Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w25 Iýul sah. 31
  • Şuny bilýäňizmi?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Şuny bilýäňizmi?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Meňzeş maglumat
  • Ýehowa Hudaýa ruhy ybadathanada sežde ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
w25 Iýul sah. 31
Ruhanylar gurbanlyk ojagynda mal gurban berýärler.

Şuny bilýäňizmi?

I asyrda ruhanylar mal gurbanlygyny berensoň, olaryň ganyny näme edýärdiler?

HER ÝYL ruhanylar ybadathanada müňlerçe mallary gurban berýärdiler. I asyrda ýaşan ýehudy taryhçysy Iosifiň aýtmagyna görä, Pasha baýramynda 250 müňden gowrak guzy gurban berilýärdi. Şonda gurbanlyk ojagyna birgiden gan sepilýärdi (3 Mus. 1:10, 11; 4 Mus. 28:16, 19). Gurbanlyk ojagyna sepilýän ganlar nirä üýşýärdi?

Alymlar barlag geçirip, Isanyň ýaşan döwründe ybadathananyň golaýynda hapa suwlar akdyrylýan çukuryň bolandygyny anykladylar. Mallaryň gany şol çukurdan ybadathananyň daşyna akdyrylýardy.

Gurbanlyk ojagy iki zadyň kömegi bilen arassa saklanýardy.

  • Gurbanlyk ojagynyň düýbünde deşik goýlandy. B. e. III asyrynda ýazylan ýehudylaryň kanunlary we däp-dessurlary baradaky kitapda gurbanlyk ojagynyň bir burçunda iki deşigiň bolandygy aýdylýar. Gurbanlyk berlen mallaryň gany hem-de gurbanlyk ojagyny arassalamak üçin ulanylan suwlar şol deşiklerden ýerasty çukura, ondanam Kidron jülgesine akdyrylýardy.

    Ýehudylaryň taryhy baradaky kitapda-da ýerasty çukurlar barada aýdylýar. Alymlar hem gazuw-agtaryş işlerini geçirip, hakykatdanam ýerasty çukurlaryň bolandygyny anyklap, şeýle netijä gelýärler: gurbanlyk ojagynyň düýbündäki deşikler gurban berlen mallaryň ganyny akdyrmak üçin edilen bolmaly.

  • Suw köpdi. Ruhanylara ojagy arassalamak we mallaryň ganyny çukura akdyrmak üçin köp suw gerekdi. Olar özlerine gerek suwy şäherdäki suw howdanlardan alýardylar. Ybadathana hem şol howdanlardan suw gelýärdi. Alym Jozef Patrik şol döwür hiç bir ybadathanada suw bilen üpjün etmek we hapa suwlary akdyrmak üçin şeýle gowy şertleriň bolmandygyny belläp geçýär.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş