Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w23 Fewral sah. 31
  • Doganlyk söýginiň güýji

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Doganlyk söýginiň güýji
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
  • Meňzeş maglumat
  • Wagyz etmek tejribämizi artdyrýarys. Kör adamlara wagyz edýäris
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2020
  • Kör adamlara Ýehowany tanamaga kömek ediň
    Hudaýa gullugymyz — 2015
  • Kör bolsamam, adamlara kömek edip bilýärin
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
  • Isa pygamber öýlenendimi? Onuň dogan-uýalary bardymy?
    Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
w23 Fewral sah. 31

(Çepden saga) Marselo, Ýomara we Iwer. Olaryň ellerinde ispan diliniň braýl harpynda çykan «Täze dünýä terjimesi» bar.

Doganlyk söýginiň güýji

ÝOMARA jigileri Marselo we Iwer bilen Gwatemalanyň kiçijik obasynda ýaşaýar. Olaryň gözi görmeýär. Ýomara Mukaddes Kitap okuwyny geçip başlaýar. Biraz wagtdan jigileri hem Mukaddes Kitap okuwyna başlaýar. Olara okuw geçýän wagyzçy sapagy we aýatlary okap berýärdi, sebäbi üçüsem Braýl elipbiýini bilenokdy.

Ýomara bilen jigilerine ýygnaga barmak kyn bolýardy, sebäbi Ýygnak jaýyna barmak üçin azyndan 40 minut gerekdi. Şonuň üçin dogan-uýalar olary duşuşyklaryň ählisine äkidip getirýärdiler. Soňra olar wagyz mekdebine ýazylýarlar. Dogan-uýalar olara ýumuşlaryny hem ýat tutmaga kömek etdiler.

2019-njy ýylyň maý aýynda olaryň obasynda ýygnak döreýär we pioner är-aýal göçüp barýar. Är-aýal Ýomara we jigilerine Braýl elipbiýini öwretmek isleýärdi, ýöne şol elipbiýi olaryň özlerem bilmeýärdi. Olar maksadyna ýetmek üçin kitaphana gatnap, Braýl elipbiýini we ony okatmagyň usulyny öwrendiler.

Marselo ýygnakda jogap berýär

Şeýdip, Ýomara we jigileri birnäçe aýyň içinde Braýl elipbiýinde okamagy öwrendiler.a Olar ruhy taýdan çalt ösüş edip, pioner boldular. Marselo bolsa ýygnak hyzmatçysy boldy. Ýomara we jigileri ruhy çärelere yhlasly gatnaşýarlar. Olaryň göreldesi beýleki dogan-uýalary hem yhlasly bolmaga höweslendirýär.

Süýtdeş doganlaryň kalby minnetdarlykdan doly. Ýomara şeýle gürrüň berýär: «Dogan-uýalar bizi ilkinji gezek görenlerinden mähri bilen çoýdular». Marselo bolsa şeýle diýýär: «Ajaýyp dostlarymyz bilen bir ýygnakda gulluk edýändigimize we bütindünýä doganlygyň agzasydygymyza diýseň begenýäris». Ýomara bilen jigileri ýer ýüzüniň Jennete öwrüljek wagtyny görmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar (Zeb. 37:10, 11; Işa. 35:5).

a «Braýl elipbiýini öwreniň» atly broşýura kör we gözi gowy görmeýän adamlara Braýl elipbiýinde okamagy hem-de ýazmagy öwredýär.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş