Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • ijwyp mak. 61
  • Men nädip biraz erkinlik gazanyp bilerin?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Men nädip biraz erkinlik gazanyp bilerin?
  • Ýaşlaryň sowallary
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Enem-atam näme üçin hemişe durmuşyma goşulýar?
  • Sen näme edip bilersiň?
  • Enem-atama hemme zady aýtmak hökmanmy?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, I tom
  • Ýetginjege bagtly bolmaga kömek ediň
    Maşgala bagtynyň syry
  • Ene-atam dawalaşýan bolsa näme edip bilerin?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, II tom
  • Näme üçin gaty köp düzgün goýýarlar?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, II tom
Ýaşlaryň sowallary
ijwyp mak. 61
Kakasy oglunyň telefonyny barlaýar, oglunyň muňa gahary gelýär

ÝAŞLARYŇ SOWALLARY

Men nädip biraz erkinlik gazanyp bilerin?

  • Enem-atam näme üçin hemişe durmuşyma goşulýar?

  • Sen näme edip bilersiň?

  • Deň-duşlaryň näme diýýär?

Enem-atam näme üçin hemişe durmuşyma goşulýar?

Eneň-ataň sen hakda alada edýändiklerini aýdýar. Sen bolsa, olar durmuşyňa goşulýar diýip pikir edýärsiň. Meselem:

  • Erin atly ýetginjek gyz şeýle diýýär: «Kakam elimden telefonymy alyp, parolyny açdyrýar we hemme hatlarymy okaýar. Eger bermejek bolsam, ol bir zat gizleýändirin öýdýär».

  • 21 ýaşlaryndaky Deniz bolsa, ejesiniň yrsarap telefonunyň puluny barlap durýandygyny aýdýar. Ol: «Ejem telefonymdaky her bir nomeriň kimiňkidigini we onuň bilen näme hakda gürleşendigimi soraýar» diýýär.

  • 19 ýaşly Kaýla ýazan gündeliginiň birini ejesiniň okandygyny aýdýar. Ol şeýle diýýär: «Men onda köp pikirlerimi, duýgularymy, hatda ejem barada-da ýazypdym. Ýöne şondan soň, men gündelik ýöretmegimi bes etdim».

Mundan nähili netije çykarsa bolýar? Ene-atanyň borjy çagasyna terbiýe bermek. Ýöne seniň olara öz borçlaryny nädip ýerine ýetirmelidigini öwretmäge hakyň ýok. Käte saňa olar öte geçýän ýaly bolup görünýärmi? Belki, görünýändir. Özüňi kapasada ýaly duýmazlygyň üçin, senem käbir zatlar edip bilersiň.

Sen näme edip bilersiň?

Açyk gürrüňdeş bol. Mukaddes Ýazgylarda «ähli zatda özümizi dogruçyl alyp barmak» maslahat berilýär (Ýewreýler 13:18). Şonuň üçin ene-ataňdan hem hiç zady gizlemän, dogryňy aýt. Eger şeýle etseň, onda olar saňa köpräk erkinlik berer.

Oýlanyp gör: Saňa ynansa bolýarmy? Öýüňe wagtynda gelýäňmi? Kim bilen dostlaşýanyňy ýa-da edýän işleriňi ene-ataňdan gizleýäňmi?

Men ene-atamyň göwnünden turýaryn. Sebäbi durmuşymda bolýan zatlar barada hiç zady gizlemän, olar bilen aç-açan gürleşýärin. Şonuň üçin olar maňa ynanýar we hemişe barlap duranok (Deliýa).

Sabyrly bol. Mukaddes Ýazgylarda: «Goý, her kim öz edýän işlerini barlasyn» diýilýär (Galatýalylar 6:4). Ene-ataň ynamyna girmek üçin wagt gerek bolýar, ýöne eden tagallaňa degýär.

Oýlanyp gör: Ene-ataň hem öň ýetginjek bolup görüpdi. Seniň pikiriňçe, olar şonuň üçin durmuşyň bilen içgin gyzyklanýarmy?

Meniň pikirimçe, ejem bilen kakam ýaşlygynda goýberen ýalňyşlyklaryny ýatdan çykaranoklar, olar biziňem ýalňyşmagymyzy islänok (Daniýel).

Özüňi olaryň ýerine goý. Ähli zada ene-ataň ýaly garaýyşda bol. Mukaddes Ýazgylarda başarjaň aýallar «içerisiniň işlerine gözegçilik edýär», gowy atalar bolsa çagalaryny «Ýehowanyň terbiýesi we öwüt-ündewi bilen ulaldýar» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 31:27; Efesliler 6:4). Elbetde, olara öz borjuny ýerine ýetirmek aňsat däl. Şonuň üçin olar seniň durmuşyňa goşulmaly bolýar.

Oýlanyp gör: Aýdaly, seniňem ýetginjek gyzyň ýa-da ogluň bar. Olaryň nähili kynçylyklara duşýandygyny bilibem, durmuşyna goşulmasaň we hiç hili sorag bermeseň dogry bolarmy?

Ýetginjekkäň ene-ataň «her bir işiňe sokulýar» diýip pikir edýäň. Häzir ulalansoň bolsa, olaryň näme üçin şeýle edendigine düşünýäň. Sebäbi olar meni gowy görýärdi (Jeýms).

Deň-duşlaryň näme diýýär?

Makenzi

«Enem-atam maňa erkinlik berse-de, meni gözden salmazlygyň olaryň borjudygyny maňa düşündirdiler. Şondan bäri köp wagt geçse-de, men olaryň berýän kömegini hem-de terbiýesini höwes bilen kabul edýärin. Ene-ataň üçin sen hemişe çagalygyňa galýaň» (Makenzi).

Loren

«Ýetginjekkäm, ejem hemişe otagyma gelip, ýagdaýymy soraýardy. Men bolsa ejem durmuşyma goşulýar diýip pikir edýärdim. Men indi onuň aladamy edip, wagtyny gaýgyrmandygyna düşünýärin» (Loren).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş