GÖZLEG GEÇIRIŇ
Asuda ýeri saýlaň
Siz şahsy okuwyny gowy edip geçirmek isleýärsiňizmi? Onda aşakdaky maslahatlar size kömek eder.
Oňaýly ýer saýlaň. Mümkin bolsa, otagyň içi arassa, tertipli we ýagty bolsun. Siz öýde oturgyçda oturyp ýa-da seýilgähde rahat ýerde okap bilersiňiz.
Adamsyz ýerde okaň. Isa pygamber doga etmek üçin «daň atmanka turup... çola ýere gitdi» (Mar. 1:35). Eger şeýle etmäge mümkinçiligiňiz bolmasa, onda maşgala agzalaryňyza şahsy okuwyny geçirjek wagtyňyzy öňünden aýdyň. Şonda olar sizi bimaza etmezler.
Ünsüňizi jemläň. Goý, hiç zat ünsüňizi bölmesin. Eger telefondan ýa-da planşetden okaýan bolsaňyz, sesini öçüriň ýa-da uçar tertibine geçiriň. Eger şahsy okuwyny geçirýän wagtyňyz etmeli işleriňiz ýadyňyza düşse, olary soňrak eder ýaly belläp alyň. Eger ünsüňizi şonda-da jemläp bilmeseňiz, gezmeläň ýa-da biraz dynç alyň.