Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • yp2 bap 22 sah. 181—189
  • Näme üçin gaty köp düzgün goýýarlar?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Näme üçin gaty köp düzgün goýýarlar?
  • Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, II tom
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • «Men indi çaga däl!»
  • Düzgünler bolmasady!
  • Açyk gürleşmek peýda berýär
  • Düzgünleri bozsaň näme etmeli?
  • Ene-atamyň goýan tertip-düzgüni wajypmy?
    Ýaşlaryň sowallary
  • Enem-atam maňa erkinlik berer ýaly näme etmeli?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, I tom
  • Enem-atam meni näme üçin gezelenje goýbermeýärkä?
    Ýaşlaryň sowallary
  • Ene-atam dawalaşýan bolsa näme edip bilerin?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, II tom
Başgalary
Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, II tom
yp2 bap 22 sah. 181—189

22-NJI BAP

Näme üçin gaty köp düzgün goýýarlar?

Şu ýere öýüňizde goýulýan düzgünleriň käbirini ýaz.․․․․․

Goýulýan düzgünleri adalatly hasaplaýarmyň?

□ Hawa □ Ýok

Goýlan düzgünleriň haýsysyna gulak asmak hasam kyn bolýar? ․․․․․

«ONY ET, muny etme!» Ene-ataň goýýan düzgünlerine öý işleriňi etmek, öýüňizi arassalamak ýaly işler degişli bolup biler. Mundan başga-da, öýe näçede gelmelidigiňi, telefona, kompýutera ýa telewizora näçe wagt sarp etmelidigiňi aýdýandyrlar. Olar diňe bir öýde däl, eýsem mekdepde hem özüňi nähili alyp barmalydygyň barada düzgün goýýandyr. Şeýle-de kimler bilen dostlaşmalydygyňy hem aýdýandyrlar.

Olaryň goýýan düzgünleri gaty agyr diýip pikir edýärmiň? Mümkin, senem özüňi aşakda agzalýan ýaşlar ýaly duýýansyň.

«Ene-atam gijä galman öýe gel diýende gaharym gelýär. Dostlarym bilen ýary gijä çenli aýlanyp bilmeýändigim üçin, goýlan talaby ýigrenýärin». Alen

«Kimler bilen jaňlaşandygymy barlanlarynda, janym ýanýar. Meni edil çaga ýaly görýärler». Elizabet

«Ene-atam başgalar bilen gatnaşmagyma päsgel berýär, hamala olar meniň dost tutunmagymy islemeýän ýaly». Nikol

Köplenç ýaşlar ene-atasynyň goýýan düzgünlerini bozýarlar, şol bir wagtyň özünde hem şol düzgünler bolmasa bulam-bujarlyk boljakdygyna düşünýärler. Olar ene-atasynyň goýýan talaplarynyň peýdalydygyna düşünseler-de, näme üçin olaryň käbirini ýüregedüşgünç hasaplaýarlar?

«Men indi çaga däl!»

Belki, sen özüňi çagalykdan saýlanan ýaly duýýandygyň üçin, goýulýan düzgünlerden ýadaýansyň. Sen: «Men indi çaga däl!» diýesiň gelýändir. Elbetde, ene-ataň goýan talaplary seni gorar hem-de ulalanyňda jogapkär adam bolmaga kömek eder diýip pikir edýändir.

Sen: «Bu talaplary ýerine ýetirerden „ulaldym“ we bular indi maňa degişli däl» diýip pikir edýänsiň. Mümkin, senem özüňi Brella atly gyz ýaly duýýansyň. Ol ene-atasy barada şeýle diýýär: «Olar meniň ýaşymda bolup görmedik ýaly. Men öz pikirimi aýdyp, karara gelip bilmeýärin. Olar meni uly adam hökmünde kabul edenok». Elisan hem munuň bilen ylalaşýar. Ol: «Ene-atam meniň 10 ýaşly däl-de, 18 ýaşlydygyma düşünmeýär. Olar indi maňa köpräk ynansalaram bolýar» diýýär.

Saňa garanyňda doganlaryňa köp erkinlik berilýän ýaly bolup görünse, öýde goýulýan düzgünlere gulak asmak kyn bolmagy mümkin. Mysal üçin, Metýu ýaşlyk ýyllaryny ýatlap, gyz jigisi we ýegenleri barada: «Olar islänini edýärdiler» diýýär.

Düzgünler bolmasady!

Elbetde, sen ene-ataňa her bir zatda hasabat bermän, erkin bolasyň gelýändir. Ýöne munuň netijesi nähili bolar? Mümkin, sen öz deň-duşlaryň arasyndan islän zadyny geýýänleri, dostlary bilen islän ýerine gidýänleri we öýlerine islän wagty gelýänleri tanaýansyň. Belki, olaryň ene-atasynyň çagalarynyň näme edýändigi bilen gyzyklanmaga wagty ýokdur. Nähili bolaýanda-da, Mukaddes Ýazgylarda şeýle terbiýäniň gowy netije bermejekdigi barada aýdylýar (Süleýmanyň tymsallary 29:15). Biz bir-birini söýmeýän adamlaryň arasynda ýaşaýarys. Sebäbi köpler çagaka başyna goýberilýär we ulalanda-da diňe özüni bilýän adam bolup ýetişýär (2 Timoteos 3:1—5).

Deň-duşlaryňa gözügidijilik bilen seretmegiň deregine, ene-ataň seni söýýändigi we aladaňy edýändigi üçin talaplary goýýandygyna düşünjek bol. Olar Ýehowadan görelde alyp paýhasly düzgünleri goýýarlar. Hudaý öz gullukçylaryna: «Saňa görkezme bererin, ýörejek ýoluňy öwrederin; gözüm sende bolar» diýýär (Zebur 32:8).

Käwagt olaryň goýýan talaplary ýerine ýetirerden gaty kyn ýaly bolup görünse näme edip bilersiň?

Açyk gürleşmek peýda berýär

Ene-ataň köpräk erkinlik berer ýaly ýa-da goýlan düzgünlere dogry garaýyşda bolar ýaly, olar bilen açyk gürleş. Ýöne käbir ýaşlar: «Olar bilen näçe gürleşsem-de, peýda berenog-a» diýmegi mümkin. Eger senem şeýle pikir edýän bolsaň, onda ene-ataň bilen dil tapyşmagy öwren. Olar bilen açyk gürleşseň, seniň ýagdaýyňa düşünerler hem-de ene-ataň käbir zatlarda näme üçin düzgün goýýandygyny bilersiň. Hakykatdan-da, ene-ataň özlerini seniň bilen uly adam ýaly alyp barmagyny isleseň, olar bilen uly adam ýaly gürleşmegi öwren. Muny nädip etmeli?

Duýgularyňa erk etmegi öwren. Gowy gürrüňdeşlik etmek üçin özüňe erk etmek gerek. Mukaddes Ýazgylarda: «Akylsyz bütin gaharyny daşyna çykarýandyr; akyldar adam bolsa saklap oňa basalyk edýändir» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 29:11). Şonuň üçin çaga ýaly özdiýenli bolma we zeýrenme. Ene-ataň düzediş berende gapyny batly ýapyp, öýden gitmek islemegiň mümkin. Emma şeýle etseň, erkinlik berilmeg-ä aňyrda dursun, gaýtam, has köp çäk goýarlar.

Özüňi ene-ataň ýerine goýup gör. Ýehowanyň Şaýady bolan 20 ýaşly Treýsini ejesi ýeke terbiýeleýär. Ol şeýle diýýär: «Ejem bir zady talap edende, muny näme üçin edýändigini özüme ýatladýaryn. Sebäbi ol meniň gowy adam bolup ýetişmegimi isleýär» (Süleýmanyň tymsallary 3:1, 2). Şeýle garaýyş ene-ataň bilen açyk gürleşmäge kömek edýär.

Aýdaly, ene-ataň dostlaryň bilen gitmäge rugsat bermeýär. Olar bilen dawalaşmagyň deregine: «Ynamdar biri bilen gitsem ugradarsyňyzmy?» diýip sora. Belki, olar şonda-da seni goýbermezligi mümkin. Emma näme üçin alada edýändiklerini bilseň, goýberer ýaly bir zatlar teklip edip bilersiň.

Olaryň ynamyna gir. Göz öňüne getir, sen bankdan karzyna pul alýarsyň. Eger puly wagtly-wagtynda berseň, olaryň ynamyna girersiň we gelejekde has köp pul karzyna almaga mümkinçiligiň bolar. Ene-ataňa gulak asmagy hem karz almak bilen deňeşdirse bolýar. Eger sen karzyňy wagtly-wagtynda berip dursaň, ýagny ene-ataňa kiçi zatlarda gulak assaň, olaryň saňa bolan ynamy has-da artar. Emma ene-ataň ynamyny birnäçe gezek puja çykarsaň, olardan «karz», ýagny erkinlik almak mümkinçiligiňi azaldarsyň ýa-da ondan doly mahrum bolarsyň.

Düzgünleri bozsaň näme etmeli?

Iru-giç sen goýlan düzgünleriň birini bozmagyň, ýagny öýdäki işleriňi etmezligiň, telefonda köp gürleşmegiň ýa-da öýe giç gelmegiň mümkin (Zebur 130:3). Ýöne näme üçin şeýle edendigiňi ene-ataňa düşündirmeli bolarsyň. Ýagdaýyňy hasam erbetleşdirmezlik üçin näme edip bilersiň?

Dogryňy aýt. Sebäbi häzir bir zatlar toslamagyň wagty däl. Eger bir zat toslap tapsaň, olaryň saňa bolan galanja ynamyny hem gaçyrarsyň. Şonuň üçin ähli zady bolşy ýaly gürrüň ber (Süleýmanyň tymsallary 28:13). Özüňi aklap: «Alada eder ýaly hiç zat ýok!» diýme. Şeýle-de «ýumşak jogabyň gahary ýatyrýandygyny» hiç haçan ýadyňdan çykarma (Süleýmanyň tymsallary 15:1).

Ötünç sora. Eger ýalňyşyňy boýun alyp, ene-ataňdan alada goýandygyň ýa-da ýüregini agyrdandygyň üçin ötünç sorasaň, azyrak temmi bermekleri mümkin. Ýöne muny ýürekden et!

Temmini kabul et (Galatýalylar 6:7). Adatça ene-ataň temmisini, aýratynam, adalatsyzlyk bilen berlen ýaly görünse, kabul etmek kyn bolýar. Emma eden işiňi boýun alsaň, ýetişendigiňi görkezersiň. Esasy zat, ene-ataň ynamyna girmäge jan et.

Ýokarda berlen üç maslahatyň haýsysyna eýermegiň has kyn düşýändigini ýaz. ․․․․․

Ene-ataň saňa gözegçilik etmäge jogapkär. Şonuň üçin Mukaddes Ýazgylarda: «Ataň tabşyryklaryny sakla, eneň öwredenlerini taşlama» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 6:20). Emma öýde goýulýan düzgünler durmuşyňy içgysgynç edýär diýip pikir etme. Sebäbi Ýehowa «gowy günler görmegimiz» üçin ene-atamyza gulak asmagymyzy isleýär (Efesliler 6:1—3).

ŞU TEMA BARADA KÖPRÄK BILMEK ÜÇIN I TOMUŇ 3-NJI BABYNA SERET

INDIKI BAPDA

Kakaň arakhor ýa-da neşekeş bolsa näme edip bilersiň?

ESASY PIKIRI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR

«„Ata-eneňe hormat goý“... „Şonda siz gowy günler görersiňiz“». Efesliler 6:2, 3

MASLAHAT

Ene-ataň köpräk erkinlik bermegini isleseň, goýan düzgünlerine gulak as. Şonda olaryň saňa ynamy artyp, köp erkinlik berer.

BILÝÄŇIZMI?

Geçirilen barlaga görä, söýgi bilen aladasy edilip, berk tutulýan çagalar gowy okaýar, başgalar bilen aňsat dil tapyşýar we bagtly bolýar.

SEN NÄME ETMEKÇI?

Ene-atamyň goýan düzgünini bozsam, olara şeýle diýerin: ․․․․․

Olaryň ynamyny artdyrmak üçin, men ․․․․․

Bu babatda ene-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․

SEN NÄHILI JOGAP BERERSIŇ?

● Ene-ataň näme üçin käte çendenaşa alada edýän ýaly bolup görünýär?

● Ene-ataň düzgün goýsa näme üçin käte gaharyň gelmegi mümkin?

● Olar bilen dil tapyşmak üçin näme etmeli?

[183-nji sahypadaky sitata]

«Ýaş wagtyň hemme zady bilýän diýip pikir edýärsiň. Şonuň üçin ene-ataň düzgün goýsa, olara gaharyň gelýär. Aslynda, olar saňa gowy bolsun diýip edýärler» Megan

[186-njy sahypadaky çarçuwa]

Näme üçin deň tutmaýarlar?

Belki, senem: «Ene-atam bizi näme üçin deň tutmaýar?» diýýänsiň. Ýöne deň görmegiň hemişe adalatly bolmagy, adalatly bolmagyň hem hemişe deň tutmagy aňlatmaýandygyny ýatdan çykarma. Dogrudanam, ene-ataň seniň aladaňy etmeýärmi? Mysal üçin, olar maslahat, kömek ýa-da goldaw gerek wagty ýardam bermeýärmi? Eger kömek edýän bolsalar, onda olar adalatsyzlyk edýär diýip bolarmy? Seniň we doganlaryň zerurlyklarynyň tapawutlanýandygy üçin, olar sizi ähli zatda deň tutup bilmeýär. 18 ýaşly Beti atly gyz munuň şeýledigine göz ýetirdi. Ol: «Doganym ikimiz bir-birimize asla meňzemeýäris, şonuň üçinem her haýsymyza bir usul gerek. Muňa çagakam düşünmändirin» diýýär.

[189-njy sahypadaky çarçuwa]

Bellik depderçäm

Ene-ataň bilen gepleş!

Geçen iki bapda ene-ataň seni tankytlasa we düzgün goýsa, özüňi nähili alyp barmalydygy barada gürrüň edipdik. Eger ene-ataň bu zatlarda öte geçýän ýaly bolup görünse, olar bilen açyk gepleşmek üçin näme etmeli?

● Göwnüň hoş wagty we ene-ataň işli däl wagty gepleş.

● Ýürekden gepleş, gaharlanma we hormat goý.

Eger ene-ataň seni çendenaşa tankytlaýan ýaly görünse, olara şeýle diýip bilersiň: «Siziň bilen bir zat barada gürleşjekdim. Men kynam bolsa dogry iş etmäge jan edýärin. Ýöne özümi hemişe tankytlanýan ýaly duýanymda, muny etmek öňküdenem kyn düşýär».

Bu tema barada sen ene-ataň bilen nädip gürrüňe başlamak isleýändigiňi ýaz.

․․․․․

✔MASLAHAT: Gürrüňe başlamak üçin 21-nji bapdaky maslahatlara eýer. Belki, ene-ataň bu baby seniň bilen bilelikde ara alyp maslahatlaşar.

Eger ene-ataň saňa ýeterlik erkinlik bermeýän ýaly görünse, olara şeýle diýip bilersiň: «Men hasam ynamyňyza girip, köpräk erkinlik alar ýaly näme edip bilerin?»

Bu tema barada sen ene-ataň bilen nädip gürrüňe başlamak isleýändigiňi ýaz.

․․․․․

✔MASLAHAT: Şu kitabyň I tomunyň 3-nji babyna seret we okan wagtyň ýüze çykan soraglary belläp al.

[185-nji sahypadaky surat]

Ene-ataňa gulak asmak, bankdan alan karzyňy yzyna gaýtarmak ýalydyr. Ene-ataňa näçe köp gulak assaň, şonça-da ynamyna girersiň

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş