GÖZLEG GEÇIRIŇ
Mukaddes Kitaby aýna ýaly ulanyň
Ýakup şägirt Mukaddes Kitaby aýna meňzetdi. Hudaýyň Sözi bize özümizi tanamaga kömek edýär (Ýak. 1:22—25). Mukaddes Kitaby aýna ýaly ulanmak üçin haýsy ädimleri ätmeli?
Ünsli okaň. Biz aýna ünsli seretmesek, özümize gowy timar berip bilmeris, hatda käbir kemçilikler gözden sypar. Edil şonuň ýaly, biz Mukaddes Kitaby ünsli okamasak we oýlanmasak, haýsy häsiýetimizi düzetmelidigimizi bilmeris.
Aýnadan başgalary däl-de, özüňizi synlaň. Aýnany biraz gapdala tutsaň, başga adamlary hem görüp bolýar. Şonda olaryň kemçiligi hem gözüňe ilýär. Eger seresap bolmasak, Mukaddes Kitaby okanymyzda özümiz hakda däl-de, başgalaryň düzetmeli häsiýeti hakda oýlanmagymyz mümkin.
Aýnadan diňe kemçiligiňize seredip oturmaň. Eger şeýtseňiz ruhdan düşersiňiz. Ýehowanyň göreldesine eýerip, özüňizden aşa köp zada garaşmaň.