MUKADDES KITABYŇ HAKYKATY
Siz Hudaýa iman edýärsiňizmi?
Biz Ýehowa iman etsek, ony razy ederis. Pawlus resul «zalym we erbet adamlaryň... Hudaýa iman etmeýändigini» aýtdy (2 Sel. 3:2). Pawlus resul özüni yzarlaýan adamlara «zalym we erbet adamlar» diýdi. Dogrudanam, zalym we erbet adamlar Beýik Ýaradanyň bardygyna ynanmaýarlar (Rim. 1:20). Käbirleri Hudaýyň bardygyna ynanýar, ýöne olara ýürekden iman etmeýärler.
Ýehowa iman edýän adam «onuň bardygyna we ýürekden agtarýanlary sylaglajakdygyna» ynanýar (Ýew. 11:6). Iman — mukaddes ruhuň miwesi. Şonuň üçin biz Ýehowadan mukaddes ruhuny dilemeli (Luka 11:9, 10, 13). Şeýle-de Hudaýyň Sözüni her gün okamaly, oýlanmaly we durmuşda ulanmaly. Ýehowanyň mukaddes ruhy aňymyza we ýüregimize täsir edende, imanymyzy iş ýüzünde görkezeris we Allatagalany razy edip ýaşarys.