Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w25 Aprel sah. 26—31
  • Ýaş doganlar, Markus bilen Timoteosyň göreldesine eýeriň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýaş doganlar, Markus bilen Timoteosyň göreldesine eýeriň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • MARKUS ÝALY YHLASLY BOLUŇ
  • TIMOTEOS ÝALY ÝÜREKDEN GYZYKLANYŇ
  • PAWLUSYŇ MASLAHATYNA EÝERIŇ
  • HYZMAT EDIP BEREKET ALYŇ
  • «Ýygnaklary ruhy taýdan berkidýär»
    Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
  • Karara geleniňizde Ýehowa bil baglaň
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2023
  • Doganlar, hyzmatçy bolmagy maksat goýýarsyňyzmy?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
  • Beýik Biribara bil baglaň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
w25 Aprel sah. 26—31

18-NJI MAKALA

65-NJI AÝDYM Öňe git!

Ýaş doganlar, Markus bilen Timoteosyň göreldesine eýeriň

«Markusy alyp gaýt, ol maňa hyzmat eder» (2 Tim. 4:11).

ESASY PIKIR

Ýaş doganlar Markus bilen Timoteosdan görelde alsalar, Ýehowa köpräk gulluk ederler we dogan-uýalara höwes bilen hyzmat ederler.

1, 2. Markus bilen Timoteosa ýygnakda köp işleri etmäge näme päsgel berip bilerdi?

ÝAŞ doganlar, siz Ýehowa yhlasly gulluk edip, ýygnakda köp işleri etmek isleýänsiňiz. Janaýamaz, ot ýaly ýanyp duran, dogan-uýalara höwes bilen hyzmat edýän ýaşlary görmek örän buýsandyrýar! (Zeb. 110:3). Ýöne käbir ýaş doganlara ruhy maksatlary goýmak garaňky görünýär. Belki, olar: «Gelejegim nähili bolar? Nirede gulluk ederin?» diýip biynjalyk bolýandyr. Ýa-da özüni ynamsyz duýup, ýygnakda borç almaga çekinýändir. Ýaş doganlar, siz hem özüňizi şeýle duýýan bolsaňyz alada etmäň. Siziňki ýaly duýgulary başdan geçiren ýaşlar geçmişde-de bolupdyr.

2 Geliň, Markus we Timoteos hakda gürrüň edeliň. Olara-da ruhy maksatlary goýmak başda garaňky görünýärdi. Olar özlerini ynamsyz duýýardy. Ýöne şonda-da Ýehowa gulluk etmek üçin elinde baryny etdiler. Pawlus bilen Barnabas ilkinji gezek wagyz syýahatyna Markusy hem alyp gitmek isleýärler. Şol wagtlar Markus ejesi bilen kaşaň jaýda ýaşaýardy, onuň kakasy ýokdy (Res. 12:12, 13, 25). Markusa öwrenişen ýerini, öýüni taşlap gitmek aňsat bolan däldir. Ilki bilen ol Antakyýa gidip gulluk edýär, soňra Pawlus bilen Barnabas Markusy başga şäherlerde-de wagyz etmek üçin alyp gidýärler (Res. 13:1—5). Pawlus Timoteosy hem ýany bilen wagyz syýahatyna alyp gitmek isleýär. Şonda Timoteos ene-atasy bilen ýaşaýardy. Ol: «Men ýaş, tejribesiz» diýip, Pawlusyň teklibinden ýüz öwrüp bilerdi (1 Korinfliler 16:10, 11 we 1 Timoteos 4:12-nji aýatlary deňeşdiriň). Ýöne ol beýle etmeýär, Pawlus bilen wagyz etmäge gidýär we köp bereket alýar (Res. 16:3—5).

3. a) Pawlusyň Markus bilen Timoteosy gowy görendigini nireden bilýäris? (2 Timoteos 4:6, 9, 11; surata serediň). b) Makalada haýsy soraglaryň jogabyny bileris?

3 Markus bilen Timoteos ýaş bolsa-da, ýygnagyň ýüküni egni bilen çekmegi öwrendiler. Pawlus olaryň goldawyna örän minnetdardy. Ol özüniň tizden öldüriljegini bilýärdi, şonuň üçin ömrüniň soňky günlerini gowy görýän dostlary bilen geçirmek isläp, olary ýanyna çagyrýar (2 Timoteos 4:6, 9, 11-nji aýatlary okaň). Pawlus Markus bilen Timoteosy näme üçin gowy görýärdi? Ýaş doganlar olardan nädip görelde alyp biler? Ýaş doganlar Pawlusyň beren maslahatyna nädip eýerip biler? Geliň, bileliň.

Surat: 1) Markus Pawlus bilen Barnabasa iýere-içere zat taýynlaýar. 2) Timoteos ýaşululara ýazylan haty okaýar, olar hem ünsli diňleýär.

Pawlus Markus bilen Timoteosy gowy görýärdi, sebäbi olar ýaş bolsalar-da, ýygnagyň ýüküni egni bilen çekdiler (3-nji abzasa serediň)b.


MARKUS ÝALY YHLASLY BOLUŇ

4, 5. Markusyň dogan-uýalara yhlas bilen hyzmat edendigi nämeden görünýär?

4 Bir sözlüge görä, «hyzmat etmek» diýen jümle adamlara ýagşylyk etmek üçin «yhlasly, erjel» bolmagy aňladýar. Markusda-da şeýle häsiýetler bardy. Pawlus resul ikinji wagyz syýahatyna gidende, Markusy alyp gitmek islemeýär. Şonda Markusa gaty agyr degendir (Res. 15:37, 38). Ýöne Markus ruhdan düşmän, dogan-uýalara hyzmat etmegi dowam etdi.

5 Markus daýysy Barnabas bilen başga şäherlere wagyz etmäge gidýär. Şondan takmynan 11 ýyl geçipdi. Şol wagt Pawlus ilkinji gezek Rimde tussaglykda otyrdy. Pawlusa kömek eden doganlaryň arasynda Markus hem bardy (Flm. 23, 24). Markus Pawlusy goldap, oňa söýget bolandyr. Şonuň üçin ol Markusyň «köp göwünlik berendigini» aýtdy (Kol. 4:10, 11).

6. Markus imany berk doganlar bilen işleşip nähili peýda aldy? (Çykgyda serediň).

6 Markus imany berk doganlardan köp zat öwrendi. Ol Rimde Pawlusa hyzmat edensoň, Wawilona gidip Petrus bilen gulluk edýär. Markus onuň bilen ataly-ogul ýaly bolýar. Şonuň üçin Petrus hatynda oňa «oglum» diýip ýüzlenýär (1 Pet. 5:13). Petrus resul ýaş dostuna Isanyň ömri, eden işleri we gullugy hakda jikme-jik gürrüň berendir. Markus hem Petrusdan eşiden zatlaryna salgylanyp, Isa hakda Hoş habary ýazýara.

7. Sýuň-Wu dogan Markusyň göreldesine nädip eýerdi? (Surata serediň).

7 Markus hiç haçan badyny gowşatmady. Ol imany berk doganlar bilen eginme-egin işleşdi. Ýaş doganlar Markusyň göreldesine nädip eýerip bilerler? Eger size ýygnakda jogapkärli borç berilmeýän bolsa sabyrly boluň, gyssanmaň. Ýehowa köpräk gulluk etmek we dogan-uýalara hyzmat etmek üçin eliňizde baryny ediň. Geliň, ýaşuly dogan Sýuň-Wu hakda gürrüň edeliň. Ýaş wagty ol özüni ýygnakdaky deň-duşlary bilen deňeşdirýärdi. Ýaşulular olaryň käbirine ýygnakda borç ynandylar. Sýuň-Wu ruhdan düşýär we ýaşululardan özüne näme üçin borç berilmeýändigini soraýar. Ýaşulularyň biri: «Dogan-uýalar görsün, görmesin, ýygnakda ýagşy işleri etmegi dowam et» diýip maslahat berýär. Ýaşulynyň maslahatyna eýerip, Sýuň-Wu garry dogan-uýalary ýygnaga äkidip getirýär. Ol geçen günlerini ýatlap şeýle diýýär: «Men dogan-uýalara hyzmat etmegiň nämedigine indi gowy düşünýärin. Men başgalara ýagşylyk edenimde özümi has bagtly duýýaryn».

Ýaş dogan garry dogany ulagynda ýygnaga getirýär.

Imany berk doganlar bilen eginme-egin işleşmegiň ýaş doganlara nähili peýdasy bar? (7-nji abzasa serediň).


TIMOTEOS ÝALY ÝÜREKDEN GYZYKLANYŇ

8. Pawlus wagyz syýahatyna näme üçin Timoteosy alyp gitmek isleýär? (Filipililer 2:19—22).

8 Pawlus yzarlanan şäherlerine gidip, dogan-uýalary ruhlandyrmak isleýärdi. Ýöne onuň bilen gider ýaly ýanynda gaýduwsyz dogan gerekdi. Pawlus ilki bilen Silasy alyp gidýär. Silas köp ýyldan bäri Ýehowa gulluk edýärdi (Res. 15:22, 40). Soňra Pawlus Timoteosy alyp gitmek isleýär. Pawlus Timoteosyň haýsy häsiýetini gowy gördi? Birinjiden, Timoteosyň dogan-uýalaryň arasynda gowy abraýy bardy (Res. 16:1, 2). Ikinjiden, ol adamlara kömek etmek üçin elinde baryny edýärdi (Filipililer 2:19—22-nji aýatlary okaň).

9. Timoteos dogan-uýalaryň aladasyny edýändigini nädip görkezdi?

9 Timoteos Pawlus bilen gulluk edip başlan gününden özüniň däl-de, adamlaryň aladasyny edýändigini görkezdi. Şonuň üçin Pawlus ony täze şägirtleri ruhlandyrmak üçin arkaýyn Weriýada goýup gaýtdy (Res. 17:13, 14). Şol wagtlar Silas hem Weriýada gulluk edýärdi. Timoteos ondan köp zatlary öwrenendir. Soňra Pawlus şägirtleri ruhlandyrmak üçin Timoteosyň bir özüni Selanik şäherine iberýär (1 Sel. 3:2). Timoteos 15 ýylyň dowamynda «aglaýanlar bilen aglap» duýgudaş bolmagy öwrendi (Rim. 12:15; 2 Tim. 1:4). Ýaş doganlar Timoteosyň göreldesine nädip eýerip bilerler?

10. Wu Jeý dogan-uýalar bilen gyzyklanmagy nädip öwrendi?

10 Wu Jeý dogan-uýalar bilen ýürekden gyzyklanmagy öwrenýär. Ýetginjek wagty oňa garry dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bolmak kyn bolýardy. Ol Ýygnak jaýyna baranda olar bilen salamlaşyp geçip gidýärdi. Ýaşuly dogan oňa garry dogan-uýalar bilen nädip gürrüňdeş bolmagy öwredýär. Ol Wu Jeýe garrylaryň gowy häsiýetlerini görüp, öwmegi we olaryň halaýan zatlary bilen gyzyklanmagy maslahat berýär. Wu Jeý hem onuň maslahatyna eýerýär. Häzir ol ýaşuly bolup gulluk edýär we şeýle gürrüň berýär: «Indi maňa dürli ýaşdaky dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bolmak aňsat. Men olaryň ýagdaýyna gowy düşünýärin we gerekli kömegi berip bilýärin».

11. Ýaş doganlar dogan-uýalar bilen nädip ýürekden gyzyklanyp bilerler? (Surata serediň).

11 Ýaş doganlar, siz dogan-uýalar bilen ýürekden gyzyklanmagy öwrenip bilersiňiz. Ýygnaga baranyňyzda ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşa çenli ähli dogan-uýalara üns berip, olar bilen gepleşiň. Olaryň hal-ýagdaýyny soraň, soňra ünsli diňläň. Şeýdip, siz olara nähili kömegiň gerekdigini bilersiňiz. Belki, käbir garry dogan-uýalar JW Library programmasyny ulanyp bilýän däldir ýa-da olar wagza gitmek üçin adam tapýan däldir. Siz olara elektron enjamyny ulanmagy öwredip bilersiňiz ýa-da wagza çykyp bilersiňiz. Siz dogan-uýalar bilen ýürekden gyzyklansaňyz we eliňizden gelen kömegi etseňiz ýygnakdakylaryň her birine görelde görkezersiňiz.

Ýaş dogan bilen garry dogan öýden-öýe wagyz edýär. Garry dogan öý eýesi bilen gepleşýär, ýaş dogan bolsa planşedinde wideo görkezýär.

Ýaş doganlar dogan-uýalara elinden gelen kömegi edip bilerler (11-nji abzasa serediň).


PAWLUSYŇ MASLAHATYNA EÝERIŇ

12. Pawlusyň Timoteosa ýazan haty ýaş doganlara nädip peýdaly bolup biler?

12 Pawlus resul Timoteosa Ýehowa köpräk gulluk edip bagtly ýaşamak üçin köp maslahat berdi (1 Tim. 1:18; 2 Tim. 4:5). Ýaş doganlar, sizem Pawlusyň maslahatyna eýerseňiz, köp bereket alarsyňyz. Munuň üçin Pawlusyň Timoteosa ýazan iki hatyny özüňize degişli edip okaň we maslahatyna eýermek üçin jan ediň. Geliň, onuň käbir maslahatyna seredeliň.

13. Hudaýa wepaly adam nähili bolýar?

13 «Hudaýa wepaly bolmagy maksat edin we oňa ýetmek üçin türgenleş» (1 Tim. 4:7b, çykgyt). «Hudaýa wepaly» adam nähili bolýar? Ol Ýehowa bilen dostlaşýar we hemişe oňa ýaraýan işleri edýär. Hudaýa wepalylyk häsiýeti nesilden-nesle geçmeýär. Şonuň üçin ony her birimiz ösdürmeli. «Türgenleşmek» diýen grek sözi asyl nusgada ýaryşa taýýarlanýan türgeni suratlandyrmak üçin ulanylýar. Türgen gije diýmän, gündiz diýmän yzygider türgenleşýär. Ol özüne erk edip, käbir isleglerinden geçýär. Bizem Ýehowa bilen dostlugymyzy berkitmäge kömek edýän gowy endikleri ösdürmek üçin özümize erk etmeli.

14. Mukaddes Kitaby näme maksat bilen okamaly? Mysal getiriň.

14 Ýaş doganlar, Mukaddes Kitaby her gün okamagy endik ediniň. Goý, Mukaddes Kitabyň her bir sahypasy Ýehowa bilen dostlugyňyzy berkitsin. Geliň, Isa pygamberiň baý ýaş ýigide aýdan sözleri hakda oýlanalyň (Mar. 10:17—22). Ýaş ýigit Isanyň Mesihdigine ynanýardy, ýöne onuň imany azdy. Şonuň üçin Isa oňa: «Saňa birje zat ýetenok» diýdi. Ýöne ýaş ýigit «Isanyň göwnünden turdy». Siz Isanyň ýaş ýigit bilen mähirli gepleşendigine haýran galansyňyz. Isa baý ýaş ýigidiň dogry karara gelmegini isleýärdi. Şeýle-de ýaş ýigidi Ýehowanyň hem gowy görýändigini bilýärdi (Ýah. 14:9). Şu wakany okanyňyzda özüňize şeýle sorag beriň: Ýehowa bilen dostlugymy berkitmäge we dogan-uýalara köpräk hyzmat etmäge maňa näme ýetmeýär?

15. Ýaş doganlar näme üçin görelde görkezmeli? Mysal getiriň (1 Timoteos 4:12, 13).

15 «Wepaly adamlara görelde bol» (1 Timoteos 4:12, 13-nji aýatlary okaň). Pawlus resul Timoteosa diňe bir okamak, öwretmek ukyplaryny däl-de, söýgi, iman ýaly häsiýetleri ösdürmegi we ahlak taýdan arassa bolmagy maslahat berdi. Sebäbi müň gezek aýdanyňdan bir gezek edip görkezeniň has peýdaly bolýar. Aýdaly, size yhlasly wagyz etmek hakda nutuk bilen çykyş etmegi tabşyrýarlar. Eger siziň özüňiz yhlasly wagyz edýän bolsaňyz, onda nutuk bilen ynamly çykyş edip bilersiňiz. Siz nutukda aýdýan zadyňyza görä ýaşaýandygyňyz üçin dogan-uýalar hem maslahatyňyza höwes bilen eýerer (1 Tim. 3:13).

16. a) Ýaş doganlar haýsy bäş zadyň üstünde işlemeli? b) Olar gepleýşi bilen nädip görelde bolmaly?

16 Pawlus 1 Timoteos 4:12-de ýaşlara ruhy taýdan ösmek üçin bäş zadyň üstünde işlemegi maslahat berýär. Siz şahsy okuwynda şol zatlaryň her biri hakda gözleg geçiriň. Meselem, siz gepleýşiňiz bilen görelde bolmagy öwrenmek isleýärsiňiz. Munuň üçin haýsy ýagdaýlarda başgalary ruhlandyryp biljekdigiňiz hakda oýlanyň. Eger siz ene-ataňyz bilen ýaşaýan bolsaňyz, olara berýän kömegi üçin sagbolsun aýdyp duruň. Ýa-da ýygnakdan soňra çykyş eden dogan-uýalary öwüň. Olaryň çykyşyndan nämäni halandygyňyzy aýdyň. Şeýle-de ýygnakda öz sözleriňiz bilen jogap beriň. Eger siz gepleýşiňiz bilen görelde bolmaga jan etseňiz, dogan-uýalar ruhy taýdan ösýändigiňizi görerler (1 Tim. 4:15).

17. Ýaş doganlar ruhy maksatlara ýetmek üçin näme etmeli? (2 Timoteos 2:22).

17 «Ýaşlyk höweslerinden uzakda dur... dogruçyl bolmaga... jan et» (2 Timoteos 2:22-ni okaň). Pawlus Timoteosa ruhy maksatlara ýetmäge päsgel berýän we Ýehowa bilen dostlugyny bozýan zatlardan gaça durmagy maslahat berdi. Ýaş doganlar, belki, siziň hem meşgullanýan zatlaryňyz Hudaýyň kada-kanunlaryna garşy gelýän däldir, ýöne olar siziň köp wagtyňyzy alýandyr. Şonuň üçin sport bilen meşgullanmaga, Internetde ony-muny görmäge ýa-da wideo oýunlary oýnamaga näçe wagtyňyzyň gidýändigi hakda oýlanyň. Siz şol zatlara sarp edýän wagtyňyzy azaldyp, ruhy işler bilen köpräk meşgullansaňyz gowy bolmazmy? Siz Ýygnak jaýynyň bejeriş işine gatnaşyp bilersiňiz ýa-da köpräk wagyz edip bilersiňiz. Şonda imany berk dogan-uýalar bilen dostlaşarsyňyz. Olar size ruhy maksatlary goýmaga we olara ýetmäge kömek eder.

HYZMAT EDIP BEREKET ALYŇ

18. Markus bilen Timoteos gelen kararyna ökündimi? Düşündiriň.

18 Markus bilen Timoteos dogan-uýalara hyzmat etmek üçin köp zadyndan geçdiler, ýöne olar muňa ökünmediler. Olar ençeme gyzykly wakalary başdan geçirdiler we Ýehowa şadyýan gulluk etdiler (Res. 20:35). Markus dürli ýurtlara aýlanyp dogan-uýalary ruhlandyrdy. Şeýle-de ol Isanyň gudratlary, eden täsin işleri hakda Hoş habary ýazdy. Timoteos hem Pawlus bilen ýygnaklary döretdi we dogan-uýalaryň imanyny berkitdi. Ýehowa Markusdan hem, Timoteosdan hem razydy, sebäbi olar Ýehowa hem dogan-uýalar üçin janyny aýamadylar.

19. Ýaş doganlar Pawlusyň maslahatyna gulak assalar nähili bereket alarlar?

19 Pawlus resul ýaş dosty Timoteosy gowy görýärdi. Muny oňa ýazan hatlaryndan hem bilse bolýar. Pawlusyň ýazan hatlaryndan ýene bir zady bilse bolýar. Ýaş doganlar, Ýehowa siziň her biriňizi gowy görýär. Ol siziň durmuşda kösenmän, bagtly bolmagyňyzy isleýär. Şonuň üçin Pawlusyň maslahatlaryna eýerip, dogan-uýalara janyňyz-teniňiz bilen hyzmat ediň. Şonda her bir günüňizi bagtly pursatlar bezär we «hakyky ýaşaýşa berk ýapyşyp bilersiňiz» (1 Tim. 6:18, 19).

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  •  Markusyň göreldesine nädip eýerip bileris?

  •  Timoteosyň göreldesine nädip eýerip bileris?

  •  Ýaş doganlar Pawlusyň maslahatyna nädip eýerip biler?

80-NJI AÝDYM Ýehowanyň ýagşylygyny dadyp görüň

a Petrus duýgusyny daşyna çykarýan adamdy. Ol Isanyň nähili duýgulary başdan geçirendigine üns berendir we Markusa jikme-jik gürrüň berendir. Şonuň üçin Markus Hoş habarynda Isanyň diňe bir aýdan sözleri we eden işleri hakda däl-de, duýgulary, özüni alyp barşy hakda hem ýazýar (Mar. 3:5; 7:34; 8:12).

b SURATYŇ BEÝANY: Markus Pawlus hem Barnabas bilen wagyz syýahatyna gidýär. Timoteos ýygnaklara aýlanyp, dogan-uýalary ruhlandyrýar we olaryň imanyny berkidýär.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş