Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • yp2 bap 21 sah. 174—180
  • Ene-atam tankytlaýan bolsa näme edip bilerin?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ene-atam tankytlaýan bolsa näme edip bilerin?
  • Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, II tom
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Ýöne bu agyr degýär!
  • Tankydyň sebäbi
  • Tankytlanlarynda rahatlygy sakla!
  • Hazyna topla
  • Näme üçin gaty köp düzgün goýýarlar?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, II tom
  • Ene-atam dawalaşýan bolsa näme edip bilerin?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, II tom
  • Ýaşlar, Hudaýyň Sözüne eýeriň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Enem-atam meni näme üçin gezelenje goýbermeýärkä?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, I tom
Başgalary
Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, II tom
yp2 bap 21 sah. 174—180

21-NJI BAP

Ene-atam tankytlaýan bolsa näme edip bilerin?

«Ejem edil sülçi ýaly. Sebäbi ol hemişe meniň ýalňyşymy gözläp ýörýär. Öýdäki işlerimi heniz edip gutarmankam, yzymdan barlap başlaýar». Greýk

«Ene-atam elmydama takal okaýar. Olaryň pikiriçe, men emelsiz. Olar hemişe mekdep, öý, ýygnak barada sorap, ýüregime düşýärler». Jeýms

SEN: «Näme etsemem, ene-atama ýaranyp bilemok» diýip pikir edýärmiň? Sen özüňi lupa bilen barlanylýan ýaly duýýarmyň? Meselem, hemişe özüňi yzarlanýan we ýok ýere takal okalýan ýaly görýärmiň?

Sen aşakda getirilenleriň haýsysyny köp eşidýärsiň?

□ Telewizory öçür.

□ Irräk ýat.

□ Hiç haçan wagtynda turmaýarsyň.

□ Otagyňy arassala.

Şeýle-de ene-ataň haýsy zatlary köp ýatladýandygyny ýaz.

․․․․․

Dogrudan-da, ene-ataň bir zady talap edende we tankytlanda seniň gaharyň gelýändir. Ýöne munuň peýdaly tarapyny görjek bol. Eger ene-ataň saňa hiç haçan maslahat ýa-da temmi bermese, olar seni söýýär diýip bolarmy? (Ýewreýler 12:8). Olaryň berýän düzedişi ýa-da temmisi seni söýýändigini görkezýär. Mukaddes Ýazgylarda «atanyň halaýan ogluny... terbiýeleýändigi» barada aýdylýar (Süleýmanyň tymsallary 3:12).

Ene-ataňa aladaňy edýändigi üçin minnetdar bolup bilersiň. Ýaş bolandygyň üçin olara garanyňda tejribäň az. Şol sebäpli saňa iru-giç görkezme gerek bolar. Eger görkezme berilmese, «ýaşlyk höweslerine» aňsatlyk bilen berilmegiň mümkin (2 Timoteos 2:22).

Ýöne bu agyr degýär!

«Dogrudan-da, temmi berlende, ol başda şatlykly däl-de, gynançly bolup görünýändir» (Ýewreýler 12:11). Şu sözleriň dogrudygyna ýaş wagtyň hasam göz ýetirýärsiň. Bu näme üçin şeýle? Ýaş bolandygyň üçin sen aga-gara ýaňy düşünip başladyň we näme isleýändigiňe entek doly göz ýetiren dälsiň. Şol sebäpli hatda ýumşak we ýerlikli berlen maslahat hem agyr degýändir.

Munuň agyr degýändigine düşünse bolýar. Adatça, özüňe bolan garaýşyň başgalaryň, aýratynam, ene-ataň sen barada näme diýýändigine bagly bolýar. Şol sebäpli ene-ataň temmi berende ýa-da senden nägile bolanda, gaty erbet täsir edýändir.

Ene-ataň birki sany kemçiligiňi aýdanda, bu olaryň senden hemişe närazydygyny we emelsizdigiňi aňladýarmy? Elbetde, ýok. Sebäbi her bir adam ýalňyşyp bilýär (Wagyz kitaby 7:20). Şeýle-de biz ýalňyşlyklarymyzdan sapak edinýäris (Eýýup 6:24). Belki, ene-ataň kemçiligiňi derrew aýdyp, gowy işleriňe bolsa az üns berýändir. Şeýle ýagdaýda gaty agyr degýär, ýöne bu seniň emelsizdigiňi aňlatmaýar.

Tankydyň sebäbi

Käte ene-ataň çendenaşa tankytlaýan ýaly görünýändir. Ýöne olar seniň bir zady nädogry edýändigiň üçin däl-de, başga sebäplere görä şeýle edýän bolmagy mümkin. Meselem, ejeň işden ýadap gelendir ýa-da ony bir zat biynjalyk edýändir. Belki, onuň bir ýeri agyrýandyr. Şol sebäpli-de, otagyň arassa we tertipli bolmasa, ejeň gaharlanmagy mümkin. Eger kakaň pul ýetmezçiligi sebäpli biynjalyk bolýan bolsa, onda pikirlenmän göwnüňe degmegi mümkin (Süleýmanyň tymsallary 12:18). Elbetde, sebäpsiz ýere göwnüňe degseler aňsat bolmaýar. Ýöne ene-atam maňa hemişe adalatsyzlyk edýär diýip pikir edýän bolsaň, lapykeç bolarsyň. Şonuň üçin ene-ataň bu edýänlerini känbir göwnüňe alma. Şeýle-de şuny ýadyňda sakla: «Biziň ählimiz köp ýalňyşýarys. Eger kim sözünde ýalňyşmasa, onda ol kämil we tutuş bedenine erk edip bilýän adamdyr» (Ýakup 3:2).

Ene-ataň bikämil bolandygy üçin hemişe dogry hereket edip bilmeýändigine gynanýandyr. Şowsuzlyga uçranyňda olar muny özleri şowsuzlyga uçran ýaly kabul edip biler. Mysal üçin, gyzy mekdepden pes baha alyp gelse, ejesi oňa käýäp, soňundan bolsa: «Men gowy eje däl. Çagam gowy okar ýaly terbiýe berip bilmändirin» diýip, pikir etmegi mümkin.

Tankytlanlarynda rahatlygy sakla!

Näme maksat bilen tankytlanýanam bolsaň, muňa dogry garaýyşda bolmaly. Munuň üçin, ilki bilen, gaharyňa ýol berme. Süleýmanyň tymsallary 17:27-de: «Sözlerini jylawlaýanyň bilimi bardyr; düşünjeli adam mylaýym ruhludyr» diýilýär. Ene-ataň tankytlap duran wagty sen nädip rahatlygy saklap bilersiň? Muny etmegiň birnäçe usuly bar.

Sözüni bölme. Derrew özüňi aklamagyň ýa-da jedelleşmegiň deregine, özüňe erk edip, ene-ataň aýdýanlaryny diňle. Isa pygamberiň şägirdi Ýakup mesihçilere «diňlemäge taýyn, geplemäge howlukmaýan, çalt gaharlanmaýan bolmagy» maslahat berdi (Ýakup 1:19). Eger sen gaharlanyp, ene-ataň sözüni bölseň, olar özüni diňlenilmeýän ýaly duýar. Netijede bolsa, olar has köp düşündirip başlarlar.

Netije çykar. Olar maslahat berende, käte ýumşak däl ýaly bolup görünmegi mümkin. Şol sebäpli olaryň äheňine däl-de, aýdýanlaryna üns ber. Özüňe: «Olar meni näme sebäpden tankytlaýar? Bu hakda öňem aýdypdylarmy? Olaryň aýdýanlaryna gulak assam nähili peýda berer?» diýen soraglary ber. Ýöne başda olaryň bu zatlary seni söýýändigi üçin aýdýandygyna düşünmezligiň mümkin. Eger olar seni gowy görmeýän bolsalar, ýalňyşyňy aýtmazdylar (Süleýmanyň tymsallary 13:24).

Ýalňyşyňy boýun al. Eger sen ýalňyşyňy boýun alsaň, ene-ataň dogry aýdýandygyna düşünýändigiňi görkezersiň. Mysal üçin, ejeň: «Haçan görseň otagyň çalam-çaş. Eger ýygnaşdyrmasaň, hiç ýere gitmersiň» diýýär. Belki, seniň otagyň hemişe çalam-çaş däldir. Ýöne muny aýdanyň bilen hiç zat üýtgemese gerek. Şonuň üçin bu ýagdaýa olaryňky ýaly seretjek bol. Sen ejeňe: «Eje bagyşla! Iýip-içip bolamsoň, arassalasam bolmazmy?» diýip bilersiň. Bu ýagdaýda ene-ataňa gulak assaň, olaryň gahary ýatyşar. Şeýle-de olaryň aýdan zatlaryny etmegi ýadyňdan çykarma (Efesliler 6:1).

Sabyrly bol. Özüňi aklamagyň deregine, olaryň aýdanlaryny etseň gowy bolar. Mukaddes Ýazgylarda: «Agzyny jylawlaýan... akyllydyr» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 10:19). Eger sen ene-ataňy diňleseň, olar hem seni höwes bilen diňlärler.

Indi bolsa ýokardaky maslahatlaryň haýsysynyň üstünde has köp işlemelidigiňi ýaz. ․․․․․

Hazyna topla

Eger sen bir ýerde altynyň bardygyny bilseň, ony tapmak üçin kynçylyklara döz gelmäge-de taýýar bolardyň! Mukaddes Ýazgylarda akyldarlygyň islendik hazynadan gymmatlydygy aýdylýar (Süleýmanyň tymsallary 3:13, 14). Sen nädip akyldar bolup bilersiň? Süleýmanyň tymsallary 19:20-de: «Soň akyldar bolar ýaly, öwüt diňle, terbiýe al» diýilýär. Elbetde, maslahat we terbiýe berlende ýakymly bolmaýar. Ýöne sen berilýän her bir temmiden ýa-da tankytdan akyldarlygy, ýagny paýhasly maslahatlary tapsaň we ony ulansaň, altyndan hem gymmatly hazyna toplarsyň.

Sen durmuşda entek köp tankytlamalara duş gelersiň ýa-da maslahat bererler. Häzir bolsa sen bu zatlary diňe ene-ataňdan ýa-da mugallymlaryňdan eşidýärsiň. Gelejekde bolsa, sen ony başlygyňdan ýa-da başga adamlardan eşidersiň. Şol sebäpli ýaşlygyňdan muňa döz gelmegi öwrenseň, ökde okuwçy, gelejekde gowy işgär ýa-da jogapkär adam bolup ýetişersiň. Bu bolsa tankytlamalara çydanyňa ýa-da berilýän maslahatlary kabul edeniňe degýär!

INDIKI BAPDA

Ene-ataň goýýan düzgünlerinden ýadadyňmy? Şatlygyňy ýitirmezlige we köpräk erkinlik almaga näme kömek eder?

ESASY PIKIRI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR

«Akyldar adam diňläp, bilimde ösýär». Süleýmanyň tymsallary 1:6

MASLAHAT

Ene-ataň düzedişini kabul etmäge kömek etjek zatlar:

● Diňe tankytlama däl-de, aýdylýan öwgüli sözlere hem üns ber.

● Berilýän düzedişe düşünmeseň, ene-ataňdan nähili kemçiligiň bardygyny we ony nädip düzetmelidigini täzeden sora.

BILÝÄŇIZMI?

Käbir ene-atalara söýgi we mähir bildirilmändigi üçin, çagalaryna söýgüsini görkezmek kyn bolýar.

SEN NÄME ETMEKÇI?

Indiki gezek ene-atam düzediş berende, men ․․․․․

Eger ene-atam çendenaşa tankytlasa, men ․․․․․

Bu babatda ene-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․

SEN NÄHILI JOGAP BERERSIŇ?

● Düzediş berlende näme üçin agyr degýär?

● Ene-ataň seni näme sebäpden düzedýär?

● Olaryň berýän maslahatyndan peýda almak üçin näme edip bilersiň?

[177-nji sahypadaky sitata]

«Özümi bilenim bäri, ejem maňa gygyrýardy, men bolsa oňa jogap gaýtarýardym. Ýöne häzir Hudaýyň Sözündäki maslahatlara eýermäge jan edýärin. Ejemiň maňa bolan garaýşy kem-kemden üýtgäp başlady. Menem oňa gowy düşünip başladym. Häzir ejem bilen aramyz gaty gowy» Marlin

[180-nji sahypadaky surat]

Tankytlanlarynda akyldarlygy gözleseň, altyndan hem gymmatly hazyna toplarsyň

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş