Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • ijwyp mak. 54
  • Ene-atamyň goýan tertip-düzgüni wajypmy?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ene-atamyň goýan tertip-düzgüni wajypmy?
  • Ýaşlaryň sowallary
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Dogry garaýyşda bol
  • Dogry hereket et
  • Näme üçin gaty köp düzgün goýýarlar?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, II tom
  • Enem-atam meni näme üçin gezelenje goýbermeýärkä?
    Ýaşlaryň sowallary
  • Ýaşlar, Hudaýyň Sözüne eýeriň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Ata-eneler çagalaryňyzy söýgi bilen terbiýeläň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
Başgalary
Ýaşlaryň sowallary
ijwyp mak. 54
Ogly kakasyny diňläp otyr

ÝAŞLARYŇ SOWALLARY

Ene-atamyň goýan tertip-düzgüni wajypmy?

Ene-ataňyň düzgünlerine eýermek kynmy? Şu makala we oňa degişli gönükme olar bilen bu barada gürleşmäge kömek eder.

  • Dogry garaýyşda bol

  • Dogry hereket et

  • Deň-duşlaryň näme diýýär?

Dogry garaýyşda bol

Ýalan: Ene-ataňdan aýry ýaşasaň, hiç hili tertip-düzgüne gulak asmaly bolmarsyň.

Hakykat: Ene-ataňdan aýry ýaşasaň-da, tertip-düzgüne gulak asmaly bolarsyň. Sen hökman birine: başlyga, öý eýesine ýa-da hökümete tabyn bolmaly. 19 ýaşly Daniela şeýle diýýär: «Meniň pikirimçe, öýündäki tertip-düzgüne gulak asmaýan ýaşlar, özbaşdak ýaşap başlanda, köp kynçylyga uçrarlar».

Mukaddes Ýazgylarda näme diýilýär? «Hökümetlere we häkimiýetlere... gulak asyň» (Titus 3:1). Ene-ataň goýan tertip-düzgünine gulak asmagy öwrenseň, ulalaňda-da köp ýagdaýlarda kömek eder.

Sen näme edip bilersiň? Düzgünleriň peýdaly tarapyny görjek bol. Jeremi atly ýaş oglan şeýle diýýär: «Ene-atamyň goýan düzgünleri maňa dost saýlamagy hem-de wagtymy peýdaly zatlara sarp etmegi öwretdi. Şeýle-de bu düzgünler maňa telewizora kän seretmezlige we wideoýunlary gaty köp oýnamazlyga kömek etdi. Men wagtymy peýdaly zatlara sarp etmegi öwrenendigim üçin häzirem begenýän».

Dogry hereket et

Eger käbir düzgünler saňa biderek ýaly bolup görünse näme? Meselem, Tamara atly ýaş gyz şeýle diýýär: «Ene-atam daşary ýurda gitmäge rugsat beripdi, öýe gelemsoň bolsa, 20 minutda baryp bolýan şähere goýberenoklar!»

Senem şeýle ýagdaýa düşen bolsaň, ene-ataň bilen käbir düzgünler hakda gürleşmek nädogry bolarmy? Elbetde, ýok! Esasan, olar bilen bu barada haçan we nädip gürleşmelidigini bilmeli.

Haçan gürleşmeli? Amanda atly ýetginjek gyz şeýle diýýär: «Sen ene-ataň ynamyny ödäp, jogapkärli adamdygyňy görkezensoň, olardan düzgünlerini üýtgetmegi haýyş edip bilersiň».

Daria atly gyz hem munuň dogrudygyna göz ýetirdi. Ol şeýle diýýär: «Ejem özüne hemişe gulak asýandygyma göz ýetirýänçä, düzgünini üýtgetmedi». Şol sebäpli ynama girmek üçin talap etmelidigini däl-de, ynamy ödemelidigini unutma.

[ÝAZGY]

Ene-ataň goýan düzgünlerine gulak asmazlygy, düzgünleri berjaý edilmeýän howa menziline gonjak bolýan uçara meňzetse bolýar

Mukaddes Ýazgylarda näme diýilýär? «Ataň tabşyryklaryny sakla, eneň öwredenlerini taşlama» (Süleýmanyň tymsallary 6:20). Bu maslahata eýerseň ene-ataň ynamyna girip, olar bilen arkaýyn gürleşip bilersiň.

Nädip gürleşmeli? Stiwen atly ýaş oglan şeýle diýýär: «Ene-ataň bilen gykylyk edip ýa-da nägilelik bildirip gürleşmän, sypaýyçylykly we ýumşaklyk bilen gürleşseň has gowy bolýar».

Ýokarda agzalan Dariýa hem bu sözler bilen ylalaşýar. Ol şeýle diýýär: «Ejem bilen jedelleşenimde, hiç zat üýtgemeýärdi. Gaýtam, ol käte has berk düzgünleri girizýärdi».

Mukaddes Ýazgylarda näme diýilýär? «Akylsyz bütin gaharyny daşyna çykarýandyr; akyldar adam bolsa saklap oňa basalyk edýändir» (Süleýmanyň tymsallary 29:11). Özüňe erk etmegi öwrenseň, diňe öýde däl, eýsem mekdepde, işde we başga ýerde-de köp peýda berer.

Sen näme edip bilersiň? Bir zat diýmezden öň oýlan. Gahar-gazap adamy ynamdan gaçyryp bilýär. Şonuň üçin Mukaddes Ýazgylarda: «Gahary giç gelýän adamyň düşünjesi köpdür» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 14:29).

Maslahat: Bu makala degişli gönükmäni işläp, gerek bolsa ene-ataň bilen düzgünler hakda gepleşip bilersiň.

Deň-duşlaryň näme diýýär?

Kimberli

«Tertip-düzgün ýaşlara sylaşykly bolmagy we özüne erk etmegi öwredýär. Şeýle häsiýetler ulalaňda-da gerek bolýar. Düzgünler bolmadyk bolsa durmuşda maksatlarym hem bolmazdy, ahlak kadalaryny-da bilmezdim» (Kimberli).

Keýl

«Men nädogry ýa-da özüme zyýanly bir işi etjek bolanymda, ene-atamyň goýan düzgünlerini käte nädogry hasaplaýardym. Ýöne indi şol düzgünleriň meniň üçin peýdaly bolandygyna düşünýän» (Keýl).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş