31-NJI MAKALA
111-NJI AÝDYM Şatlanyň
Baryňa kaýyl bolmagyň syry
«Ähli ýagdaýlarda baryma kaýyl bolmagy öwrendim» (Flp. 4:11).
ESASY PIKIR
Minnetdar, pesgöwünli bolsak we Ýehowanyň wadalary hakda oýlansak, barymyza kaýyl bolarys.
1. Baryna kaýyl mesihçi nähili bolýar?
SIZ baryňyza kaýylmy? Baryna kaýyl bolýan adam Ýehowanyň edýän ýagşylyklaryna minnetdar bolup, şatlanyp ýaşaýar we kalby rahat bolýar. Ol ýok zady hakda oýlanyp gynanmaýar ýa-da gaharlanmaýar. Ýöne baryna kaýyl bolýan adam gol gowşuryp hem oturmaýar ýa-da bolşuna görä ýaşabereýin diýmeýär. Ol Ýehowa köpräk gulluk etmek üçin her bir mümkinçilikden peýdalanýar (Rim. 12:1; 1 Tim. 3:1). Ýöne biz barymyza kaýyl bolsak, isleýän borjumyza ýetip bilmesek-de şatlygymyzy ýitirmeris.
2. Barymyza kaýyl bolmasak netijesi nähili bolar?
2 Biz barymyza kaýyl bolmasak, Ýehowa bilen dostlugymyza zyýan ýetirýän işleri edip bileris. Käbirleri özüne zerur bolmadyk zady almak üçin gije-gündiz diýen ýaly işleýärler. Käbir mesihçiler baryna kaýyl bolman, hatda ogurlyk hem etdiler. Belki-de, olar «Meniň almaga hakym bar», «Maňa şu wagt gerek» ýa-da «Puluny soň yzyna gaýtaryp bererin-le» diýip, öz-özüni köşeşdirendirler. Ýöne ogurlyk edýän mesihçi Ýehowany gynandyrýar, Onuň adyna ysnat getirýär (Nak. 30:9). Käbir mesihçiler bolsa islän borjuna ýetip bilmän ruhdan düşüp, Ýehowa gulluk etmegini bes edýär (Gal. 6:9). Şol mesihçiler baryna kaýyl bolmandygy üçin şeýle ýagdaýa düşen bolmaly.
3. Filipililer 4:11, 12-nji aýatlardan näme öwrenýäris?
3 Mesiçileriň ählisi baryna kaýyl bolmagy öwrenip bilýär. Pawlus resul: «Ähli ýagdaýlarda baryma kaýyl bolmagy öwrendim» diýip ýazdy (Filipililer 4:11, 12-nji aýatlary okaň). Pawlus şol sözleri ýazanda türmede otyrdy. Ýöne ol şonda-da şatlygyny ýitirmeýärdi. Sebäbi ol «baryna kaýyl bolmagyň syryny öwrenipdi». Pawlusyň ýazan sözleri we başdan geçirenleri biziňem nähili ýagdaýda bolsagam, barymyza kaýyl bolup bilýändigimizi görkezýär. Ýöne mesihçi öz-özünden baryna kaýyl bolar öýtmeli däl. Ol muny öwrenmeli. Geliň, barymyza kaýyl bolmaga nämäniň kömek edýändigini bileliň.
MINNETDAR BOLUŇ
4. Barymyza kaýyl bolmaga näme kömek edýär? (1 Selanikliler 5:18).
4 Minnetdar adama baryna kaýyl bolmak aňsat bolýar (1 Selanikliler 5:18-i okaň). Eger biz zerur zatlarymyzyň bardygyna şükür etsek, ýok zatlarymyz hakda çendenaşa biynjalyk bolmarys. Eger biz Ýehowa edýän gullugymyzyň gadyryny bilsek, ýetip bilmeýän borçlarymyz hakda çendenaşa oýlanman, gaýtam häzirki gullugymyzy gowy ýerine ýetirmek üçin elimizde baryny ederis. Mukaddes Kitapda-da Ýehowa doga edenimizde minnetdarlyk aýtmalydygy aýdylýar. Minnetdar adamyň «ýüregi ynsan düşünjesinden ýokary bolan Hudaýyň parahatlygyndan» püre-pür bolýar (Flp. 4:6, 7).
5. Ysraýyllar näme üçin Ýehowa minnetdar bolmalydylar? (Surata serediň).
5 Geliň, ysraýyllar hakda gürrüň edeliň. Olar Müsürde iýen näz-nygmatlaryny küýsäp, ençeme sapar Ýehowadan nägile boldular (4 Mus. 11:4—6). Elbetde, çölde ýaşamak aňsat däldi. Ýöne olara baryna kaýyl bolmaga näme kömek edip bilerdi? Olar Ýehowanyň eden ýagşylyklary hakda oýlanyp, oňa minnetdar bolmalydy. Olar Müsürde gul bolup ejir çekip ýaşaýardylar. Ýöne Ýehowa müsürlilere on jeza berip, olary halas etdi. Müsürden çykyp gaýdanlarynda-da, Ýehowa ysraýyllaryň elini boş goýbermedi. Olar müsürlileriň altyn-kümüşlerini, egin-eşiklerini alyp gaýtdylar (2 Mus. 12:35, 36). Faraonyň goşunyndan gaçyp gelýän märeke öňündäki Gyzyl deňzi görüp näme etjegini bilmän, aljyraňňy ýagdaýa düşüpdi. Şonda Ýehowa deňzi gudrat bilen ikä bölüp, ysraýyl halkyny müsürlilerden halas etdi. Ýehowa olary gurak çölde-de aç-hor etmedi, olara her gün manna berdi. Ýehowa ysraýyllara iýjek-içjegini ýetirip dursa-da, olar näme üçin Ýehowadan nägile boldular? Ysraýyllar Ýehowanyň berýän zatlaryna minnetdar bolmadylar.
Ysraýyllar näme üçin baryna kaýyl bolmadylar? (5-nji abzasa serediň).
6. Minnetdar bolmagy nädip öwrenmeli?
6 Minnetdar bolmagy nädip öwrenip bileris? Birinjiden, sizi bagtly edýän zatlar hakda her gün oýlanyň. Belki, siz özüňize ýatlatmak üçin, olaryň birki sanysyny ýazyp bilersiňiz (Agy 3:22, 23). Ikinjiden, sagbolsun aýdyň. Adamlara, esasanam, Ýehowa edýän ýagşylyklary üçin her gün minnetdarlyk aýdyň (Zeb. 75:1). Üçünjiden, minnetdar adamlar bilen dostlaşyň. «Gawun gawundan reňk alar» diýlişi ýaly, nägile bolýan adamlar bilen dostlaşsak, onda özümizem nägile bolarys. Hemişe minnetdar bolýan adamlar bilen dostlaşsak, onda bizem minnetdar bolmagy öwreneris (5 Mus. 1:26—28; 2 Tim. 3:1, 2, 5). Eger biz ýönekeý zatlarda sagbolsun aýtmagy öwrensek, kynçylyga düşenimizde ýa-da isleýän zatlarymyza ýetip bilmesek, känbir ruhdan düşmeris.
7. Amelia baryna kaýyl bolmaga näme kömek etdi?
7 Geliň, Indoneziýada ýaşaýan Ameliaa bilen bolan waka hakda gürrüň edeliň. Ol şeýle gürrüň berýär: «Koronawirus keseliniň (COVID-19) ýaýran döwründe men öz ýagdaýym bilen dogan-uýalaryňkyny deňeşdirýärdim. Şeýdip, baryma kaýyl bolman başladym» (Gal. 6:4). Amelia garaýşyny üýtgetmäge näme kömek etdi? Ol sözüni şeýle dowam edýär: «Men her gün Ýehowanyň aladamy edişi hakda oýlanyp başladym. Şeýle-de Onuň halkyna goşulyp alan bereketlerimi birin-birin ýatladym. Soňra Ýehowa ählisi üçin sagbolsun aýtdym. Şondan soň men baryma kaýyl boldum». Eger sizem Amelianyňky ýaly pikirler sebäpli ruhdan düşýän bolsaňyz, ondan görelde alyp bilersiňiz.
PESGÖWÜNLI BOLUŇ
8. Baruk näme üçin ruhdan düşdi?
8 Geliň, Ýermeýa pygamberiň kätibi Baruk hakda gürrüň edeliň. Baruga tabşyrylan ýumuş aňsat däldi. Ýehowa oňa Ýermeýa pygamber bilen bile boýnuýogyn ysraýyl halkyna höküm habaryny aýtmagy tabşyrýar. Şonda Baruk baryna kaýyl bolman ruhdan düşýär. Sebäbi ol ünsüni Ýehowanyň islegine gönükdirmän, özi hakda çendenaşa köp pikir edip başlaýar. Ýehowa Baruga Ýermeýanyň üsti bilen: «Sen nebsiňe çapýarsyň, nebsiňe haý diý!» diýip duýdurýar (Ýer. 45:3—5). Başgaça aýdanyňda, Ýehowa Baruga: «Baryňa kaýyl bol» diýýär. Baruk Ýehowanyň duýduryşyny ýürekden kabul edýär, Ýehowa-da ondan razy bolýar.
9. 1 Korinfliler 4:6, 7-nji aýatlardan näme öwrenýäris? (Surata serediň).
9 Mesihçi ýygnakda käbir borçlary almaga özüni mynasyp görmegi mümkin. Sebäbi ol ukyp-başarnykly, zähmetsöýer ýa-da tejribelidir. Belki-de, onda şolaryň üçüsem bardyr. Ýöne onuň arzuw edýän borjy başga birine berlip biler. Şeýle ýagdaýda mesihçä ruhdan düşmezlige näme kömek eder? Ol Pawlus resulyň 1 Korinfliler 4:6, 7-nji aýatlarda (okaň) aýdan sözleri hakda oýlanyp biler. Bize ukyp-başarnygy we ýygnakdaky borçlary Ýehowa berýär. Ýehowa olary bize başgalardan üýtgeşik bolandygymyz üçin däl-de, söýýändigi, ýagşylyk edýändigi üçin berýär (Rim. 12:3, 6; Efes. 2:8, 9).
Bize ukyp-başarnygy Ýehowa berýär (9-njy abzasa serediň)c.
10. Pesgöwünli bolmagy nädip öwrenip bileris?
10 Biz Isadan görelde alyp, pesgöwünli bolmagy öwrenip bileris. Isa Hudaýyň Ogly, erk-ygtyýarly bolsa-da, şägirtleriniň aýagyny ýuwdy. Ýahýa resul şeýle sözleri ýazdy: «Isa Atasynyň ähli zady oňa tabşyrandygyny we Hudaýdan gelip, ýene yzyna dolanmalydygyny bilýärdi. Isa... şägirtleriniň aýagyny ýuwup başlady» (Ýah. 13:3—5). Şonda Isa: «Men däl-de, şägirtlerim meniň aýagymy ýuwmaly» diýip bilerdi, ýöne ol beýle etmedi. Ol hatda ýere gelende: «Men zada zar bolman, iň gowy şertlerde we kynçylyk görmän ýaşamaly» diýip pikir etmedi (Luka 9:58). Sebäbi ol pesgöwünlidi, baryna kaýyl bolýardy. Şeýdip, Isa bize ajaýyp görelde galdyrdy (Ýah. 13:15).
11. Dennis dogana baryna kaýyl bolmaga näme kömek etdi?
11 Geliň, Niderlandiýada ýaşaýan Dennis hakda gürrüň edeliň. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men Isa ýaly pesgöwünli bolasym gelýärdi, ýöne aňsat däldi. Käte meniň isleýän borjum başga bir dogana berlende ruhdan düşýärdim. Şonda pesgöwünlilik hakda şahsy okuwyny geçirýärdim. JW Library programmamda pesgöwünli bolmaga kömek edýän aýatlary belleýärdim we olary gaýta-gaýta okaýardym. Şeýle-de telefonyma pesgöwünlilik baradaky nutuklary ýükläp, olary köp diňleýärdimb. Şeýdip, men ähli edýän işlerim üçin özümi däl-de, Ýehowany şöhratlandyrmagy öwrendim. Onuň isleginiň amala aşmagyna her birimiz goşant goşsak-da, bereketleýän Ýehowadyr». Eger sizem isleýän borjuňyza ýetip bilmän ruhdan düşýän bolsaňyz, has-da pesgöwünli bolmagy öwreniň. Şonda Ýehowa bilen dostlugyňyz berk bolar, baryňyza kaýyl bolarsyňyz (Ýak. 4:6, 8).
TÄZE DÜNÝÄNI GÖZ ÖŇÜNE GETIRIŇ
12. Bize barymyza kaýyl bolmaga ýene näme kömek edýär? (Işaýa 65:21—25).
12 Biz barymyza kaýyl bolmak üçin gelejekde aljak bereketlerimiz hakda oýlanmaly. Işaýa kitabynda Ýehowanyň häzirki çekýän kynçylyklarymyza diňe bir düşünýändigi däl-de, eýsem şol kynçylyklary aýyrjakdygy hakda-da aýdylýar (Işaýa 65:21—25-nji aýatlary okaň). Ýehowanyň wada berýän Jennetinde biz ähli amatly şertleri bolan öýlerde ýaşarys, zähmet çekmekden lezzet alarys we süýjüden-süýji näz-nygmatlary iýeris. Şeýle-de biz özümizi ýa-da çagalarymyzy alada edip gorkuda ýaşamarys (Işa. 32:17, 18; Hyz. 34:25). Ýehowanyň ajaýyp wadasy hökman ýerine ýeter.
13. Biz haýsy ýagdaýlarda umydymyz hakda oýlanmaly we näme üçin?
13 Şu günler umydymyz hakda oýlanmak has-da wajyp. Sebäbi biz «soňky günlerde» ýaşaýarys we her birimiz kynçylyklar bilen göreşýäris (2 Tim. 3:1). Ýehowa bize her gün görkezme, güýç we goldaw berip, kynçylyklara döz gelmäge kömek edýär (Zeb. 145:14). Umyt her günki gaýgy-aladalara basylmazlyga-da kömek edýär. Biz diňe iýjegimizi, geýjegimizi tapmak üçin köp işlemeli bolýarys. Ýöne biz hemişe kösenip ýaşamarys. Ýehowa Jennetde zerur zatlarymyzy artygy bilen ýetirip durjagyny wada berýär (Zeb. 9:18; 72:12—14). Belki, siz dowamly agyrylar, göwnüçökgünlik ýa-da bejerip bolmaýan agyr kesel sebäpli ejir çekýänsiňiz. Şonda kynçylyklardan, keselden ýaňa gözüňiz açylmajak ýaly görünýändir. Ýöne Ýehowanyň täze dünýäsinde kesel, ölüm asla bolmaz (Ylh. 21:3, 4). Şol umyt bize kynçylyklara, bolýan zatlara gaharlanman, ruhdan düşmän ýaşamaga kömek edýär. Şeýle-de bize adalatsyzlyk edenlerinde, ýakynlarymyzdan biri aradan çykanda ýa-da başymyza betbagtçylyk inende şatlygymyzy ýitirmeýäris. Sebäbi «häzirki görýän kynçylyklarymyzyň wagtlaýyndygyny» bilýäris. Biz täze dünýäde şeýle kynçylyklaryň bolmajakdygyna doly ynanýarys (2 Kor. 4:17, 18).
14. Ýehowanyň wadalarynyň ýerine ýetjekdigine ynamly bolmaga näme kömek eder?
14 Ýehowanyň wadalarynyň hökman ýerine ýetjekdigine ynamymyzy nädip berkidip bileris? Garaňky otagdaky zatlary görmek üçin çyrany ýakmaly bolýar. Edil şonuň ýaly, umydymyzy berkitmek üçin hem özümizi täze dünýäde göz öňüne getirmeli. Eger biz puldan kösenýän bolsak, onda täze dünýäde hiç hili puluň gerek bolmajakdygy we hiç bir adamyň garyp ýaşamajakdygy hakda oýlanyp bileris. Eger arzuw edýän borjumyza ýetip bilmän ruhdan düşýän bolsak, onda täze dünýäde kämil bolup, Ýehowa müňlerçe ýyllap gulluk edip aljak bereketlerimiziň ýanynda şol borçlaryň hiç zat bolup galýandygy hakda oýlanyp bileris (1 Tim. 6:19). Gaýgy-aladalaryň üstümizi basýandygy sebäpli, bize gelejek barada oýlanmak birbada kyn bolup biler. Ýöne Ýehowanyň berýän wadalary hakda näçe köp oýlansak, şonça-da özümizi täze dünýäde göz öňüne getirip bileris.
15. Kristadan näme öwrenýäris?
15 Ýokarda agzalan Dennis doganyň aýaly Krista Ýehowanyň wadalarynyň kömek edişi hakda şeýle gürrüň berýär: «Men keselim sebäpli ýöräp bilmeýän we maýyplaryň arabasynda oturýaryn. Köplenç ýerimden hem galyp bilmeýärin. Men her gün ejir çekýärin. Soňky gezek lukman maňa gowulaşmajakdygymy aýdanda içimden: „Men beýle pikir etmeýärin. Ol gelejegi meniň görşüm ýaly görüp bilmeýär“ diýdim. Men Ýehowanyň wadalary hakda oýlanamsoň, özümi rahat duýdum. Häzir men ýaşamak üçin göreşýärin, täze dünýäde bolsa durmuşdan lezzet alyp ýaşaryn».
«ALLADAN GORKÝANLAR MÄTÄÇLIK ÇEKMEZ»
16. Dawut patyşa näme üçin Ýehowadan gorkýanlar «mätäçlik çekmez» diýdi?
16 Baryna kaýyl bolýan mesihçiniň hem başyna kynçylyk düşüp biler. Dawut patyşa bilenem şeýle bolupdy. Üç çagasy aradan çykdy, oňa töhmet atdylar, dostlary taşlap gitdi. Şawul patyşa onuň janynyň kastyna çykdy, birnäçe ýyllap yzarlady. Kynçylyklardan ýaňa Dawudyň durmuşy çepbe çöwrülen ýaly bolsa-da, ol baryna kaýyl boldy. Dawut Ýehowa hakda şeýle sözleri ýazdy: «Alladan gorkýanlar mätäçlik çekmez» (Zeb. 34:9, 10). Dawut Ýehowanyň kynçylyklaryny aýyrmajakdygyny bilse-de, onuň elini uzadyp kömek etjekdigine ynanýardy. Ýehowanyň bize-de kynçylyklardan baş alyp çykmaga kömek etjekdigine ynamly bolup bileris (Zeb. 145:16). Durmuşymyz nähili bolsa-da, barymyza kaýyl bolup, şatlygymyzy ýitirmeris.
17. Siz näme üçin baryňyza kaýyl bolmagy ýüregiňize düwdüňiz?
17 Ýehowa biziň rahat ýaşamagymyzy isleýär (Zeb. 131:1, 2). Şonuň üçin Ol bize barymyza kaýyl bolmagyň syryny öwredýär. Eger biz minnetdar, pesgöwünli bolsak we Ýehowanyň wadalary hakda oýlansak, «baryma kaýyl bolmagy öwrendim» diýip bileris (Flp. 4:11).
118-NJI AÝDYM Berk iman ber
a Käbir atlar üýtgedildi.
b Meselem, jw.org saýtyndan «Siz pesgöwünlimi ýa-da tekepbir?» diýen irdenki seždäni görüp bilersiňiz.
c SURATYŇ BEÝANY: dogan filialda bejeriş işlerini geçirýär, lallaryň dilini öwrenýän uýa etrap kongresinde interwýu berýär we dogan jemagat nutugy bilen çykyş edýär.