Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w25 Iýul sah. 14—19
  • Esasy taglymatlar şu günlerem kömek edýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Esasy taglymatlar şu günlerem kömek edýär
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • ÝEHOWA ÝARADYJY
  • KYNÇYLYKLARA ÝEHOWA GÜNÄKÄR DÄL
  • «SOŇKY GÜNLERDE» ÝAŞAÝARYS
  • ÝATLATMALARY ÜÇIN ÝEHOWA MINNETDAR BOLUŇ
  • Pespäl bolup, hemme zady bilmeýändigimizi boýun alalyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Karara geleniňizde Ýehowa bil baglaň
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2023
  • Hudaýyň hakykatyna berk ýapyşyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
  • Wagyzçylar, söýgiňiz ot bolup tutaşsyn!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
w25 Iýul sah. 14—19

30-NJY MAKALA

97-NJI AÝDYM Hudaýyň Sözi bilen ýaşaýarys

Esasy taglymatlar şu günlerem kömek edýär

«Siz bulary bilseňiz-de, hakykatda berk dursaňyz-da, men şol zatlary elmydama ýatladyp duraryn» (2 Pet. 1:12).

ESASY PIKIR

Ençeme ýyl bäri hakykaty bilsek-de, Mukaddes Kitabyň esasy taglymatlary şu günlerem kömek edýär.

1. Mukaddes Kitabyň esasy taglymatlaryny öwrenip özüňizi nähili duýduňyz?

MUKADDES KITABYŇ esasy taglymatlaryny öwrenip durmuşymyz bütinleý üýtgedi. Biz Hudaýyň adynyň Ýehowadygyny bildik, Onuň bilen ýakyn dost bolduk (Işa. 42:8). Ölen dogan-garyndaşlarymyzyň hiç ýerde gynalmaýandygyny, ejir çekmeýändigini bildik (Nes. 9:10). Biz Ýehowanyň bütin ýer ýüzüni Jennet etjekdigini bilenimizden soň gelejegimiz barada alada etmedik. Jennetde 70-80 ýyl däl-de, ebedi ýaşarys (Zeb. 37:29; 90:10).

2. Petrus resul mesihçilere näme üçin bilýän zatlaryny ýatlatdy? (2 Petrus 1:12, 13).

2 Biz Mukaddes Kitabyň esasy taglymatlarynyň hemişe peýda berýändigini ýatdan çykarmaly däl. Petrus resul ikinji hatyny «hakykatda berk duran» mesihçilere ýazypdy (2 Petrus 1:12, 13-nji aýatlary okaň). Ýöne şol wagt ýygnakda dogan-uýalary hakykat ýolundan sowjak bolýan ýalan mugallymlar bardy (2 Pet. 2:1—3). Petrus hem dogan-uýalary olaryň ýalan gep-gürrüňlerine ynanmaz ýaly gorajak bolýardy. Şonuň üçin olara Mukaddes Kitapdan öwrenen käbir esasy taglymatlaryny ýene-de ýatlatdy. Olar Ýehowa wepaly bolmak üçin şol taglymatlar hakda oýlanmalydy.

3. Köp ýyl bäri Ýehowa gulluk etsek-de, esasy taglymatlar barada näme üçin oýlanmaly? Mysal getiriň.

3 Mukaddes Kitabyň esasy taglymatlarynyň häzir hem peýda berýändigine düşünmek üçin bir mysala seredeliň. Aýdaly, baş aşpez bilen täze aşpez şol bir gök-önümlerden nahar bişirýär. Ýöne baş aşpez täze aşpeze garanyňda her dürli üýtgeşik tagamlary taýýarlaýar. Sebäbi ol ýyllaryň dowamynda nahar bişirip has-da ökdeleşýär. Edil şonuň ýaly, Mukaddes Kitapdan ýaňy okuw geçip başlanlara garanyňda, Ýehowa köp ýyl bäri gulluk edýän mesihçiler aýatlary dürli ýagdaýda ulanmagy öwrenendirler. Suwa çümdürilenimizden bäri ýagdaýymyz ýa-da ýygnakdaky borçlarymyz üýtgändir. Biz Mukaddes Kitapdan öwrenen zatlarymyzy häzirki ýagdaýymyzda nädip ulanyp boljakdygy hakda oýlansak, kömek edýändigini göreris. Geliň, Mukaddes Kitabyň esasy taglymatlarynyň üçüsi hakda gürrüň edeliň.

ÝEHOWA ÝARADYJY

4. Ýehowanyň ähli zady ýaradandygyny bilmek nähili täsir edýär?

4 Mukaddes Kitapda: «Ähli zady Hudaý ýaratdy» diýilýär (Ýew. 3:4). Ýer şaryny we ondaky ähli zady Akyldar, Gudratygüýçli Ýehowa ýaratdy. Ynsany hem Ýehowa ýaratdy, şonuň üçin Ol bizi gowy tanaýar, aladamyzy edýär we bize nämäniň gerekdigini özümizdenem gowy bilýär. Ýehowanyň Ýaradyjydygyny bilenimizden soň durmuşymyz bütinleý üýtgedi we özümizi bagtly duýýarys.

5. Bize pesgöwünli bolmaga näme kömek edýär? (Işaýa 45:9—12).

5 Ýehowanyň ähli zady ýaradandygyny bilmek bize pesgöwünli bolmaga kömek edýär. Meselem, Eýýup pygamber özi hakda çendenaşa köp pikir edip, özüni dogry hasaplady. Şonda Ýehowa oňa ençeme soraglary berip, özüniň Ýaradyjydygyny ýatlatdy (Eýp. 38:1—4). Şondan soň Eýýup Ýehowanyň hiç haçan ýalňyşmaýandygyna düşünýär. Işaýa pygamber hem: «Toýun küýzegäre ýasan zadyň näme diýermi?» diýip ýazdy (Işaýa 45:9—12-nji aýatlary okaň).

6. Mesihçi näme üçin Ýehowanyň Akyldar hem-de Gudratygüýçli Hudaýdygy hakda oýlanmaly? (Surata serediň).

6 Köp ýyl bäri hakykaty bilýän mesihçi Ýehowa däl-de, özüne bil baglamagy mümkin. Ol Mukaddes Kitabyň görkezmesini däl-de, öz pikirini has dogry hasaplap biler (Eýp. 37:23, 24). Şeýle ýagdaýda mesihçi Ýehowanyň Akyldar, Gudratygüýçli Ýaradyjydygy hakda oýlanmaly (Işa. 40:22; 55:8, 9). Şonda ol pesgöwünli bolup, Ýehowanyň pikirleriniň özüniňkiden has dogrudygyny boýun alar.

 Surat: 1) Ýaşulular maslahatynda bir dogan teklibini aýdýar, beýlekiler muny göwnemeýär. 2) Soňra teklip aýdan dogan ýyldyzly asmana seredip, çuňňur oýa batýar.

Ýehowanyň pikirleriniň biziňkiden has dogrudygyny ýatdan çykarmazlyga näme kömek edýär? (6-njy abzasa serediň)d.


7. Rahela uýa görkezmäni kabul etmäge näme kömek etdi?

7 Sloweniýada ýaşaýan Rahela atly uýa Ýehowanyň Ýaradyjydygy hakda oýlanmak guramada bolýan özgerişlikleri kabul etmäge kömek etdi. Ol şeýle gürrüň berýär: «Käte maňa ýolbaşçylyk edýän doganlaryň gelýän karary bilen ylalaşmak kyn bolýardy. Meselem, 2023-nji ýylyň Ýolbaşçylyk maslahatynyň 8-nji hasabatynda çykyş edýän doganyň sakgallydygyny görüp ör-gökden geldim. Şonda men Ýehowa özgerişligi kabul etmäge kömek edäý diýip doga etdim». Rahela özüne Ýehowanyň ýeri-gögi ýaradandygyny ýatladyp, guramasyna hemişe dogry görkezme berýändigine düşündi. Eger size-de edebiýatlarymyzda gelýän täze düşündirilişi ýa-da görkezmäni kabul etmek kyn bolsa, Ýehowanyň deňsiz-taýsyz akyldarlygy hem-de güýji hakda oýlanyň (Rim. 11:33—36).

KYNÇYLYKLARA ÝEHOWA GÜNÄKÄR DÄL

8. Kynçylyklara Hudaýyň günäkär däldigini bilmek näme üçin wajyp?

8 Köp adamlar başyna kynçylyk düşende Hudaýy günäkärleýär ýa-da «Hudaý ýok» diýýär (Nak. 19:3). Sebäbi olar Hudaýyň kynçylyklara näme üçin ýol berýändigine düşünmeýär. Ýöne biz kynçylyklara Hudaýyň günäkär däldigine, miras geçen günä sebäpli kösenip ýaşaýandygymyza düşünýäris. Şeýle-de biz Ýehowanyň kynçylyklary köki-damary bilen sogrup aýyrjak gününe sabyrly garaşýandygyny bilýäris. Sebäbi ol adamlaryň Özüni tanap, halas bolmaklaryny isleýär (2 Pet. 3:9, 15). Mukaddes Kitabyň şu hakykatlary Ýehowanyň kynçylyklary doly aýyrjakdygyna ynandyrýar we Onuň bilen dostlugymyzy has-da berkidýär.

9. Biz esasan haýsy ýagdaýlarda kynçylyklara Hudaýyň günäkär däldigi hakda oýlanmaly?

9 Biz Ýehowanyň kynçylyklary doly aýyrjak gününe sabyrly garaşmaly. Ýöne dogan-garyndaşlarymyzyň biri aradan çykanda, başymyza kynçylyk düşende ýa-da adalatsyzlyga duş gelenimizde: «Ýehowa näme üçin şunça wagtlap kynçylyklara ýol berýärkä?» diýip, ruhdan düşmegimiz mümkin (Hab. 1:2, 3). Şeýle ýagdaýda Ýehowanyň kynçylyklara näme üçin ýol berýändigini özümize ýatlatmalya (Zeb. 34:19). Mundan başga-da, Ýehowanyň kynçylyklary hemişelik aýyrjakdygy barada oýlanmaly.

10. Anna uýa ajy hasrata döz gelmäge näme kömek etdi?

10 Ýehowanyň kynçylyklara günäkär däldigi baradaky hakykaty bilmek çekip-çydardan agyr kynçylyklara döz gelmäge kömek edýär. Hindi okeanynyň Maýotta adasynda ýaşaýan Anna uýa şeýle gürrüň berýär: «Ejem aradan çykansoň, birnäçe ýyllap hasrat çekdim, hiç özüme gelip bilmedim. Ýöne men ejir çekmegime Ýehowanyň günäkär däldigini her gün özüme ýatladýardym. Ýehowa hiç bir adamyň kösenmegini islemeýär. Gaýtam Ol kynçylyklary aýryp, ölen adamlary direltmek isleýär. Men hemişe bir zada haýran galýaryn: şu zatlar barada oýlananymda ýürek derdim ýeňleýär».

11. Ýehowanyň kynçylyklara günäkär däldigi baradaky hakykat bizi näme etmäge höweslendirýär?

11 Ýehowanyň kynçylyklara günäkär däldigi baradaky hakykaty bilmek yhlasly wagyz etmäge kömek edýär. Petrus resul adamlaryň halas bolmagy üçin Ýehowanyň sabyrly garaşýandygyny aýdansoň, şeýle sözleri ýazdy: «Onda siz nähili adam bolmaly? Siz mukaddes ýaşaň, ýagşy işleri ediň we Hudaýa wepaly boluň» (2 Pet. 3:11). Biz wagyz edip Ýehowa wepalydygymyzy görkezýäris. Gökdäki Atamyz ýaly ähli adamlary söýýäris, olaryň Jennetde ebedi ýaşamagyny isleýäris. Dogan-uýalar, Ýehowa biziň hem ýaşaýan ýerimizdäki adamlara hakykaty bilip, sežde etmäge mümkinçilik berýär. Bize bolsa olara wagyz etmek hormatyny ynandy. Geliň, dünýäniň soňy gelmänkä, has köp adamlara Ýehowany tanatmak üçin elimizde baryny edeliň! (1 Kor. 3:9).

«SOŇKY GÜNLERDE» ÝAŞAÝARYS

12. «Soňky günler» barada aýdylanlar nämäni subut edýär?

12 Mukaddes Kitapda «soňky günlerde» adamlaryň erbetleşjekdigi ýazylan (2 Tim. 3:1—5). Biz zalym adamlaryň edýän erbet işlerini görenimizde, pygamberlikleriň ýerine ýetýändigine we Hudaýyň Sözüniň hakykatdygyna hasam göz ýetirýäris (2 Tim. 3:13—15).

13. Isanyň Luka 12:15—21-nji aýatlarda gürrüň beren mysalyndan näme öwrenýäris?

13 Soňky günlerde ýaşaýandygymyz barada oýlanmak durmuşda wajyp zatlary birinji orunda goýmaga kömek edýär. Isanyň Luka 12-nji bap 15—21-nji aýatlarda (okaň) gürrüň beren mysaly durmuşda nämäniň wajypdygyna düşünmäge kömek edýär. Mysaldaky adama baý bolandygy üçin däl-de, durmuşda nädogry zatlary birinji orunda goýandygy üçin «akylsyz» diýilýär. Ol Hudaýyň öňünde baý bolman, özüne baýlyk ýygnady. Ol wagtyny paýhassyz ulanyp, uly ýalňyşlyk goýberdi. Sebäbi Hudaý oňa: «Şu gije janyň alnar» diýdi. Isanyň gürrüň beren mysalyndan wagtymyzy paýhasly ulanmagy öwrenýäris. Şu günler hem dünýäniň soňy gitdigiçe golaýlaşýar. Geliň, şonuň üçin özümize şu soraglary bereliň: meniň goýýan maksatlarymdan nämäni wajyp saýýandygym görünýär? Çagalarymy nähili maksatlary goýmaga höweslendirýärin? Men wagtymy, güýjümi, pulumy Hudaýyň öňünde baý bolmak üçin ulanýarynmy ýa-da özüm baýamak üçin?

14. Soňky günlerde ýaşaýandygymyz barada oýlanmak näme üçin wajyp?

14 Soňky günlerde ýaşaýandygymyz barada oýlanmak durmuşda dogry kararlara gelmäge kömek edýär. Geliň, Miki uýanyň mysalyna seredeliň. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men mekdebi tamamlanymdan soň, zoologiýany öwrenýän işde işläsim gelýärdi. Ýöne men pioner bolup, kömek gerek ýere-de göçesim gelýärdi. Ýygnagymdaky käbir dogan-uýalar hem ýokary okuw jaýynda okap, hem pioner bolup gulluk etmegiň aňsat bolmajakdygyny aýtdylar. Olar maňa dünýäniň soňunyň golaýdygyny ýatlatdylar. Şeýle-de Jennetde haýwanlary ebedi öwrenip biljekdigimi aýtdylar. Şondan soň men bar wagtym okuwa gitmez ýaly, gysga wagtda kär öwredýän kurslary saýladym. Kursy gutaranymdan soň bolsa, hem pioner bolup gulluk eder ýaly, hem özümi ekläp biler ýaly iş tapdym. Biraz wagtdan men kömek gerek ýere, Ekwadora göçdüm». Miki bilen ýoldaşy häzir Ekwadorda etrap gözegçisi bolup gulluk edýärler.

15. Hoş habary diňlemeýän adamlardan umydymyzy üzmeli däldigini Ýakubyň mysaly nädip görkezýär? (Surata serediň).

15 Adamlar hoş habary diňlemese ruhdan düşmeli däl. Wagtyň geçmegi bilen, olaryň garaýşy üýtgäp bilýär. Isanyň jigisi Ýakup bilen hem şeýle bolupdy. Ol Isanyň ulalyşyny, Mesihdigini, Hudaýyň sözüni öwredýändigini gözi bilen görüpdi. Ýöne şonda-da ol Isanyň yzyna eýermedi. Ýöne Isa direlensoň, Ýakup bütinleý durmuşyny üýtgedip onuň yhlasly şägirdi boldyb (Ýah. 7:5; Gal. 2:9). Dogan-uýalar, siziň hem ýakynlaryňyz, dogan-garyndaşlaryňyz hoş habary diňlemese ýa-da gyzyklanmasa olardan umydyňyzy üzmäň. Ýatdan çykarmaň, biz soňky günlerde ýaşaýarys. Şonuň üçin şu günler wagyz etmek has-da wajyp. Olar hoş habary şu gün bolmasa ertir, belki-de, uly betbagtçylyk başlansoň kabul ederc.

Uýa gyzjagazy bilen söwda merkezinde aýlanyp ýören dogany bilen gepleşýär.

Dogan-garyndaşlar hoş habary diňlemese ýa-da gyzyklanmasa, olardan umydymyzy üzmezlige näme kömek edýär? (15-nji abzasa serediň)e.


ÝATLATMALARY ÜÇIN ÝEHOWA MINNETDAR BOLUŇ

16. Esasy taglymatlary gaýtalamagyň nähili peýdasy bar? («Gurallaryňyzy ökdelik bilen ulanyň» diýen çarçuwa serediň).

16 Mukaddes Kitaba esaslanan edebiýatlarymyzyň käbiri Hudaý baradaky hakykaty öň eşitmedik adamlar üçin taýýarlanýar. Meselem, guramamyz jemagat nutuklaryny, jw.org saýtyndaky käbir makalalary, wideolary we beýleki edebiýatlarymyzy Ýehowanyň Şaýady bolmadyk adamlar üçin çykarýar. Şol ýerdäki hakykatlary gowy bilsek-de, olary gaýtalasak, Ýehowa bolan söýgimiz artar we Onuň Sözüniň hakykatdygyna ynamymyz berkär. Şeýle-de Mukaddes Kitabyň esasy taglymatlaryny ökdelik bilen düşündirip bileris (Zeb. 19:7).

Gurallaryňyzy ökdelik bilen ulanyň

Gyzyklanýan adamlar üçin taýýarlanan makalany okanyňyzda, wideony göreniňizde ýa-da nutugy diňläniňizde öwrenen zatlaryňyz arkaly adamlara nädip kömek edip biljekdigiňiz hakda oýlanyň. Özüňize şeýle soraglary beriň:

  • Şol ýerde Mukaddes Kitabyň hakykatynyň dogrudygyny görkezmek üçin nähili subutnama getirilýär?

  • Ol ýerdäki haýsy mysal arkaly Mukaddes Kitabyň hakykatyny öwredip bilerin?

  • Mukaddes Kitabyň şol hakykaty kime gyzykly bolup biler we oňa haçan gürrüň berip bilerin?

17. Biz haýsy ýagdaýlarda Mukaddes Kitabyň esasy taglymatlary barada oýlanmaly?

17 Guramamyz Mukaddes Kitabyň käbir hakykatlaryny täzeçe düşündirende biz örän begenýäris. Ýöne biz Mukaddes Kitabyň esasy taglymatlarynyň hem gadyryny bilýäris. Sebäbi olar bize Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek etdi. Biz olaryň häzir hem peýdasyny görýäris. Ýöne käte guramamyz täze görkezme berende öz pikirimizi dogry hasaplamagymyz mümkin. Şonda biz pesgöwünli bolup, görkezmäni adamyň däl-de, Gudratygüýçli we Akyldar Ýaradyjynyň berýändigini ýatdan çykarmaly däl. Dogan-uýalar, özümiz ýa-da dogan-garyndaşlarymyzyň biri kynçylyga uçranda, sabyrly bolalyň we Ýehowanyň kynçylyklara näme üçin ýol berýändigi barada oýlanalyň. Şeýle-de wagtymyzy, güýjümizi paýhasly ulanalyň. Dünýäniň soňunyň golaýdygyny ýatdan çykarmalyň. Goý, Hudaýyň Sözi mundan beýlägem yhlasly gulluk eder ýaly güýjüňize güýç goşsun!

MUKADDES KITABYŇ... BARADAKY TAGLYMATY ŞU GÜNLER NÄDIP KÖMEK EDÝÄR?

  •  Ýehowanyň Ýaradyjydygy

  •  kynçylyklara Hudaýyň günäkär däldigi

  •  «soňky günlerde» ýaşaýandygymyz

95-NJI AÝDYM Hakykat barha nur saçýar

a «Näme üçin tizden ähli horluklar bolmaz?» diýen makalany okaň (w07 15/5 sah. 21—25).

b «Adamlary söýüň, şägirt taýýarlaň» kitabynyň 8-nji sapagyny okap bilersiňiz.

c «Ýehowanyň uly betbagtçylykda çykarjak hökümi» diýen makalany okaň (w24.5 sah. 8—13).

d SURATYŇ BEÝANY: ýaşuly doganyň teklibini beýleki doganlar göwnemeýär. Soňra ol ýyldyzly asmana seredip, Ýehowanyň akyldar, güýçli Ýaradyjydygy hakda oýlanýar we Onuň pikirleriniň gowudygyna düşünýär.

e SURATYŇ BEÝANY: uýa şahsy okuwynda soňky günlerde ýaşaýandygymyzy subut edýän delilleri öwrenýär. Şondan soň doganyna jaň edip, oňa wagyz edýär.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş