?
2 Adam hemme zat gülala-güllük bolanda bagtly bolýarmy? Elbetde, ýok! Isa Dagdaky wagzynda: «Hasrat çekýän adamlar bagtlydyr... Dogruçyllyk üçin yzarlanýan adamlar bagtlydyr» diýdi. Şeýle-de ol: «Meniň adym üçin size sögenlerinde... bagtlysyňyz» diýdi. Diýmek, adam gaýgy-alada etse-de, oňa sögseler-de ýa-da eden günäsi sebäpli ejir çekse-de bagtly bolup bilýär (Mat. 5:4, 10, 11). Başyna kynçylyk düşen adam nädip bagtly bolup biler?
3 Isa pygamber hakyky bagty nädip tapyp bolýandygyny öwretdi. Hudaý bilen dostlaşýan adam hakykatdan bagtly bolýar (Ýak. 4:8). Geliň, indi adamy bagtly edýän üç maslahat hakda gürrüň edeliň.
ÝEHOWA BARADA BILIM ALMALY
4. Bagtly bolmaga kömek edýän birinji maslahat näme? (Zebur 1:1—3).
4 BIRINJI MASLAHAT: Hudaýyň Sözüni okaýan adam bagtlydyr. Isa pygamber Hudaýyň Sözüni çörek bilen deňeşdirdi. Ol şeýle diýdi: «Adam diňe bir çörek bilen däl, Ýehowanyň agzyndan çykýan her bir söz bilen hem ýaşaýandyr» (Mat. 4:4). Hawa, adamlar hem, haýwanlar hem ýaşamak üçin her gün iýip-içmeli bolýar. Emma göçme manydaky çöregi diňe adamlar iýip bilýär. Diýmek, biz Hudaýyň Sözüni her gün okamaly. Mezmurçy Hudaýyň Sözüni her gün okaýan adam barada şeýle diýdi: «Ol Ýehowanyň kanunyny ýürekden söýýär. Gije-gündiz Hudaýyň kanuny hakda oýlanýar» (Zebur 1:1—3-nji aýatlary okaň).
5, 6. a) Mukaddes Kitapdan nähili soraglaryň jogabyny tapyp bilersiňiz? b) Mukaddes Kitaby okamagyň nähili peýdasy bar?
5 Mukaddes Kitapda bagtly bolmaga kömek etjek maslahatlar ýazylan. Ol ýerde şeýle wajyp soraglaryň jogaby bar: durmuşyň manysy näme? Hudaý bilen nädip dostlaşmaly? Ol günälerimizi bagyşlar ýaly näme etmeli? Bize nähili gelejek garaşýar? (Ýer. 29:11). Mukaddes Kitapdan öwrenen zatlarymyz kalbymyzy şatlykdan doldurýar.
6 Mukaddes Kitapda durmuşda döreýän kynçylyklary çözmäge kömek edýän maslahatlar bar. Eger kynçylyklar sebäpli ruhdan düşseňiz, Hudaýyň Sözüni okaň we oýlanyň. Şonda siz bagtly bolarsyňyz, sebäbi Isa pygamber: «Hudaýyň sözüni eşidip, berjaý edýänler bagtly!» diýdi (Luka 11:28).
7. Hudaýyň Sözi ýüregimize täsir eder ýaly nädip okamaly?
7 Hudaýyň Sözüni okanyňyzda oýlanmak üçin wagt tapyň. Aýdaly, biri siziň gowy görýän naharyňyzy bişirýär. Emma siz pikire çümüp ýa-da bir ýere gitmäge howlugyp, nahary çalt-çaltdan iýýärsiňiz. Nahary iýip bolanyňyzdan soňra: «Bäh, naharyň nirä gidenini hem duýmadym. Käşgä howlukman iýen bolsadym, tagamyny duýardym» diýýärsiňiz. Edil şonuň ýaly, Mukaddes Kitaby çalt-çaltdan okasaňyz, «tagamyny duýmarsyňyz». Şol sebäpli Mukaddes Kitaby okanyňyzda gahrymanlary göz öňüne getiriň, sesini eşitjek boluň we okan zatlaryňyz hakda oýlanyň. Mukaddes Kitaby şeýdip okasaňyz bagtly bolarsyňyz.
8. «Wepaly hem paýhasly hyzmatkär» näme edýär? (Çykgyda serediň).
8 Isa pygamber «wagtly-wagtynda nahar paýlaryny bermegi... wepaly hem paýhasly hyzmatkäre» tabşyrdyb (Mat. 24:45). Olar edebiýatlary Mukaddes Kitaba esaslanyp taýýarlaýar (1 Sel. 2:13). Wepaly hyzmatkär bize Ýehowanyň garaýşyna düşünmäge kömek edýär. Biz «Garawul diňi», «Oýanyň!» žurnallaryndan we jw.org saýtyndan makalalary okap bilýäris. Ýygnak duşuşyklaryna taýýarlanýarys, her aý çykýan teleýaýlymyny görýäris. Ýehowa barada alýan bilimimiz bize ikinji maslahata eýermäge kömek edýär.
ÝEHOWANYŇ KADA-KANUNLARY BOÝUNÇA ÝAŞAMALY
9. Bagtly bolmaga kömek edýän ikinji maslahat näme?
9 IKINJI MASLAHAT: Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşaýan adam bagtlydyr. Mezmurçy şeýle diýdi: «Ýehowadan gorkýan, ýolundan ýöreýän adam bagtlydyr!» (Zeb. 128:1). Ýehowadan gorkýan adam Oňa hormat goýýar we gynandyrýan işleri etmeýär (Nak. 16:6). Ol Ýehowanyň ýagşy-ýaman babatdaky kanunlaryna düşünmek üçin Mukaddes Kitaby her gün okaýar (2 Kor. 7:1). Biz Ýehowanyň ýigrenýän däl-de, halaýan işlerini etsek bagtly bolarys (Zeb. 37:27; 97:10; Rim. 12:9).
10. Rimliler 12:2-ä görä, biz näme etmeli?
10 Rimliler 12:2-ni okaň. Biz Ýehowanyň ýagşy-ýaman babatda kada-kanun goýmaga hakynyň bardygyny bilýäris. Ýöne oňa eýermegiň wajypdygyna-da düşünmeli. Meselem, adam ulagy hökümetiň goýan tizliginde sürmelidigini bilýär, emma kanuna eýermän bellenen tizlikden gaty sürýär. Biz hem Hudaýyň kada-kanunlaryny bilmek bilen çäklenmän, olara eýerip ýaşamaly (Nak. 12:28). Şonda Dawut pygamberiň şu sözlerine goşularys: «Sen ýaşaýyş ýoluny öwredersiň. Huzuryňda hemişe şatlansynlar, sagyňda elmydama begensinler» (Zeb. 16:11).
11, 12. a) Biz nämeden seresap bolmaly? b) Filipililer 4:8-nji aýat görýän we diňleýän zatlarymyzy ünsli saýlamaga nädip kömek edýär?
11 Her bir adam başyna düşen kynçylygy derrew çözmek isleýär. Ýöne biz kynçylygy çözjek bolup Ýehowany gynandyrýan işleri etmekden seresap bolmaly (Efes. 5:10—12, 15—17).
12 Pawlus mesihçileri «dogry, päk, söýgä höweslendirýän, ýagşy... zatlar hakda oýlanmaga» höweslendirdi (Filipililer 4:8-i okaň). Pawlus aýatda dynç alyş barada aýtmady. Emma onuň aýdan sözleri görýän we diňleýän zatlarymyzy ünsli saýlamaga kömek edýär. Meselem, şu soraglar hakda oýlanyp bileris: diňleýän aýdymlarym, görýän filmlerim, okaýan kitaplarym we oýnaýan wideooýunlarym barada näme diýse bolar? Olar dogry, päk, ýagşy işleri etmäge höweslendirýärmi? Şu soraglar bize Ýehowanyň halaýan we ýigrenýän zatlaryny anyklamaga kömek edýär. Biz Ýehowanyň ýokary ahlak kadalary boýunça ýaşamaly (Zeb. 119:1—3). Şonda ynsabymyz arassa bolar, bagtly ýaşarys we üçünji maslahata eýerip bileris (Res. 23:1).
ÝEHOWA SEŽDE ETMEGI BIRINJI ÝERDE GOÝMALY
13. Bagtly bolmaga kömek edýän üçünji maslahat näme? (Ýahýa 4:23, 24).
13 ÜÇÜNJI MASLAHAT: Ýehowa sežde etmegi birinji ýerde goýmaga jan ediň. Ýehowa ähli zady Ýaradan Hudaý, şol sebäpli diňe Oňa sežde etmeli (Ylh. 4:11; 14:6, 7). Biz Ýehowa «ruhda we hakykatda» sežde etmeli (Ýahýa 4:23, 24-nji aýatlary okaň). Munuň üçin bize Hudaýyň mukaddes ruhunyň kömegi gerek bolýar. Hudaýa nädip sežde etmelidigini Mukaddes Kitapdan bilse bolýar. Biz wagyz işi çäklendirilen ýa-da gadagan edilen ýurtda ýaşasak-da, Ýehowa sežde etmegi birinji orunda goýmaly. Şu günler 100-den gowrak bigünä dogan-uýalar Ýehowa iman edýändigi üçin türmede otyrlarc. Emma olar şatlygyny ýitirmeýärler, doga-dileg edýärler, Mukaddes Kitaby okaýarlar, Ýehowa we onuň Patyşalygy hakda wagyz edýärler. Hawa, adamlar sögseler-de, yzarlasalar-da özümizi bagtly duýýarys. Sebäbi Ýehowanyň bizden razydygyny we bereket berjekdigini bilýäris (Ýak. 1:12; 1 Pet. 4:14).
DURMUŞDAN BIR PARÇA
14. Jowiden dogan bilen bolan wakany gürrüň beriň.
14 Durmuşda nähili kynçylyk bolsa-da, ýokarky üç maslahat bagtly bolmaga kömek edýär. Muny Täjigistanda ýaşaýan 19 ýaşly Jowiden Babajanowyň başyndan geçiren wakalary subut edýär. Ol harby gulluga gitmekden boýun gaçyrýar we 2019-njy ýylyň 4-nji oktýabrynda jenaýatçy hökmünde birnäçe aý tussag edilýär. Jowiden dogana edilen adalatsyzlyk barada başga ýurtlaryň hem täzeliklerinde aýdýarlar. Ony harby eşigini geýmändigi we kasam içmändigi üçin urup-ýençýärler. Soňra ony jenaýatçy hökmünde türmä basýarlar. Birnäçe wagtdan prezidentiň permany bilen ony türmeden boşadýarlar. Jowiden dogan kynçylyklara şatlyk bilen döz gelýär we Ýehowa wepaly bolýar. Sebäbi ol makalada agzalýan üç maslahata eýerýär.
Jowiden Ýehowa barada bilim aldy, kada-kanunlary boýunça ýaşady we Oňa sežde etmegi birinji ýerde goýdy (15—17-nji abzaslar).
15. Jowiden dogan türmede Ýehowa barada nädip bilim aldy?
15 Jowiden dogan türmede otyrka, Mukaddes Kitaby we edebiýatlary bolmasa-da bilim alýardy. Nädip? Dogan-uýalar oňa iýip-içer ýaly zat geçirenlerinde sumkasyna her günki aýady ýazýan ekenler. Şeýdip, ol Ýehowa hakda bilim alyp bilýärdi we okan zatlary barada oýlanýardy. Jowiden dogan azatlyga çykansoň türmä düşüp görmedik dogan-uýalara şeýle maslahat berdi: «Erkinlikde wagtyň Mukaddes Kitaby we edebiýatlary okap, Ýehowa barada bilim almak üçin has köp tagalla etmeli».
16. Jowiden näme barada oýlanýardy?
16 Jowiden dogan Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşaýardy. Ol erbet zatlar hakda pikirlenmedi we nädogry işleri etmedi. Gaýtam Ýehowa Hudaý we onuň ýaradan zatlary barada oýlanýardy. Ol säher bilen guşlaryň şirin owazyny diňleýärdi, gijelerine owadan Aýy we ýyldyzlary synlaýardy. Jowiden şeýle diýýär: «Ýehowanyň ýaradan zatlary barada oýlansaň kalbyň rahatlanýar we güýjüňe güýç goşulýar». Ýehowanyň berýän zatlaryna minnetdar bolsak, ýüregimiz şatlykdan dolar we kynçylyklara mertlik bilen döz gelip bileris.
17. Jowideniňki ýaly kynçylyklary başyndan geçirýän dogan-uýalara näme kömek eder? (1 Petrus 1:6, 7).
17 Jowiden Ýehowa edilýän seždäni birinji orunda goýdy. Ol hak Alla wepaly bolmagy ýüregine düwdi. Isa pygamber şeýle diýdi: «Ýehowa Hudaýyňa sežde etmeli, diňe oňa gulluk etmeli» (Luka 4:8). Türmäniň gözegçileri Jowiden dogany imandan dändirjek boldular. Emma ol gije-gündiz Ýehowa doga edip kömek sorady. Oňa ýowuz daraşsalar-da Ýehowa wepaly boldy we imandan dänmedi. Jowiden dogan urulsa-da, türmä basylsa-da özüni bagtly duýýar. Sebäbi kynçylyklar onuň imanyny berkitdi (1 Petrus 1:6, 7-nji aýatlary okaň).
18. Bagtly bolmak üçin näme etmeli?
18 Ýehowa adamy nämäniň bagtly edýändigini gowy bilýär. Biz şu makaladaky üç maslahata eýersek, kyn ýagdaýlarda hem özümizi bagtly duýarys. Şonda mezmurçy ýaly: «Hudaýy Ýehowa bolan halk bagtlydyr!» diýeris (Zeb. 144:15).
89-NJY AÝDYM Diňle, gulak as, bereket al
a Köp adamlar bagtly bolmak üçin keýpi-sapada ýaşamaly, baý bolmaly we at-abraý gazanmaly diýip pikir edýärler. Ýöne şeýle zatlar adamy bagtly etmeýär. Isa pygamber bagtly bolmagyň syryny aýtdy. Makalada bagtly bolmaga kömek edýän üç maslahata serederis.
b «Siz ruhy iýmiti „wagtly-wagtynda“ alýarmysyňyz?» diýen makalany okap bilersiňiz (w14 15/08).
c Köpräk bilmek üçin jw.org saýtyndan «Imany üçin tussag edilen Ýehowanyň Şaýatlary» diýen makalany okap bilersiňiz.
d SURAT: dogan-uýalar imandaşyny goldamak üçin kazyýete gelýärler.