Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w25 Iýul sah. 26—30
  • Ýeňiş Ýehowadan

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýeňiş Ýehowadan
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • ENE-ATAMYŇ GÖRELDESI
  • BEÝTEL GULLUGY
  • HUKUK BÖLÜMINDÄKI GULLUGYM
  • HOŞ HABARY GORAP, WAGYZ ETMEK HUKUGYNY GAZANÝARYS
  • ÝEHOWA ŞÜKÜR!
  • Hudaýa erkin sežde etmek üçin göreşýäris
    Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!
  • Diňe Hudaýyň hökümetine wepaly bolýarys
    Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!
  • Patyşalygyň wagyzçylary kazyýete ýüz tutýar
    Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!
  • Men etmeli işimi etdim
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
w25 Iýul sah. 26—30
Filip Bramleý.

TERJIMEHAL

Ýeňiş Ýehowadan

FILIP BRAMLEÝ GÜRRÜŇ BERDI

MEN 2010-njy ýylyň 28-nji ýanwarynda Fransiýanyň Strasburg şäherindedim. Men ol owadan şähere syýahat etmäge däl-de, iş bilen barypdym. Men aklawçy hökmünde Ýewropanyň adam hukuklary boýunça kazyýetiniň (ÝEAHBK) öňünde Ýehowanyň Şaýatlarynyň hak-hukuklaryny goramalydym. Sebäbi Fransiýanyň hökümeti Ýehowanyň Şaýatlaryny 64 million ýewro bergili çykardy. Biz hökümetiň çykaran kararynyň nädogrudygyny subut edesimiz gelýärdi. Ýöne biz, esasan, Ýehowanyň adynyň şöhratlanmagy, halkynyň abraýynyň goralmagy hem-de Fransiýadaky dogan-uýalaryň Ýehowa arkaýyn sežde etmegi üçin kazyýetde ýeňiş gazanmak isleýärdik (1 Şam. 17:47). Geliň, Ýehowanyň bize nädip ýeňiş berendigi barada gürrüň bereýin.

1999-njy ýylda Fransiýanyň hökümeti şol ýerdäki Ýehowanyň Şaýatlarynyň filialyna 1993—1996-njy ýyllar aralygyndaky berlen sadakalardan salgyt tölemegi talap edýär. Biz Fransiýadaky ähli kazyýetlere arz etdik, ýöne olaryň hiç biri adalatly karar çykarmady. Şeýlelikde, hökümet Fransiýadaky filialymyzyň bank hasabyndan 4,5 milliondan gowrak ýewro aldy. Şonuň üçin Ýewropanyň adam hukuklary boýunça kazyýetine ýüz tutmaly bolduk. Ýöne işe seredilmezden öň ÝEAHBK Fransiýa hökümetiniň wekilleri bilen biziň aklawçylarymyzy ylalaşdyrmak üçin duşuşyk geçirmegi teklip etdi.

Ýewropa kazyýetiniň adyndan gelen wekiliň bize hökümetiň talap edýän pulunyň belli bir möçberini tölemegi teklip etjekdigini bilýärdik. Biz ýekeje ýewro tölesek-de, Mukaddes Kitabyň prinsiplerini bozjakdygymyza düşünýärdik. Sebäbi şol pullary dogan-uýalar patyşalyk işlerini goldamak üçin beripdi. Olary hökümetiň haýryna geçirmek nädogrudy (Mat. 22:21). Ýöne biz ÝEAHBK-ne hormat goýýandygymyz üçin şol duşuşyga gatnaşdyk.

Aklawçy doganlar bilen ÝEAHBK-nyň öňünde (2010)

Duşuşyk bir kazyýetiň maslahat otagynda geçirildi. Heniz duşuşyk başlap-başlamanka, Ýewropa kazyýetiniň wekili Ýehowanyň Şaýatlarynyň Fransiýa hökümetine talap edýän pulunyň belli bir möçberini tölemelidigini aýtdy. Şonda biz wekile: «Hökümetiň eýýäm filialyň bank hasabyndan 4,5 milliondan gowrak ýewro alandygyny bilýäňmi?» diýdik.

Hökümetiň aklawjylary filialyň hasabyndan şonça pul alandyklaryny boýun alanlarynda, wekil ör-gökden geldi. Onuň şol bada garaýşy üýtgedi. Ol gahardan ýaňa ýarylaýjak boldy we duşuşygy tamamlady. Biz şeýle bolar öýtmändik. Duşuşykdan soň begenip gaýtdyk. Şonda men Ýehowanyň ýeňiş gazanmagymyz üçin ähli zady üýtgedendigine göz ýetirdim.

2011-nji ýylyň 30-njy iýunynda ÝEAHBK meseläni biziň haýrymyza çözdi. Ol Fransiýanyň hökümetiniň filiala kanun esasynda salgyt salmaga hakynyň ýokdugyny aýtdy. Şeýle-de filialyň bank hasabyndan alan puluny göterimi bilen yzyna gaýtaryp bermelidigi hakda karar çykardy. Şol gün gazanylan ýeňiş Fransiýadaky dogan-uýalara häli-häzire çenli Ýehowa arkaýyn gulluk etmäge mümkinçilik berýär. Jaludy ýere ýazan kiçijik daş ýaly, biziňem şol duşuşykda beren ýönekeýje soragymyz söweşde ýeňiş gazanmaga kömek etdi. Sebäbi Dawudyň Jaluda aýdyşy ýaly, «ýeňiş berýän Ýehowadyr» (1 Şam. 17:45—47).

Biz kazyýet işinde diňe şol gezek däl, ondan soňam köp ýeňişleri gazandyk. Hökümetleriň we dinleriň güýçli garşylyklaryna garamazdan, biz 70 döwletde hem-de halkara kazyýetlerde 1183 gezek ýeňiş gazandyk. Şol gazanylan ýeňişler Ýehowa arkaýyn sežde etmek, köpçülik ýerlerinde wagyz etmek, bitaraplygy saklamak we gan goýbertmezlik ýaly meselelerde hak-hukugymyzy goraýar.

Geliň, Ýehowanyň Şaýatlarynyň Baş edarasynda (Nýu-Ýorkda) gulluk edýärkäm Ýewropada geçirilen kazyýet işine nädip gatnaşandygym hakda gürrüň bereýin.

ENE-ATAMYŇ GÖRELDESI

Ene-atam Jorj bilen Lusi Gilead mekdebiniň 12-nji klasyny tamamlap, Efiopiýada gulluk edýärdiler. 1956-njy ýylda men dünýä indim. Olar maňa hoş habarçy Filipusyň adyny dakdylar (Res. 21:8). Bir ýyldan soň, hökümet Efiopiýada wagyz işini gadagan etdi. Kiçijik bolsam hem, Ýehowa gizlenip sežde edýändigimiz şu günki ýaly ýadymda. Çaga bolamsoň, şol wagtlar meniň üçin gyzyklydy. Ýöne 1960-njy ýylda bizi ýurtdan çykardylar.

Neýtan Norr (çepde) dogan Efiopiýadaky öýümize geldi (Addis Abeba şäheri, 1959)

Biz maşgalamyz bilen ABŞ-nyň Kanzas ştatyndaky Uiçita şäherine göçüp geldik. Ene-atam missioner wagtyndaky ýaly bu ýerde-de yhlasly wagyz edýärdi. Olar maňa, aýal doganym Juda, inim Leslä Ýehowany söýmegi we Oňa jany-teni bilen gulluk etmegi öwretdiler. Judi bilen Lesli hem Efiopiýada doglupdy. Men 13 ýaşymda suwa çümdürildim. Üç ýyldan soň, biz kömek gerek ýerde gulluk etmek üçin Peru şäheriniň Arekipa welaýatyna göçdük.

1974-nji ýylda Perudaky filialymyz meni we dört dogany ýörite pioner edip belledi. Şol wagt men 18 ýaşymdadym. Biz Ant daglarynyň aýak sekilmedik ýerlerinde wagyz edýärdik. Şeýle-de biz keçua we aýmara dillerinde gepleýän indeýlere wagyz edýärdik. Biz öýe meňzeş maşynda aýlanyp gulluk edýärdik. Hemme zady içinde bolany üçin oňa Nuhuň gämisi diýýärdik. Indeýlere Ýehowanyň garyplygy, keselçiligi we ölümi tizden aýyrjakdygy barada gürrüň beren günlerimi ýatlanymda ýylgyranymy duýman galýaryn (Ylh. 21:3, 4). Şonda köp adamlar hoş habary kabul edip, Ýehowa gulluk edip başlapdylar.

Öýe meňzeş maşynda suwuň içinden geçip barýarys.

«Nuhuň gämisi» (1974)

BEÝTEL GULLUGY

1977-nji ýylda Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy Albert Şrýoder dogan Peru şäherindäki filialy idemäge geldi. Şonda ol meni Beýtelde gulluk etmek üçin arza doldurmaga höweslendirdi. Menem onuň aýdyşy ýaly arza doldurdym. Biraz wagtdan 1977-nji ýylyň 17-nji iýunynda Bruklindäki Beýtelde gulluk edip başladym. Men dört ýyllap Beýteliň arassaçylyk we bejeriş işleri bölüminde gulluk etdim.

Toý tutan günümiz (1979)

1978-nji ýylyň iýunynda Luiziana ştatynyň Nýu Orlean şäherinde geçirilen halkara kongresde Elizabet atly uýa bilen tanyşdym. Ol hem men ýaly ýaşlygyndan Ýehowany tanaýardy we dört ýyl bäri pioner bolup gulluk edýärdi. Elizabet bütin ömrüne Ýehowa doly wagtly gulluk etmegi ýüregine düwüpdi. Biz ýygy-ýygydan habarlaşyp durýardyk. Wagtyň geçmegi bilen, bir-birimizi gowy görüp başladyk. Şeýlelikde, 1979-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda biz toý etdik. Elizabeti hem Beýtelde gulluk etmäge çagyrdylar.

Biz «Bruklin ispan» ýygnagynda gulluk edip başladyk. Ol ýerdäki dogan-uýalar bizi gujak açyp garşy aldylar we söýgüsini görkezdiler. Biz birnäçe wagtyň dowamynda başga-da üç ýygnakda gulluk etdik. Beýtel gullugyny dowam etmegimiz üçin dogan-uýalar köp goldaw berdiler. Biz garry ene-atamyzyň aladasyny eden dogan-garyndaşlarymyza we dost-ýarlarymyza örän minnetdar.

Filip beýtelçiler bilen ýygnakda.

«Bruklin ispan» ýygnagynda gulluk edýän beýtelçiler (1986)

HUKUK BÖLÜMINDÄKI GULLUGYM

1982-nji ýylyň ýanwarynda meni Beýteliň Hukuk bölümine bellediler. Men muňa garaşmandym. Üç ýyldan soň, aklawçy bolmak üçin uniwersitetde okatdylar. Talyp wagtym Ýehowanyň Şaýatlarynyň kazyýetde gazanan ýeňişleriniň Amerikadaky we başga ýurtlardaky adamlara köp zatda hak-hukuk gazanmaga kömek edendigini öwretdiler. Şol ýeňişler hakda sapakda häli-şindi aýdylýardy.

1986-njy ýylda 30 ýaşymdakam meni Hukuk bölüminiň gözegçisi edip bellediler. Ýaşdygyma garamazdan, şeýle jogapkärçilik ynananlaryna begensem-de, tejribäm az bolansoň garaňky görünýärdi. Tabşyrylan ýumşy başarmaryn öýdýärdim.

1988-nji ýylda men aklawçy boldum. Men ýokary bilim alyp, Ýehowa bilen dostlugym bozular, häsiýetlerim erbetleşer diýip ýatsam-tursam kelläme gelmeýärdi. Dogrudanam, ýokary bilim alan adam seresap bolmasa, özüne göwni ýetip tekepbir bolýar we başgalardan özüni ýokarda tutýan eken. Bagtyma Elizabet dadyma ýetişäýdi. Ol maňa öňkim ýaly Ýehowa bilen dostlugymy berkitmäge kömek etdi. Şeýdip, men ýuwaş-ýuwaşdan ruhy taýdan aýaga galdym. Men ýokary bilimiň iň wajyp zat däldigine öz durmuşymda göz ýetirdim. Diňe Ýehowa bilen dost bolsaň, Ony we adamlary söýseň, hakykatdan bagtly bolup bolýar.

HOŞ HABARY GORAP, WAGYZ ETMEK HUKUGYNY GAZANÝARYS

Uniwersiteti gutaramsoň, Beýtelde ýüze çykýan ýuridiki meseleleri çözmäge, Ýehowanyň guramasyny we hoş habary wagyz etmek hukugymyzy goramaga kömek edip başladym. Bedew bady bilen öňe barýan guramada şeýle jogapkärli işleri etmek gyzyklydy, ýöne özgerişlik köp bolup duransoň aňsadam däldi. Meselem, gurama öň Hukuk bölüminden edebiýatlary paýlamak meselesinde görkezme bermegi haýyş edipdi. 1991-nji ýyldan başlap bolsa, şol görkezmäni ýatyrmak hakda kömek sorady. Şondan soň Ýehowanyň Şaýatlary adamlara edebiýatlary mugt paýlaýarlar. Beýtelde-de işler aňsatlaşdy we salgyt tölemek bilen bagly kynçylyklaryň hem öňüni alyp bildik. Käbir dogan-uýalar: «Edebiýatlary adamlara mugt bersek çykdajymyz köp bolar, gyzyklanýan adamlara bolsa edebiýat ýetmez. Netijede, olar Ýehowa barada öwrenip bilmezler» diýip pikir etdiler. Ýöne ähli zat tersine boldy. 1990-njy ýyldan bäri Ýehowa gulluk edýän adamlaryň sany iki esse artdy. Şu günlerem islendik adam edebiýatlarymyzy mugt alyp okap bilýärler. Men bir zada göz ýetirdim: Ýehowa kömek etmese we wepaly hyzmatkär arkaly görkezme bermese, guramada şeýle uly özgerişlik edip bolmazdy (2 Mus. 15:2; Mat. 24:45).

Biz kazyýet işinde aklawçylarymyz ökde bolany üçin ýeňiş gazanmaýarys. Köplenç aklawçylara we kazylara dogan-uýalaryň ýagşy edim-gylymy täsir edýär. Men bir wakanyň şaýady boldum. 1998-nji ýylda Kubada geçirilen ýörite kongrese Ýolbaşçylyk maslahatynyň üç agzasy bilen aýallary gatnaşypdy. Olaryň özlerini mähirli we sylaşykly alyp barmagy, hökümet işgärleriniň Ýehowanyň Şaýatlaryna bolan garaýşyny üýtgetdi.

Käte bize kazyýetde adalatsyz karar çykarýardylar. Şonda biz kanun esasynda wagyz etmek hukugymyzy gazanmaly bolýardyk (Flp. 1:7). Birnäçe ýyllap Ýewropanyň käbir ýurtlaryndaky we Günorta Koreýadaky harby gullukdan boýun gaçyran doganlara alternatiw raýatlyk gullugyny ýerine ýetirmäge rugsat bermediler. Şeýlelikde, Ýewropa ýurtlaryndan 18 000-e golaý dogany we Günorta Koreýadan bolsa 19 000-den gowrak dogany türmä basdylar.

2011-nji ýylyň 7-nji iýulynda ÝEAHBK harby gulluga gitmekden boýun gaçyran ermenistanly Baýatýan dogana alternatiw raýatlyk gullugyny ýerine ýetirip bilýändigi hakda karar çykardy. Şol karar esasynda Ýewropadaky ýurtlarda hem dini ynançlary sebäpli harby gulluga gitmekden boýun gaçyrýanlara alternatiw raýatlyk gullugyny ýerine ýetirmäge hak-hukuk berildi. 2018-nji ýylyň 28-nji iýunynda Günorta Koreýada hem şeýle karar çykaryldy. Eger ýaş doganlar bitaraplygyny saklamadyk bolsalar, onda hiç haçan şeýle karar çykarylmasa gerek!

Baş edaradaky we bütin dünýädäki filiallaryň hukuk bölümi Ýehowa sežde etmek hem-de hoş habary wagyz etmek hukugymyzy goramak üçin agyr zähmet çekýär. Hökümet tarapyndan garşylyklara duş gelýän dogan-uýalaryň arkasynda durmak biziň üçin uly hormat. Biz kazyýetde ýeňiş gazansak-gazanmasak hökümet işgärleriniň, kazylaryň öňünde şaýatlyk edýäris (Mat. 10:18). Kazylar, döwlet ýolbaşçylary, habar beriş serişdeleri we köpçülik kazyýetde çykyş edenimizde hem-de resminamalarymyzda Mukaddes Kitapdan aýatlara esaslanýandygymyzy görmeli. Şeýlelikde, akýürekli adamlar Ýehowanyň Şaýatlaryny tanaýarlar we olaryň dini ynançlaryny bilýärler. Şondan soň olaryň köpüsi hakykaty kabul edip, Ýehowanyň Şaýady bolýarlar.

ÝEHOWA ŞÜKÜR!

Men 40 ýylyň dowamynda Hukuk meselesi boýunça bütin dünýädäki filiallarymyz bilen işleşdim. Şeýle-de ençeme kazyýet işlerine gatnaşdym, hökümet işgärleri bilen iş salyşdym. Men Baş edaranyň Hukuk bölümindäki kärdeşlerimi we dünýäniň dört künjeginde Hukuk bölüminde gulluk edýän dogan-uýalary gowy görýärin. Olary bagryma basasym gelýär. Men Ýehowa üçin edýän işlerime ökünmeýärin, sebäbi Ol meni berekede baý etdi.

Filip bilen Elizabet Bramleý.

Aýalym Elizabet 45 ýylyň dowamynda durmuşyň ajy hem süýji günlerinde meni goldady. Onuň saglyk ýagdaýy öwerlik bolmasa-da, meni goldamak üçin elinde baryny edýärdi. Şonuň üçin men ony ýürekden söýýärin.

Elizabet ikimiz Ýehowa güýç bermese, hiç bir adamyň öz güýji bilen ýeňiş gazanyp bilmeýändigine düşündik. Dawut pygamberiň aýdyşy ýaly, «Ýehowa halkynyň güýç-kuwwatydyr» (Zeb. 28:8). Dogrudanam, «ýeňiş berýän Ýehowadyr».

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş